00:33
Gülläsi gelýän erikler / hekaýa
GÜLLÄSI GELÝÄN ERIKLER

Ojagyň gyrasynda ýassyk tirsekläp ýatan gyrçuw sakally kişi ýerinden dikelip oturdy-da:
– Oglum, haýsy gulagyň bilen eşitseň eşit, iki gulagyň bilen eşitseňem, bolman durmaz – diýip, kellesindäki takgasyny dogurlady. – Eger meň dogmam bolýan bolsaň-a, o gyza golaýlaşma.
Kakasyna meňzäp duran syrdam boýly ýaş ýigit, gürrüňe goşulyp bilmän, bir gysym bolup oturan ejesine garap, iki-baka zowzuldady:
– Kaka, men şol gyzy janymdan eý görýän!
– Janyňdan eý görseň görüber, ýöne saňa dogry gelmeýä.
– Düşünmedim, kaka, näme üçin beý diýýäň?
– Şo gyz diýip, arrygyňy gynap oturma, oglum! Dogry gelmeýä diýdim, dogry gelmeýä.
Ýaş ýigit kakasynyň sözüni bölmäge çalşyp, elini gymyldadyp janykdy.
– Dur, meň sözümi böljek bolma, ol gyzy saňa alyp bermeýän, näme etseňem, saňa dogry gelmeýär şol gyz.
– Nämüçin dogry gelmeýär! Dünýäde bolmajak zat barmy näme?
– Dünýäde bolmaýan zat bamy, ine, menem şonuň üçin aýdýan-da, saňa dogry gelmeýä şol gyz.
Ýaş ýigit, owurdyna ýumruk degen ýaly, gapydan okdurylyp çykyp gitdi. Agşam şapagy bolsa bagyň aňrysyndan erik-almalary gyrmyzy reňke boýap durdy.

***

Säher wagty, howa ümüş-tamyş, dünýäniň durky täsin bir halda imi-sala bolup dur. Alabahar çigregine üşän agaçlaryň börtüp başlan pyntyklaryndan töwerege ter ys ýaýrap başlapdyr.
Nejep bagban ir bilen bagyna aýlanyp, agaçlary synlaýar. Bagyň golaýynda mal bakyp ýören Gurban padyman uzakdan seredip durşuna: “Nähili adam-aý şu bagban” – diýip, haýran galýar. “Agaçlaryň gury şahasynda näme görýärkä? Bildirki guş höşwürtgelerini dagy sanaýýarmyka?”
Eýýäm güllemäniň yşgyna düşen erikleriň aşagyna gelip: “Günüň sähel yşaranyna yşanyp, çetrejek bolup durlar, ýok bu bolşuňyz-a hä diýip bilmeýän. Ynha, ýene iküç güne Gazagystan tarapdan “Wöýt, şeşeňdi auzyna sigeý” diýip, bir aýaz geler, nädersiň, birje günde paýhyn edip, barja gülüňizi paýradyp taşlaýsa. He-eý, erigim…”. Nejep bagban ýelbegeý alan köne çäkmenini ýeňlendi. “Onsaň ýere dökülen ak gülleriň üstünde namaz okabermeli bolar, hudaý gorasyn…”.
Ol telekhananyň gapdalynda ýatan çep gulakly pilini alyp, kanalyň boýuna ugrady. Gowaça meýdanlaryna suw tutulyp ýördi.

***

Kerem kakasynyň öz ugruna hüňürdäp ýörşüne, bag-bakja bilen gürrüňleşip, uzak gününi geçirip bilýändigine hiç düşünip bilenok. Onuň üçin agaç ekilenden soň azarsyz-bizarsyz ösüp oturmaly. Bag bilen gepleşen bolmak nämä gerek. Ejesi “Kakaň gagal häsiýeti bilen hemmeleriň göwnüne degip goýýar, şonuň üçin ol bir wagt odun bolmaly agaçlar bilen hümmürdeşäýmese, kim bilen gepleşsin” diýip, gaty dogry aýdýar.
Keremiň özüne galsa-ha, adamlar bilen gülüşip-oýnaşyp, göwün açyşyp gezmekden gowy zat ýok. Dost-ýaryň, gadyrdan adamlaryň köp bolsa, oňa ýetesi zat barmy?! Nirä ugrasaň, garşyňdan tanyş-biliş çyksa, her ädimde dost-ýara sataşsaň, göwnüň açylyp, dünýäň gül-gül bolmazmy?!göwni açygyňam ýoly açyk diýmänmidirler.
Her gezek şu zatlar hakda oýlananda Kerem Baýram agany ýatlaýar. Baýram aga kän mähelleli toýalar çykanda hemme kişi onuň agzyna garap aň bolup galýar. Halk toý-tomguda bagşynyň aýdymyny diňlemän onuň okaýan goşgularyny diňleýär. Baýram aganyň aýdýan degişmeleri bolsa märekäni gyzyl-gyran edýär.
Kerem ine şü adama gaty uly hormat goýýar. Bu hormatyň ýene bir ujy onuň Melikäniň kakasy bolanyna baryp direýär.

***

Gün naýza boýy asmana galaýan wagtlary. Daş-töwerek täsin bir görnüşde bolýar.
Bike eje işe diýip ugran oglunyň hyrra yzyna öwrülip gapydan boýnuny uzadyp duranyny geň gördi:
-Eýgilikmi oglum, näme ýa telefonuňy zadyňy galdyraýypsyňmy?-diýip sorady.
Kerem:
-Eje kakam bagymyzy suwaraýypdyr, gör-ä agaçlaryň aşagy hokkeý oýnabermeli buz tutup ýatyr.
-Hawa oglum agşam aýaz güýçli bolandyr.
-Kakamyň bu wagt baga suw tutmasyna düşünmedim-le?
Bike eje içeri ogluna bir enaýy garady-da:
-Kakaňdyr-da oglum-diýip uludan demini aldy.-Erikler bu wagt güllemeli däl diýýär, bu wagt güllese entek öňde aýaz barmyş, häzirki howa aldansalar, güllerini sowga berip ýylajy galmaly boljakmyş.
Kerem agzyny gyşardyp, başyny ýaýkady:
-Hä-ä, wot ana çto, şeý diýsene, dogry-dogry.
-Şonuň üçinem kakaň mellege suw tutup baglaryň köki-damaryny üşedýär, sowuk suw köküne baryp ýeten dessine baglar güllemesini yza tesýär.
Kerem goşaryndaky sagada seredip:
-Kakamyň her dürli oýunlary bar-ow-diýip ýylgyrdy-da-Bolýa käbäm, gijä galmaýyn-diýip ejesi bilen ýene bir sagbollaşdy.

***

Ýabyň raýşyna çykan kellesi gulakçynly pyýada dolmuş göwresini has-da tokga görkezýän köne güpbüsini çekişdirip durşuna biraz sägindi. Soňra ýabyň aňry ýüzünde böwet bekläp duran Nejep bagbana gözi düşüp:
-Heý, sakgaldaş arma-diýip, oňa habar gatdy.
Nejep bagban golundaky pili bilen böwede basan laýlaryny tapbatlap:
-Bar bol, Aman çopan.- diýip, ýüzüni galdyrman jogap berdi.-Nädýäň dowarlaryňy gyşdan alyp çykyp bildiňmi sag-aman?
-Haw-aýt bagban, dokuzym üçe zordan ýetdi. Nejep bagban piline ýapyşan batgany arassalap durşuna:
-Bolubilýä, olam bir hasap, gaýrat et-diýip sakaldaşyna seretdi. Aman çopan:
-Sen nädýeň onsaň-diýdi.-Bag-bakjaňy gyşdan salamat çykaryp bildiňmi?
Nejep bagban gurap ýatan ot-çöplerden bir gysym alyp piliniň gumhanasyny süpürişdirip:
-Şonuň aladasynda häzirem-diýdi.-Baglarym ýaş gyz ýaly göwünjeň, sähel howa maýlasa ynanaýalar. Aman çopan mekirleç ýylgyryp:
-Bir töwra täsin gepler tapaýýaň-aýt bagba-diýdi.-Senden ýene bir zat sorajakdym, şu asyl baga haseki agajy sapsaň miwesi niçik bolýara, aýdyp bersene!
Nejep bagban gözleriniň garasyny bir ýana öwrüp oýa batdy-da:
-Sen bir zada-a pyşgyrjak bolýaň?-diýdi. Aman çopan:
-Aý men-ä häki bir aýdaýdym, ýöne şu dogmaň Baýram bimazadan erik nahalça aljak diýip ýördi, şoňa aýdaýdym-diýip eglenmän dowarlaryny kowup ýylgynlyga tarap gitdi

***

Nejep bagbanyň bir töwra häsiýeti bar-da. Kempiri aýtmyşlaýyn gagal gylygy bilen oňman geçdi. Garry bagbanyň çagalyk dosty Aman wekil-ä “Nejep ikimiz ýokardakynyň keýpsiz wagty normalny bir häsiýet dagy hem bermän, eliniň ugruna ýasap, goýberen, gyňyr-gyşyk bendesi” diýip lah-lah gülüberýär.
Oňa düşünýän ýek-tük adamam ýok diýesiň gelip dur. Düşünäýen halatynda hem, soň düşünýär. Onuň bolsa geregi ýok. Belki şonuň üçindir Neşjep bagban diňe baglar-agaçlar bilen güýmenip wagtyny geçirýändir. Ýöne kähalatda baglar hem onuň gaňryşyna gaýtýan ýaly. Olam olara jeza berýän ýaly görünýär…
Bagyň ýol gyrasynda üç düýp alma gyzyl-elwan güle basyrnyp otyrdy. Guşluk çagy bilini guşap öýden çykan Nejep bagban alma agaçlarynyň gapdalyna gelip aýak çekdi.
Golaý-goltumda traktoryň tarryldysy eşidilýär. Bagyň içinde guş-gumrularyň saýraýan owazlary töwerege ýaň salýar. Gökde tüssesow bulutlar sessiz-üýnsüz süýşüp barýar. Bularyň bary baharyň adaty sazlaşygy, gaýtalanýan, gaýtalap bolmaýan öwüşgüni-sazlaşygy.
Gumsalt ýoldan gelýän egni penjekli, boýny galstukly kişi bir salym aýak çekip Nejep bagbanyň edip duran işine syn etdi. Düşünip bilmedi. Alma baglarynyň ak, gyrmyzy reňkli güllerini bir-birden ýolup aşak oklap duran Nejep bagban aýdyma hiňlenýärdi:
-Bilbiller gonmuş bu dala,
Eý dal, eý dal, eý dal, eý dal…
-Salawmaleýkim!
Arkasyndan eşidilen salawmaleýkime jogap bermek üçin aýlandy, emma salam beren adam ýene:
-Bagyň güllerini paýhyn edip dursuňyz-a,-diýip özelendi.- Namyrat etmäň ahyr bu janawar agajy.
Nejep bagban hiç zat geplemän, gara penjekli, galstukly bu sypaýy kişini boýdan-başa synlady. Soňam dişinden syzdyryp “Baýram bimazaň bar bol-a” diýip agzyny gyşartdy.
Baýram bimaza näme özüne garap duran Nejep bagbana näme diýjegini bilmän:
-Elbetde, özüňiz gowy bilýärsiňiz-diýdi.-Ýöne men häki bir aýdaýdym, janym durman.
Nejep bagban alma agajynyň aşagynda bir harman bolup ýatan gyzyl elwan güllere seredip
-Bimaza inim men miweli baglary birinji güllän ýyly güllerini pudap aýyrýan-diýdi.-Şeýle edilende agaç ýene bir ýyl gowy ösüp, boýuny alyp bilýär, netijede berdaşly agaç bolup ýetişýär.
***
-Kaka, sen näme diýseňem maňa şol gyzdan başga gyz gerek däl,
Nejep bagban oglunyň bir depen ýerini depip, hötjetlik edip durşuna düşünjek boldy.
-Oglum, men saňa öňki gezek aýtdym, ýene gaýtalamaly boljag-ow.
-Ýene düýnki aýtjagyň bolsa gerek däl kaka
-Ýene düýnki aýdanym, şol gyz saňa dogry gelmeýä
Kerem kakasynyň gözleriune dogry garap:
-Nämüçin dogry gelmeýä, dogry gelsede-gelmesede maňa şol gyz gerek.
Nejep bagban tarsa ýerinden turup garşysynda duran oglunyň ýakasyndan ebşitläp tutdy:
-Haý oglanyňy …, saňa şol gyz dogry gelmeýä diýip elli iki gezek aýtdym-aý düşünmediň… şo gyz seniň doganyň bolýa, düşündiňmi doganyň bolýa…
Kerem birbada kakasynyň aýdan sözlerini aňlap ýetişmedi. Soňra Nejep bagban oglunyň özüne garaýan öçli göreçlerine seredip bilmän ýüzüni bir ýana öwrüp hüňürdedi.
Keremiň öýkeden, gynançdan damagy dolup, göz owasyna ýaş tegelendi, kakasy ýakasyny goýberip, gazap bilen itiberdi.
Kerem hiç wagt kellesine getirmedik zadyna duýdansyz eşidip bir salym lal-jim bolup galdy. Soňra gyssanmaç otagdan çykyp gitdi.

***

Kerem şol çykyşyna bäri-bärde durmady. Ol şol gezek kakasynyň eden şum oýnuna ynyndy. Nejep bagbanam ýowuz ýalany üçin bir bada özüni müýnli duýmady. Soňra uzyn ömrüniň dowamynda nähili ruhy ejir çekenini hiç kim bilmedi. Kerem bolsa gahar-gazaby içine sygman ilden-ülkeden çykdy. Soňra ony gördüm-bildim diýen hem bolmady.
Nejep bagbanyň kempiri soňky deminde hem ogluny zarlap, gözlerini açyp gitdi. Jahandan gaýyp bolup barýan soňky nazarynda oglunyň didaryny küýsedi. Nejep bagban özünden nadyl bolup gidip barýan kempiriniň soňky sözlerini hiç undup bilmeýär. “Kakasy, şol gyrada oturan Kerem jan ýaly göwnüme bolmasa, bäri geläýsin, aýdaýsana şoňa, gaçyp gitjek ýaly bolup oturmasynda”.
Gaty kän ýyl geçenden soň uly adam bolup dolanan Keremi başgaça bir oba garşy aldy. Kerem bu obany tanamady, oba hem onuň kimdigini ýada salyp bilmän duran ýalydy. Aradan kän ýyllar geçen eken. Kerem köneje öýlerini zordan tanady. Kakasy hem gaty garran eken, aňy-huşy gaçan ýaly bir nokada garap otyr. Bir gowsy oba gelen badyna synpdaşy Döwranmyrat gabat geldi. Gujaklaşyp salamlaşdylar, saglyk-amanlyk soraşdylar. Ol ähli täzelikleri aýtmaga howlukmady. Kerem üçin iň esasylaryny ýetirdi. Ejeň pahyram şeýleräk boldy… Nejep bagbanam “gözli” boldy ýakynda biçäre.
Kerem synpdaşynyň ýüzüne garap durşuna ilkinji söýgüsi-Melike barada sorady. Döwranmyrat geň galýan ýaly gözlerini tegeläp durşuna, ajy ýylgyrdy-da:
-Melike barada näme aýtsamkam?!-diýdi.-Aý ol-a sen gideňden kän ýigidiň başyny aýlap mejnun etdi. Birine bardy, aýrylyşdy, ondan soňam birki ýola durmuşa çykdy. Bolmady. Indem obanyň jalaýlarynyň arasynda “Hadawoý heleý” bolup hezil berip aýlanyp ýör.

***

Günüň ejizje tyglary alabaharyň aýazyna kär edip bilenok. Nejep bagban köne tamyň güneýinde sessiz-üýnsüz otyrdy. Batyllyk bilen halys öwrenişipdir bende. Öýleden soň howanyň üýtgäp başlaýanyny ol duýýar. Bag tarapdan çigrek ýele garylyp gelýän pyntyk ysyny alyp ol biynjalyk boluberýär.
Syrdam boýy biraz ýegşeren Kerem egnine goşhaltasyny atyp kakasynyň ýanyna geldi. “Hoşlaşmak üçin bir zad-a aýtmaly” diýip, ol özüni horlady. Soňra ýene bir gezek Melike hakda oýlandy. Çünki ol başga ýerde ilkinji söýgüsini hyýalyna hem getirip bilmeýärdi. “Belki bile ýaşamak nesibämizde bar bolanda, Melike hem gowy maşgala bolardy ahyr” diýip Kerem gözlerini ýumdy.
Nejep bagban oglunyň gapdalyna gelip hiç zat diýmän durşuny geňläp:
-Oglum!-diýdi.-Erikleriň astyna suw goýbermeseň ol bedibagtlar basym güllejek. Sen şolara özüň göz-gulak bol, oglum!..

Garagaç obasy-Daşoguz şäheri.

12.11.2018.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 33 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: