09:52
Galandar -2 / hekaýanyñ dowamy

GALANDAR

(hekaýanyñ dowamy)

Hemişe bolşy ýaly, sawçylar, synçylar, sözaýdyjylar kän gatnaw edensoñlar, toýuñ sähedi bellendi. Sähetli gün gelende, bäri çetinden añry çetine aýlap kerwen tartanda zordan ýetilýän bimöçber oguz ýurdunda ~ Abeskun deñziniñ ýakasynda, Nusaýda, Margianada, Garagum deştinde, Jeýhun bilen Seýhun boýunda, Balakyş köli bilen Baý kölüñ aralygynda, Itilden tä Aýkara murana deñiç, Awirde hem Sibirde ~ Nerbugra hanyñ ümmülmez ülkesinde dünýä döräli bäri görülmedik ymgyr uly toý tutuldy. Müñ welaýatly diýaryñ her welaýatynda al-elwan, çog gyrmyzy, melewşe-sary çadyrlar hatar-hatar gurlup, sähra-çölüstan ýüpegiñ ülpüldisinden ýaña lälezarlyga öwrüldi. Gunan, ogşuk, dowar müñläp soýuldy, köp-köp howuzlar gymyzdan, şerbetden, şerapdan dolduryldy. Täze gelen gelniñ her ýaşyna bir gün niýetläp, ýigrimi bir gün toý edildi. Nerbugra han özüniñ tylla saçly jenanynyñ saçynyñ her taryna bir gün toý beribem biljekdi.
Sähra ogullary bolan daýawlaç, haýbatly, gatañsy gara saçly, otlukly gara gözli, bugdaýreñk oguzlar bilen deñeşdireniñde, täze gelen gelin ýumurtga ýaly ap-akja, eýjejik, nerme-näzik bir zatdy. Ol ynsanlaryñ arasyna jadylar dünýäsinden nägehan düşen peri-peýkeriñ zürýadyny ýatladýardy. Onuñ öz ýurdundan alyp gelen gylyk-häsiýetlerem oguzlar üçin gaty geñ-tañdy. Ine, ol köşgüñ in bezegli kabulhanasynda Çynma-Çyndan sowgat gelen gymmatbaha kürsiniñ üstünde, patyşanyñ iñ ýakyn garyndaşlarynyñ arasynda, birjigem ýygrykman, tylla saçyny şabram döküp, kelte lybasynyñ eteginden ýalañaç aýaklarynyñ baldyryny ýalpyldadyp, müýnürgemäni bilmän otyrdy.
Eýjejik zenan ýakymly owaz bilen ynamly jedirdäp, pökgüje dodaklaryny ýazyp-büzüp, ýylgyranda-gülende dürdäne dişlerini güjeñläp, ýañaklarynyñ almasyny ýumrardyp, jümjüme gülüniñ reñkindäki gözlerinden gögümtil şöhle saçyp, diñleýji-synlaýjylary añk edýärdi. Onuñ öz dilinde aýdýan zatlarynu Merriwez jahankeşde türki diline geçirýärdi. Altynsaç gelniñ "biziñ ýurdumyzda eýdilýär", "biziñ ýurdumyzda beýdilýär diýen sözleri köp gaýtalanýardy.
Altynsaç begimim Guzy tegin bilen danyşmasy welin, asla salgyny berer ýaly bolmady hem ýaş ýigidi iññän aljyratdy hem utandyrdy. Patyşanyñ täze zeni boý-synasy naw ýaly, ýüz keşbi merdemsi hem gelşikli goç ýigidi özüniñ golaý ýanynda oturtdy-da, neresse çaganyñ ýüzünden sypalan ýaly edip, onuñ mañlaýyndan sypalady hem:
- Indi siz meniñ oglum bolýañyz-da - diýdi. Men sizi sawçy baranlaryñ arasynda gören badyma haladym. "Şol serdar syýak ýigit kim bolar?" diýip soradym. "Öýlenmekçi bolýan patyşamyzyñ ogly Guzy tegin" diýip jogap berdiler. Menem: "Şunuñ ýaly görkana ýigidi dünýä inderen patyşa ýöne adam däldir. Ol gartaşanam bolsa, söýgä mynasypdyr" diýip oýlandym. Görýäñizmi, kakasy oglunyñ bagtyny açýandyr welin, bu ýerde tersine boldy: Siz kakañyzyñ bagtyny açdyñyz.
Guzy tegin utançdan ýaña ýüzüni boz-ýaz edip otyrdy. Uzak ýurduñ terbiýesini alan gelniñ aýdýan zatlary birhili gelşiksizdi. Ogly kakasyndan artyk edip gürlemek oguzlaryñ adatyna sygmaýan zatdy. Emma Altynsaç begim munuñ bilenem oñman, has beterine tutdy:
- Eger sen şu mahal birki ýaşyndaky bäbejik bolan bolsadyñ, onda men seni ak göwsümden süýt emdirip ulaldardym. Sordurybersem, sordurybersem, süýt inerdi-dä mämelerime. Şeýle dälmi, enem jan?
"Enem jan" diýip ýüzleneni özi bilen bile getiren enekesidi. Aýjyna meñzäp duran bu sary çypar kempir ak ýuwha ýüzüni towlap betgelşik güldi-de, başyny atdy. Mundan başga-da ýüzläp adamy keniz, çory, aşpez, garawul diýip, täze gelin öz ýurdundan alyp gelipdi. Hyzmatkärleriñ biri ýörite şa aýalynyñ tylla saçyny daramak üçin getirilipdi, ýene biri onuñ naşyja dyrnaklaryny bejerip boýamalydy. Bu zatlaram hiç-le welin, ýöne şu mahal Guzy teginiñ ahwalaty asla öwerlik däldi-ow. Ýañky "göwsümden sordurybersem, sordurybersem" diýýän gelin indi eýjejik elleriniñ aýasy bilen mämelerini sypalap otyrdy. Ýeri, ol biziñ ýurdumyzda şeýdilýär" diýägeden, emmesini ýakasyndan çykaryp hödürläýse nädersiñ? Şunuñ ýaly mojuk zat göwnüne gelende, şazada kemerinden ildirilgi hanjaryny şakyrdadyp zöwwe ýerinden galdy-da, ätmer-sätmer aýak urup çykdy gidiberdi. Köşkden çykmanka, baş weziriñ iberen adamsy onuñ az-kem eglenmegini sorady. Onýança-da parasatly goja weziriñ özi gelip, oña töwella-tagsyr etdi:
- Şu günki oguz iliniñ göz-guwanjy, geljekde bat umydy Sizsiñiz, görkana goçagym! Meniñ maslahatymy alyñ-da, giñräk geçirimliräk bolaýyñ! Aý, bir zenandyr-da. Zenanyñ bolsa akyly gysga, saçy uzyn diýleni, kyblaýy älemiñ göwni hoş ~ şolam bize bolýan bolýa. Goý, garry gurt akja berräni gabyrt-guburt çeýnäbersin, çeýnäbersin! Şol zenan ot-ýalyn bolup çabranda-da, bize näme zyýan edip biler? Öñde bir çirkeýiñ Hindistan piline toýnak salşy ýaly bolar. Beýik oguz döwleti sarsman durka, maýda zatlara pisint etmezler. Ýurduñ kuwwaty hem seniñ gylyjyñ zoruna bagly. Sen öz tümeniñ bilen tomusky türgenleşige gitseñ, şondan gowusy bolmaz. Onsoñ bu ýerde ýene bir ýagdaý hem bar. Seniñ nägiledigiñi eşidenler terse ýorarlar. "Ýigid-ä öz ejesiniñ ornuny gabanýar-ow" diýerler. Bu gep saña abraý getirmez.
Guzy tegin özüniñ ýürekden hormatlaýany garry weziriñ maslahatyna kaýyl boldy. Şazada özüniñ on müñ atlydan ybarat bolan bir tümen goşunyny türgenleşik ýörişine alyp gitmegi müwessa bildi. Goşun Seýhundan, Jeýhundan ötüp, Garagum deştinden aşyp, bir aý ýol sökensoñ, Nusaý galasyny "zabt edip almalydy". Hakykatda bolsa, çapyşyp almaly zat ýokdy. Nusaý oguzlaryñ öz mülküdi. Ýörişiñ maksady tosun ýatan esgerleriñ gol-aýagynyñ gurşugyny ýazmakdy, semrän atlaryñ endamynyñ ýagyny ýukaltmakdy.
Şazada ýörişe ugrajak bolup durka, ony täz eneligi köşge çagyrtdy. Egni sowutly, başy tuwulgaly, bili gylyçly ~ ýer sarsdyryp bardy bärden. Birtopar köşk adamlaryny daşyna üýşürip oturan şa aýaly Guzy teginiñ salamyny aldy-da, oña teýene bilen ýüzlendi:
- "Tegin" diýlip ady söýgi bilen tutulýan hoşsurat ýigidiñ ýüzünde gar burjulap, buz doñup dursa, bu geñ görülmezmi? Kyblaýy älem Nerbugra han her öwran maña mährini eçilende, men siziñ syratly keşbiñizi gözümiñ öñüne getirýärin. Oguzlaryñ patyşasy ýigit çaglary edil size meñzeş bolandyr diýip höweslenýärin. Siz dogran eneñiziñ ornuny tutup oturan hem sizi jandan gowy görýän zenanyñ huzuryna begenip-guwanyp, gülüp-oýnap gelmeli ahyry. Gelibem, meniñ elimden, boýnumdan, ýüzümden, gözümden öpmeli, öpmeli! Biziñ ýurdumyzda şeýdilýär...
- Bizde bolsa muña suwjuklyk diýilýär! - diýdi-de, Guzy tegin gaharly suñşurdy. - Suwjuklyk, kelpezlik oguzlara ýaraşmaz! Onsoñam... - Şu ýerde şazadanyñ sesi sandyrap eşidildi. - Hawa, onsoñam oguzlaryñ aýgyr atlary bilen esrik erkekleri-de enesine süýkenýän däldir! Şuny hiç wagt ýadyñyzdan çykarmañ hem dagy-duwara gaýtalap aýtmañ!
Guzy tegin gahardan ýaña saññyldap, gara gözlerinden uçgun saçyp durdy. Ol ýañky aýdany bilenem oñman: "Siz meniñ dogran enemiñ adyny tutujy bolmañ! Mähripur hatynyñ ornuna hiç bir zenan mynasyp bolup bilmez!" diýjegem boldy. Emma mähribanynyñ mukaddes adyny orta atmagy ualyp bilmedi.
Edil tersleşäýmeli dartgynly ýagdaý döredi duruberdi. Emma Altynsaç hatyn dartgyny ýumşatmak üçin, jak-jak gülen boldy-da, kabulhanada oturanlara ýüzlendi:
- Görýäñizmi meniñ oguz oglumyñ dyzmaçdan gaharjañdygyny! Men şu wagt oña: "Bar goşun çekip git-de, Rumustany, Pereñistany, Hindi-Hebeşi, Çynma-Çyny ~ bütin dünýäni dyza çökerip gel!" diýsem, aýdanymdanam beter edip geler. Emma bütin dünýäni tabyn etmegiñ geregi barmy? Onsuzam dünýäniñ gylla ýarysy oguzlaryñ ygtyýarynda. Bu ymgyr döwletiñ bir başynda gök ýumrulyp ~ ýer hopsa-da, beýleki başynda eşidilenogam diýýärler. Şu ymgyr ülkäni bir merkezden, bir paýtagtdan edara etmek uçursyz hupbatly iş. Biz kyblaýy-älem Nerbugra jany agyr azapdan dyndarmak üçin, onuñ doganlaryny, doganoglanlaryny, welaýat häkimlerini, ynha görşüñiz ýaly, paýtagta çagyryp getirdik: Ärbugra han, Zorbugra han, Şirbugra han, Nurbugra han, Çagrybugra han, Dogrybugra han hem beýleki asylzada hanlar...
Ady tutulan zer donly epeý-epeý pyýadalar ör aýaga galyp, mähnet telpekli başlaryny egip, şa aýalyna tagzym etdiler. Altynsaç hatyn olara tarap goluny aýlap, "oturyñ" diýip yşarat etdi-de, aýdyp başlan zadyny has aýdyñlaşdyrdy:
- Mundan bu ýana ýurdy dolandyrmagyñ agyr keşgini kyblaýy-älemiñ egninden düşürip, oña dynç bermek zerur. Goý, ol durmuşyñ eşredini görüp uzak ýaşasyn! Häzir Çynma-Çyn tebipleri ony ýigdeltmegiñ aladasy bilen gümra. Ženşen içirýärler, serçäniñ beýnisini iýdirýärler, başga-da gizlin emleri edýärler. Esasan bolsa, ol hiç bir zadyñ gamyny iýmeli däl. Wagtyny şadyýanlykda, keýpi-sapada, awda-şikärde geçirmeli. Lukmanlar ony ýigrimi bäş ýaşa getirmegi wada berýär. Şonda ol menden dört ýaş uly bolýar. Erkek adam üçin ylaýjagyñ-da. Oguzlar gödegräk adam diýsem, goý, Guzy tegin gaty görmesin. Elbetde, edermenlik, batyrlyk gowy zat. Ýöne, parahat durmuşda birek-birege mylaýym, hoşamaý, ýagşylykly bolmaly. Ine, şu günden başlap, men kyblaýy-älemiñ doganlaryny, doganoglanlaryny, garyndaşlaryny öz ýakynlarym diýip zyýapata çagyrdym. Mertebeli serdarlar: Ärbugra han, Zorbugra han, Şirbugra han, Nurbugra han, Çagrybugra han, Dogrybugra han hem-de beýik Oguz begiñ beýleki öwlatlary! Meniñ size bolan hormat-sylagymyñ çägi ýokdur! Siz menden kän ýagşylyklara garaşyberiñ, garaşyberiñ!
Begenen begler ýene-de orunlaryndan turup, göwrelerini kynlyk bilen epip tagzym etdiler. Guzy tegin bolsa, ýognas agalarynyñ tersine, buýsanç bilen döşüni gaýşardyp, başyny dim-dik tutdy. Şa aýalynyñ bulam-delem gürrüñleri onuñ göwnünde betgümanlyk oýarýardy. Bu gepleriñ añyrsynda nähilidir bir hyýanat gizlenip ýatan ýalydy. Şazadanyñ gahar-gazapdan hyñzap durşuny gören baş wezir, oña basalyk bermek üçin, howlugyp ýanyna geldi. Emma ýetişmedi. Guzy tegin gylyjyny haýbat bilen şowurdadyp syrdy-da, ýalpyldadyp hol öñe uzatdy.
- Meniñ şu aýdýanymy eşidip oturanlar hergiz ýadyndan çykarmasyn! Eşitmediklere-de habar berilsin! Kimde-kim oguzlaryñ gadymdan gelýän däp-dessurlaryna kast etmäge hyýallansa, ine, şu şemşiriñ gyl ýalaýan gyrpak ýalawynyñ öñünde jogap bermeli bolar!
Şazada ýalaw gylyjyny gaýdyp gynyna-da salman, ony golunda ýalpyldadyp, aýgytly ädim urup, kabulhanadan çykyp gitdi. Tebipleriñ elinde ýigdeltme bejergisini geçýän patyşanyñ üstüne baraýjagam bir boldy: "Muny näjüre edäýdiñ, atam?! Heý, bütin oguz milletiniñ ykbalyny gaýrydin gelmişek bir heleýe ynanmak bolarmy?!" diýip. Emma atasy oña: "Öz tapyp getireniñ-dä! Indikiñ näme?!" diýse, Şazada oña berere jogap hem tapjak däldi. Şuny bilibem, öz tümeniniñ bolýan leşgerhanasyna sürdi, häziriñ özünde uzak ýola ýörişe ugralýandygyny mälim etdi.

* * *

(dowamy bar)...

Sapargeldi Annasähet INER OGLY.

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 160 | Добавил: Has | Теги: Sapargeldi Annasähet Iner ogly | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ineroglyny hayal goyyañyz oglanlar, gunde goysañyzam okajak. Ussat yazyjy. Dowamyny çaltrak goyaberiñ.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: