07:41
Güller ynjarmy?
GÜLLER YNJARMY?

Äleme gözeller patyşa bolsa,
Oňa hyzmat eden gullar ynjarmy?
Pesden uçan daşdan daşa atylar,
Tolkuny zor bolsa, siller ynjarmy?

Munda gözel bolan soltan saýylar,
Pudak kibi söwdügine sarylar.
Al-ýaşylly dürli lybas geýiler,
Ýaşylyň üstünde allar ynjarmy?

Telbe edip, akyl-huşum alynça,
Muhabbet-de iki başly bolynça,
Hasrat bitip, wagt-sagat dolynça,
Ýassanyp ýatmaga gollar ynjarmy?

Garajaoglan diýer, iliň nazary,
Her jaýy dilber-le etme bazary,
Dünýäde söýmeli nowjuwan ýary,
Käkilleri ýüzde, teller ynjarmy?

Garajaoglan.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Mylaýym | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: