12:32
Gel, men saña goşgy okap bereýin!
GEL, MEN SAÑA GOŞGY OKAP BEREÝIN!

Gel, men saňa goşgy okap bereýin
Söýgi hakda-aşyk ýigdiň nalasyn
Gowy dälmi göwnüň biraz güýmesem
Ýöne haýyş-soňlananda setirim
«Aý, munyň-a erteki-le!» diýme sen
Syna-da göräý!

Gel,men saňa goşgy okap bereýin
Gaýgy hakda-Leýlisine zar bolan
Aşyk ýigdiň kalba salan agysyn
Özüňden gör hasratyny duýmasaň
Ýöne, haýyş-soňlananda setirim
«Aý, munyň-a erteki-le!» diýme sen
Gyna-da göräý!

Gel, men saňa goşgy okap bereýin
Duýgy hakda-bir aşygyň duygusyn
Aşygyna beýan edip berişin
O gözeliň özge närse sözlemän
Söýgüsini kabul edip alyşyn -
Hem olaryň soňra bagtly boluşyn
Men nädeýin şundan soňam söýmeseň
Ýöne, haýyş-soňlananda setirim
«Aý, munyň-a erteki-le» diýme sen
Diýme-de göräý.

Aşyr HANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Garadag | Теги: Aşyr Hanow | Рейтинг: 3.3/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: