19:34
Gel, gaşymda otursana

GEL, GAŞYMDA OTURSANA

Ýüzüme mähirli garap,
Gel, gaşymda otursana.
Saçlaryñ boýnuma orap,
Gel, gaşymda otursana.

Yşk şerabyndan içeýin,
Akyl-serimden göçeýin.
Bagra basyp guçaýyn,
Gel, gaşymda otursana.

Duýgymy beýan eýläýin,
Söýgimi aýan eýläýin.
Sensiz dünýani neýläýin,
Gel, gaşymda otursana.

Başym dyzyña goýaýyn,
Ýyly mähriñi duýaýyn.
Süýji sözlerden diýeýin,
Gel, gaşymda otursana.

Bagy-bakjaña gireýin,
Gyzyl güleñden tireýin.
Garaja saçlañ öreýin,
Gel, gaşymda otursana.

Ýylat meni yaźyñ bilen,
Kalbym gorja näziñ bilen.
Galaýyn bir özüñ bilen,
Gel, gaşymda otursana.

Nurberdi GOÇMEDOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Can-Kurt | Теги: Nurberdi Goçmedow | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Goshgy gaty owadan yazyan goshgularyn un minnetdar sag bol

0
2  
Goşgyñ ady ýürege ýakyn,özüneçekiji bolupdyr.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: