16:20
Gadymy türkmenlerde polisiýa

GADYMY TÜRKMENLERDE POLISIÝA

Adamlaryñ asuda jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmek meselesi olaryñ azatlygyndan has irki döwürlerde ýüze çykan we has öñde tutulýan wezipedir. Jemgyýetler müñlerçe ýyllap azatlygy elinden alnan ýagdaýda-da ýaşamagyny dowam edibilipdir, emma hiç haçanam düzgün-tertipsiz baş-başdak we asuda däl ýagdaýda ýaşap bilmändir. Döwlet hökmünde kemala gelen jemgyýetlerde jemgyýetçilik tertip-düzgüni we asudalygy üpjün etmek döwletiñ iñ ilkinji wezipeleriniñ biri bolup durýar. Döwletiñ bu gaýragoýulmasyz wezipesi ýurdy goramak ýaly mukaddes borç bilen birlikde döwletiñ öz taryhy ýaly gadymlara uzaýar.
Polisiýanyñ taryhy türkmeniñ öz taryhy bilen bile başlanýar. Taryhyñ dürli döwürlerinde onlarça döwlet guran türkmenler jemgyýetçilik tertip-düzgüni we asudalygy ýurt goragyna utgaşdyryp alyp barypdyr.
Gadymy türkmenlerde jemgyýetçilik tertip-düzgünine we asudalygyñ üpjün edilşine subaşylar gözegçilik edipdir. Türkmenler kowçum-kowçum bolup ýaşan döwürlerinde goşuny elinden saklaýan serkerdelere "subaşy" diýip at beripdir. Subaşy sözi esger, serkerde, baş serkerde sözleri bilen bir manyda ulanylypdyr.
Taýpalar birleşip jemgyýet ulaldygyça orta kagan (hökümdar) çykypdyr, subaşylar uruş wagtynda belli bir goşun bölümlerine serkerdelik edipdir, parahatçylyk wagtynda-da ýaşaýan ýeriniñ asudalygyny üpjün edipdir. Şeýlelikde subaşylaryñ oýnaýan roly belli bir derejede kiçelip, ýörite wezipeleri eýeläpdir. Taryhymyzyñ bize mälim bolan iñ gadymy subaşysy VIII asyra degişli Tonýukuk ýazgylarynda ady geçýän Inal kagandyr. Beýik Seljuk-türkmen nesilşalygynyñ atasy Seljuk beg hem subaşy eken. Kiçi Aziýada gurlan Anadoly Seljuk-türkmen döwletinde-de şäherlerde harby we ýer-mülk meselelerine gözegçilik edýän serkerdelere subaşy diýilipdir. Ol subaşylar ýaşaýan ýeriniñ jemgyýetçilik tertip-düzgünini we asudalygyny üpjün edipdir, uruş bolan wagtlarynda bolsa daş-töwereginde ýerleşen ilatly nokatlaryñ we obalaryñ tymarly sypahylaryna ýolbaşçylyk edipdir. Anadoly Seljuk-türkmen döwletiniñ ýykylmagyndan soñra Kiçi Aziýada gurlan türkmen begliklerinde harby serkerdä subaşy diýlipdir. Mysal üçin Aýdyñogly Mehmet beg öz serkerdelik edýän goşunynyñ subaşylygyny hem edipdir. Şeýle-de XVI asyryñ ortalarynda Garamanogullary türkmen begliginden Nyzamuddin Begler atly bir subaşynyñ bolandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, türkmen taryhynda jemgyýetçilik tertip-düzgüniñ we asudalygyñ kabul edilen belli bir kada-kanunlara laýyklykda üpjün edilendigini görmek bolýar. Oguz hanyñ töresini, Çingiz hanyñ ýasasyny, Emir Teýmirleñiñ tüzügini öz döwrüniñ belli-başly hukuk düzgünnamalaryna mysal hökmünde görkezip bolar.
Bu kada-kanunlarda jenaýatlaryñ öñüni almak bilen birlikde jenaýat eden jenaýatkäriñ ele salynmagyna-da uly üns berilipdir.
Gadymy türkmenlerde polisiýa gullugy ýokarda agzalyp geçilenlerdenem görlüşi ýaly harby ulgamyñ içinde ýer alypdyr we harbylaşdyrylan ýagdaýda hereket edipdir.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 52 | Добавил: Has | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.0/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: