20:18
Gözüm gözleriñe düşse

GÖZÜM GÖZLERIÑE DÜŞSE

Gyş günüm ýaza döner,
Gözüm gözleriñe düşse.
Kalbyma ylham iner,
Gözüm gözleriñe düşse.

Döreýär täsin duýgy,
Ýat bolar gussa-gaýgy.
Dünýäm durşyna söýgi,
Gözüm gözleriñe düşse.

Gün ýyly mährine çoýar,
Aý-ýyldyzlar nurun çaýar.
Göwnüm gökde ganat ýaýar,
Gözüm gözleriñe düşse.

Derýa joşup, deñiz möwjär,
Bagda alma, injir süýjär.
Saña bolan söýgüm güýjär,
Gözüm gözleriñe düşse.

Akyl-huşum uçar başdan,
Kalbym dolar ylgam-joşdan.
Razydyryn bu durmuşdan,
Gözüm gözleriñe düşse.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 3.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gowy goşgularyňyz bar. Üstünlik hemraňyz bolsun!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: