11:00
Ganly Aý tutulmasy nämäniñ alamaty?

GANLY AÝ TUTULMASY NÄMÄNIÑ ALAMATY?

Aý dünýäniñ kölegeli tarapyna girende gyzyl öwüsýän "Ganly Aý tutulmasy" Aýa "Ganly Aý" ("Blood Moon") diýilmegine getiripdir. Käbir hristian ynançly adamlar "Ganly Aý tutulmasy" diýilýän bu astronomik hadysany dünýäniñ ahyrynyñ golaýlaşmagy bilen baglanyşdyrýar. "Köne Ähdiñ" bir bölegi bolan "Ýoel" kitabynda geçýän "Hudaýyñ uly we gorkunç güni gelmänkä Güni garañkylyk, Aýy gan gurşap alar" diýem jümläniñ bu ýagdaýa yşarat edýändigini aýdýan hristianlar Ganly Aý tutulmasynyñ dünýäde bolup geçjek birnäçe üýtgeşmeleriñ alamaty boljagyna ynanýar.
Hristian ruhanylary Jon Hagi we Mark Blitz dagylaryñ teswirlän "Ganly aý tutulmasy" taglymy Köne we Täze Äht kitaplaryna esaslanýar. Onuñ düşündirişine astrologiýa we ylym dünýäsi känbir pitiwa etmese-de, fanatik dini gatlaklar bu teoriýa köre-körlük bilen ynanýar.
Bu ynanja meñzeşräk gelýän ynanç gadymy türkmenleriñ ata-babalarynda-da duş gelipdir. Mysal üçin şaman ynançly gadymy türki taýpalarda Aý dolanda gyzyl halka (гало) girip, yzyndanam Aý tutulsa, şol ýyl gandöküşligiñ köp boljagyna ynanypdyrlar.

■ Ganly Aý

Demirgazyk we Günorta Amerikadan synlanan Aý tutulmasy "Injiliñ" aýatlarynda aýdylan kyýamat alamatlaryna degişli hasaplanýar. 2011-nji ýyldan bäri bolup geçen ilkinji Aý tutulmasyndan soñ yzly-yzyna "tetrad" ady berilen dört gezek Aý  tutulmasy bolup geçdi. ABŞ-nyñ kosmiki gullugy NASA muña meñzeş "tetradyñ" 2032-2033-nji ýyllarda bolup geçjekdigini mälim etdi. Dolanaýyñ dört gezek gyzyl reñkde tutulma periodyny añlatmak üçin latyn dilinde "Dörtlük" manysyny berýän "Tetrad" sözi ulanylýar. Bu ganly Aý tutulmasy soñky iki ýylda ýüze çykan tutulma tapgyrynyñ iñ soñkusy. Soñky iki ýylyñ dowamynda üç gezek ganly Aý tutulmasy bolup geçdi. Ýewreýleriñ aýtmagyna görä ganly Aý tutulmasynyñ iñ soñkusy, ýagny dördünjisi üns bermäge mynasyp. Çünki ol ähli zadyñ soñunyñ başlangyjyna yşarat edýär. Has dogrusy, kyýamatyñ başlangyjyna. Ýetmiş sekiz minut dowam eden tutulmada Aý gyzyl reñke boýaldy. Spika ýyldyzy has ýagtylandy. Ýer togalagyna iñ ýakyn ýerleşen Mars saýýarasy ýiti gyzylsöw sary (oranžewyý) reñke bürendi.
Gyzyl reñkli Aý tutulmalary 1492-nji, 1949-njy, 1967-nji ýyllarda bolup geçende, hadysa birnäçe möhüm taryhy wakalar bilen baglanyşdyrylypdy.
2016-njy ýylda Aý tutulmasy ýewreýleriñ Pesah baýramyna gabat gelmegi Hezreti Isanyñ ýere inişiniñ wagty golaýlaýar diýip teswirlendi.
"Inhilde" geçen "Ýokarda, asmanda täsinlikleri dörederin. Aşakda, ýerde alamatlar, gan, ot-ýalyn we duman bulutlary dörär. Rebbiñ uly we haýbatly güni golaýlamazdan öñ ilki Gün garalar, Aý gyzarp ganyñ reñkine girer. Şol wagt Rebbiñ ady bilen çagyran her kes halas bolar" jümleleri Aý tutulmasynyñ kyýamat alamatlarynyñ biri diýip düşündirilmegine sebäp bolýar. Hristian ynanjyny wagyz edýän teleýaýlymda "Christian Broadcasting Network" telegepleşigine gatnaşan Jon Hagi "Dörtli Aý tutulmasyna" dünýäde bolup geçjek üýtgeşmeleriñ alamaty diýip düşünmelidigini aýtdy. Ýakyn Gündogarda Ysraýyly hem öz içine alýan dramatiki üýtgeşmeler bolup geçer we mundan tutuş dünýä jemgyýetçiligi paýyny alar" diýip çykyş etdi. Dogrudanam öñki "Tetradlar" Haginiñ aýdyşy ýaly 1493-nji ýylda ýewreýleriñ Ispaniýadan kowlup çykarylan, 1949-njy ýylda Ysraýyl döwleti gurlandan soñ (1948) 6.000 adamyñ wepat bolan ýewreý-arap urşunyñ bolan, şeýle-de 1967-nji ýylda Ysraýylyñ we arap ýurtlarynyñ arasynda dowam eden "Alty günlük uruş" ady berilen gapma-garşylyklaryñ dowam eden wagtyna gabat geldi.

■ Yslamda Aý tutulmasy

Sahaba Abdylla ibn Omar (r.a) şeýle hadysy rowaýat edipdir: "Resulalla (s.a.w) şeýle diýdi: 
"Gün we Aý kimdir biriniñ ölümi ýa ömri zerarly tutulmaz! Emma olar Allanyñ aýatlaryndan bolan iki aýatdyr. Olary göreniñizde derhal namaza duruñ!"
(Seret: Müslim 914/28, Buhary 1014, Nesaýy 1460, Darekutny 2/65, Hakim 1/331, Tabarany Mujemul-Kebir 13090, Ibni Hibban 2828, Ahmet ibn Hanbel Müsned 2/109, Albany Jamu 1644).
Hezreti Muhammet pygamberiñ ogly Ybraýymyñ ýogalan wagty Gün tutulma gabat gelipdir. Jahylyýet döwründen galan ynançlaryñ galyndysy añynda galan käbir kişiler Günüñ tutulmagyny Ybraýymyñ ölümine ýorupdyr. Çünki araplar yslamdan öñki döwürde Gün we Aý tutulmalaryny beýik adamlaryñ dogluşyna ýa ölümine ýorýardylar. Şonuñ üçin Pygamberimiz (s.a.w) bu batyl ynanjyñ ýalñyşlygyny subut edip, Gün we Aý tutulmalarynyñ kimdir biriniñ dogluşyna, hususanam ölmüne degişli ýeriniñ ýokdugyny, olaryñ Allatagalanyñ aýatlaryndan bir aýatdygyny mälim edipdir.

■ Kusuf (Gün we Aý tutulmasy) Allatagalanyñ bendelerini gorkuzmagydyr!

Sahabalardan Ebu Musa (r.a.) şeýle hadysy rowaýat edýär: "Resulalla (s.a.w) Gün tutulanda gorkup ýerindem turdy we şeýle diýdi:
"Allanyñ görkezýän bu aýatlary kimdir biriniñ ölümi ýa ömri üçin bolanok! Emma Alla ony gullaryny gorkuzmak üçin görkezýär. Gün tutulanyny gören wagtyñyzda Alladan gorkup ystygfar ediñ we Ony ýatlamaga duruñ!"
(Seret: Ibni Hibban 2836, Buhary 1033, Müslim 912/24, Ebu Awane 2/367, Nesaýy 1502, Obni Huzeýme 1371, Ebu Ýala 7302, Begawy Mesabih 1051).
Hadysda "Kusuf Allanyñ gullaryny gorkuzmak üçin..." diýlen jümlede "Gün şöhlesini gideren Allatagala Güni-de giderip biler, eger Gün gitse siz Günsüz galarsyñyz! Bu nygmaty eliñizden aldyrsañyz öñi-ardy gelmeýän bela-beterlere uçrarsyñyz! Dünýäñiz garalar, durmuşyñyz kül bolar, heläk bolarsyñyz..." diýen manylar bar.

■ Ýeke-täk çykalga - Kusuf namazy!

Taryhda gelip-geçen halklaryñ başyna gelen heläkçilikli wakalar hem hut Aý-Günüñ ýitip, asmany gara bulutlaryñ örten wagtynda bolupdyr. Şonuñ üçin bular ýaly wagtlarda ýersiz howsala düşüp oturmagyñ geregi ýok. Pygamberimiziñ güwä geçişi ýaly, Gün ýa Aý tutulmasy kimdir biriniñ başyna düşen işi ýa ölümi bilen baglanyşykly däldir. Käbir hristian ruhanylarynyñ aýdyşy ýaly kyýamatyñam alamaty däl! Bular ýaly ýagdaýlarda elimizden geljek ýeke-täk bir zat bar: olam Kusuf namazyny okamak, ystygfar getirmek we doga-dileg edip Allatagala ýönelmek...

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 32 | Добавил: Has | Рейтинг: 3.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: