07:43
Garaşdym
GARAŞDYM

Günleň biri elden gaçan käse deý,
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men göze ilen bir nowjuwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama,
Guda gelse ýer tapamok girere,
Gatnaýanlar köpelipdi ak tama,
Aňsalaram, aldamaga çalyşdym,
…Garaşdym.

Kese bakýan kesip geçjek ýoluňa,
Iliň gözi maňa göni dikilýär,
Sen dünýäni ýumrup gitdiň başyma,
Göz kän, dil kän… şu zatlardan çekinýän.
Halyň niçik, daşgulakdan soraşdym,
…Garaşdym.

Mende bir dert, sende-de müň alada,
Derdim ýeňletmäge käte gel ahyr.
Meni ýüpsüz aýralyga saradyň,
Dartyberseň, kertiberer teý ahyr,
Ynanýaňmy, men kiç kime garaşsyz
Garaşdym.

Kämahallar ýyllap duşman oňarsyň,
Maýam dörär käte kowup-gaçara,
Derdim çekişeňok, asyl özüň dert,
Sen hossar däl, saňa syrym açara
Men bu gije ejem bilen aglaşdym,
…Garaşdym.

Ogulnur ATAÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 30 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 4
1
1  
Derdim çekişeñok seniñ õzüñ dert,
Sen hossar däl, saña syrym açara..

Ogulnur gülim, goşgyñy okap mähirlije ýylgyryp duruşyñ, bigünä emma gussadan doly gõzleriñ gõz õñüme geldi. Ýene biraz synap garaşyp gõr şonda-da habar bolmasa derdiñi deñ çekişmejekden gaýta saña dert boljakdan gaçanyñ gowy diýesim geldi))) smile degişýän, ))garaşmaly, gyz maşgalanyñ gõzelligi garaşyp bilýänligindedir, olam düşüner we bir gün eline owadan gül alyp geler seniñ nähili wepaly gyzdygyñy boýun alar))

1
2  
Goşgynyñ ikinji bendindäki " bir nowjuwan" sõzüni ýõne "juwan " diyip alsañ bogun sanyñ deñleşjek. Bir hem now sõzi aýyr ol ýerden.
goşgyda başga-da kapiýa gelmedik ýerler bar. Jañ edip õzüñe aýdaýjak boldum. Tel-imde kontaktdan ýitipdir nomeriñ.
Umuman goşgy erbet däl, duýgusyny owadan beripsiñ Ylhamyña bereket jigim

0
3  
Sahypjemal, Ogulnura tankydy belliklerňizi okap gözüm gitdi. Meňem siz ýaly edebi maslahatçym bolsady diýdirdi. Diýmez ýaly dälem sypaýydan tankydy bellik edişiňiz göwnüme hoş ýakdy. Maslahatda bereket bar diýýärler. Kimiň edebi maslahatçysy bar bolsa bagtly adam diýip düşünýän. Ýaşyň uly bolsun kiçi bolsun hökman edebi maslahatçyň bolmaly diýip düşünýän. Esasam biz ýaly ýaş edebiýatçylara siz ýaly edebi maslahat berýänçi gerek bolup durýar. Sahypjemal, janyňyz sag bolsun maşgalaňyza abadançylyk arzuw edýän sag boluň.

0
4  
Ogulnuryň "Ejem eken" diýilýän goşgusyny gowy görýän. Şähdi açyk, şadyýan gyzdygyna garamazdan, gussaly goşgulary köp ýazýa. "Ykbal" diýilýän goşgusy-da, täsirli çykypdyr. Ony öz okamagynda diňläp görüpdim. Üstünlik saňa, Ogulnur jigim!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: