14:52
Galandar / hekaýa

GALANDAR

(Oguz hekaýaty)

Nerbugra han zamanynda Oguz soltanýeti dygysyz kuwwatlanyp, äleme belgili boldy. Ýylkybanlaryñ ýylkysy, çarwadarlaryñ dowary çöl-beýewana sygman, zemine labyryny atdy. Ykbaly göterlen milletiñ asylzada begleri, galaýykar serdarlary öýüniñ tüýnügini altyn-kümüşe gaplady.
Lagly-jöwahyr, ýakut-zümmerret daşlar bilen bezelen tylla tagtyñ eýesi Nerbugra han özüniñ başy asman dirän bagtyýar döwletine çendan-çendan guwanyp: "Meniñ tükenmez mülkümiñ bir bölegini ýer ýuwutsa-da, bir bölegini sil alsa-da, ýene bir bölegini ýyldyrym urup ýandyrsa-da, şonda-da mülküm azalyp-kemeler ýaly däl!" diýip, pälini uly tutup buýsanardy. Emma ilki emendirip, soñ al salguwjy bazygär pelek gapyl adamy nädende hat gaty awundyrjagyny özi ýagşy bilýärdi. Ol Oguz patyşasynyñ tükenmez mülkündenem eziz görýän ýürek ýagyna demir dyrnak penjesini urup, ganjardyp goparyp aldy: hökümdar söýgüli aýaly Akmaýa Mähripur begim agyr derde uçrap, dünýäden ötdi: "Wadaryga! Içimden uruldym-ow!" diýip, Nerbugra han bagryny ýere oýkap, aglap-eñräp, pygan çekdi. "Oguz iliniñ mährem enesi" diýlen ada mynasyp bolan ak maýa zenan özüniñ ajy ölümi bilen giñ ülkäni matam tümüne büredi. Bir janu-bir ten raýatlaryñ ýüzleri sallandy, meñizleri sargaryp soldy. Hindi Maharajasynyñ gyzy bolan Mähripur hatynyñ görenleri haýran galdyryjy gözelligi, kaýyl ediji mylaýymlygy, gadyrdan doly myhmansöýerligi ýakynu-alys hanlyklara-da meşhurdy. "Milletiñ mährem enesi" gujurly hem dyzmaç oguzlaryñ serkerdesi Nerbugra hany töwerekdäki güýji asgyn hanlyklara zor salmakdanam, sütem etmekdenem saklaýarmyş diýerdiler. Çölde gezen gaýyp erenler hem-de goly hümmet hasaly, başy külahly terkidünýä galandarlar: "Wah, oguz iliniñ sahawat nury öçen bolmasa ne ýagşy, sogap çeşmesi gurygan bolmasa ne ýagşy!" diýip arman çekdi.
Nyşapurdan, Nusaý-Merwden, Hywa-Ürgençden, Buhara-Samarkantdan, Çynma-Çyndan, Hindi-Hebeşden, Aýkara muran añyrsyndan hem Orman kutdan köp-köp hanu-soltanlar oguz iliniñ agysyny aglamaga, hasratynh böleşmäge geldiler. Gaýdanlarynda bolsa: "Eý-ho! Bu dyzmaç oguzlary indi kim saklarka?!" diýip gaýgy bilen dolandylar.
Höwrüni aldyransoñ, ýaşaýşa höwesi öçen Nerbugra han tylla tagtyna çykmasyny goýdy, goşunlaryna serenjam bermesini unutdy, metjide Juma namazyna çykmasyny kesdi. Hernä Mähripur hatyn oña Guzy tegin atly hoşroý ogul dogrup beripdi. "Tegin" diýmek oguz dilinde saýhally, görkana, batyrsyýak diýmäni añladýardy. Golaýda on sekiz ýaşyny dolduran şazada özüne berlen lakama diýseñ mynasypdy. Atasynyñ göwnüçökgün, bihal, bimejal çagy, döwleti dolandyrmagyñ keşigi Guzy teginiñ başyna düşüpdi. Mähriban enesine çeken bu hoşgylyk ýigit tiz wagtda oguz iline özüni aldyryp, goñşy han-begleriñem göwnüne ýarapdy. Şalar-soltanlar oguz şazadasyna öz gyzlaryny berip, güýçli ülke bilen garyndaşlyk açmak arzuwyndady. Şol niýet bilenem oña "Öýlen-de-öýlen!" diýşip, ýerli-ýerden töwella ederdiler. Emma Guzy tegin özi öýlenmän, atasy Nerbugra hany öýlendirmek niýetindedi. Bir periweş hoşsurat jenana köñli maýyl bolsa, belkem, ol öñki söýgüsini hem gam-gussasyny unudar, ýaşaýşa höwesi artyp, gaýtadan tylla tagtyna çykar.
Mähripur hatynyñ baky dünýä gidenine ýyl dolup, onuñ aşy-suwy berlensoñ, Guzy tegin atasy Nerbugra han bilen mylaýym gürleşdi:
- Eý, oguz iliniñ kyblagähi, mähriban atam! Seniñ raýatlaryñ matam tutup, halys surnukdy. Milletiñ göwni toý küýseýär. Patyşamyzyñ ýüzüniñ ýagtylanyny görsedik diýip arzuw edýärler. Oguzlara susluk ýaraşmaz. Öz raýatlaryñyzy begendirseñiz, pygamber sünnetini berjaý kylsañyz, köp-köp sogaba galardyñyz!
Patyşanyñ igimsi, asylly ýüzünde, gamgyn gözlerinde geñ galmak alamaty göründi.
- Wah, tegin balam! Men neneñsi öýleneýin? Seniñ eneñ dirilip gelmez ahyry! Dünýäde onuñ ornuny tutup biljek jenan barmy? Bolaýanda-da, sen oña "enem" diýip bilermiñ?
- Atam, men oñaryn, ýöne oguz ili enesi kösenýär. Seniñ öýlenmegiñ Hakyñ buýrugydyr!
- Bal-tegin, goç guzym! Şu akyl-parasadyñ hem dilewarlygyñ bilen ýurdy özüñ dolandyryberseñem boljak ekeni. Ýöne, il-günüm toý küýseýän bolsa, onda wezir-wekilleri geñeşe çagyryñ. Siz haýsy gyzy saýlap tutsañyz, men şoña öýlenäýmeli borun.
Patyşa oglunyñ aýdanyna kaýyl bolup, bir ýyllap, boş duran tylla tagtyna çykdy. Geñeşe ýygnanan wezir-wekiller "gözümiziñ göreji, başymyzyñ täji" diýip apalaýan hökündarlarynyñ didaryny görüp begenmek begendiler. Gadymdan galan däbe görä, iç oguz begleri patyşanyñ sag gerdenini togap etdiler, daş oguz begleri patyşanyñ çep gerdenini öpdüler. Soñra zer donly, gaba telpekli boldumly pyýadalar öz mertebesine görä, köneden belli orunlarynda güberilişip oturdylar. Öñi bilen ýörite söwüşlik bakylan ýaş baýtalçanyñ buglanyp bişirilen şireli göşi hem paşyrdap, byjyrdap gañşyrawugyñy tütedýän gymyz çekildi. Munuñ ýany bilen başga-da dürli-dümen, şirin-şerbet äberildi.
Patyşa özüniñ söýgüli ogly Guzy teginiñ, ak sakgally, çal sakgally azy ýaran emeldarlara dik durup zyýapat berşine, onuñ gepiniñ-sözüniñ iññän jaýdarlygyna, edim-gylymynyñ örän gelşiklidigine guwanyp, synlap otyrdy. Akylyñ öýi hasaplanýan baş wezirem, patyşanyñ göwnündäkisini añýan ýaly, onuñ pikirine goşulyşyp, biragyz geplemän, başyny çalajadan atyp-atyp otyrdy. Patyşanyñ gözüne Guzy teginiñ syratly boý-synasynda ejesi Mähripur hatyny ýatladýan ýakymly alamatlar görünýän bolsa, onuñ merdemsi, batyrsyýak sypaty hakyky oguz ýigididigije bigüman şaýatdy. "Ýene ýüz zenana öýlensemem, munuñ ýaly ogul dogarmy, dogmazmy?" diýip, Nerbugra han göwnüne getirip otyrdy. "Aý, raýatlarymyñ köñli toý küýseýän bolsa, goý, gyz saýlabersinler. Elli bilen altmyşyñ arasynda maña-da birsalym güýmenje bolar-da. Awda-şikärde ýabany ýatylanda düşegiñi ýyladar..."
Wezir-wekiller, emeldarlar iýip-içmeden ýaña gerk-gäbe bolup mes otyrkalar, Guzy tegin olara:
- Eý, oguz iliniñ sarpaly, sylagly agalary! - diýip ýüzlendi. - Iýen-içeniñiz özüñiziñki. Indi gyz saýlamanyñ geñeşini edeliñ! Biziñ öýlenjek ýigidimize bir mynasup ýar gerek!
- Kim ol ýigidiñiz? - diýip, oguz döwletiniñ sütün-diregleri geñ galyşyp soradylar.
- Kyblaýy älem! Men öz atamy öýlendirmekçi!
Güberilişip oturan zer donly agras pyýadalar ýeñillik bilen ýerlerinden gopup, patyşahy äleme baş egdiler. Olaryñ boldumly, ýagjymak, ýumry ýüzleri şatlykdan ýaña ýagtylyp gitdi.
- Oñ bolsun! Gutly-mübärek bolsun! - diýip, asylzada baş wezir Nerbugra han başyny ege-ege sözledi. - Atasy ogluny öýlendirse, bu bir adaty zat. Emma atasyny öýlendirýän ogul Tañry tagalanyñ Oguz iline inderen ýagşyzadasydyr. Patyşahy kyblaýy äleme mynasyp gyz, elbetde, ýer ýüzünde bar bolsa, birlän ý ikiländir. Şony gözläp tapmak biziñ mukaddes borjumyz.
Onsoñ geñeşdarlar dürli memleketleriñ hanu-soltanlarynyñ haýsy birinde ýetişen gyz barlygyny ýatlap, şolar barada eşiden öwgülerini aýdyp başladylar. Çynma-çynly Sarygülüñ tagam bişirende eliniñ süýjüligi, tangutly Sowsangülüñ sözlände diliniñ süýjüligi, nusaýly Almazenehdanyñ zyba keşbi, ürgençli Bibijanyñ akyl-üşügi taryp edildi. Başga-da birtoparynyñ ady agzaldy. Emma "Bir kemsiz gözel bolmaz" diýleni ýaly, her haýsyndan bir kemçilik tapdylar. Şeýdibem, hemmesini goýbolsun etdiler. "Üçüñ biri hana-da ýarapdyr" diýen gürrüñ bu ýerde ýol aljak däldi. Oguz iliniñ hany Nerbugra ymgyr uly patyşady. Oña mynasyp boljak zenanan dünýäde üýtgeşik maşgala bolmalydy.
Indi kimiñ üstünden düşsekkäk diýip otyrkalar, golaýda Rumustandan uzak ýoly söküp gelen, gelibem, oguzlartñ arasynda janyna rahatlyk tapynan hem dilewarlygy bilen patyşanyñ ynamyna giren Merriwez diýen jahankeşde, hamana, gaty terbiýeli adam kimin, geplemäge rugsat sorady. Bu bigänäni halap barmaýan oguz begleri: "Bäh, indi geñeş bermek şuña galdymyka?" diýip göwünlerinr getirdiler. Merriwez bolsa endigine görä, tilkiburun inçe ýüzüni oýnadyp, çüri eñegini somaldyp ýeser gürledi:
- Kyblaýy älem! Ýer ýüzüniñ iñ nazarkerde patyşasy! Demirgazyk ülkede ýaşaýan saryja milletiñ hanynda bir zyba senem boý alan nahal deý ýetişipdir. Husny jemalyny görenlerem armanly, görmediklerem. Alkymy kyrk çilläniñ gary ýaly. Içen suwy bokurdagyndan görnüp dur. Gözleri yllaki jümjümäniñ gülünden reñ alan ýaly. Arkasyny, döşüni ýapyp duran bir gujak tylla saçy, hamana diýersiñ, ergin altyna batyrylan misil. Sözlände, onuñ şirin owazyna haýran galýan bilbiller saýramasyny goýup diñ salýarmyş. Pereñistan şazadalarynyñ yzy üzülmeýän sawçylarynyñ derdinden bularyñ teblehanasynda at tezegi guramaýarmyş. Emma ygtyýary öz eline alan atasynyñ läligi: "Men dünýäde iñ güýçli döwletiñ patyşasyna äre bararyn, kiçi-kirimine barman" diýýämiş.
Görýäñizmi akyl-paýhasyny! Hem-ä äre barjak, hem-de iñ kuwwatly ýurdy özüniñ dogduk iline arka-döä etjek. Onsoñ şol gyzy almagyñ ýene bir bähbidi bar, patyşahym!
Häliden bäri bir agyz geplemän, dymyp oturan oguz patyşasy:
- O neneñsi bähbit? - diýip seslenende, onuñ asylzada ýüzünde gyzyklanma alamaty göründi.
- Munuñ bähbidi oguz döwletini, oguz ilini ymgyr belende göterýänliginde! Elbetde, onsuzam Oguzystan diýary asman bilen bäsleşýär. Emma başyna altyn täç gonduran uly hökümdarlaryñ hiç birine göwni ýetmeýän tylla gulpakly perizadyñ ýeke-täk Size höwes bildirmesi külli äleme dolup, Siziñ mertebäñize mertebe goşar. Zenan ýüregini ýeñmek duşmanlaryñ agyr leşgerini ýeñendenem ähmiýetlidir. Elýetmez jenany alyp bilmedik hökümdarlar içini tutup galarlar, oguzlara garanda özleriniñ asgyndyklaryna gutarnykly boýun bolarlar.
Merriwez jahankeşdäniñ süýji gürrüñi patyşanyñ gulagyna ýakan bolmaga çemelidi. Nerbugra hanyñ ýaýbañ ýüzi ýagtylanyp, gyýyk gözlerini örten ýuk gabaklary tirpildäp janlandy.
- Päh, bir gujak tylla saçy bar diýdiñmi? - diýip, hökümdar höweslenip sorady. - Öz-ä delje zat bolmaly-ow!
Guzy tegin toýuñ çynyrgaýanyna begenip, emeldarlaryñ ýüzüne ýylgyrjaklap bakýardy. Emeldarlar bolsa ýurt-ýurt entäp ýören bolgusyz bir jahankeşdäniñ patyşanyñ ýanynda gepiniñ geçýändigine görübilmezçilik edip gaharlanýardylar. Aýratynam döwletiñ howpsuzlygyny goraýan wezirligiñ baştutany: "Şu Merriwez diýilýän kişi jahankeşde däl-de, içaly bolaýmasa" diýip betgümanlyk edýärdi. Betgümanlyk etmek onuñ kesbi-käri bolansoñ, muny geñ göresi zadam ýok.
Geñeşiñ ahyrynda demirgazyk hanyñda sawçy ibermeli diýen karara gelindi. Sözaýdyjylar toparyna baştutanlyk etmek baş wezir bilen Guzy tegine ynanyldy.

* * *

dowamy bar...

Sapargeldi ANNASÄHET INER OGLY.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 183 | Добавил: Has | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Hekaýa şeýdip bölünip berilmände bolanokmyka? Özüm-ä diñe şuñ üçinem saýta girmäge ýaltanýan. Dolulygyna sygdyryp bolar (emel etseñiz). Ýa köpüräk sahypa açdyryp, hökman pul iýdirmelimi?

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: