03:02
Gan aglaýan adamlaryñ syry

GAN AGLAÝAN ADAMLARYÑ SYRY

On üç ýaşly hindistanly gyzjagaz Twinkl Dwiwediniñ keseliniñ garşysynda medisina dünýäsi bialaç ýagdaýda galdy. Gyzjagazyñ endamynda kesik yzlary ýa-da ýara ýoklugyna garamazdan, birden-birden hamyndaky öýjüklerden gan akmaga başlaýar.

■ Gan - göz

Iki mekdep bu ýagdaýy zerarly okuwa kabul etmändigi üçin iki ýyla golaý wagty boş geçen Twinkl käwagt ertir irden turanda gana ezilip, öl-myžžyk bolup oýanýar. Twinkliñ maşgalasy bu syrly kesele çäre tapmak üçin ýüz tutmadyk lukmany galmady. Muña garamazdan häzirem bir alajy tapylanok. Twinkl Dwiwediniñ ejesi Nandani Diwedi: "Gyzymyñ keselini bejerip bilmändigim üçin çäresizlik içinde örtenip-bişýärin" diýdi. Çagasynyñ bu keselden saplanmagy üçin lukmanlardan haraý tapmansoñ, ybadathanalara, metjitlere, buthanalara we mukaddes ýerlere gidendiklerini aýdan naçar ene Nandani ol ýerlerdenem barybir peýda tapyp bilmedi.
Uttar Pradeş şäherinde ýaşaýan gyzjagazyñ ýaralanan-goýan ýeri bolmasa-da gözlerinden, burnundan, saçlarynyñ düýbünden, boýnundan we dabanyndan günde elli gezdk dagy gan akýar. Twinkl: "Ellerimden, gözlerimden, serimden, gulaklarymdan, burnumdan, her ýerimden gan akýar. Gan akmaga başlanda hiç hili agyry-yza duýamok, emma bu meni biraz ýadadýar we käte kelläm agyrýar" diýdi.

■ Ganly göz

Angliýada işleýän amerikaly çaga lukmany we gan boýunça hünärmen Jorj Buçanan Twinkliñ ýagdaýyny öwrenmek maksady bilen Hindistana gitdi. Mumbaýdaky Jaslok hassahanasynda ýatan Twinkli görmäge baran lukman Buçanan: "Kelle derisinden ýa-da goşawuçlaryndan gan akýan birine henize çenli duş gelmändim. Medisina taryhynda-da bu boýunça hiç zat okamandym" diýip, muña örän haýran galandygyny aýtdy.
Twinkliñ şikes alan ýa sypjyrylan ýeri bolmazdan saç derisinden başlaýan gan akmasyna şaýat bolan lukman gözlerine ynanmady. Buçanan: "Büs-bütewi hamdan gan akmasy fiziki taýdan mümkin däl. Emma onuñ endamynyñ hiç ýerinde kesik ýa-da ýara yzyny görmedim" diýdi.

■ Gan  aglaýan ýetginjek

ABŞ-nyñ Tennessi ştatynda ýaşaýan on bäş ýaşly Kelwin Inman atly ýetginjegiñ gözlerinden ýaş ýerine gan gelýär. Lukmanlary haýran galdyran Inmanyñ näme üçin bu ýagdaýa düşýändigini bolsa heniz bilibilýän ýok. Dostlary tarapyndan içine şeýtan girdi hasaplanýan bu ýetginjek günde üç gezek bir sagat töweregi dagy ganly gözýaşa gark bolup oturýar. 
Kelwin we onuñ ejesi Isus Hristosyñ haça çüýlenende endamynda peýda bolan urgy yzlaryna (stigmata) çalym edýän bu medisina näsazlygyna haraý tapmak tamasy bilen ýerli teleýaýlymlara ýüzlendi. Çykyş eden bir gepleşiginde aglamazynyñ öñýanyndaky duýgularyny gürrüñ beren ýetginjek: "Käte gözýaş ýaly gelýändigini duýýaryn, gözlerimiñ nemlenýändigini duýýaryn. Käte ganly ýaşlar çykanda gözlerim gyzaryp ýanmaga başlaýar" diýdi. Ogluny ilkinji gezek ganly gözýaşlara boglup duranyny gören ene derhal "Tiz kömegi" çagyrypdyr. Ol pursatlary gürrüñ beren garabagyr ene: "Durmuşymyñ iñ gorkunç pursatlarydy. Oguljygym maña naýynjar bakyp "Ejejan, eje, indi men öläýermikäm?" diýende ýüregim para-para boldy" diýdi. Ol ogluna häzire çenli MRI, ultrases we ST barlaglaryndan geçirendigine we işine ezber ençeme hünärmenlere görkezendigine garamazdan, häzire çenli hiç kimin bu ýagdaýyñ çözgüdini tapyp bilmändigini aýdýar.

■ Gan aglaýan Debora

Braziliýada ýaşaýan on ýedi ýaşly Debora Oliweýra Santosyñ birahatlygy üç ýyl owal çaga bakýan bolup işleýärkä hojaýynyndan taýak iýmesi bilen başlandy. Ilki-ilkiler onuñ gulaklaryndan we burnundan gan akýardy. Has soñra onuñ endamynyñ başga ýerlerindenem gan akmaga başlady. Soñky ýyllarda Deboranyñ kakasy çagalaryndan birini halas etjek bolup gark bolanda Debora aglamaga başlady, şonda onuñ gözlerine gan indi. Kakasynyñ gark bolup ölmegi zerarly aglan Deboranyñ gözünden şol gün ilkinji gezek gan akdy. Şol hasratly günden bäri haçan-da Debora aglap başlasa, onuñ gözlerinden gan akyp başlaýar. 
Debora Santos aglaýan wagtynda hiç hili agyry-ynjy duýmaýandygyny, emma gözleriniñ gany akyp başlanda, ýara ganamasy ýaly duýgyny başdan geçirýändigini aýdýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 56 | Добавил: Has | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
cry surprised ....

0
2  
Alla dözüm bersin...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: