17:26
Gelin / hekaýa

GELIN

Zübeýda Etrek derýasynyñ dury olumyndan küýzesini doldurmak üçin egildi. Şonda onuñ babyr bilek, gara saçlarynyñ uçlary suwa degerläp-degerläp gitdi. Gyz ony gysymlap, gerdenine oklady. Küýze lykyrt edip dolansoñ, egnine alyp, tazygan jeren ýaly, töweregine bir garanjaklady. Suw almaga gelen gelin-gyzlar eýýäm gidipdir. Gün ikindi ýerine golaýlaýar. Öýe gitmäge gyssanmak gerek. Onýança:
- Gurgunmyñ, ak gyz? - diýen mylaýym zenan sesi ony tisginmäge mejbur etdi.
Adatça, obalylar biri-birini sesindenem tanaýarlar. Bu bolsa nätanyş. Özem golaýjakdaky ýaly ýylgynyñ añyrsyndan çykdy. Zübeýda ony asyl görmändirem. Bu kimdir birini añtap ýören bolaýmasyn?
Ýetişip barýan maral gabagyny çalaja galdyrdy. Ol jogap bermekden geçen, agzyny öweldip, tas küýzesini gaçyrypdy. Onuñ öñünde serwi kamat boýly, dag arkajynda saklanyp galan gar kimin ap-akja, gara gözli, keýik aşygy kimin owadan gelin dur. Ter ýañaklar tämiz säheri ýadyña salýar. Pökgüje dodagyndan weli, bal damaýyn-damaýyn diýýär. Çil-çil zülpünden kükeýän anbar ysy-da, Zübeýdany humar etdi.
- Aý, gyz, jogap bermediñ-le?!
- Şükür, gezip ýörüs.
- Azajyk eglen, menem suw alaýyn.
Az salymdan olar deñleşip ýörediler. Zübeýdanyñ ýene sussy basyldy. Ol büdräýmekden heder edip zordan basýardy. Gelniñ ýöreýşini wasp etmäge Magtymguly gerek. Uz basyp, hut eräp-akyp barýar. Ýogsam, gyzlar Zübeýdanyñ sallanyşynam öwýärler ahyryn!
Gelin oña göz gyýtagyny aýlady:
- Adyñy aýt-da, men-ä, täze göçüp gelen Mämmet baýyñ gyzy Aknur.
- Men Döwletmämmediñ gyzy Zübeýda.
- Güman edýärdim. Magtymgulynyñam aýal doganymy?
Gelniñ ýañagyna gyrmyzy çaýyldy. Ýöne muny Zübeýda duýman, gysgaça jogap gaýtardy:
- Edil özi.
Zübeýdanyñ öýleri obanyñ ileri çetinde, derýa golaýdy. Aknurlar bolsa ýokarsynda ýurt tutunypdy. Suwa gaýdyşyn-gidişin Zübeýdanyñ öýleriniñ ýakynyndan geçmek boljak.
- Bu ýerde entek tanşym ýok. Ertir suwa bile gaýdaly, garaşgyn maña, Zübeýda.
Aýrylyşmaly bolanda, Aknur Zübeýdanyñ öýlerine tarap bir nazar saldy, ýöne gyz muny-da añşyrmady.
Aknuryñ mylaýymlygy, näzikligi Zübeýdanyñ kalbyny bütinleý eýeledi. Ertesi suwa gitmeli mahalyndanam ir ýola çykdy. Näme üçindir, gelnen wagtyndan öñ geldi. Olar köne tanyş ýaly salamlaşdylar.
Suwdan gaýdyşyn deñleşip ýörediler welin, kesesinden seretseñ, edil bir zenan barýana meñzeýärdi. Sebäbi indi Zübeýdanyñ ýüregi düşüşipdi, onsoñ ädiminem ýalñyşmady.
Olar dem dürsemek üçin sägindiler. Bu gelin-gyzlara iç döküşmäge ajaýyp, ýöne wagt gysgady. Täze tanyşlara gürrüñ eder ýaly pynhan syr barmyka?
Aknur Zübeýdanyñ öýlerine gözüni dikip:
- A, gyz, öýüñize myhman geldi - diýdi.
Dogrudanam, olaryñ gapysynda iki adam atdan düşüp durdy. Muny gören Zübeýda:
- Ol-a, Magtymguly dädem dagy - diýdi.
- Ýanyndaky kim?
- Durdy bagşy.
- Nirä gidipdiler.
- Daga gezelenje.
- Bular öñki obamyzdakak bize-de barypdylar. Şonda Magtymgulyny ýekeje gezek görmek bagty miýesser edipdi.
Zübeýda gelne ýaltyldap bakdy. Onuñ ýañaklary ikindiniñ şapagyna meñzäp, gyrmyzylanypdy. Özem birsyhly saçlarynyñ çowuny oýnaýar. Gelin halyna ýaş ýigidiñ adyny süýjülik bilen agzaýar-la? Şahyrlygy üçinmikä? Sebäbi Magtymgulynyñ ismi uludan-kiçiniñ dilindedi. Gögele gyz mundan baş alyp çykyp bilmedi. Dymyp durmagam gelşiksizdi.
- Bize-de bardy diýdiñmi?
- Hawa.
- Haçan?
- Geçen ýylyñ başynda. Dädem dagy maña hyzmatkär etmäge kürt gyzyny satyn aldy. Olam bir garybyñ ýekeje gyzy eken. Dädesi Döwletmämmet aganyñka barypdyr, gyzymy alyp ber diýip. Biri salgy berendir-dä, il içinde abraýly bolansoñ, Döwletmämmet aga dümewli bolup, Magtymguly gaýdypdyr. Dädem her bir işde maña geñeşýär. Bu gezegem şeýle boldy. Menem: "Magtymguly ýaly adam gelen bolsa, beräý, däde" diýdim. Muzduny-da almady. Özüm beýleki öýümizdedim. Öñ goşgularyndanam bilýärdim. Aýagy bilen gelipdir, göreýin diýip daş çykdym. Bürenjegiñ astyndan bir göz aýladym weli, señrikmen, nazarkerde ýigit eken. Maña gabagyny-da galdyrmady.
Gelniñ söhbetiniñ soñunda hasrat duýuldy. Eýsem näme? Owadanlar buýanjañ we tekepbir bolýarlar. Onda-da Aknur, owadan, diýeni bolýan baý gyzy.
Zübeýdanyñ täze boýdaşyna ýüregi awady, ony köşeşdiresi geldi, ýöne dogrusyny aýtdy:
- Asyl, agamyñ özi agrasdyr, Aknur. Ony sylanlygyñ üçinem, Tañryýalkasyn.
- Şondan bärem hyzmatkär tutamok. Dädem, Magtymgulynyñ Meñlini alyp bilmänligini eşidibem köp gynandy. "Kömek ederdim welin, wagtynda bilmändirin" diýdi. Dädem Magtymgula uly sarpa goýýar. Onuñ goşgularyny maña göçürdip toplaýar. Özüm-ä, köpüsini ýatdan bilýän. - Gelin uludan dem alyp, gürrüñini dowam etdi. - Dädem aslynda ýalñyz, ýeke ýigit. Tütjar baý-da däl, ýöne barly adamyñ nesli. Biz balkanly ýomut. Baýyñ biri dädeme göriplik edip, ýüwrük atyny iññe berip öldüripdir. Onsoñ, olam, assyrynlyk bilen, mal-garasyny, maşgalasyny gökleñlere ugradyp, bir gije baýy öldürip gaçypdyr. Gökleñler ony sylaýar. Şondanmy ýa-da ýekeligindenmi dädem, garaz, dözümsiz.
Aknuryñ gürrüñine bütinleý berlen Zübeýda günüñ batanlygyny-da duýmady. Ejes-ä käýemez weli, suwdan ilkinji gezek öýe wagtynda baryp biljek däl, gijä galdy. Ol howlukdy:
- Gideli, indi, Aknur.
Olar egni deñläp ugradylar. Ýene-de dymyşlygy Aknur bozdy:
- Magtymgula kümüş ussasy-da diýýärler, gyz.
- Hawa.
- Gulakhalkamyñ biriniñ halkasy döwüldi welin...
- Ertir geläý ussahana, bileje bararys. Bejär.
Aknuryñ ýüzüniñ hut ot alan ýaly çym-gyzyl bolanlygyny Zübeýda bu gezegem görmedi. Gelniñ Zübeýdany öýlerine oturmaga çagyrasy geldi. Ýöne ýañy tanyş bolan, uslyp bilmedi. Dilini dişledi. Biraz mahal geçeni, onsoñ ümeçilige çagyraýar.
Aknur guşluk mahaly geldi. Zübeýda onuñ bilen tirkeşip, ussahana girdi. Magtymguly bularyñ gelenini añşyrmady öýdýän. Ol mañlaýyndaky düwmelenip-düwmelenip duran derini çalmaga-da wagt tapmadyk ýaly, başyny galdyrman, enaýy tylla ýüzügi ýasap, gutarañkyrlap barýardy. Zübeýda ünsüni sowmaga dözmedimi-nämemi, gelenligini bildirtmek üçin hiç hili yşarat etmedi. Ýüzük ýasamagam goşgy ýazmak bilen barabar ahyry: rahatlyk gerek. Emma Aknur saklanyp bilmedi.
- Salamälik.
Şahyr agraslyk bilen başyny galdyrdy, ýöne onuñ naşyja gurally eli howada doñup galdy. Aperin! Megerem, jahanda Aý ikidir. Birisi-hä asmanda, birem hut onuñ öz öñünde, garyp kepbesiniñ içinde, ýalpyldap dur.
Beýdip durmak gelşiksizdi, ol özüni dürsedi:
- Sag-salamatmy, gelin!
Bu pyşyrda meñzeş jogap Magtymgulynyñ özüne-de zordan eşidildi: - Näme hyzmat?
Gelin ýaş ýigidiñ sussunyñ basylandygyny añdy. Ol muña buýsanyp, çalaja ýylgyryp goýberdi. Şonda onuñ gözelligi has artan ýaly boldy.
Zübeýda ara düşdi:
- Gulakhalkasy döwlüpdir, ýene üç günden ýetişse bolar. Ýogsa-da, tanadyñmy, bu gelni?
- Ilkinji gezek görýän. Biz obaly däl bolmaga çemeli.
- Täze göçüp geldiler. Mämmet aganyñ gyzy Aknur.
- Hä, şeý diýsene! Mämmet aga gurgunmy? Sypysam salama bararyn.
Jellat gözler göni şahyryñ görejine dikildi. Kirpikler weli, naýza kimin ýürege sünjüldi. "Apat, külli musulmanyñ dini-imany, namysy-ary ahyry, ol gözler" diýip, oýlanan Magtymguly nazaryny sowdy. Diýmek, gürrüñ gutardy. Aknuryñ entegem durasy gelýärdi. Ol lapykeç halda gulakhalkasyny goýup yzyna öwrüldi. Çykyp barýarka, gañrylyp egniniñ üstaşyr Magtymgula äñetdi. Şahyr başky agraslygyny saklap, ýüzük bilen gümrady.
Aknur gelmeli mahalyndan bir gün öñinçä ýüregine daş baglap, ussahana ýeke özi girdi. Magtymguly ýylgyrdy. Gör, ol ýylgyryşy! Beýle bakyşa bütin mal-mülkden geçmek bolar. Şol ýylgyryş Aknura bagyşlanypdy ahyry!
Gelin ýeñillik bilen dem aldy. Ol gaýdanda weli, ene-atasynyñ arasynda şeýle gürrüń boldy:
Mämmet baý per güpjegi tirsekläp, şirinlik bilen gök çaý süzýärdi. Aýaly Merjen çekinibräk habar gatdy:
- Baý...
- Diñleýän.
- Aknur janyñ-a, aýagy ýeñledi.
- Ýüregim gysýar diýmesini goýdumy?
- Ony agzanogam, ýöne...
- Ýene, näme?
- Göwnüme bolmasa, halkany onuñ özi döwdi, öñinçä-de bitindi. Ol... şo ýerik barmak üçin bahana.
- Açygrak aýt.
Aýaly gönülemedi:
- Iki ýyldyr indi, gaýyn öýüne gaýtarmak gerek. Näçe saklasañ-da, myhman-a ol.
- Muny öñ döwnük etdiñ. Esasy matlabyñy heniz aýdañok.
Aýaly ýaýdandy, ýüzüni keseräk sowdy. Göz gytagyny aýlap baý muny gördi.
- Sen hemişe gönümeldiñ. Aknuryñ ejesi, ikimiziñ aramyzda pynhan syr berçigip ýatmasyn.
Aýaly bu gezegem aýlawly gepledi:
- Aknur gyzka seniñkiden başga Magtymgulynyñ diwanyny edindi. Mundan habaryñ-da ýokdur. Şony gijesine goltugyna alyp ýatýan mahaly-da boldy.
- Päh-eý, oñaraýdyñ-ow, Magtymgulynyñ goşgularyny söýmeýän barmy? Oña duşmanlar-da boýun.
- Ol Magtymgulynyñ goşgularyny söýýä - Aýaly ýuwdundy: - Özüni weli, ondanam beter.
Mämmet baýyñ çekge damarlary tirpildedi. Merjen daýzany çekindirýänem şudy. Bu ahwal baýyñ gahary gelip ugranlygynyñ alamatydy.
- Öñ nä dil ýarmadyñ?
- Bererdiñmi, Magtymgula Aknury?
- Bererdim. Men tüçjar baý bolmasamam, zadym özüme ýeterlik. Aknuryñ gözi aglamasa bolýa. Jogap ber, öñ nä aýtmadyñ?
- Öñ Meñli bardy. Aknur şonuñ üçinem dymandyr. Ol maña-da hiç mahal bu barada dillenenok. Diñe ene ýüregim syzýa. Wah, ýüzügara edäýmese ýagşy, bizi.
- Kim?
- Aknur. Magtymguly ýaş ýigitdir.
- Näme samahullaýañ, sen?
Baý syçrap turdy-da, tärimden asylgy gylyjyny kakup aldy. - Ýeke perzendim bolanlygy üçin Aknur bir gözüm, ajap şahyrlygy üçin Magtymguly beýlekisi. Namysymyñ depgilenjek ýerinde weli..
Ol gapa ýöneldi.
- Nirä?
- Ikisinem kerçärin.
- Saklan, baý! - Aýaly süýnüp, onuñ aýagyndan ýapyşdy: - Sadagañ bolaýyn dur! Ýene çaý içim salym garaş, ondan soñ näme etseñ, rugsat. - Äri aýagyng silkip aldy. Aýaly gapa baryp, gerñeldi:
- Ilki meni parçala, ýogsa-da, garaş.
Heniz aýalynyñ-da göwnüne degmedik baý iner ýaly uly göwresini aşak goýberdi.
Şu pursat Aknur Magtymgulynyñ goşgusyny özüne aýdyp durdy:

Keşt eýleýip gezdim yşkyñ dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüñ boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşga düşse, guşlar eñrär gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi.

Kimdir yşkyñ ýükün çeken merdana?
Pelek gördi gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp oldy lerzana,
Çöller-düzler çeke bilmez bu derdi...

Aknur: "Peder bize miras goýmuş bu derdi..." diýip, goşgyny tamamlanda hem Magtymguly diñleýşi ýaly, sarsman oýlanyp otyr. Bu gelin - ajaýyp goşgy. Goşgynyñ özi goşgy okanda, niçik, gözel bor oguşýan".

Gelin hem: "Owal-ahyr aýdyp dyndym, bu derdi. Düşündimikä. Düşünendir. Arman, men mynasyp däl, boý ýigid-ä ol. Kir-kimirsiz söýýänligim hak".
Magtymguly ýeñillik bilen ýokary turdy-da, Aknuryñ edil alkymyna geldi. Şahyry gelniñ zülpünden kükeýän müşk ysy, jadyly bakyşy humarlandyrdy. Gelni-de ýüzüne degýän ýigidiñ mylaýym demi beýhuş etdi. Onuñ başyndan akyl-huşy uçdy. Gözlerini süzdi. Teşne dodaklar bolsa, diñe öpüşe garaşdy.
Magtymguly birden huşuna aýlanan ýaly, mañlaýyny tutup, gaýra çekildi.
Aknuryñ bar arzuwy ýele sowruly: "Ýeñilkelle sen, Aknur, eýsem, ysgalan gül kime gerek? Ýürek syryñy açyp, özüñi masgaraladyñ, onda-da, bütin iliñ guwanjynyñ öñünde".
- Aknur! - Magtymgulynyñ adyny tutmagy onuñ göwnüni galdyrmady. Gaýtam, bir gysym bolup, sykyldy. Serwi boýy şemal galgadýan agaç ýapragyna döndi. - Aknur, seniñ päkize ýüregiñ bar. Goşgyny näme üçin aýdýanlygyña-da düşündim. Bolmanda-da, gözler ilkinji geleniñde, ýürekden öñinçä pynhan syry aýdypdy. - Magtymguly ikiýana gezmeläp, saklandy: - Adamyñ ýagşy ýigitmi?
- Daşymda perwana neresse.
- Takdyr meni Meñliden aýryp, ýüregime dag goýdy, ýöne söýgimi öçürip bilmedi. Sen deý, näzeniniñ-de muhabbetini bagyşlady. - Magtymguly ýene saýhally gezmeledi. - Şum täleýiñ Meñliden soñ, seniñ kimin mylakatly maşgala duş etmejegine-de ynanýan. - Onuñ sözlerinde hasrat duýuldy.
Aknur:
- Menem özümi bagtly saýyp bilmerin. Meñli senden aýra düşse-de, bagty çüwen gyz. Ol söýgiñi gazandy. Maña indi ýekeje zat gurbat berer, gijä galsam-da, başky söýgimi aýdyp bildim.
Soñra Magtymgula gowşaklyl aralaşandyr öýdüp pikir eden gelin iñ soñky umyt bilen oña jadyly nazaryny dikdi. Pagyş-para eredip barýan bakyşdan ejizleýän şahyryñ kellesinde Aknury başda görendäki pikiri at çapdy: "Külli musulmanyñ dini-imany, namysy-ary ahyry ol gözler".
Magtymguly aýgytlylyk bilen: "Ýok bu jeren gözlere diñe naýynsap saýýatlar dönüklik edip biler" diýen gutarnykly karara geldi:
- Aknur, il-günüñ öñünde wejera bolarys. Il weli, beýikdir. Beýik zada hemişe sarpa goýmak gerek. Müdimilik hoş! - Şahyr añyrsyna bakdy.
Ol Aknuryñ gözleriniñ ýaşdan dolanyny duýdy. Soñra:
- Magtymguly, yhlasym seni uraýmasa ýagşydyr - diýen agy gatyşykly zaryn sesi eşidildi.
Gapydan Züleýha girdi. Añk-tañk bolan gyzyñ egnine ýaplanyp, Aknur daş çykdy.
Ol öýlerine gelende ejesidir dädesi urşup aýrylyşan ýalydy. Dädesine seredende weli, ini düýrükdi. Mämmet baýyñ gözleri çym-gyzyl bolup, awunyñ üstüne bökjek gaplaña çalym edýär, gynyndsn ýarpy çykarylan gylyjynam gysymlapdyr.
Aknur zordsn dillendi:
- Eje, ýakynda sähetli gün haçan?
- Ertir gyzym.
- Onda ýene öñki obamyza göçeli. Ol öýden çykdy.
Enäniñ çaklamasy dogry çykdy. Söýgüsi paşmadyk Aknur hökman şeýle diýmelidi. Dürli bahana tapyp, Etrek ýakasynda gondurdan süýji umyt üzüldi. Bu şirin duýgynyñ niçik apatdygyny Merjen daýza gowy bilýär. Mämmet baý özi üçin köp mahal perwana bolup, söýgüsini gazanypdy. Onsoñ, onuñ gijä galan gyzyna ýüregi awady, daşyndan bolsa:
- Gylyjyñy gynyna salaý, baý! Asyl bisyýak gyzymyz ýokdur-la, şeýtanyñ was-wasyna düşdüm - diýdi.
Mämmet baý, näme üçindir, gylyjyny omrup döwüp, böwre oklap goýberdi...
Ertesi Zübeýda bejerilen gulakhalkany Aknura gowşuryp, göçi ugradyşdy. Göçüñ garasy ýiteñkirlände ak ineriñ üstünde oturan Aknur süýji umyt bilen yzyna bir gañrylyp, obanyñ ileri çetine ser saldy.
Dünýäni unudyp, ussahanasynda işläp oturan Magtumguly, bary-bir, gelniñ ýüreginiñ bärde galanlygyny bilmedi.

© Annatagan NURGELDIÝEW.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 235 | Добавил: Has | Теги: Annatagan Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Nadip skacat etmeli angry

0
2  
Skaçat edilenok we kopiýalanok blogglar

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: