19:15
Gaýyp bolan gyz hakynda rowaýat
GAÝYP BOLAN GYZ HAKYNDA ROWAÝAT / poema

Oguz ýaýlasynda etekläp dagy,
Bir şalygyñ dünýä düşenmiş çawy.

Bagty agzybirlik, baýlygy erkmiş,
Ynamdan gurulan galasy berkmiş.

Ýurtda ylym, bilim ösüpdir gülläp,
Mekdep-medreseler açylan ýüzläp.

Adyl şasy bolup owadan kendiñ,
Gezer eken haklap pederleñ pendin.

Mydam diñläp iliñ arzuw-islegin,
Ajap ülkä öwrenmişin mesgenin.

Emma patyşanyñ agyrmyş derdi,
Orta ýaşap bolmandyr hiç perzendi.

Bu hasrat şañ ýüregini ezipdir,
Mydam Haka dileg salyp gezipdir.

Gije-gündiz dilindemiş dogasy,
Guramandyr gözleriniñ owasy.

"Ýitmesin yz-sorum perzent ber, Allam,
Gezsin garran çagym daşymny gallap!

Namys-aryn eziz görüp janyndan,
Ile peýda berjek huşy-añyndan.

Husny-jemalynda gözüñ eglenjek,
Ýalñyz özi on perzende deñ geljek!"

Ötürip günlerin hyýaly bilen,
Patşa gözýaş döken aýaly bilen.

Derwüş deý egnine geýipdir hyrka,
Umyt bilen gadam basanda kyrka.

Gitmekçi bolanda terk edip tagtyn,
Ine, bir dañ buşlan bularyñ bagtyn.

Ýollapdyr Hak Huda emri-nyşanyn,
Hamyla bolupdyr aýaly şanyñ.

Aýdan-aý geçipdir, günlerden hem gün,
Gyz perzende ýüzleri düşüpdir bir gün.

Aşa owadanmyş, perimiş misli,
Saýlapdyrlar oña mynasyp ismi.

Diýipdir şa: "Paraw goýýan adyna,
Şypa bolup ýetsin iliñ dadyna!"

Ýetişipdir şa bagtynyñ bägüli,
Elleri emmişin, melhemmiş dili.

Lukman deý em edip dertliñ derdine,
Ýaşar eken bagt paýlap her kime.

Dert gyzy görenden utular eken,
Hassalar gümansyz gutular eken.

Şeýdip Paraw ilin goýupdyr haýran,
Onuñ owazady äleme ýaýran.

Ine, ýat ülkede bir betniýet han,
Gyzyñ serwi kamat-kaddyna suwsan.

Her ýol  bilen gola salmak netinde,  
Peýda bolan oñ ýurdunyñ çetinde.

Çadyr dikip, ornaşansoñ ymykly,
Ýollapdyr içaly: "Habar anykmy?"

O ne beýle eli melhem gözelmiş,
Bil özüni näçe nyrha dözermiş?!"

Hanyñ sözlerini ýatlan içaly,
Ýurduñ serhedinden ätlän içaly.

Gyz hakda myş-myşlañ hakdygyn bilip,
Başga çykalganyñ ýokdugyn bilip.

Gyza al salmagyñ küýüne düşüp,
Çala gyzan suwda zoraýak "bişip".

Kyrk çarşenbe başdan geçiren kemsiz,
Şeýdip öz-özüni "seýislän" kemsiz.

Ugrapdyr gül ýüzli Parawa sary,
Özünden öñ baran şerraýyñ zary.

"Jan, Paraw jan, waý, Paraw jan, bişdim-le,
Gaýnap duran kyrk gulakla düşdüm-le.

Özüñ em etmeseñ galmady tara,
Jižžik-le ellerim, bir muña gara!"

Ýylgyrypdyr Paraw aýryp sargyny,
"Kim ugratdy Hudaý uran garryny?!

Kim ol tüýsi bozuk, kimmiş ol jellat,
Menden almytyny alar ol kezzap!

Ine, sypaladym, gutuldy ýarañ,
Goý, bişsin gaýnaga iten ol haram!

Jan ene jan, eliñ gaty bişipdir!"
Muny eşden kempir dowla düşüpdir.

Süpürip gözünden ýalan ýaşyny,
Bakypdyr ellerne gerip gaşyny.

Elin sypalapdyr, basyp görüpdir,
Onsoñ çümmükläpdir, gysyp görüpdir.

Duýmansoñ elinde hiç hili yza,
Şelaýynlyk bilen diýipdir gyza:

"Paraw jan, gudratyñ gördü-le gözüm,
Diñleseñ, aýdaýyn ýürekde sözüm!"

Aldanandan bolyp kempir alyna,
Paraw ýetmek islän oñ hyýalyna.

Aýt, aýt garry, güldürip boýun edensiñ,
Ýene-de nä tüýsli oýun edersiñ?!

"Biz ~ garryda oýun küje, zat küje?!
Ýöne saña sowalym bar ýekeje".

"Sowlyñdan bela gelmese başa,
Ýeke däl-de, goý bolsun goşa-goşa!"

Paraw bibi eşdip adyñ, owazañ,
Hanym geldi, dözüp ýüz-müñ zowala.

Salam ýollap, goýup saña köp gadyr,
"Bil diýdi" şol gyzyñ bahasy nedir?!"

Muny eşden gyzyñ şañlap gulagy,
Aña akan gahar-gazap bulagy.

Özün ele alyp diýipdir Paraw:
"Görýän welin, hanyñ görmändir garaw.

Aýt, bu ilde adam satylanok diý,
Gyzlar beýdip oda atylanok diý!

Söýgüdir bu ilde gyzlaryñ nyrhy,
Gören däldir ilim o zeýlli hyrsy

Eýläp ilki müñ şelaýyn togaby,
Kempir hana ýetiripdir jogaby.

Diýipdir han geýip gazap donuny,
"Onda taparyn men başga ýoluny.

Şäherin ýer bilen ýegsan ederin,
Soñ zor bilen gyzy alyp giderin!"

Şeýdip güýçli goşun çozupdyr ýurda,
Misli süri goýun şam bolan gurda.

Otlapdyr öýleri päli ýaman han,
Ajap ýurtdan birem galmandyr nyşan.

Şany öldüripdir aýaly bilen,
Gyz sary ugran bet hyýaly bilen.

Garpyz ýaryp, dilim dadyp ýetişmän,
Paraw zordan ylgamaga ýetişýär.

Şo-ol kempir duşmana ýol salgy berip,
Gelýämiş gyz taýa ellerin serip.

Bu zatlary görüp köýen şa gyzy,
Namysyn janyndan söýen şa gyzy.

Bir gargyş edipdir garry hatyna,
Hak Tagala ýetişipdir dadyna.

Sañsara bäş daş bolasyñ,
Daşa öwrülip galasyñ!

Öz niýetin siñsin saña,
Her ýeten daş zyñsyn saña!"

Dilimlän garpyzyn zyñypdyr Paraw,
Ýüzün gaýa tutup eñipdir Paraw.

Ary-namysyny edinip baýdak,
Daga dyrmaşmaga başlapdyr haýdap.

Bolanynda gaýa bilen ýüzbe-ýüz,
Alladan bir dileg edenmişin gyz:

"Eý, Alla jan, goýma meni ara sen,
Gudratyñdan eýläweri çäre sen!

Namysymy depeletme duşmana,
Bir göz görkez, gelsin olar puşmana!

Jesedimem ýal bolmasyn kowga meñ,
Goýma Hudaý, naçar başym gowga meñ!

Ýarylsyn goý, goja daglar ýarylsyn,
Jany-tenim gara daşa garylsyn!"

Şol pursatda ýetip gyzyñ nalasy,
Goja daglar gujaklapdyr balasyn.

Ýylçyr gaýa darka ýarylanmyşyn,
Paraw gyz dag bilen garylanmyşyn.

Sumat bolup ýiten kowgyñ gözünden,
Muña syn edenler giden özünden...

Gadymy daglaryñ gatyna siñip,
Il bilen aglaýyp, il bilen diñip.

Paraw bibi şol daglarda barmyşyn,
Gyz-geline, çaga howandarmyşyn!

Namys-ara çagyrýarmyş zenany,
Türkmenimiñ eli melhem jenany.

© Gülşirin HANOWA.
Категория: Poemalar | Просмотров: 84 | Добавил: Nur | Теги: Gülşirin Hanowa | Рейтинг: 4.0/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
1
1  
Gowy ýazylypdyr.

0
2  
Orän gowy yazlypdyr ajayyp diymek bärden gayydýa

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: