17:39
Gaýdyp gelmek / hekaýa
GAÝDYP GELMEK

(hekaýa)

Gadymy Hywa topragy yzda galdy. Gyş güni bolsa-da, kerweniñ öñüni çekýän ak arwananyñ köýerjeklemekden galyşýan gulaklarynyñ düýbi derläpdi. Bu gyssalyp sürülýän janawaryñ ýadanlygynyñ alamatydy. Tirkeş-tirkeş mytdyldap gelýän beýleki bugurçylaryñ halynyñ-da haraplygy öz-özünden bellidi. Arwananyñ üstünde oturmakdan endamy gurşan Kerwen: "Ynha, hol alañdan geçenimde goş ýazdyryp, mallara dem-dynç bererin" diýip pikirlense-de, niýetine ýetebilmän gelýärdi. Ýogsam, bu onuñ özüne baglydy. Saklanaýmalydy. Emma bolanokdy. Etrek etrapyna tizräk ýetmelidi. Şeýle gidilşine ýörelse, bugurçylaryñ ýaraman, basym çökjekligem şeksizdi. Mallar kolhozyñky, bir zat bolaýsa, kelläñ bilen jogap bermeli. Bu agyr kerweniñ ýene bir geñräk tarapy bar: muña eýelik edýän ýeke-täk adam. Ol-da Kerwen. Keýtikläp ýöreýän Kerwen. Urşuñ edeni bi. Ýurtda jeñ häzirem gidýä. Ýöne duşmanlaryñ ýeñse berip başlanlygy eşidilýä.
Kerweniñ Watan gullugyny tamamlamagyna sanalgyja gün galypdy. Ýigidi oba aman-esen dolanmak islegi bimaza edip ugrapdy. Hatda gelni Owadana, oguljygy Şüküre sowgatjyk dagam aldy. Birden... uruş. Belorus topragynda söweşdi. Agyr ýaralandy. Näme üçindir, gospitalda ýatyrka gelnine hat ýazmady. Obasyna duýdansyz geldi. Içeriden okdurylyp çykan gelniniñ keşbini görüp, içini çekenini bilmän galdy. Öñündäki birmahalky baýdak boýly Owadan däl-de sulbady. Diñe owadan maýa gözleriñ şol öñküligidi. Olam gussaly. Soñra şatlyk ýaşy göründi.
Kerwen şu pursat Owadana hat ýazmanlygyna ökündi. Ilkinji gezek gelen esgeri bütin oba gujak açyp garşylady. Az salym dynç aldy. Obanyñ ýagdaýy ýabygorlydy, geçen ýyl hasyl pes bolup, zähmet gününe paýlanan bugdaý elhaldy. Indiki orak mahalam daş. Gytçylyk. Häzirem "Garabeýik" diýen ýeriñ töwereginde bitýän eşegotular obanyñ mañlaýyndan diräpdir. Ol otuñ gabarasy türkmen telpegi ýalyrak. Uluragam bolýa. Däneli. Ine, şol däneleri degirmende üwäp, zagara edip iýýärler. Elbetde, onuñ bugdaý çöreginiñ ornuny tutmajagy hemmä aýan. Nätjek, obany saklaýan şol. Uruşdan öñ eşegotyny otlardylar. Näme üçinligem belli däl. Kerweniñ özem köp ýakypdy. Ol bu otuñ adyny kän halamazdy. Belki, şol sebäpli, otlandyr. A onda beýlekiler näme?.. Kerwen uruşdan soña horlugy unutjak nesliñ ýene hüjüm etjekdiklerini, tohumyny bütinleý gutarjakdyklaryny göz öñüne getiribem bilmedi. Bu hakda pikirlenmedem. Ýöne terkä gögümtil öwüsýän, guranda ak esg dönýän eşegotulary käte üýşürip, oýnamak maksady bilen otlandyklaryny ýadyna salyp, ýüregi ezildi. Uludan dem aldy. Gör, durmuşyñ oýnuny! Indi şol otlar... Şükürjigiñ, jahanda ýeke-täk serwi Owadanyñ alnyndan diräpdir. Asyl durmuşyñ özi awulyrak degişme bolaýmasyn?..
Kim bi daş çykan? Hä, Orazgül eje. Oglanka, bezzat Kerwen bu kempire gün bermezdi: towuk keteginden ýumurtgasyny alardy, düýe sagyp durka ürküzerdi ýa-da dañylgy köşegini boşadardy... Onsoñ Orazgül eje-de muny kän halamazdy. Bir gezek dagy kesekläp, geçisini agsatdy. Şonda jany ýanan Orazgül eje gargyş aýtdy: "Häý, ady ýitmiş..."
Dädesem mazalyja şarpyk çaldy: "Degme, şo Göroglynuñ atyny ogurlan kempiriñ zadyna"...
Gursagyny açyp, şemallaýan Kerwen dädesiniñ birmahalky çalan ýañagyny söýünçli sypalaşdyrdy. Çaga ýaly ýyljyraklady: "Wah, däde, beýleki ýañagyma-da şarpyldatmaly ekeniñ".
Ol ýene-de ýatlamalar ummanyna batdy.
Dogrudanam, durmuş awulyrak degişme bolaýmasyn? Kempiriñ öñki ýigrençli bakýan gözleri indi söýünçlidi. Ilden öñürti gelibem gujaklapdy. Ejesiniñ ýoklugyny bildirmedi. Barybir, durmuşyñ şatyysyny gören Kerwen jahanda ýok ene ellerini küýsedi. Damagy doldy.
Şol gije Kerwen daña golaý daş çykdy. Çilim otlandy. Orazgül ejäniñ körpe agtygynyñ naýynjar sesi eşidildi:
- Ene, çörek!
- Ýatyber, balam, basym dädeñ getir.
- Aldama, dädem urşa gitdi diýdiñ-ä. Eh-ä... ä... ä... ä - Çaga aglady. Ene elewredi:
- Goý, balam, goý. Onda... onda... Kerwen dädeñ äkeler. - Çaganyñ köşeşenligi bildirdi:
- Nireden?
- Hywadan.
- Daşmy, Hywa?
- Hym... neme... azrak daş...
Mundan soñraky gürrüñler Kerwen eşitmedi. Belki, ýene aldanan çaga uklandyr. Ýöne Kerweniñ gulaklary şañlady. Göwresi elendi. Çaý içim salymda özüni dürsedi: "Mundan ölümiñi boýnuña alyp, söweşip ýörmek müñ kerem ýagşyrak".
Ol söweşmek bagtyndan jyda düşürilendigine nälet okady. Çaýkanjyrap öýe girdi. Köneräk ýorganda aý ýaly bolup ýatan gelne ser saldy. Näzirgemäge utanýan şekilli görünýän Owadan dillendi:
- Nirä gitdiñ?
- Çilim çekdim daşarda.
- Hym. Gel, ýat.
Gözler ilkinji duşuşukda, Aýyñ ýagtysyndaky ýaly, köz bolup ýanýarlar. Gyzgyn dem saçlaryny çirkizerlidi.
Muhabbetden humarlanan ýigit gözlerini süzdi, birbada hemme bela-beterleri unutdy. Gijelikde şemal ugruna şygyrdaşýan ýapraklaryñ sesine meñzedip pyşyrdady: - Dünýäm, owadan Dünýäm! - Soñra şu sözleri başky sataşanlarynda-da, şeýle şirin aýdyp bilen däldirin diýip pikir kellesine gelip, ikirjiñlendi. Şu-da onuñ gelin gujagyndan sogrulmagyna itergi berdi. Tirsegine daýanyp, daşarda eşiden gürrüñlerini Owadana aýtdy. Gelni:
- Gahatlyk ýurdumyzyñ hemme ýerindw bardyr welin, biziñ obamyzda beterräk ýaly. Obanyñ ýarpysy garahassalyga ýatdy. - diýdi.
Kerweniñ bimazalanyşy artdy. Eýlä-beýlä kän agdaryldy: "Obany bela-beterden niçik halas etmeli? Orazgül ene obadaşlarynyb islegini aýdan bolaýmasyn?" Ol birki gün ýüzüni sallap gezdi, soñ ýaşy durugşan kolhoz başlygynyñ kabinetine bardy:
- Yh-ym, Mämmet aga, maña bugurçy ber. Ilatyñ derde ýarajak zadyny äkidip, azyk-owkada çalşaýyn.
- Nirä gitjek? Horaz hemme ýerde bir gygyrýar-a.
- Tejen ýa Hywa topragyna. Goñşy obadan Tejene gidip gelipdirler. Men Hywa gidäýeýin. Daşdyr öz-ä. Mañlaýy synap göreli.
- Hym... bi halda... ýeke özüñ... Işçi güýji özümize ýetenok.
Kerwen niýetinden dänmedi. Ertesi kolhoz edarasynyñ köneje jaýynyñ ýanyna üýşdüler: kimsi kümüş, tylla ýüzük, kimsi haly-palas, kimsi-de keçe, ýüñ... garaz, her kim tapan zadyny getirdi. Haçanda, agyr kerwen ýeke adamly ugranda gyrada gyşaryp ýatan, eti-gany gaçyp, garran bürgüde dönen Esen aga ýokary turdy:
- Başlyk! Obadaşlar! - Telek iş bi, maýyp ýigidi täl goýbermeklik.
Dümewli goja burnundan akýan suwjagazlary kirli biz ýaglygy bilen süpürişdirdi. Märekäniñ çetinde horkuldaýan zenan sesi eşidildi. Bu Owadandy. Hossarlyk sözleriniñ gelin ýüregini sarsdyranlygy aýandy. Duranlar agras dem aldylar. Birden dört-bäş gelin orta çykdy. Bular Kerwen bilen gitmäge döwtalaplardy. Esen aga gün astyndaky zada seredýän şekilli elini kölegeledip, öz gelnini saýgardy:
- Wah, garrylyk hiç diýeli... üstüne dümew... ýogsam: - Ol töweregine äñetdi: - Ah-ow, Bugra, nirde sen... Ýagdaýyñ niçik?.. - Ýaşuly çagalyk dostuny añtaýardy. Göwnüne sakgaldaşy gülümjiräp çykaýjak ýalydy. Görünmedi.
Başlyk dillendi:
- Ony Etrege iberdim, iş bilen, üç aýala baş edip, - Mämmet aga gelinlere bakdy: -Işiñize gidiñ, balalarym. - Ol sözüni zordan tamamlady. Ýaşulynyñ bogazynyñ dolanlygyny çagalar-da añdylar.
Kerwen bolsa bu zatlardan bihabar gumgädige dyrmaşypdy...
Arwananyñ yzyndaky gök bugurçy pyşgyrdy. Ýalta bakan Kerwen onuñ burnundan atylyp çykan läheñ gurçugy büzülip-ýazylyp ýerw düşende gördi. Ynjaldy. Bu erkek soñky gezek suwuny oñly içip bilmändi. Şonda Kerwen: "Burny tutulypdyr ýa gurçuk düşüpdir. Şerebeli suw guýsañ, açylardy. Hany oña bol duz" diýip oýlanypdy. "Belki, pyşgyrany özüne em bolsun-da janawaryñ."
Hywada Kerweniñ söwdasynyñ kuşatlygu oñuşmazça däldi. Ol zatlaryñ köpüsini jöwene çalyşdy. Bahasyna görä az-kem bugdaýda tapdy. Iki halta uny-da bar: Biri Otazgül enäniñki, beýlekisi özüniñki. Söweşde tapawutlananda komandiriñ beren zer çaýylan sagadyny çuwallary ýükleşen birinw beripdi. Onsoñ wagty gün, ýyldyzlar bilen kesgitleýärdi. Näbelet ýollar gaýdyşyn ony darykdyrypdy. Her hal indi ýüregi düşüşipdi. Hol öñde, eşegiñ ýaly kimin uzalýan, ýer bagyrtlap ýatan insizje çägelikde gelýärkä-de goş ýazdyrypdy. Gün ikindi ýerine golaýlaýar. Çägäniñ ýakynynda ýandaklyk oýtak bar. Düýeleri şoña goýberer. Özem çaý-nahar ediner. Asyl, ol mallaryñ ýüküni düşürenok, soñ jaýlaşdyrmak başartmaz öýdýär. Bugurçylaryn aglabasynyñ ynjyklygy artypdyr. Burundygyny sähel dartsañ, bagyryberýär. Ýagyr bolany belli. Käsinden başyñy aýlarlaýan birhili ys gelýär. Belki, ýara öwrülip gurt düşendir. Indiki düşelgede iñ bolmanda şolaryñ çuwallaryny düşürip, örküçlerine şemal çaldyrar.
...Ak arwana mürähede zar, ýüpüniñ çalaja çekilmeginden çökdi. Eýesi goş-golamyny, gowzañ unly haltasyny düşürdi, guran töññe çöpleşdirip ýukatap garaja tüñçäni şemalyñ öwüsýän tarapyndan otlady. Bugurçylary duşaklap goýberdi-de, köneje kersende hamyr ýugurdy. Tüñçe lakyrdap gaýnanda, çaý demläp, petiri oda gömdi, suwa bişirilen towşan etini taýynlady. Ýañy çaý-naharyny öñüne alanda:
- Salawmaleýkim, giç ýagşy - diýip, ýerden zompa çykan ýaly biri geldi.
Kerwen Aý yşygyna sakgallak hyýrsyz ýüzi gördi. Näme üçindir, birbada ini jümşüldedi. Emma ümmülmez gyrda ençeme günläp, ýeke ýöremeklik ýüregine düşüpdi. Şol sebäpli bolsa gerek, näbelli myhmany köne tanşy kimi gadyrly garşylady:
Gel, geç, saçak başyna. - Ol sözüni soñlap-soñlamanka, myhman görkezilen ýerde jaýlaşdy. Tä iýlip-içilýänçä öñ gepleşilen ýaly, hiç kimden ses-seda çykmady. Kerweniñ özem gaty ajygypdy weli, myhmany beterräk gördi. Owunjak süñkleri dagy ol durşuna ýuwudýan şekillidi. Onsoñ myhmany sylapmy, ýa rehimi inipmi badyny gowşatdy. Ine-de, töwwir galdyryldy:
- Ugur haýyr bol-a, myhman.
- Galhoz düýelerini bakýardym. Irkilip, ýitiräýdim. Iki gün aç-suwsuz gözläp ýörenime. Tapamok. Otjagaz gördüm-de sowulaýdym.
- Şeýle. Gijäniñ içinde niräni gözlejek. Ýat-da, ertir irden gidiber. Häzir bolsa, maña ýagyr düýeleriñ ýüküni düşüriş.
Gelmişek sessiz-üýnsiz ylalaşdy. Ýokary turanlarynda unly halta işdämenlik bilen gözlerini aýlap goýberdi. Kerwen muny gördi. Her hal erbetlige ýormazlyga çalyşdy. Gytçylykda munça uny çölde göreniñ gözi gitjekligi hemmä belli.
Bäş düýäniñ çuwallaryny düşürdiler. Gök erkegiñ kesmeklän ýarasyna halygy ýelmeşip gidipdir, zordan aýyrdylar.
Goşa gelip gyşardylar. Ikisine-de gürrüñçilikden beter, uky zerurýetdi. Dogry, Kerwen birbada gözlerini ýummazlyga çalyşdy. Garaz, gelmişekden howalasy basyldy, ýöne basym özüne teselli berdi, ulag-ýaragy ýok, onsoñ-da eýýäm hor çekip başlady. Ýagşylygam edil-dä, oña. Özi doýman, şony naharlady.
Ynjalan Kerwen öli ýaly ýatdy. Saba şemalyna oýananda... nätanyş eýýäm ýokdy. Unly haltasam ýer ýuwdana dönüpdir. Orazgül ejäniñ haltasyny düşürmändi. Ol bar. Çuwallary sanady. Ýekejesi kem. Her hal ynsaplg ogry eken. Tutuş kerweni äkitse-de, ol oýanmaly däl. Hywadan gaýdanda özüne degişli iki çuwal jöwen, bir halta un bardy. Indi taý çuwal jöwen. Muña-da şükür, obasynyñky tükel. Başga kişiniñkini niçik aljak? Öwezine özüniñkini berer...
O taýyny, bu taýyny esewanlap ýören Kerwen gum eteginde at yzlary gördi: "Heýk, haramzada, günuzyn añtap gezipdir-ow" diýip, oýlanandan ogryny golaý-goltumdan tapmajakdygynh bilip, tamasyny üzdi. Iş çuwallary düýä ýüklemekde bar. Şol alada ogurlanan zatlaryñ ýüreginiñ jümmüşindäki yzasyny tiz unutdyrdy.
Kerwen hemme güýjüni jemläp, çuwalyñ birini galdyrdy-da, howuda söýedi. Indi o taýyny şeýtmeli. Ýigdekçäniñ biri bolsa-da, şuny saklardy. Ol şu ýerde kömekçi alyp gaýtmanlygyna puşman etjek boldy. Ýöne häzir ökünjiñ haýry ýok.
Kerwen bir eli bilen çuwalyñ bagyny hataba atdy. Beýleki taýy göterjek boldy. Bu başdaky ýaly başartmady. Gaýtadan çyzgandy, ellerine tüýkürdi: "Hop".
Çuwaly galdyrmasyna galdyrdy weli, bilinde oñurga ýiligi üzülen ýaly, agyry döredi. Muny gyzgyny bilen dañmagy oñardy, soñ orak şekiline öwrüläýdi. Egilibem, dikelibem bilenok. "Bilimi gypjyndyraýdym öýdýän" diýip pikirlendi-de, özüni rastlady. Onsoñ çuwallary boşadyp taýlady, soñra hyk-çoklap kersen bilen agzyndan guýdy. Şeýdip, Kerwen günorta mahaly zordan ýola düşdi. Juda ajygansoñ, jöwen dänelerini iýdi, üstünden suw içdi. Az mahaldan içinde çydamasy kyn sanjy döredi. Öñki esger dodagyny dişläp, gan öýdürdi. Howalanýan Balkan dagy arkada galdy. Oba ýedi-sekiz günlük ýol. Uzak.
Arwana egremlenýän düýe ýodajygyna düşüpdi. Bugurçylar gyradaky ot-çöpden ýüzugra garbanmak bilen oñşuk edýärdiler. Teşneligem horlaýardy, ýöne öñler hiñlenýän, haý-küş edýän eýelerinden birnäçe gün bäri ses-seda çykanokdy. Janawarlar şonuñ ücin, bujagaz günlere-de kaýyl ýalydy.
Kerweniñ haly teñdi: saryýagyz ýüzüniñ hamy garaköýükdi, dykyz göwresi çumşuklandy. Birki gezek özünden gitdi. Soñky sapar azy ýaran dişler jöwen dänelerini çeýnemekden ejiz gelip, diriligine ýuwutdy. Sanjy güýjedi: "Beh, ejizleýärmikäm-aýt. Duşman güllesinden ölen bolsam, ybalyrak bolardy. Ýurt üçin ölenligimi ýatlardylar. Munda az mahal geçensoñ, kimiñ ýadyna düşjek" - diýip, ýüregi ezilip oýlanybildi. Birden Esendir Bugra aga göz öñüne geldi. Gojalar biri-birine degmeseler dilleri gijäl durandyr. Uruşdan öñ hezildi-le. Goñşy-golamlar gijesine şularyñ birine gürrüñçilige üýşerdiler. Kerwen dagam gyrada otyrdy. Bir sapar Esen aga düme ýerde ekilen gawuny saklap, öýüne geldi. Üýşdüler. Gije bir çene bardy. Bugra aga oturanlara göz gypyp, goýberenok. Ahyry ol Esen aga:
- Näme geldiñ-aý, gawuny ätberip? - diýdi.
- E-e-e, Bugra, özüñ-ä medeniýetden habarsyz däl. Medeniýetli kişi hepde-de bir gezek hammama düşmeli. Maña bir aýdan geçdi. Şo sebäpli...
- Goýsan-aý, Esen. Bir kündük suw tapdyr-a, şo taýda.
- Gara çynym.
- Körekençilige... - Bugra aga şyg-şyglap gülüp ugrady - körekençilige geldim diýsene.
- Bugra, ýetmişden geçensonam... - Oturanlar-da gülüşdiler. Şundan soñ Bugra aganyñ tilsimine düşünen Esen aga olary kowup goýberipdi.
Kerwen ýylgyrjak ýaly etdi. Oñarmady. Hut içi gyryrarlap barýar. Ol bilindenem beter açlygyñ horlaýandygyny öñräkden añýardy. Kuwwaty barka, Orazgül ejäniñ unundan çörek bişirip bilýärdi. Soñ aýdaýanynda-da kempirden garaw ýokdy. Ýöne gije, "ene çörek" diýip zarynlan Orazgül ejäniñ agtygy hakydasyndan çykmady. Oña birki doýumlyk däl-de, özüni tutmagy üçin esli mahal bugdaý nany gerekdi. Indi weli, bişirmäge-de gurbaty çatjak däl.
Kerwen ýene alasarmyk halda gojalary ýatlady:
Bugra aga bir gije: "Daña golaý ýagyş ýagar diýýä. Asmanda übtüjegem bulut ýok. Onsoñ Esen aga "Ýagmaz" diýýä. "Ýagar, ýagmaz" diýişip jedelleşiberýärler. Ahyry Bugra aga: "Gel, gury jedeli goýaly. Ýagsa, näme eçilersiñ?" diýýä. Az-kem oýlanan Esen aga:
- Aý, men-ä bilmedim. Keýwana birki gün işiñi etdiräýmeseñ.
- Özümiñkä zordan iş tapýan. Başga zat tap.
- Ýok.
- Aý, bolýa-da onda.
Aýrylyşýarlar. Daña golaý Esen aganyñ gapysy kakylýar. Bu Bugra aga:
- Esen how, Esen!
- Näm-aý? Ekin sakçyñ ganjygy ýaly dañda-da üýrüp dursuñ.
- Asmanda bulut göründi. Aýtdym-a ýagyş ýagar diýip.
- Ýagar, ýagar. Gidiber, indi.
Muny aýdýanlar soñundan: Bugra aga bilgeşleýin barypdyr, sebäbi şo mahal Esen aga kempirini sypañ-sermeñ edýämiş" diýip gutarýarlar.
Kerwen aýylganç güldi: Ha-ha-ha-ha!!!
Arwana ürkekledi. Eýmenç ynsan sesi ysgyn-deramatdan gaçan janawarlary endiretdi: Ha-ha-ha-ha!!!
Sähra ümsümligi bozuldy. Golaýdan läheñ guş uçdy. Düýeler üşerilişdiler:
- Ha-ha-ha-ha!-! Ha-ha-ha-ha-!!
Kerwen ýadaýança güldi. Onsoña asmandaky ýaşajyk Aýa gözi düşdi. Ýok, ol täk däl-de, goşa. Biri Owadan. Şo ýana çagyrýar.
Ýigit ellerini alysdaky geline uzatmak isledi. Ýöne gymyldadyp bilmedi.
Ak arwana gozgandy. Gapdaldan minaralar göründi. Bu Maşat-Misseriandy. Diýmek, oba ýigrimi-ýigrimi bäş kilometr daşlykda. Biraz kuwwatlana Kerwen: "Gurbanyñ boldugym, Maşat ata..." - diýip, pyşyrdady-da, yzyny garjaşdyrdy. Ejizlän adamynyñ keramatly öwlüýäden kömek soraýanlygy ýüreginiñ jümmüşiniñ bir ýerinde saklanyp galypdyr. Megerem, ol: "Sag-aman oba barmaga ýardam ber" diýmek isländir.
Arwana bolsa, beletje ýerlerine gelenligini añan şekilli, az-kem çuslandy. Bu özgerişlik beýlekilere-de geçdi, belki, janawarlar oba ýetmek üçin, iñ soñky güýçlerini goýandyrlar. Muny bilerden Kerwen ejizdi. Onuñ burnundan ilki gan ysy geldi, soñra lokga-lokga bolup agzyndan gaýtdy.
Ol özünden gitdi.
Gün doganda ak arwana gumgädikden göründi. Gözi ýolda galan obanyñ ýöräp bilýän uly-kiçisi serçe sürüsi ýaly bolup, kerwene tarap çozdy. Öñde eli Şükürli Owadan ylgap barýardy. Emma bütin obany açlykdan halas eden Kerwen Meredowyñ özüniñ açlykdan ölenligi biriniñem küýüne gelenokdy.

16.06.1989 ýyl.

Annatagan NURGELDIÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 117 | Добавил: Has | Теги: Annatagan Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: