18:47
Gijäñ içi Omar nämişlesin...

GIJÄÑ IÇI OMAR NÄMIŞLESIN...

Hezreti Omar (r.a) halyflyk eden döwründe Medine köçelerinde gije halkyñ hal-ýagdaýyny bilmek üçin aýlanar eken. Ol bir öýüñ deñesinden geçip barýarka, bir aýalyñ gyzyna: "Gyzym azajyk suw getir-de, süýde goşsana" diýip duranyny eşidýär. Gyzy oña: "Möminleriñ emiriniñ indiden beýläk süýde suw goşmaly däldigi barada görkezmesinden habaryñ ýokmy?" diýýär. Aýal bolsa: "Gijäñ içi Omar seniñ süýde suw goşanyñ görüp-bilip durmyşmy?" diýende, gyzy ýene: "Omar görmäni bilenem Alla görüp dur-a" diýýär.
Eneli-gyzyñ bu sözüni eşden Hezreti Omar öýüne gelýär we ogly Asyma: "Seniñ üçin gowy gyz tapdym. Ony saña almakçy" diýýär. 
Ertesi gün agşamky belläp gaýdan gapysyny kakýar we ogly üçin gudaçylyga barýar. Netijede ol gyzy ogly Asyma alyp berýär. Ol gyzyñ soñ Abdyleziz diýip ogly boldy. Abdylezizden bolsa Omar ibn Abdyleziz hezretleri dünýä indi. Omar ibn Abdyleziziñ adalatlylygy dünýä ýañ saldy we "Ikinji Omar" adyny aldy. Omar ibn Abdyleziziñ halyflyk eden zamanasynda möjek bilen goýun bir ýerde gezer ekeni.
Adamyñ zanny halal bolsun, añyrsy bolsun diýen düşünjäni düşündirmek üçin şundan gowy hekaýat bolmasa gerek...

▶ GORAGÇYSY ÝOLBARSLARDY...

Hezreti Omaryñ (r.a) halyflyk zamanynda bir hökümdar oña ilçi ugradýar. Ilçi gelip Hezreti Omaryñ bolýan köşgüniñ niredeligini soraýar. Çünki ilçi şalar ýaly onuñ köşgi bardyr öýdýärdi. Adamlar oña halyfyñ şäherde aýlanyp ýörendigini aýdýarlar. Ilçi görkezilen ugur bilen gidýär. Onuñ gözi birden Hezreti Omara (r.a) düşýär. Bir görse halyf gamçysyny başujunda goýup bir gyrada, takyr ýerde uklap ýatanmyşyn. Ilçi muny görüp añk bolup galýar. Ol öz ýanyndan "Gündogar we Günbatar bu kişiden gorkýar. Gel, men muny ýeke ýatyrka öldüreýin-de, adamlary munuñ gorkusyndan halas edeýin" diýýär. Ol gylyjyny gynyndan çykaran badyna Allatarapyn ýer darka ýarylýar-da bir ýolbars çykýar. Arlap duran ýolbarsy gören ilçi gylyjy elinden taşlap doñup galýar. Onýança Hezreti Omaram oýanýar. Onuñ bu bolan zatlardan habary ýokdy. Ol ilçiden näme bolandygyny soraýar. Ilçi bolup geçen hadysany gürrüñ berýär. Soñra ol musulman bolup, ölýänçä Hezreti Omaryñ (r.a) ýanyndan aýrylmandyr.

Seýit Eýýup ibn Syddygyñ "Menakib-i Çihar Ýar-i Güzin" (Dört Çaryýarlaryñ üstünlikleri") kitabyndan.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 68 | Добавил: Has | Теги: Seýit Eýýup ibn Syddyk | Рейтинг: 4.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: