02:11
Geläý, gelmeseñ bolmaz-a.
Her demde hemdemim, hemram,
Õzüñ bolmasañ bolmaz-a.
Endişelige per bermän,
Geläý gelmeseñ bolmaz-a.

Keşbiñi ýüregme çaýyp,
Unudaýma saýry saýyp,
Günler õtýär per deý gaýyp,
Durkum sensiz hiç gülmez-ä.

Durmuş synap ýõr her kimi,
Şatlykly hem-de gorkuly,
Howsala salma erkiñi,
Ýagşylyk  ýolda  galmaz-a.

Uzyn gysgadyr menziller,
Kä silterlär, kä ezizlär,
Bagtyña duşmak hezildir,
Hakyda siñen õlmez-ä.

Seýidaly BABAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Şõhle | Теги: Seýdaly Babaýew | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: