11:01
Garda galan aýak yzlar
Garda galan aýak yzlar (Şahyrana oýlanma)

Irden turup, penjiräni açdym, şobada-da onuň öňünde gur-gurlaşyp oturan iki sany gumry ganatlaryny pasyrdadyp, al-asmana göterildi. «Janlarym, öňler gumrular biziň illerde diňe ýaz, tomus pasyllarynda bolýan ýalydyrlar welin, bu bir jübüt gumry näme üçin bu ýerlerini terk edip, başga ýyly ülkelere uçup gitmedilerkä, ýa-da bularam men ýaly, türkmen tebigatynyň gyşyna aşykmyka?!» diýip, pikire çümüp durşuma, uzak ýyllaryň goýnuna duwlanan ýatlamalar kölüne gark boldum...
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň iň çetki etrabynda ýaşaýardyk. Men maşgalamyzyň körpesidim. Birinji synpyň bosagasyndan ätlän ýylym, heniz güýzüň soňky aýynyň soňky günleri tamamlanyp-tamamlanmaka gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Göwünli-göwünsiz şahalardan tänen ýapraklar gijeki gazaply sowukdan ýaňa düýrügip ýere-de gaçyp ýetişmeýärdi. Olaryň birnäçesi saralan kagyza meňzäp, şahalaryň arasynda ýygrylyp, baldaklarda hallan atyşyp durdular. Şol gün mekdebe gitmezimden ozal, ejemdir uýalarym ilki bilen meniň aladamy edip ugradylar. Olar köwşe derek gyzyl gaýyş ädigimi, penjege derek galyň paltomy geýdirdiler. Ýyly pejiň böwründe ejemiň bişiren byzmygyny gyzgynjak gök çaý bilen içemsoň, daşardaky sowuk howadan habarym hem ýokdy. Şonuň üçin hem uýalarymyň daşymda hozanak bolup aýlanyşlary meniň gülkimi tutdurýardy. Men olaryň boluşlaryna hezil edip gülýärdim. Haçan-da diwardan asylgy duran sagadyň dili sekize ýetip, zaň uranda, uýalarymyň ikisi-de iki ýerden haýdan-haý okuw eşiklerini geýdiler-de, hersi bir elimden tutup daşary çykdylar. Daşky gapy açylyp-açylmanka öýe sowuk howa kürsäp girdi, yzýany bilen hem tozgalap ýagýan gary köwsarlap öýe getirdi. Men diňe şondan soň, daşarda garyň ýagýandygyna düşünip galdym. Çünki kiçijik boýum otagyň äpişgesine ýetmänsoň, daşaryny penjireden synlap, lezzet almak mümkinçiligi entek menden daşdady.
«Geň galaýmaly, dek düýnem ýerde gar ýokdy. Serediň-ä, bir gijede bütin şäherimiz ak gara bürenipdir. Han-ha, goňşymyz Aýnalaryň öýleriniň üçegini hem gar örtüpdir. Agaçlary diýsene! Olar hem gardan ýüki ýetik şahalaryny aşak egip otyrlar. Hezillikdigini! Ownuk elegiň gözünden elenip dökülýän ýaly, bu garyň derdinden-ä asmanyň ýüzi hem görnenok. Emma, şeýle-de bolsa, bu görnüş maňa ýaraýar» diýip, aldygyna uýalarym Gültäçdir Ogultäje öz pikirlerimi beýan edýärin welin, olaryň piňine-de däl. Käte-käte aýdýan sözlerime göwnüm galmazlygy üçin «Hä, şeýlemi?» diýäýmeseler, çaltrak mekdebe ýetmegiň aladasy bilen gümra bolşup, aýaklarymy ýere degirmän diýen ýaly haýdap barýarlar. Özleri-de men haýsy tarapa hereket etsem, şol tarapa saýawany tutup, ýagýan gary synlamaga-da maý bermeýärdiler. Olaryň bu bolşuna hem-ä geň galýardym, hem-de gaharym gelyärdi. Göwnüme bolmasa, olar meni gar-ýagmyrdan goramak bahanasy bilen, tebigatyň bu gözelligini menden gysganýan ýalydylar. Şeýdip, men-ä saýawanyň aşagyndan çykjak bolýardym, olar hem meni sypdyrarly däldiler. Indi görüp otursam, uýalarym şuňa meňzeş gyşlary, garly günleri menden telim gezek öň gaýta-gaýta synlan ekenler, birnäçe gyşy menden ozal hem başdan geçiren ekenler. Şonuň üçin hem bu ýagdaýa öwrenişikli ekenler. Olar ilki meni öz okaýan synp otagyma getirerdiler, soňra-da olaryň biri gapysynda «sekizinji synp», beýlekisi «dokuzynjy synp» diýlip ýazylan okuw otaglaryna girerdiler.
Uýalarymy-ha bilemok welin, men-ä heniz-henizlerem gyşda asmandan tebigatyň peşgeşi bolup ýagýan garyň hakyky muşdagy. Onuň her bir pursady meniň üçin gyzykly dünýä, açylmadyk syr. Onuň aklygy kalbyma nur çaýsa, ele alanymda aýalarymda eräp gitmesi ýaşaýşyň gymmatly çeşmedigini, onuň many-mazmuny bilen hakyda depderime ýazýar. Göwnüme bolmasa, gyşam öz gezeginde tebigatyň gözelligine gözellik goşup bilýändigini ynsanlara subut etmek isleýän ýaly, bizi şeýle peşgeşden paýly edýär — tebigaty ak dona büreýär. Onuň her bir güni — durmuş synagy. Ýalazy meýdanlarda sykylyk atyp öwüsýän sowuk şemaly nama, ýagdyrýan gar-ýagmyry pent bolup paýhas ummanyna guýulýar, pikirleri durlaýar.
Gyş günleriniň birinde şeýle waka boldy. Men uýalarym bilen däl-de, ýeke özüm özbaşdak mekdebe gitmek isledim. Sebäbi synpdaşlarymyň hiç biri hem uýalarynyň ýa-da ejeleriniň syýnyndan ýapyşyp ýa-da ellerinden tutup mekdebe gelmeýärdiler. Maşgalada körpe hasaplanýan diňe men şeýledim. Okuwa gitmek üçin ýola çykanymda aýagym büdräp, galyň gar düşen ýerden «paýymy aldym». Ýykylmajak bolup bada-bat ellerimi öňem doňup gatan ýere dirämsoň, aýalarymyň içi zerzaw boldy. Üst-başym bolsa palçykdan dos-doludy. Men deňimden geçýän synpdaşlarymyň bu bolşuma hezil edip gülüşýändiklerini görüp utandym. Özüme bolsa gaharym geldi. Ne eýläk, ne-de beýläk ýöräp bilmän, iki jahan owarrasy bolup durşuma, okuwçy deň-duşlarymyň «Lälik, läliksiredilen, emelsiz, hatda dogry-düzgün ýöremegi hem başaranok» diýşip, gürrüň edişleri maňa has-da ýokuş degdi.
«Uýalaryňa garaşman howlugyp gaýtsaň, boljagyň şudur» diýip, öz-özüme igenip durkam, synp ýolbaşçym Amansoltan mugallym ýanyma geldi. Ony görüp, hossaryma sataşan ýaly, kemiş-kemiş edip, gözlerimden boýur-boýur ýaş goýberdim. «Wah-eý, Aýjäjek, ýykylaýdyňmy? Zyýany ýok, eger özüň ýykylsaň aglamaly däl. Gyşda gar ýagyp, ýollar sürçek bolanda käteler ulularam ýykylýar» diýip, üst-başymy kakyşdyrdy-da, «ýör, ýolumyzy dowam edeli» diýen yşarat bilen öňe ädimläp ugrady. Menem onuň yzyna eýgerjek boldum, ýöne ýoluň ugrundaky dyzboýy gar ädigimiň gonjundan giräýjek-giräýjek bolýardy. Birküç ädim ädensoň, mugallymyň yzyna eýgerip bilmejekdigime düşünip, sakga durdum. Amansoltan mugallym bolsa, yzyna öwrüldi-de: «Aýjäjek, eger özüňden öňki ýöräp gidenleriň aýak yzlarynyň üstünden ýöreseň, saňa aňsat düşer. Sen meniň ätleýän ädimlerimi nazaryňdan salman, aýak yzlary yzarlap öňe ýöre, şonda ýol çalt öner. Bu sowukda mekdebe-de çalt ýetersiň» diýip, mähirli ýylgyrdy.
Men edil mugallymymyň aýdyşy ýaly, onuň aýak yzlaryny yzarlap, ýöräp başladym. Şol aýak yzlar bolsa meni dogry ýola — mekdebe barýan göni ýola atardy. Amansoltan mugallymyň şol gezekki maňa öwredenleri meniň üçin ullakan sapak boldy. Şondan soň men durmuşda-da, okuwda-da, umuman, ähli babatda özümiň ilkinji mugallymyma meňzemegi, onuň ýörän ýollaryndan ýöremegi ýüregime düwdüm. Halypalaryň yzyny yzarlap, ýollaryny dowam etmek babatdaky şol niýetlerim, arzuw-hyýallarym bolsa meni mugallymçylyk ugrundan ýokary okuw mekdebine, soňra mugallymçylyk kärine getirdi...
Gökden ýagýan ilkinji sowuk damjanyň ýaňagyma düşmesi meni ýatlamalaryň kölünden çykaryp, durmuş hakykatynyň kenaryna oklady. Aýazly säheriň arassa howasyndan dem alyp, gyşyň jadylaýjy görnüşini synlap durşuma, ýuwaşjadan gaýyp düşýän akja garlara ellerimiň aýasyny açdym. Şeýdip, men-ä bu gezekki gyşyň ilkinji gary bilen, gujagy zerewşan kümüş garly gyş hem meniň bilen salamlaşdy.

Çagalyga dolar meni
Garda galan aýak yzlar.
Ömre çelgi saýdym seni,
Garda galan aýak yzlar.

Garlar gyşyň sowan nemi
Zemindäki sowuk demi.
Kalbymyň umydy — emi,
Garda galan aýak yzlar...

Aýnabat ATAÝEWA.
žurnalist.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 10 | Добавил: Raýdaş | Теги: Aýnabat Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: