00:33
Gudratly güýç / hekaýa

GUDRATLY GÜÝÇ

Ömür arabasynyň yzyny yzlap, ýola düşdüm. Şonda men saňa gönezligi ulugyzyň näzini ýatladyp duran ak baharda gabat geldim, onda-da tötänden. Tötänlik diýen zada ynanmasamam, bu hakykatdanam şeýledi.  Meni bu ýere getiren tötänlik bolmaly. Ýogsam bu gün meniň etmeli-goýmaly işlerimiň çeni-çaky ýokdy.  Ýöne men näme üçindir hemmesini bir tarapa taşladym-da, baýramçylyk konsertine bardym. Şonda men  sahnadaky keşbiňden, ilkinji gezek seniň söýgi şalygynyň ruhy  jemlenen ýüregiňden gaýnap çykýan ajaýyp mukamyň owazyny eşitdim. Men şol şirin owaza maýyl bolup oturyşyma şu pursatyň hiç mahal soňlanmazlygyny isledim. Sen weli bu çak dünýäni duýman, saz çalýardyň. Sen öz barmaklaryň aşagynadan çykýan şirin owazyň bilen dünýä ýagtylyk berýäniňem, göwünlere arzuw suwuny  sepýäniňem bileňokdyň. Ol joşgun senden bidin kalbyňdan gaýnap çykýardy-da, töweregi nurlandyrýardy. Men şol oturyşyma näçe wagtyň geçendiigini bilemok. Birhaýukdan  gürrüldili el çarpyşmalara özüme geldim.  Halaýyk seni sahnadan goýbermejek bolup, jan edýärdi. Sen olaryň raýyny ýykman, eda bilen klawişlere el ýetirdiň. Gümmürdäp  çykan owaz meni ýene alyslara alyp gitdi… 
Bu gezek men seniň sazyňdan  lummurdap akýan derýanyň sesini eşitdim. Däli derýa birden towlanyp aksa, birdenem düňderilip gidýän tolkunlar biri-biriniň yzyndan kowalap, üýtgeşik bir ses edýärdi. Onsoň tolkunlardan syzlyp çykýan  ýürek owsundyryjy mukam o kenardan bu kenara urulýardy. Bu ýagdaýy synladygymça, derýanyň iki kenarynyň bolşy ýaly, söýginiň hem kenarynyň ikidigine düşündim. Olaryň birinden gaýdýan joşgun beýleki kenara  urlanda has-da möwjeýär. Ýöne  şol dem beýnimde  “derýalaryň  kenarlaryny köpri birleşdirýän  bolsa, söýginiňkini  näme birleşdirýärkä?” diýen sorag at çapyp başlady.  Men oňa  jogap tapmak üçin  pikir ummanyna çümdüm. Şol halat süýji duýgularyň täsiri  tutuş süňňüme dolup, erkimi elimden aldy. 
Onsoň edil şu däli tolkunlar ýaly o kenardan bu kenara tarap çyrpynýan duýgular  meni aldym-berdime salyp başlady. Şol halat ýüregimiň töründe  başga bir galagoply, ýöne süýji duýgy  döredi.  Heniz onuň nämedigini seljerip ýetişmänkäm, ajap mukam meni  dem salymda tolkunyp ýatan goja Hazaryň kenaryna alyp bardy. Indi men däliräp akýan derýanyň gyrasynda däl-de, uç-gyraksyz   deňziň kenarynda.   Onuň uşajyk tolkunlaryny synlap, süýji arzuwlary  boýladym-da, gulaçlap ýüzüp başladym. Şeýle duýgularyň  ynsan kalbyny näderejede  dörjeleýänliginden sen belki, habarlysyň. Belki-de, seniň mukamlaryň  şirinligine eýlenen kalbyň o duýgulary duşundan geçirýän bolmagy hem ahmal. Ýöne sen   meniň edil şu pursatdaky duýgymy duýup bilseňdiň, onda biziň durmuşymyzam başgaçarak bolardy. Ýyllar, ýollar bizi aýra salyp bilmezdiler. Emma gynansagam bu şeýledi... 
Aňyrdan, deňziň jümmüşinden aşyyrym-aşyrym bolup gelýän tolkunlar kenara bat bilen urulardy-da uly güwwüldi deredýärdi. Ony  kalbymda gopýan harasat bilen deňeşdirdim. Ýeri, baran ýerini ýykyp-ýumrup barýan äpet tolkunlar nire, ynsan kalbynyň näzik duýgusy nire diýsene ! Ýöne näme üçindir bularda bir meňzeşlik bar ýaly bolup dur. Şol duýgularyň ýesiri bolup, mawy deňze imrinip oturyşyma arzuwlarymda ho-ol, alysda ganat ýaýyp ýören  çarlaklara galtaşdym. Ak çarlaklar meni deňziň jümmüşine aralaşdyrdy.  Şonda tolkunlaryň güwwüldisi seniň owazyň bilen garyşyp,  nähilidir  bir ajaýyp şiirinligi döretdi. Ýüregimi ýerinden gozgan bu şiiirinligi  gulagymyň deňinden geçirip, kalbymyň törüne  saldym-da, ony şol ýerde baky galdyrmak isledim. Sebäp ony diňledigimçe diňläsim gelýärdi.   Belki, bu üýtgeşik lezzetli duýgynyň heňňamlaryň  owazyny gaýtalaýamlygy üçindir.  Belki-de,  ol gözýetime çenli uzalyp gidýän mawy deňziň jümmüşinden gaýdýan tolkunlaryň ynsan balasyna täsiridir.  Teşne ýürekleriň ýetmedik wysalyň aýdymy bolmagy hem ahmal. 
Sarsman oturyşyma şol duýgulara dolup, dünýäni unudan çagym ýene-de gürrüldili  el çarpyşmalara aýňaldym.  Gujagymy dolduryp duran çemeni saňa gowşurmak üçin ýerimden galdym.  Ýöne bu çak seniň ýanyňa barar ýaly däldi. Janköýerleriň  beren  desse-desse çemenleri gujagyňa-da syganokdy.  Birdenem meniň gymyldap bilmän duranym gözüňe ildi  öýdýän.  Sahnadan maňa tarap ýöneldiň.  Mähelle seni goýberer ýaly däldi.  Olar ähli taraplaýyn  galdap, saňa gymyldamaga maý berenokdylar.  Her kimiň saňa ýakynlaşyp bilse, armany ýokdy. Eýsem näme,  türkmen hemişe-de bagşy-sazandasyny şeýdip apalapdyr ahyry. Seniň çalýan  sazlaryňda-da halkyň mähir beren topragynyň owazy bar. Şony duýup, şoňa gadyr goýup bilýän halaýygyň bu çak seni sypdyrmajakdygy anykdy.    
Men saňa el buladym. Senem maňa tarap owsundyň. Ýöne entek aramyzda bizi birek-birekden aýra salan ýyllar ýaly bolup, adam sili  tolkyn atýardy. Edil şu pursat men şol birmahalky wakany ýatladym. Şonda-da men saňa ýetjek bolup, gaty kän dyrjaşypdym. Emma ykbaly el bilen düzedip bolanok diýilýäni çyn eken. Näçe çytraşsam-da bolmady, ýollarymyz  aýra düşdi. Şonda  aýralyga çydaman, ýüregim agzymdan çykaýjak bolup,  atygsap başlady. Onsoň men elewräp, seniň gözlegiňe çykdym. Seretgem  daş-töweregim durşuna gapy. Olaryň haýsysyndan girenimde saňa sataşjagymy anyklajak bolup, kän kösendim şonda men.  Ahyram açan gapymda sen ýok ekeniň. Seni gözleý-gözleý halys ysgyndan gaçamda,  bir gudratly gol goltugymdan göterdi. Men oňa söýenip, ýerimden galdym. Arzuwlarmy yzarlap, ýeriň aňry ujuna çykdym diýenimde, süňňüme bir ýeňillik aralaşdy. Olam göwne birneme teselli berdi. Men şonda maksadyma ýetdimmikäm öýdüpdim. Emma ýalňyşnan ekenim. Az wagtlyk aram tapan ýüregim ýene sen diýip, atygsap başlady.   
Ynha, indem saý-sebäp bilen duşuşdyk. Ýeri, muňa näme diýjek? Ýa-da bu ykbalyň biz bilen deň bolmadyk oýnunyň birje pursatymyka?   Belki, bü aýralyk zaryny çeken ýürekleriň  birek-birege tarap atygsamasydyr, sen muny duýýarmyň? Belki, biz şoňa göz ýetiren çagymyz gaýdyp indi bir  birek-birekden  aýra düşmeris. Geçen ýyllary basgançak edinip,  geljege umytly baksak, belki-de, arzuwymyza ýeteris. Wysala gowşarys. Biz şuňa çyn ýürekden uýmaly, ynanmaly. Sebäp ynanç ýürege kuwwat berýär, geljege atarýar. Elbetde, geljek näbelli bolsa-da, geçeni gaýtaryp bolmaýandygy saňa-da, maňa-da aýan. Ýöne biz geçeni ýatlap, onuň ýesiri bolup ýörsek, hiç mahalam  wysala ýetip bilmeris. Geçmiş bizi öz goltugyna gysar-da, gymyldamaga maý bermez. 
Onsoň meniň şol birmahalky bolşum ýaly, durşuna gapy bolup duran dünýäniň haýsy birinden girjegiňi bilmän, heläk bolarsyň. Ine, hut şu pursatda, edil häzirki mütdetde ikimize ýene-de aýralyk howp salýana meňzeýär. Adam sili edil lummurdap akýan derýanyň tolkunlary ýaly herimizi bir tarapa äkidýär. Men ol tolkunlaryň zarbasyna döz gelmek üçin ellerimi ýokary galdyrdym. Şeýdip men adam siliniň badyny gowşatmak isledim. Ýöne janköýerlerem seni goýbererli däldi.  Ahyry olar seni öz bady bilen owadan  sahnadan aňyrlygyna alyp gitdi.  
Adamlar menem öz ugruma goýbermedi. Esli salymdan daşary çyksam,  eýýäm seniň garaň-çyraň ýok. Men näme etjegimi bilmän, edil şol birmahalky ýaly bolup, aňalyp galdym. Soňam birden  elewräp,  seni gözledim.  Emma derek tapyp bilmedim. Bu näme üçin beýle bolýarka? Ýaňy  bir arzyly pursata ýetdim-ýetdim diýeniňde, ol edil sypjyk balyk ýaly bolup, eliňden sypýar gidiberýär. Men  dünýäniň bu oýnuna  düşünjek bolup synanyşdym. Emma näçe oýlansam-da oňa jogap tapyp bilmedim. Eý, Alla, ýeri indi men näme etmeli? Seni nireden gözlemeli, nireden tapmaly?      
Beýnime dolan soraglar  derýanyň hälki düňderilip akýan tolkunlary ýaly bolup, iki ýana urunýardy . Indi maňa ýene-de ykbalyň oýnuna boýun bolmakdan başga çäre galmadymyka? Men her näme-de bolsa, bu soraga hut şu pursatda, edil şu wagt jogap tapmalydym. Ýogsam biziň ýollarymyzyň indi haçan birleşjegi gümanady. Men bu gezek  aljyrap durmadym-da, aýgytly ýola düşdüm. Ýollaryň haçanam bolsa  birwagt birikjegine, yhlasymyzyň  ikimizi tapyşdyrjagyna ynanjym meni idirdikledip alyp ugrady. Belki, senem  edil şu pursat maňa tarap gaýdansyň. Çünki söýginiň kenarlaryny birleşridýän gudratly güýç bu gezek bizi terk edip bilmez. Şeýle dälmi, dünýäm!  

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 21 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: