14:49
Gündelik / hekaýa
Uruş gidýän ýurtlaryň biri...
...Haraba bolup ýatan, ýykyk-ýumruk jaýlar. Diwarlarynyň galyndylary hüýt gara bolup somalyşyp durlar. Nirä seretseň ýatan gara-köýük bolup ýatan kerpiç bölekleri. Owum-döwüm bolan daş üýşmekleriň biriniň üstünde-de, soňky üç sahypasyndan galany ýanan depder ýatyr. Şemal ony şapyrdadyp eýläk-beýläk agdarýar. Ỳagyş-ýagmyra ezilendigi zerarly depderiň sahypalarynyň ýüzündäki ýazgylary zordan aýyl-saýyl edip bolýar. “Şu gün 199..-nj ..ýylyň mart aýynyň 28-i, günortadan soň” diýip, üç sahypanyň ilkinjisinde çaganyň entek ýazuwa gaty bir endik etmedik eli bilen bulaşyg hatda ýazylypdyr.
“...Ýaňy ejem geldi. Bu günem ýene-de ýartyja gara çörekden başga hiç zat tapmandyr... Aý, tapan hem bolsa puly ýeten däldir. Zatlar gaty gymmat. Onsoňam indi iýmit gözlemek üçin köçä arkaýyn çykar ýaly hem däl. Ýygy-ýygydan şäherimizi bombalaýarlar we top okuna tutýarlar. Gün-günden top okundan we bombalardan gizlenilýän gaçybatalga kän gatnamaly bolýar. Her gezek top oky golaýraga düşeninde, jaýymyz süňňi bilen elenip gidýär...
Barha ysgyndan düşýäris... Ejeme dözemok. Ýöne nädeýin? Özüm bolsa ýaňy dokuz ýaşymda.. Ine, şu wagt ejem janyň ýanyna baryp, boýnundan gujaklap: ”Eje, mähribanym, eziz-eziz ejem jan, sen gynanma, bu getiren çöregiň tygşytly tutsak, üç güne dagy ýeter. Onsoň bolsa kakam dolanar, hemme zadymyz hem köpeler” diýip, ejemi köşeşdiresim gelýär. Emma ejem ýene-de aglar öýdüp gorkýaryn. Wah, kakam şu wagt öýde bolan bolsady, ejemi hem köşeşdirerdi, hemme zadymyzam bol bolardy... Ýöne, arman, kakam uruşda-da...
Ýogsa-da şu kakam ýaly uly adamlar näme üçin uruşýarkalar? Biz-ä, ine, sögüşip jedelleşip uruşýarys.. Ulular bolsa ýöne gyrlyşyp ýörler. Men bilýärin! Olar çilim çekýärler, şonuň üçinem uruşýarlar. Sebäbi çilim çekseň, gaharjaň bolýarsyň, gaharjaň bolsaň, urşup ugraýarsyň..
Bir gezek kakam aşhananyň penjiresiniň öňünde çilim çekip otyrdy. Şonda ejem kakamyň ýeňsesinden baryp, boýnundan gujaklapdy-da, eňegini onuň kellesinde goýup:
-Çilim çekseň üsgülewigiň tutýar, onsoňam erbet gaharjaňlygyň artýar. Sähel zada jynyň atlanyp başlaýar. Çekmesene!–diýdi. Kakam şonda ýylgyryp, bärsine öwrüldi-de, çilimini öçürip, ejemi özüne çekdi.
Men aşhananyň gapysyndan jyklap, olaryň ähli hereketlerini synlaýardym. Ejem şol wagt şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy.. Ejem gülende, kakam ikimiziň daş-töweregimiz alaýaz bolup, otagyň howasy täzelenene dönýärdi. Kakam bolsa elmydam oýun edip, ejemiň dyzyna ýetip duran gün çyksa ýaldyraýan şar gara saçlarynyň özüni tora düşürendigini aýdýardy. Men henizem kakamyň şol sözlerine düşünmeýärin. Heýem ejemiň saçlaryndan tor bolarmy?...
Şonda meniň ähli zady synlap durandygymy görüp, ejem hasam gyzarypdy. Men edil şol wagt daşarda goňşymyzyň özüm ýaly ogly bilen urşup, üst-başymy gum edip öýe gelipdim. Özümem ejemiň geýimimi zaýalanym üçin özüme käýemeginden çekinýärdim, şonuň üçin hem hiç zat gürlemän, ýüzümi sallap durdum. Emma ejem maňa käýýemedi. Gaýta bolup durşuma seredip, loh-loh gülýän kakama goşulyp, enaýy ýylgyrdy-da:
-Haý, bezzat, ýene-de ojakdan çykan gara jynjagaza dönüpsiň-ä. Saňa çäre boljak däl-ow! –diýip, ýüzümi öňlügi bilen süpüripdi.
Kakam bolsa gülüp:
-Hany bezzat, aýt bakaly sen näçe ýaşadyň?-diýip, her gezek berýän soragyny beripdi. Men ol wagt mekdebe gitmeýänligim zerarly san bilmeýärdim. Şonuň üçinem, ejemiň öwredişi ýaly, ilk-ä iki gezek on barmagymy, soňam bir gezek bäş barmagymy görkezdim. Meniň bolşuma olar hezil edip gülüşipdiler, men bolsa üstümden gülünýändigine öýkeläpdim. Şondan bir aý geçenden soň bolsa, kakam ikimiz maňa gyz jigi getirmek üçin, ejemi bäbekhana iberipdik...
Eýýäm gyz jigim dört ýaşady. Hanha, şu wagtam yňňyl-çyňňyl edip ejeme azar berip oturandyr.
Kakamdan welin hiç hat gelmeýär-dä...
Öňräk bir gün ejem öz otagynda bir haty okap oturan ekeni. Men girdim welin, näme üçindir, derrew ony gizledi, emma men barybir görmäge ýetişdim we ol hatyň kakamdan däldigini tanadym. Sebäbi men kakamyň hat ýazyşyny bilýärdim.
-Eje, näme üçin haty okamaýarsyň? Ýa kakama bir zat boldumy?-diýip, men soranymy duýman galdym.
Şeýle diýen badyma ejem ýaňagyma şarpyldadyp goýberdi-de:
-Beýle pikirlenmäge het etme. Ol diridir. Diri!-diýip, gözümiň alnynda elindäki haty jyrym-jyrym etdi. Soňam iki eli bilen ýüzüni ýapyp, tutuş süňňi bilen titräp aglap başlady...Men ejeme näme bolýandygyna hiç düşünip bilmedim..Ertesi gün bolsa men ejemiň ...düýnjügem şeýlebir owadan, şeýlebir owadan ejemiň, kakamyň garryja daýzasyna meňzäp galandygyny gördüm.
Ulular çilim çekmeseler, gör nähili oňat boljak! Onda olar uruşmazdylar, ejem hem garryja daýza daýzasyna meňzemezdi, çöregem, beýleki iýmitlerem bol bolardy, menem sowuk öýde şeýdip hat ýazyp oturmazdym-da, daşarda özüm ýaly oglanlar bilen hezil edip oýnardym ýa-da mekdebe giderdim. Emma bu wagt oglanlaryň köpüsi ýok, olar bosgun bolup gitdiler. Mekdebimize-de top oky degendir ýa-da bomba düşendir...Bu gaty erbet zat.
Dogrusy, mekdebiň bolmanlyg-a hiç. Meniň kän bir oňa gidesim gelibem baranok.

“... Şu gün 199..-nj..ýylyň mart aýynyň 29-y. Irden.
Daşarda ýagyş ýagýar. Iri-iri damjalar penjirämize şybyrdap degýärler. Men öň ýagşy gowy görýärdim, aşagynda heziller edip ylgardym. Häzir bolsa ony halamok, sebäbi peç ýanmaýandygy sebäpli sowuk damjalar öýümizi hasam sowadýarlar.
Men mekdebe gatnaýarkam, bir synpdaşym bardy. Onuň atasy her günde birnäçe gezek ak keçe ýazynyp, şonuň üstünde durşuna günorta-günbataratarap ýüzüni öwürýärdi-de, bir zatlar pyşyrdap, birnäçe gezek dyza çöküp, aýak üstüne galýardy. Şol hem agtygyna özüniň edýän işini düşündiripdir, ol bolsa soň bize atasyndan eşiden zatlaryny aýdyp beripdi.
Ýokarymyzda biz ýaly oglanjyklary we gyz jigim ýaly gyzjagazlary aýratyn gowy görýän “Alla jan” atly rehimdar daýy barmyş, ol biziň ählimiziň her bir edýän zadymyzy görýärmiş, diýýän zadymyzy hem eşidýärmiş, bir zat dileseňem berýärmiş. Özi hem şeýle bir rehimdarmyş, şeýle bir rehimdarmyş, hemme zadam şol edýärmiş, ýagşy hem ýagdyrýarmyş, gijäni düşürip, asmana ýyldyzlary hem sepýärmiş, jigileri hem şol berýärmiş, kesellileri sagaldýanam, Güni dogdurýanam şolmuş. Özem hiç kimiň gözüne görünmän, asmanda otursa-da, biz hakda bar zady bilýärmiş, bize kömek edýärmiş.
Ol oglanyň aýdanyny eşidip, “Alla jan” atly rehimdar daýydan herimiz bir zat diläpdik. Kim oýnawaç, kim pul, kim ulalyp, mugallymyň özüniňem gulagyndan çekip görmegi..., emma hiç haýsymyzyň dilegimiz kabul bolmandy. Onsoň ol oglana hemmämiz: “aldawçy” diýipdik we onuň bilen gepleşmegimizi goýupdyk.
Ýöne men häzir şol Alla jan atly rehimdar daýynyň asmanda oturandygyna hem onuň ähli dilegleri eşidip, dilän zadyňy berýändigine çyndan ynanýaryn. Şonuň üçinem: Asmanda oturan, çagalary gowy görýän, Alla jan atly rehimdar daýy jan, senden bary-ýogy üç zat dilejek. Şol zatlary kyn görmän, maňa bersene!
Goý, gyz jigim sagalsyn, men oňa agaçdan oýnawaç gämijik, matadan gurjak ýasap berdim. Çaltrak sagalyp, oýnasa bolýar.
Onsoňam, goý, kakam öýümize dolansyn we uruş ýatyp, ýagyş öňküsi ýaly mylaýym bolsun! Ulular hem çilim çekip, gaharjaň bolmasynlar.
Ýene-de ejem, goý, garryja daýza meňzemesin, saçlaryna-da ak reňk çalmasyn!
Eger şu üç dilegimi bitirseň, men hiç haçan çilim çekip, gaharjaň bolmajagyma we uruş turuzmajagyma söz berýärin.
All jan, gaýrat et-de şujagaz haýyşlarymy çaltrak bitirsene! Sebäbi indi meniň hiç çydara ýagdaýym galmady-da.. Edil ýöne aglaýasym gelýär-dä...Emma sen aglasalar halaýan dälsiň. Şonuň üçinem tä kakam gelýänçe, men aglamaryn. Kakam geleninden soň bolsa, men onuň boýnundan gujaklap, azajyk aglanymda-da, seniň maňa gaharyň gelmez-ä, hä, şeýle dälmi? Gaharyň gelmez-le...

“ Şu gün 199...-njy ýylyň mart aýynyň otuzy. Ir ertir. Ýaňy oýanan badyma ejemiň otagyna baryp gaýtdym. Düýn agşam ejem ýatman, jigimiň başujyny saklap oturypdy. Jigim düýn gije hasam gaty gyzdyryp, tä uklaýançam men onuň samraýandygyny eşidip ýatypdym. Men bolsa Alla janyň ertir ir bilen jigimi sagaltjakdygyna ynanandygym zerarly arkaýyn uklapdym...
Näme üçindir boýdan-başa gara geýimli, başy gara ýaglykly, doňan ýaly bolup, sekiniň üstünde oturan ejem maňa öňküsindenem beter şol garryja daýzamyza meňzäp barýan ýaly göründi. Men gapynyň agzynda durdym. Hiç zat görmeýäne çalym edýän gözlerini nirädir bir ýere dikip oturan ejem jan ýazdan soň gelen yssy tomsuň ilkinji howruna solup barýan güljagaz ýaly, gözümiň alnynda birhili ýuwaşlyk bilen garry daýza öwrülip, barha we barha salgyma çalym edip barýardy.
Men ejemiň ýanyna bardym-da, sessiz-üýnsüz gapdaljygynda oturdym. Otagda gyz jigimi görmänimden soň:
-Eje, hany jigim?–diýip soradym. Ejem ukudan açylan ýaly tisginip gitdi-de, maňa birhili seretdi, soňam özüne zor salyp:
-Jigiňmi? Jigiňi...äkitdiler...Uzaga...-diýip pyşyrdady. Men begenip ýylgyrdym-da, ejemiň eline ýapyşdym.
-Rehimdar daýy jan meniň jigijigimi sagaltmaga äkidipdir-dä onda?
Dilegimiň kabul bolandygyna iki bolup bilmän ýylgyrjaklap durşuma, men ejeme Alla jan atly ýokarymyzdaky rehimdar daýy hakda bar bilýänjämi aýtdym. Ejem meni diňledi-diňledi-de, birdenem meni gujagyny gysyp, gulagyma pyşyrdady:
-Sen Allanyň bendesi, oglum. Wah, mön gözlim...Ýöne ynan, oguljygym, ynan! Seniň gyz jigiňi “Alla jan”alyp gitdi. Ynan, balam, ynan.
Şeýle diýip, ejem ýerinden turdy-da, başyndaky gara ýaglygyny sypyryp, gözlerini süpürdi, ýogsa ejem şol wagt aglamaýardy hem, ýöne ejemiň bar saçy çuw akdy. Men saklanyp bilmedim:
-Eje, näme üçin sen garryja daýzamyza meňzejek bolýarsyň, onsoňam näme üçin saçyňy ak reňke boýaýarsyň? Saňa gelişmeýär-ä. Öň owadandyň. Indi kakam gelse, seni tanamaz. Öňki ýaly bolsana, eje!
Ejem maňa ilki jogap bermedi. Diňe birsalymdan soň owfuldap demini aldy-da, meniň saçlarymy sypalap, pyşyrdady:
-Ine, sen öýlenersiň, çagalaryň bolar, onsoň kakaň hem geler, menem öňkim ýaly bolaryn... Hökman şeýle bolar, oglum!
Men ejemiň bu diýenlerine düşünmedim. Ýöne bir zady açyk bilýärin: Uruş gutarar. Sebäbi urşup ýören uly adamlar uruşmakdan we çilim çekip, gaharjaň bolmakdan ýadarlar-da, uruşmaklaryny goýarlar. Sebäbi hemme kişi näme etse-de, näme başlasa-da, ahyr soňy şol zatdan ýadaýar. Onsoňam kakam dolanar. Sebäbi muny maňa ejem aýtdy. Ỳagşyň ýene-de öňküsi ýaly mylaýym boljakdygyna bolsa özüm ynanýaryn. Muny maňa hiç kim aýtmady, ýöne munuň şeýle bolmagyny meniň özüm Alla jan atly rehimdar daýy jandan diläp aldym...”

“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2008-nji ýylyň
30-njy maýyndaky sany
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 30 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Aýylganç uruş kartinasy. Täsirli ýazylypdyr. Ylaýta-da başky ikinji abzasynda awtoryñ çyzan kartinasy göz öñüñde janlanýar.

0
2  
Gowy hekaya. Yazanlar, yetirenler sag bolsun.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: