05:34
Gahryman gala - Gökdepe
■ Gahryman gala-Gökdepe

Mukaddeslik boldy,
Müdümi-baky,
Mertleriň mekany,
Gahryman gala.
Jahana ýaň saldy,
Gadymy ady,
Mertleriň mekany,
Gahryman gala

Ýedi arka ýaýran,
Mertlik kökleri,
Galdy saňa haýran,
Dünýäň halklary,
Ejizläp, zar-girýan,
Dyza çökmedi,
Mertleriň mekany,
Gahryman gala.

Gabaldy dört tarap,
Etmedi dowul,
Dyza çökmä derek,
Darkaşdy ýowuz,
Gadym pälwanlar dek,
Öňünde ýowuň,
Kükregini gerdi,
Gahryman gala.

Gaý-tupanly günler,
Ömürler saldy,
Ol matamly düýnden,
Hatyra galdy,
Gaýalaň üstünde,
Galkan ykbaldyr,
Türkmeniň mert ýurdy,
Gahryman gala.

■ Esger içgepletmesi

Uruş turdy.
Gopdy ýowuz gaý-tupan.
Biz hem galdyk şonda Watan goragna.
Ýok, bolmakçam däldik batyr gahryman,
Ýöne ýurt ykbaly düşüpdi egne.

Asty bilen çabga deýin oklaryň,
Ugur aldyk zeminiň ol ujuna.
Söweşdik Watanyň eziz topragyn,
Deňäp gara başyň tylla täjine.

Snarýad okundan kükrek pers-ala,
Ýa jyda bolýançak aýakdan-elden.
Hatda gök asmany iň soňky ýola,
Synlaýan bolsak hem söweşdik merdem.

Bir zada düşündik menzil geçip kän,
Munda iň gymmat zat Watan ekeni.
Egnimizde diňe ýurt ykbaly däl,
Dünýäniň ykbalam ýatan ekeni.

■ Gelmän galan gerçekler

Gelmedikler seni gazanyp öldi,
Ölmedikler seni gazanyp geldi.
Kerim Gurbannepesow.
Ölmedikler ölenleriň ömrüni
Ýetim balalarna ýadygär alyp,
«Parahat durmuşyn,
Ajap döwrüni,
Gülledip
Beýgeldip
Gadryny bilip
Ýaşasynlar görmän uruş hasratyn»
Diýip balalarna wesýet aýtdylar.
Gelmedikleň arzuwlaryn-wesýetin,
Ölmedikler bärik alyp gaýtdylar.

Gelmedikler, uzak ýerde galanlar,
Ýow öňünde gala bolup galdylar.
Uruşdan, zorlukdan,
Ýowuz talaňdan,
Yza tesip basylma-la däldiler.
Uly borjy alyp eginlerine,
Ýok, olar uruşda ýeňilmediler...
Umyt etdik geler..geler...wah geler..
Bize ýeňi ýollap gelmedi olar.
Belki ýene birden dikelse ýagy,
Ilki garşy almak üçin şol ýowy,
Gelmedi olar...

■ Ýeňiş güni

Watan üçin ölenleriň dowamy,
Watan üçin ýaşamagy başarsyn.
Mämmetnazar Babanazarow.

Owadan baharyň
Iň soňky aýy,
Dünýäniň dokuzy
Düzelen güni.
Obadyr-şäherim,
Her bina jaýym,
Müň dürli gül bien
Bezelen güni.

Bu goja taryhyň
Beýik senesi,
Bu ajap Zeminiň
Dogulan güni.
Şumlugyň ahyry
Soňky pillesi,
Ganojak ýezidiň
Ýeňilen güni.

Şol şanly Ýeňişe
Ýetilen güni,
Hemişeki ýaly
Toý bolýar bu gün.
Daglara-deňize,
Güneşe-Güne
Ynanjym ulalyp,
Beýgelýär göwün.

Jeň ýoluna giden
Gahrymanlaryň
Näbelli esgeriň
Baky ody bar.
Janyn gurban eden
Mähribanlaryň
Beýik Ýeňşi bize
Baky ýadygär.

Merdana atalaň
Mertebesinden
Şol ýeňişden dörän
Körpe nesiller,
Gaty gymmat düşdi
Bize bu Ýeňiş,
Gadryn bilmän
Ömri örtemesinler.

Şol Ýeňşiň miwesi
Körpe nesiller,
Gahryman atalaň
Batyr çowlugy,
Şu Watan lälesi,
Gyzlar-ogullar,
Dyrmaşyň kötele
Ýetiň, howlugyň.

■ Uruşdan sahna

Çal tüssä bürendi asmanyň ýüzi,
Gorkup ýer ýüzünde tutaşan otdan.
Ylla gara guş deý duşman esgeri.
Gelýärdi aslyşyp ak paraşýutdan.

Esger gaýyp ýaňy ýere ýetende,
Çawup gelen gülle bagryny dildi.
Jansyz ýere düşen jeset üstüne
Ak paraşýut kepen bolup örtüldi.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 21 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: