09:14
Gözelligiñ syry / poema

GÖZELLIGIÑ SYRY

Adamzat döräli bir hakykat bar:
Ynsan mydam gözellige hyrydar.

Hamana gözleýän ajap hyýaly,
Gözellik goýnunda gizlenen ýaly.

Bu teşnelik ömür boýy ýar bolar,
Şonuň ylhamyndan güýç-kuwwatalar.

Emma aşa gözel bolmak duýgusy,
Zenanlarda has ösendir, dogrusy.

Gorkmaz kynçylykdan, hiç bir zähmetden,
Käte bu babatda aşar ol hetden.

Şol görküne galmak isläp her zaman,
Syryn gözlär onuň arman-ýadaman.

Käbir açyşlarna begener bada,
Soň yzyndan galar dady-perýada.

Barybir el çekmez niýet-pälinden,
Bu, meger, behişdi görenliginden...

* * *

Ýaşap ýör Pereňde bir täsin zenan,
Görk-görmegi juda zyýada jenan.

Köňülleri bendi edýän syraty,
Ýatladýar çekilen ajap suraty.

Göýäki perizat, mahy enweri,
Bir kemi – ýok onuň ganaty, peri.

Görenler diýipdir: “Wah, ýene görsem”,
Görmedikler: “Huzuryna ýüz sürsem,

Munuň üçin ne şert goýsa kaýyl biz,
Şol gözeliň didaryna saýyl biz”.

Läkin, onuň bir gylygy bar eken,
Has gözel bolmagy arzuwlar eken.

Şonuň üçin bar pişesi, mydary,
Bolanmyş özüne bermek timary.

Görküne görk goşmak üçin elmydam
Her dürli güllerden melhem taýýarlan.

Melhemler gün-günden berenmiş peýda,
Barça pereň ili yşkyna şeýda:

Bolsa-da buýsanyp ajap görküne,
Gizlin syryn aýdaýmandyr her kime.

Aşyk bolup öz bolşuna, roýuna,
Gam-gussany getirmändir oýuna.

Şu halda geçenmiş ömrüniň ýazy,
Heňin üýtgedipdir juwanlyk sazy.

Heňňam tapanmyşyn herne amatyn,
Bozupdyrzenanyň kaddy-kamatyn.

Kemelip başlapdyr gözellik genji,
Abanypdyr duýgularyň eýmenji.

Hiç bir em bermändir gözlere röwşen
Saçlaram öňki deý atmandyr öwşün.

Öçüpdir ýaňagyň, lebleriň aly,
Örtüpdir kalbyny hasratyň şaly.

Çäresizlik gurşap herýan tarapyn
Günün gamda ötüripdir galapyn.

Rehmi gelip egbarlaýan tabyna
Diýipdir hossaryn ýygnap ýanyna:

– Çöňňeler diýilse, otly göreçler,
Gözellik myhmandyr, öçer hyruçlar.

Ynanmak islemän, gülerdim muňa,
Şol diýlen duzaga düşdüm men, ine!

Saralýar Kamara bäs eden meňzim,
Melhemden haraý ýok, ýygrylýar egnim.

Muň çäresin tapyp bolar nireden?
Ýa sil deýin akýan ýaşa dideden,

Dünýämi gark eýläp gezibersemmi,
Gözellikden umyt üzübersemmi?

Mundan buýan kararym ýok Pereňde,
Ýogsa gyjalat biýr her kes görende.

Ejaza berseňiz, gezsem ýurtlary,
Belki-de, görküme rakyp dertleri,

Allowarra etjek emler taparyn,
Meger, şowly bolar etjek saparym.

Dahanyndan çykan sözleriň bary,
Unalansoň, dogduk mekan, Diýary,

Terk eýläp, düşenmiş ýollara gözel,
Seýran edip alys illere gözel.

Bilmek üçin kyssaň soňuny hökman,
Birdem başga işe, hysyrda bakman

Garap durmak gerek zyba zenana,
Ýogsa ol syr bolar bize gümana...

                     ***

Her ýurt özboluşly tebigata baý,
Bu ezelde Hakdan berilen serpaý.

Kä ýerler ygally – her gün düşýär nur,
Guraklyk al çägäň keşbine melul.

Ine, şeýle ýerler pereňli gyza,
Baky gözel bolmak isleýän uza,

Gujagyny açýar, baryn söýleýär,
Ony öz-özünden hoşal eýleýär.

Emma bu hoşnutlyk uzaga gitmän,
Zenan ýene özün duýupdyr betnam.

Ahyr giňdünýäni aýlanan, gören,
Jahankeşdelige ömrüni beren,

Boýdaşyna aýdyp berende halyn,
Dahandan jümleler çykypdyr zaryn.

Zenan söze düşünensoň magat, sap,
Diýipdir:
– “Özüňe çekdirme azap!

Syýahat etsem-de ençe şäheri,
“Gyzlary tüýs peri” diýilen ýeri,

Hiç görmedim beýle halky men heniz,
Edaly, sypaýy,perişde meňiz.

Kär edip bilmeýär gödeklik aly,
Bilseň, seň gözlegiň şolarda ýaly...”

Gözleri ýiteldi pereňli gyzyň,
Sowal berdi oňa, böldü-de sözün:

– Aýtsana, boýdaşym, haýsy halk olar,
Mesgenleri nire – haýsy ýurt bolar?

– Olara- per bermezçydamy bilen,
Älemi sarsdyran gadamy bilen,

Ylymy, bilimi, edebi bilen,
“Azady, Pyragy pederi bilen,

Azym döwlet guran türkmenler diýrler,
Teperrigin alan welileň, pirleň.

Garagumjümmüşi mesgenleridir,
Ýurdy – Türkmenistan, mertleň ýeridir.

Beýik ýüpek ýoluň ýüregidir ol,
Awazanyň goýny taýsyz genje bol.

– Boýdaşym, bolaýyn diliňe gurban,
Bu aýdanlaň meni eýledi haýran.

Munda oturmagyň ýokdur hajaty,
Bu topragy görmän, tapman rahaty.

Gideýin men, tutup akyldar sözün,
Üstünlige tarap ýöräýin özüm.

Baky gözelligiň joşýan ýerine,
Hüýrleri zyýada Bagy – Ereme...

***

Dünýäniň iň çakgan, ýüwrük bady hem,
Bäs etmez arzuwlaň ganaty bilen.

Bu ganat hiç haçan döwülmez, armaz,
Muny kämil tehnologiýa başarmaz.

Toprak ýaz goýnunda gözün süzende,
Geldi pereňli gyz ýurtlaň gözelne.

Garagumuň her bir goly, belendi,
Myhmanyny etdi özüne bendi.

Çölüň gözelligi sazakdyr selin
Göýä gök kürtesin atynan gelin.

Ine-gana otlap ýörler dowarlar,
Çopan tüýdük çalýar, zemin oýanýar.

Goýunlar, geçiler... sagylýar düýe
Bahar bagt paýlaýar her töre – öýe.

Bu ahwaly synlan pereňli myhman
Galýar türkmen tebigatyna haýran.

Synlanda sähranyň gelin-gyzyny,
Görmändir ýüzlerde ýyllaň yzyny.

“Hiç bir boýag serişdesin ulanman,
Nädip beýle ter hem näzik bolunýar?”

Hatda saly ýüze golaýlaberen,
Müň jöwza, aňzaga döşüni geren,

Enäniň meňzi-de ýalpyldap du:rmuş,
Tüýs mähir ummany, püre-pür nurmuş.

Kalbynyň saplygy gözlerde aýan,
Eýe kämiline edebiň, haýaň.

Sorag berdi myhman:
– “Bagtyýar ene,
Aýdaý, gözelligiň hikmeti näme?

Näme iýýärsiňiz, näme içýäňiz,
Çümhörekmi ýahoranmy işdäňiz?

Haýsy melhem ýüzüň terligne dowa,
Ýuwýaňyz saçlarňyz neneňsi suwa?

Ene jogap berdi ýylgyryp çala
Özüne muwapyk sadalyk bile:

– Giň sähraň haýyrly malyndan başga,
Sargany, aýrany, çalyndan başga,

Gawuny, garpyzy, naryndan başga,
Sülgüni, ördegi, gazyndan başga,

Kişde, kişmiş, igde, kakyndan başga,
Talhany, toşaby, sökünden başga,

Iýýän närsämiz ýok, şaýat özüňiz,
Tebigy nygmaty söýýän millet biz.

Aryň baly, ýumurtgasy bedenäň,
Bire-bir emidir, ýüzüň, bedeniň.

Hemişe däl, käte laýyklap göwne,
Ýuwýas saçlarmyzy süzmäniň suwna.

Köwata, Berzeňňi, Arçman atanyň
Çeşmesi melhemdir bikarar janyň.

Görkümiz goýsa-da ünjä her kesi,
Ol bize şu sähräň beren peşgeşi.

Ýene bir syrymyz – syrlaň özeni,
Bilseň biz goç ýigitleriň gözeli.

Şolar bilen eýe bolduk bu şana,
Ýol saldyk şygyra hem-de dessana.

Çünki biz Göroglyň Agaýunusy,
Bezirgeniň ar-namysly uýasy.

Enesi biz şir ýürekli Orazyň,
Altynjany Muhammet Togrul Gazyň.

***

Garagum apalap ajam zürýadyn,
Bagş eýledi oňa isleýän zadyn.

Nur çaýylyp zenehdana, çeşmine
Dolandy gözel gyz asyl keşbine.

Geçipdir pasyllar aý-günden gädip,
Gözel gyz oýlandy: “Gitmeli nädip?”.

Gowuşdy ol gözelligne şu ýerde,
Gidäýse ýolukjak owalky derde.

Ähli pikirini ölçerip-dökdi,
          Nazary ýene-de  sähra gönükdi.

Öz öňünde berdi soňky karary –
          Boldy çopan ýigdiň söýgüli ýary.

Ähli müşgillige tapdy ebeteý,
          Bagtly erdi türkmen gözelleri deý.

          Soňra gysym çäge alyp eline,
          Säher howasyny dartdy demine.

          Açdy aýasyny, ýumdy gözüni,
          Janyndan syzdyrdy alkyş sözüni.

          Alkyş siňen çäge ýele sowruldy,
          Aňňat-aňňat alaňlara öwrüldi.

         Çigildemler şol zenanyň yhlasyn,
         Süňňüne siňdirip, türkmen sährasyn.

         Her baharda uçmah edýär düzleri,
         Eredýär kalpdaky doňan buzlary.

         Pasyllaň ajaýyp gözelligini,
         Eçilip şahyrlaň gazallygyny.

         Görk-görmegiň syryn özünde jemläp,
Söýginiň aýagna ýykylşyn geňläp,

Guçup gözlerinde bagtly zamany,
Hanha, gelýär pereň-türkmen zenany.

Категория: Poemalar | Просмотров: 234 | Добавил: Has | Теги: Gurbanjemal ANNAKOWA | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: