00:02
"GUMLY GELIN"
"GUMLY GELIN"

(Gyzylgül Annagylyjowa bagyşlanan hekaýa)

Her döwür bir döwür bolýa...
Şol döwürlerde-de, gyz-gelinlerimiz şäherlileri öýkünip, ýüze timar bermek, üýtgeşik biçüwdäki ýakasyz-ýansyz eşikler geýmekligi moda edinýärdiler. Bu boluş oba adamlara, onda-da ýaşy ulanşan adamlara ýaramaýardy. Gözgyny ýagdaýda adaty bolmadyk gözçykgynç, öz bolşuňdan üýtgeşik bolmaklyk, dogrudanam, gyz-gelinlere gelişibem baranok.
Kimdir birini öýkünip ýaşamaklygy özüne uslyp bilmeýän, Göwher gyzyň özboluşlyja häsiýeti bardy. Oňa geýinmegiň ykjamlygyny-da, gyz maşgala magsus bolan ähli edim-gylymlaryň amallaryny-da ejesi birkemsiz öwredýärdi. Durmuşda, köpçülikde, özüňi alyp barmaklygyň esewanlygy, onuň el işlerine bolan gözegçiliklerini ejesi asla unutmaýardy. "Ejesini gör-de gyzyny al..." diýleni. Göwher öz adyna mynasyp gyzlaryň biri bolup ýetişdi. Gyzynyň gözelligine ähli gyzlaryň hem gözleri gidýärdi. Onuň häsiýetinden Kümüş ejäniň diýseň göwni hoşdy...
Dyzyna ýetip baraňkyrlan saçlaryny her ýana tolkundyryp, tebigatyň ähli görküni özünde jemläp, Göwher gyz uly ýoluň gyrasyndan gidilýän ýodajygyndan ýöräp barşyna, Akmyrada üns hem bermän geçipdi. Obadaşy Göwheriň, gül ýüzüni syny düşen ýigit yzyna garaman, saklanyp bilmedi. Ol içinden diňe: "Eý, hoo..." diýip, onuň gözelligine haýran galypdy. Aslynda Göwher diýseň gözeldi. Onuň gözelligine hat-da, gözelleriň hem gözi gidýärdi.
Oýlanmakdan ýaňa ýoluny dowam etdirip barşyna, ol barýan ýolunyň tas ugruny ýitiripdi... Gullukdan ýaňy dolanyp gelen Akmyradyň dessine gyza göwnüniň gidendigini özü-de duýman galdy. Dostlaryndan sorag-ideg edip, "Uzyn saçly gyz" lakamyny alan Göwheriň ugruna çykdy. Gyzyň öwgüsini ýetirip, dostlary onuň juda asyllydygyny we agrasdygyny aýdypdylar. Muňa monça bolan Akmyrat Göwher gyzyň yzynda ençeme köwüş ýyrtmaly bolupdy...
Akmyradyň kakasy Annagylyç aga çopandy. Ol ogluny ýokary okuw jaýynda okatmagynyň arzuwyndady. Akmyrat okuwa diýseň höwesenek ýigit bolan soň, goýunlaryň yzyndaka-da, wagt tapyp, kitap okaýardy. Ylyma-bilime yhlasy güýçlüdi. Zehinlidi. Şonuň üçinem, kakasynyň agyr ýumuşlary onuň oňat okamagyna päsgel berip duranokdy. Ol mekdebi tapawutlanan şahadatnama bilen tamamlapdy we ýokary okuw jaýynda okap bilim alypdy. Ine-de, gullugynam, köp sanly hormat hatlar bilen tamamlap, öýlerine dolanyp gelişi.
Göwher hem Akmyratdan artyk okamasa-da, onuň ondan zehini pes däldi. Ol okuwynyň daşyndan goşgudyr, hekaýajyklaram ýazyp, gazýetlerde çapa ugradýardy. Diňe bir deň-duşlary bolman, eýsem, mugallymlar hem Göwheri okaýşyndan beter, gyzlaryň arasynda tapawutlylykda, edep-tertibiýesine, özüni alyp barşyna, näzijek sesine çärelerde öz ýazan goşgularyny okap bermegi juda guwandyrýardy we oňa diýseň hormat goýýardylar. "Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz" diýilşi ýaly, Göwher mugallymçylyk kärini ele almaklygy arzuwlanyp, gijesini gündiz edip okaýardy. Şunça ýokary okuw jaýynda okamak üçin çemeleşse-de, Göwheriň arzuwy amala aşman aglap gezipdi. Akmyrat bolsa Halk hojalyk inistitutynda okap, eline hasapçylyk kärini tapawutlanan diplom bilen tamamlady we oz etraplaryna iki ýyl işläp bermek möhleti bilen ugradylypdy...
Akmyradyň Göwhere bolan yhlasy ýerine düşüp, olaryň razylyklary esasynda , iki tarap hem ylalaşyp, guda bolundy we toý sähedi bellendi. Annagylyç aga ýaşlaryň ýaşamaly etrapdaky köşk ýaly jaýlaryny bir kemsiz edip, abadanlaşdyrdy. Ony ýörüte bezegçileri çagyryp, howlysyny has hem owadanlady. Aýdym-saza beslenip, toý başlandy. Gelin bezelgi gelinalyjy ulagda dabaralanyp getirildi. Annagylyç agadyr, onyň aýaly Oguljemal ejäniň begenjiniň çägi bolmady. Begenmez ýalam däldi. Eýsem, obanyň abraýly edep-edaly gyzyny gelin edinersiň-de begenmersiňmi?! Däp boýunça geliniň sülük ýalja barmaklaryny undur, ýaga bulap, ony ojak odunyň hiç wagt öçmezligini diläp, jaýlaryna saldylar. Toý aýdym-saza ulaşyp, gijäniň bir wagtyna çenli dowam etdi. Juda gyzykly geçen toý adamlary şatlykdan ýaňa serhoş edipdi...
Aňyrdan kalbyny iň gowy arzuwlar bilen işikden ätlän, Göwher gaýyn öýünde ilkinji ädimini, gaýynlaryna bolan hormat bilen, salamlaşykdan başlady we olara öz elleri bilen demlän ilkinji çaýyny Annagylyç aga bilen Oguljemal ejäniň öňüne alyşdyrdy. Şaý-seplerden ýaňa Göwheriň her bir hereketi şyňňyrdy bilen gurşap almagy, gaýynlarynyň göwünlerini galkyndyrýardy. Gaýynlarynyň mähirlerine ýugrulyp, Göwher gaýyn öýleri bilen gaty çalt öwrenişip gitdi. Annagylyç aga bilen Oguljemal ejäniň çarwa mal arasyna gitmekligi Göwheri soňabaka gynandyryp başlady. Ol Akmyrada gaýynlarynyň ýanyna gitmekligi we olar bilen bile bolmaklygy teklip etdi. Ýogsam Akmyrat etrapda işläp ýördi. Göwher öýde ýeke galmagy bilen, onuň ýüreginiň gysýanyny aýdanda, Akmyrat Göwheri çarwa äkitmäne razylaşdy we uzakda bolmansoň, özü-de ulagly çarwa gatnamaly bolupdy.
Göwjer Oguljemal ejäniň ýeke gelini däldi. Onuň öň hem Göwherden başga-da, üç gelinleri bardy. Oguljemal eje gelinlerini deň hatarda gowy görüp ýören soň, beýleki gelinler hem mal-garanyň ugrunda çarwada bolýardylar. Ýan-ýan olar bilenem goňşy ýaşap ýören soňlar, olar köpçülikdiler, agzybir bir bitewi maşgaladylar. Göwher üçin çarwa durmuşy ilkiler kynyragam bolsa, soň soňlar öwrenişip gidiberdi. "Yhlasa-myrat" diýleni. Edýän her bir işlerine yhlas bilen ýapyşan soň, çarwa gelniniň eden işi şetdat ýalydy. Oguljemal eje beýleki gelinlerinem erbet görenokdy, ýöne, Göwher gelninden ýüregi juda suwlanýardy. Sebäbi, Göwher daň bilen gaýynlary turmanka, düýedir, sygyr sagyp, olar turýança süýt bişirip goýýardy. Günde endiklerine görä, gaýynlaryna süýtli çaý demläp, basyryp goýýardy. Daş töweregi syryp-süpürişdirenden soň, daşarda keçe ýazyp, beýleki eltileriniň çagalaryny ýanyna çagyryp, bile ertirlik edinýärdiler. Günler şeýle gyzykly geçýär. Ýüň daralsa gaýynynyň ýanynda kömekçi, ýaýyk ýaýsa-da, gaýynynyň ýanynda. Tomus günleri eltidir, çarwa goňşular bilen keçe nagyşlap, keçe basylanda, gyz-gelinleriň degişip-gülüşmeleri uly bir şagalaň bolup, ajaýyp günler bilen ýaşaýan gumly gelinden ähli goňşular maňlaýlaryna sylyp, togap alýarlar. Käte gelin-gyzlaryň üýşen ýerlerinde agşam el işlerini edýäkäler, gumly gelin öz ýazanja goşgularyny okap, olara hezil berýär. Goňşy gelin-gyzlar ondan görelde alyp, giç ýatyp, ir turmany we işlerine wagtynda ýetişmekligi görelde edindiler.
Ýaz pasly gül-gülälekler gumly gelniň göwnüni göterip joşmalary hem esli goşgukaryň döremegine sebäp bolardy. Tebigat babatda taryp edip ýazmak, durmuş barada, öý-ojagy babatda, mährem ejesini küýsäp, gaýynlary barada ýazan goşgulary juda göwüngöteriji, joşgulny, hormata mynadyp eserler bolup döreýär. Hoşgylaw häsiýetli, gum içiniň göwher gelininiň yhlasyna görä "Gum" diýip, garbany gyzyl bolup, öz adyna ençeme mallaryny köpeldip, halalja der döküp gazanan rysgyndan öýli-işikli, rysgal-döwletli iň abraýly gelinleriň biri bolup ýetişmek bilen çagajyklaryna guwanyp, hemişe gaýynlaryny, ýan ýoldaşyny we çagalaryny goldap, uly bir maşgala döwletiniň eýesi bolup ýaşaýar.

ZENAN deý, ZENAN gördüm,
Misli sözi ýag ýaly,
Gulak salsaň, her sözüne,
Bolýa göwnüň dag ýaly,

Monjuk deý, goşgulary
Düzülen dek dir-däne,
Her sözi şirin-şeker,
Melhem berer her jana.

Galkynyp, hoşallykdan,
Egesiň ger başyňy,
Ýene diňläsiň gelip,
Onuň ýürek joşgunny.

Okap, goşgularyny,
Çuňa çümüp, dörjeýän,
Düşünmesem, ençe gezek,
Manysyny gorjaýan.

Meňzeseň-de güllere,
Gül ömrüň meňzemesin!
Umman dek, joşup duran,
Ylhamyň mizemesin!

DOGLAN GÜNÜŇ GUTLY BOLSUN, UÝAM!
Umytlaryñ ganatly, kalbyñ kanagatly bolsun! Beyik Biribar seniň janyña şypa, kalbyña wepa, omruñe sapa bersin! "Döwletli we bagtly maşgala" diýip, siziň işigiňize nazar salynsyn! Döredijilikde uly üstünliker ýar bolsun! Janyň sag, ömrüň uzak, görjegiň gowluk bolsun, mähribanym!

MYLAÝYM
Просмотров: 82 | Добавил: Mylaýym | Теги: MYLAÝYM. | Рейтинг: 4.0/6

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 14
0
1  
Gelinleriñ gõwheri, kalplaryñ ajaýyby, gõzelligiñ gõwher täji Gumlygelin! Doglan günüñiz gutly õmrüñiz zyýada, ykbalyñyz owadan durmuşyñyz bagtyýar ojagñyza dõwlet ýar bolsun!

0
2  
Uzak Ýaşa gelnejemjan görjegiň diňe gowluk bolsun janyň sag,durmuşyň ýüregiň ýaly päkize,bagtlara beslensin,çagajyklaryn bagtyna buýsanyp uzak ýyllar taýly başyňyza döwran süriň.Hatam taýyň sahylygy ýaly durmuşam bagt,abraýdan,saglykdan sahylyk bn eçilsin!

0
3  
Sag bol Mylaýym.Sahypjemal.Miram.Sizede deñe ýagşy günler ýar bolsun.

0
4  
Mähriban gelnejem bu gözel günde size dogam şudur. Ömrüňüze ömür goşulsun göwnüňize huzur seçilsin, bu gözel günde Perişdeler dört ýanyňyzda bolsun kalbyňyza iman dolsun dogan dilegin kabul bolsun iki dünýäňiz abat bolsun.

0
5  
Gumlygelje, agşam duyşume giripsiñ... maşgalañ bilen gordum.. myhmançylyga baryan ekenim. Doglan günüñ eken-ow asyl. Uzak yaşa, agzybir maşgalañda hemdemiñ bilen bile başyñ dik çagalarña guwanyp uzak yaşa, işde, durmuşda, doredijilikde yoluñ açyk we rowaç bolsun.

0
6  
@Has,düýşe girginç bolaýdymmykam indi? tongue

0
7  
Arzuwlar üçin sag boluñ.

0
8  
@Gumlygelin, gelneje doglan günüňiz gutly bolsun! Başga arzuwlary menden öň aýdypdyrlar tongue "Köpüň dilegi-köl bolar" aýdylanlar hasyl bolsun! Ýanýoldaşyňyz bilen bilelikde uzak hem-de bagtly ömür sürmek nesip etsin!

0
9  
Gumlygelin,doglan günüňiz gutly bolsun!Goý,gözleriňiz begenç gözýaşlary bilen dolsun,ýüregiňiz bagtly aýdymlaryň ritminde ursun,ruhuňyz diňe şadyýan notalara hiňlensin.Ýüregiňizdäki iň ýagşy arzuwlaryňyz hasyl bolsun.

0
10  
Bilmedim "düýşe girginçmi" namemi, yone siz tarapdan "ýûrege düşgünç" bir däli b.n-ä barýan öz-ä smile tongue

0
11  
Doglan güniñiz gutly bolsun,uzak ýaşañ!

0
12  
Doglan günüň gutly bolsyn Ýeňňe, uzak ýaşa, çagalaryň arsynda mydama başyň dik bolsyn...

0
13  
Doglan gunuñ gutly bolsun,uyam

0
14  
Ähliñize minnetdar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: