22:31
Goñşokara

GOŇŞOKARA / oýlanma

Bu gün baýrama gabatlap duldegşir goňşym Atda huruşlyk üçin elde saklanýan baggoýnuny soýdy. Gowrulan gapyrgadyr bagyr-öýkeninden kiçiräk tabaklara guýup, goňşy-golamlarymyza paýlady.
- Eje, Meret agalar hem şu wagt baggoýunlaryny soýýarlar. Olara hem elteýinmi?-- diýip, gyzy Jahanjyk geň galyjylyk bilen sorady.
- Türkmençilikde “Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň ara ýolda döwül, okaram!” diýilýändir, gyzym. Bir öý-ojakda nygmat bişse, çar tarapdaky goňşularyň ählisine goňşokarada paýy ýollanmalydyr -- diýende jogapdan kanagatlanan gyzjagaz baş atyp, howlukmaçlyk bilen ýola düşdi.
Onýança-da biziň syrgynymyzda oturan Çary aganyň Berdi atly ogly şäher awtobusyndan düşüp gelşine:
- Görüň, ejem maňa bazardan owadan köýnek bilen jalbar satyn alyp berdi! -- diýip, ol täze geýen eşiklerini mazamlady. Biz onuň täze lybaslaryny öwüp, jübülerini süýji-kökelerden dolduryp, berendirip göýberdik...
Häzir bolsa “Söýün aganyň düýesi köşekläpdir!”—diýen hoş habar obamyza ýaýrady. Nesip bolsa, ertir Täzegül daýzanyň körpe köşekli arwanasyny sagyp, onuň ilkinji sagymyndan owuz süýdini goňşy-golamlaryna paýlajagyna şübhe ýokdur.
Hawa, biziň halkymyzy beýleki milletlerden tapawutlandyrýan aýratynlyk, olaryň belent adamkärçiligidir. Türkmen milleti “ Kyýamat güni goňşudan” diýer-de, Allanyň beren nygmatyny onuň bilen deň paýlaşar. Goňşokara alşyp-berişmek halkymyzyň iň oňat, mährem, ynsanperwer däpleriniň biridir.
Dünýäde tebigy apatlar, betbagytçylyklar zerarly ejir çeken döwletlere Arkadag Prezidentimiz tarapyndan haýyr-sahawat, ýardam-kömek berilmegi hakyky türkmen milletine mahsus bolan häsiýetdir.
Türkmenleriň goňşyparaz adamlardygyny taryh subut edýär. Gyşyň aňzagynda agyr gar düşse ýa-da ýer typançak bolsa türkmen ilki bilen goňşusyna, soňra tamdyryna baraýn ýöly arçap arassalar.
Eýran döwlet muzeýinde tüürkmen gylyjynyň kämil nusgasy saklanýar. Gylyjyň ýüzünde: “Türkmen hiç haçan gylyjyny gynyndan goňşusynyň garşysyna çykarmaz” diýen ýazgy bar.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 121 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Täze ýurda göçüp gelemsoñ ata-baba ýörelip gelýän ýörelgäni saklajak bolup,oñat tagam bişirsem dul-degşir goñşyma goñşy okara ýollardym...
Goñşymdan yzyna gap-gajymy alyp bilmän kösendim.Giden gap-gajymyñ sany eslä baransoñ yzyna gabyñy diläp almaly bolardy....

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: