00:56
Gudaçylyk gürrüñi / hekaýa

GUDAÇYLYK GÜRRÜÑI

Aýyň bölegi ýaly bolup ýetişen Aýbölegi görmäge göz gerekdi. Syrdam boýy deregi ýatladyp duran gyzyň gyýma gaşalary dartuwy ýeten ýaý ýalydy. Geplän mahaly onuň mylaýymdan ýuwaşja sesi käkiligiň owazyny ýatladýardy. Aýbölek “Elinden dür dökülýä” diýdirýän maşgalady. Deň-duşlarynyň arasynda göz-görtele saýlanyp duran gyza her kim höwesli bakardy. Ýaş ýigitlerem onuň daşynda pyrlansalar pyrlanýadylar weli, ogly ýetişip  barýan eneleriň diliniň senasy Aýbölekdi. Her kimiň şeýle asylly, edaly maşgalany  gelin edinip, törüne geçirip bilse, armany ýokdy. Şonuň üçinem Aýbölek göze görnüp başlanyndan, gapylarynda  nätanyş köwüş köpelip ugrady. Ilki-ilkiler oňa ähmiýet bermese-de, soňabaka olar halys Aýbölegem, onuň ejesinem aljyratdy. 
Heniz durmuşa çykmak barada pikirlenmeýän gyzy üçin gelýänleri agyrytman gaýtarmak enä ýeňil däldi. Şonda-da gudaçylyga gelenleri sypaýçylyk bilen  gaýtarmaly bolýardy. Ýöne ol amatlyja ýer bolsa, gyzynyň ýeňsesini ýapanyny kem görenokdy. Onda-da  körpe balasyny oba içine ýerleşdiresi gelýärdi. Şeýle halatda ene dannanyň dan uçraýandygyny ýada salardy. Şonda ol öz-özüni köşeşdirerdi-de, “gyza geler müň kişi, alyp gider bir kişi” diýen aýtgyny gaýtalardy. Men bolgusyz zatlary göwnüme getirmäýin, nika öz wagtyna baranda ony saklajak zat bolmaz” diýerdi. Şonda-da mahal-mahal Aýbölege sala salman durup bilmezdi.
-  Aýbölek jan, şu gün ho-ol, ilerki Kakabaý agalar gelip gitdiler. Adam çykýan ýer bolansoň, habarlaryny alaýsak, diýýän.
Aýbölek ör-gökden geldi. 
-  Diýýäniň näme, eje jan. Entek howlukmaweri. 
- Ýerlikleri gowy bolansoň, göwün edäýdim.
-Maňlaýda bolsa, gowy ýer kändir, eje jan.
Gyzyndan belli jogap eşiden enä ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. Ýöne Kakabaýlaryň habary alnaýsa, gowy ýaşajakdygyny gyzyna düşündirmek isledi.
-  Sen çürt-kesik bir zat diýme. Nesibedir bu zatlar. Onsoňam  Nurbibi ähli gelniniň başyny jem edip otyr. Üç gelni bir howluda agzybir ýaşatmak  artykmaçlygyň alamaty. Menem seniň şol döwletli maşgala goşulanyňy kem göremok-da. Bagt işidir diýilse-de, balam, baran ýeriňde gaýyn eneň “balam, guzym” diýip, dursa, oňa ýetesi bagt bolmaz. 
-  Eje jan, özüň adam bolsaň,  düşen ýeriňem adamdyr-la.  Gelnejelerime seret, heý senden nägile ýerleri barmy? Sen näme Nurbibi daýzadan kemmi? Bir zat bolsa, başga birini mysal getirýäň. Maşgala oňşugynda ýeke gaýynyň ýa-da gelniň artykmaç bolany ýeterlik däl, iki tarapam arkalaşykly bolmaly diýýän özüň. Oňşuk barada gürrüň açylsa-da  “Meň gelinlem gowy” diýýäň. Gelinleňem seň gowulygyň üçin  gowudyr. Hany, göreýin Aýjemal gelnejem ýaly ýeten ýeriňde gelniňi ýamanlap ýörseň, seň öýüňde-de  agzybirlik bolmaz, gyzyň üçinem gudaçylyga gelinmez. Seň adamkärçiligiň artykmaç bolany üçin gyzyňam, ogluňam gereklenýändir.
Gyzyndan belli jogap eşiden Gülnabat oýa batdy. “Be, munuň diýýäniniň jany bar ýaly-la. Dogrudanam  hemme zat özüňe baglymyka? Diňe seniň gowy bolanyň ýeterlik dälmikä?” Soňam ol öz-özüne garşy çykdy. “Alla ýamandan gorawersin. Bir gepe düşmeze duşsaň, näçe gowy bolsaňam peýdasy bolmaz. Her kim öz hakykatyna gulluk edýär. Onsoň özüniňkini rast biler-de, düwlär durar.” 
Gülnabat Kakabaýlary yzyna gaýtarsa-da, ogryn-dogryn olaryň ýene-de gapysyny kakaryna garaşdy. Sebäp ogly üçin kişi gapysyny açýanlaram “gyzy baryň-näzi bar” diýlýänine beletdiler. Bir gezek sözüň alynmany bilen höwesli ýeriňden çekilip oturybermek türkmençilikde ýok diýen ýalydy. Onsoňam Gülnabat öz gyzynyň işeňňirliginem, asyllylygynam ilden soramaly däldi. Köpçüligiň üýşen ýerinde öz gyzynyň tarypynyň ýetirilýändigi hem häli-şindi gulagyna degýärdi.   
   ...Şol gün Aýbölek jorasynyň toýunda pyrlanyp tans edip  ýörşüne  dünýäden bihabardy. Şowhunly aýdymyň sesinden ýaňa ses-üýn alyşar ýaly  bolmasa-da ol Hallynyň edil alkymyna gelenini aňdy.   Ýigidiň özüne garaýşyndan üýtgeşik bir many aňlan  Aýbölek bir gyra çekildi. Hally-da ondan galmady.
- Aýbölek, men seni görjek bolup ýördüm. 
Aýbölek ýigidiň nazaryndan sypmak üçin uçganaklap duran gara gözllerini badam gabaklary bilen gizledi.
-    Näme diýjek bolsaň aýdyber, diňleýän.
-    O neme-le. Ejem dagy size barypdyr weli...
   Aýbölek degişmä saldy:
-     Goňşy arasynda baryş-geliş bolmazmy? 
-    -Özüň bilýänsiň-le. Men mydama-da seniň zaryňda. Şoň üçinem ejemi iberäýdim.
-    Öňürti maňa duýduraýmaly ekeniň.
-    Ynha, ýalbaryp durun-a saňa. Biziňkileň sözüni alaýyň-da.
-    Ony ejem bilen kakam bilýär.
-    Sen garşy däl gerek.
Aýbölekden ses çykmady. Hally begenjine uýalmakdan ýaňa gabagyny galdyryp bilmän duran Aýbölegi söýgüden püre-pür bolup duran gözleri bilen guçdy. 
 Şol günüň ertesi Kakbaý agalar ýene-de Aýböleklere gudaçylyga bardylar. Bu gezek olar sözüniň alynjakdygyna bil baglaýardylar. Sebäp Hally öten agşam toýdan gelşine ejesinden ertir Gülnabat daýzalara ýene bir gezek baryp görmekligi haýyş edipdi...

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 30 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: