08:58
Galdy seni gabanylýan o günler...
Penjireden garap ýörme sen indi,
Ir ertir, giç agşam tutyny serpip.
Penjireden garap ýörme sen indi,
Geçmişe ökünip, geljekden gorkup.

Ýadyňa sal şol uzadan gülümi,
Güldürem öýtmändiň, ýöne yslydy.
Seniň juda halamadyk gülüňi
Başga bir gyz bagt diýip ysgady.

Peýdasy ýok indi garap duranyň,
Gün guşluk bolupdyr, boram ol öýle.
Men işe giderin, geler duraryn,
Seniň juda tämiz duýgyňy duýman.

Durmuş-da bu. Büdremejek adam ýok,
Kalbyňa doldurma gussalaň gyşyn.
Saňa başga diýip biljek zadym ýok,
Sen bir zada ynan, bir zada düşün:

Günler daşymyzda aýlaw gurapdyr,
Olara düşünip bolanok birden.
Durmuş diýilýän zat aýlawlyrakdyr,
Penjireden garap düşünäýerden.

***

Sen maňa goşgy ber gara gözüňden,
Gijeler gaýtalap ýataýyn ony.
Her setirni sanap gazetlere däl,
Ýene öz-özüme "sataýyn" ony.

Sen maňa goşgy ber gara gözüňden,
Men ömrümi şol goşguda egläýin.
Gözüňden ýürege ornajak goşga
Ähli yhlasymy gurban eýläýin.

Sen maňa goşgy ber gara gözüňden,
Ol maňa kuwwat biýr, derdimi egser.
Wah, maňa goşgy ber gara gözüňden,
Gorkýan, men goşgusyz galaryn ýogsam...

***

Seni sähra ýollaryndan gabandym,
Ýollar aýagyňdan sypaýar ahyr.
Seni saba ýellerinden gabandym,
Ýeller ýaňagyňdan ysgaýar ahyr.

Bu ak gündizlerden gabandym seni,
Bu ak ýyldyzlardan gabandym seni,
Ýamanlaň netinden gabanyp gezdim,
Ýagşylaň gepinden gabanyp gezdim.

Garaz, dünýädäki ähli barlykdan,
Çöllerden, daglardan, ekinzarlykdan...
Gabanyp,
Hem seni özümki saýyp,
Gezdim,
A sen bolsa, gözümden gaýyp,
Bir gün uçup gitdiň özge baglara,
Galdy seni gabanylan o günler.
Gel-gel, bu ykbalyň oýnuna gara:
Indem seni menden gabanyp ýörler.

Hojaberdi ÇARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 20 | Добавил: Raýdaş | Теги: Hojaberdi Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: