18:05
Geñ-tañsy jandarlaryñ gelip-gidýän gowagy

GEÑ-TAÑSY JANDARLARYÑ GELIP-GIDÝÄN GOWAGY

Brazil tokaýlarynyñ jümmüşinde ýaşaýan sawantes we bororos atly ýerli taýpalaryñ sebitdäki syrly gowak barada aýdýan zatlary alymlary aýaga galdyrdy...

■ Syrly jandar

Sebitde eýýäm "şäher rowaýaty" ady berilen myş-myşlaryñ köpelmegi netijesinde birnäçe hünärmen gowagy üns merkezine aldy. Arheologlardan, etnologlardan, taryhçylardan we ekspertlerden düzülen topar geçiren barlaglarynyñ birinji hepdesinde käbir üýtgeşik aýak yzlarynyñ üstünden barandyklaryny mälim etdiler. Olaryñ arasynda mumyýalaşan, hertüýsli ýarganatlary we başga-da geñsi aýak yzlary bar. 
Ýerli halk gowakda iññän gadymy zamanlardan bäri boýy 1 metr 20 sm töweregi, ýagny girdenek boýly, adamy ýatladýan, emma gazan ýaly uly kelleleri we el-aýaklarynda 3-4 ýa-da 5 barmaklary bolan adama çalymdaş jandarlaryñ gapbarçanaklar (uçýan tarelkalar)  bilen gowaga gelip-gidýändiklerini gürrüñ berýär.

2016.

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 43 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
0
1  
Mmmbäh...@Has, bu gidişde bir ýerlerden (gowakdanmy, tokaýlykdanmy...) ýa-da asmandanmy bir üýtgeşik jandar "getirmän" goýmarsyň sen agam tongue

0
2  
biggrin

1
3  
Ozumize ozumizden beter jandar ýokdur-laý.. )

1
4  
Öňüräk bir ýerden, 25-ýyl dagy mundan öň çap edilen "Tokmak" žurnaly elime düşüpdi. Şoň içinde, bir suratda : ýerli adam bilen başga planetaly otyr. Aralarynda bir çüýşe, ellerinde käse. Aňyrsynda-da "uçýan tarelka". Ýerli adamyň dilinden bolsa, ýalňyşmasam şeýleräk sözler ýazylan: " 100 gramy göterip bilmän otyr özi. Ýenede: "Men ösen swilizasiýadan geldim" diýen bolýara" diýip ýazylandy. Şol degişmejikde aýdylyşy ýaly olar (başga planetalylar) geläýende-de biz bilen düşünişmekleri kyn bolaýmasa. Biz ýerliler bir-birimiz bilen onçakly düşünişip, ylalaşyp baramyzok. Başga planetalylar dagy...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: