10:43
Gitme sen (Aýdym)
Italamaz Nuryýew

Bahar güni,
Bahar ýaly,
Sen ýaldyrap geldiñ-de
Arzuwlaryma ganat berdiñ,
Ganat berdiñ sen kalbyma,
Sen ýönekeý gözel däl-de
Bagtym bolup göründiñ,
Arman birden gaýyp bolduñ
Öwrüldiñ bir salgyma.

Bagtym bolup görünen gyz,
Salgym bolup gitme sen.
Gitme meniñ gözlerimden
Hakydamdan gitme sen.

Geze-geze gözlegiñde,
Geze-geze soraglap,
Ýolda galdy arzuwlarym,
Ýolda galdy nazarym,
Ynan maña tä öñümden
Çykýançañ sen lowyrdap
Eý bagtyma meñzeş gözel,
Seni gözläp gezerin.

Seret ýene bahar geldi
Ýene çemen bogdum men
Garaşýanymy duýda läläm
Çyk sen bu gün seýrana,
Gizleme gül jemalyñy
Gizleme gül keşbiñi
Syratyñy synanlarynda
Iller galsyn haýrana.
Категория: Goşgular | Просмотров: 154 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ajaýyp goşga ýazylan ajaýyp aýdym gulagymda ýaňlanyp gitdi.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: