19:10
Gije / oýlanma

GIJE

Gijäm asman köýnegiñi geýip ýanyma geldiñ. Men seniñ goýnuña girip, saña öwrüldim. Sen meniñ gujagyma dolup, maña goşuldyñ. Ikimiziñ hem bilimizde elleriñ mähir halkasy.
Meniñ gündizlerine kör bolup gezmäm bar. Gije diñe özümi däl, bütin dünýäni görýän.
Üstünden Aý şöhlesi dökülýän daglara bak! Olar bu dünýäden paýhas çykaryp otyrlar.
Ümsümligi bozmajak bolup, sessiz akýan akarlara bak! Onuñ düwmelerinde diriligiñ owazy bar. Bize adam ýaly bolup seredip oturan adamlara bak! Plar ertir öz dillerinde gündize ikimiz hakynda erteki aýdyp berer.
Tutuş asman bize seredýär. Dünýäniñ ukusyndan ýadym oýanýar. Ýatlamalarym ýüpe serlen tämizlik ýaly, seniñ şemallaryña ykjap otyrlar. Olaryñ haýsysyny elime alsam, bir kitap deý söhbet açýar. Olardan seniñ ysyñ gelýär.
Sen meni gitdigiñçe göterýäñ. Ine, häzirem akmaýanyñ ýoly bilen elim süýt kädili gidip barýaryn. Meniñ maýa sagmak aladam ýok. Tanyş ýyldyzlaryñ hersi bir oýmak süýt guýýar. Golçam dolup barsa-da, onuñ agramyny duýamok. Bu älemi ýüze sylmak üçin gollarymy uzatdym ~ ganat bolup göründi. Uçasym geldi. Ýöne senden aýra düşerin öýdüp, ganatlarymy çalaja kakyp ýygnadym.
Bu owadan älem meniñ sadaja lybasymy bezedi. Ýyldyzlar öz şöhlesinden alyp, köýnegime dakdylar. Mawy tümlük öñden tüm saçymy ýene bir boýady. Aýyñ deñine gelemde ol özüniñ gyrasyndan täze dogan şekilini bölüp alyp, meniñ başyma täç geýdirdi.
Indi menden sagdyn, menden juwan, menden görkli, menden bagtly barmy eýsem?! Menddn meni ýasanyña senem begenýäñ. Yşkym joşup, meni uçuryp barýar. Köşeşdirmek üçin içi nurdan doly, meýli bulgury uzatdyñ. Men uklaryn öýdüp, başymy ýaýkadym. Sen: "Iç!" diýip ümlediñ. Dodaklarymyñ meýli bulgura degenini bilýän, soñ özümi bilemok, uklapdyryn. Oýanyp, gözümi açdym. Gündizlik. Gijeki ajaýyp keşbimi görmek üçin, howlugyp aýna bakdym.
Aýnanyñ ýüzi dup-dury, boşluk. Hiç kimi görmedik. Gije meni özi bilen äkiden eken...

Oguljemal ÇARYÝEWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 118 | Добавил: Has | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: