00:35
Fahreddin Paşa

FAHREDDIN PAŞA

■ Fahreddin Paşa: "Jan berer, Janany (s.a.w) bermez türkler!"

Birinji Jahan urşunyñ tamamlanan wagtlarydy...
Uruş döwründe Hyjaz frontuna gatnaşan we Medine goragynyñ janly şaýady bolan Feridin Kandemir gözi bilen gören zatlaryny ýazyjy Süleýman Nazife we şahyr Ýahýa Kemala gürrüñ berýärdi... Otagyñ içini beýan edip bolmajak sessiz gam-gussa gaplap alypdy...
Feridun Kandemir bu dabarasy dag aşan goranyş barada agzap başlasa, sesi titir-titir edýärdi, göýä ruhunda wulkanlar atylýan ýalydy... Gamgyn hekaýaty diñläp duran Ýahýa Kemalyñ dodaklary titremäge, gözleri nemlenmäge başlapdy, bokurdagy dolupdy. Bu hekaýat bir ýerde ýazylan ýa bir ýerden ýazylany okap aýdylan hekaýat däldi. Bu hekaýat wakalary hut gözi bilen gören adamyñ aýdýan zatlarydy. Gözlerini giñ açyp sessizje diñläp oturan Süleýman Nazif birsalym oturandan soñra birdenkä lañña ýerinden galyp gygyryp başlaýar:

"Ýigit, eý ýigit! Sen nämeler aýdyp otyrsyñ? Bu zatlar bize däl-de, Stambulyñ bütin ilatyna aýdylmaly zat! Derhal şäheriñ ploşadyna tarap ylga!"

Belki-de, Feridun Kandemir bu aýdylany edenem däldir, meýdanlarda adamlara gürrüñem beren däldir. Emma "Pygamberimiziñ kölegesindäki iñ soñky türkler" atly kitap ýazyp, bütin bu bolup geçen hasratly wakalary halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirmegi welin başarypdy...
Bu eseri okap görenler ýa-da Feridun Kandemiriñ özi bilen gürrüñdeş bolanlar, Osmanlylaryñ diñe Kut-ul Amarede we Çanakkalede däl-de, Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek bedeniniñ ýatan ýeriniñ hut alkymynda edermenlik dessanyny ýazandyklaryna göz ýetirerler...

Bu dessany ýazan legendar iñlis razwedçigi Laurensiñ hut özüniñ "Çöl gaplañy" diýip atlandyran adamsy Fahreddin Paşadan başga hiç kim däldi. 
Hawa... Fahreddin Paşa... 
Aradan çykanyna 62 ýyl dolanam bolsa, häzir hiç kim tarapyndan ýatlanmaýan "UNDULMAZ" gahryman Fahreddin Paşa...
Geliñ, minnetdarlyk we buýsanç duýgusyny guşanyp, az salym taryha syýahat edeliñ. Sarsmajak imanyñ baky ýadygärligine öwrülen we Pygamberimiziñ (s.a.w) gözüniñ alnynda iñlisler bilen bileleşip asyrlar boýy özleriniñ goragçysy bolan millete garşy ýarag göteren gadyrbilmez we wahhaby araplara garşy görlüp-eşdilmedik gahrymançylyk dessanyny ýazan polat ýürekli Fahreddin Paşanyñ nesillere nusga bolan mertlik mekdebini ýakyndan tanamaga çalyşalyñ.

■ Mohaç gahrymany Akynjy Baly beg Türkmeniñ nesli

Osmanly türkmen döwletiniñ iñ soñky goşun serkerdeleriniñ biri bolan Fahreddin Paşa taryhda "Medinäniñ goragçysy" ("Medine Müdafii") hökmünde tanalýar. Onuñ hakyky ady Omar Fahreddin Türkkandyr.
Ol Dunaý welaýatynyñ Poçta we Telegraf müdirliginiñ başlygy Mehmet Nahit beg bilen Mohaç söweşiniñ gahrymany Baly beg Türkmeniñ neslinden bolan Patma Adile hanymyñ ýekeje ogly bolup, 1868-nji ýylyñ 4-nji fewralynda Dunaý derýasynyñ kenaryndaky Rusçuk posýologynda eneden doglupdy. 
1877-78-nji ýylllar Balkanlarda ýaşan türkler üçin köp zady añladýar. Osmanly-Russiýa urşy gysga wagtyñ içinde Rumeli krizisine öwrüldi. Göçhä-göçlükleriñ yzy üzülenokdy. Ganyñ ysyna gark bolan we top oklarynyñ sesi astynda bagry girýan bolan musulmanlar Anadola tarap süýşýärdi. Olaryñ içinde ýañy 10 ýaşan çagajyk Omar Fahreddinem bardy.  Onuñ harby işgär bolmak höwesi halkyñ bu agyr günleri başdan geçiren wagtlarynda döräpdi...  
1888-nji ýylda bosgunlygyñ agyr hasratlaryny başdan geçiren Omar Fahreddin eýýäm Harby mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlan leýtenantdy...
Şeýle hem ol daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly üns berip, Stambulyñ Poçta we Telegraf müdirliginiñ başlyklygyna bellenen kakasynyñ ýanynda işläp, fransuz hünärmenlerden fransuz dilini öwrenipdir. Fotosuratçylyk bilen gyzyklanyp, 17 ýaşyndaka Stambulyñ gözel künjekleriniñ hemmesini şekile geçiripdi.
1891-nji ýylda bolsa Ýokary harby mekdebi (Erkan-y Harbiýe) altyn bahalar bilen tamamlap, ünsi özüne çekmegi başarypdy.
Okuwy tamamlandan soñ Merkezi Erzinjandaky 4-nji goşun birikmesiniñ garamagyna ugradylýar we 17 ýyllap ol ýerde gulluk edýär.

Podpolkownik (Ýarbaý) derejesini alyp, 1908-nji ýylyñ dekabr aýynda Stambula gelýär. Onuñ Stambuldaky täze wezipesi Selimiýe 1-nji düzgün-nyzam goşun birikmesiniñ ştabynyñ başlygydy.
1912-nji ýylda Balkan urşunyñ 2-nji ýarymyna gatnaşmak üçin Geliboludaky 31-nji diwiziýanyñ serkerdeligine bellenýär.
22.07.1913-nji ýylda 31-nji diwiziýa bilen Enwer Paşanyñ başyny çekip Edirnä giren goşun birliginiñ serkerdesi Fahreddin Paşady.
1914-nji ýylda Birinji Jahan urşy başlanda 
Brigadanyñ başlygy (Miralaý) Fahreddin beg Mosulyñ 12-nji korpusynyñ serkerdesikä berilen görkezmä eýerip, korpusy Mosuldan Halaba alyp gelipdi. 1914-nji ýylyñ noýabrynda general (Miriliwa) derejesini alýar. Soñra ol ýerdäki 4-nji goşun birikmesiniñ serkerdesiniñ wekili wezipesine bellenýär.

■ "Separatistik arap terrorizmine ýeke-täk jogapkär syýasy häkimiýetdir"

Rus, iñlis we fransuz kontrrazwedkasynyñ agaýana gezýän meýdanyna öwrülen sebitde ýaşayan birtopar ermeni we arap taýpalary yzly-yzyna gozgalañ turuzýardylar. Hyjazdan bolsa diñe şum habar gelýärdi. Medine garnizonynyñ başlygy Basry Paşa Osmanly döwlet apparatyna Şerif Hüseýiniñ aç-açan baş galdyrmaga taýýarlanýandygyny habar beripdi.
Fahreddin Paşa 31.05.1916-njy ýylda Medinä baranynda Basry Paşanyñ ähli habarnamalarynyñ hakykatdygyna gynanç bilen göz ýetirdi. Şondan bir hepde geçmänkä 05.06.1916-njy ýylda Şerif Hüseýin gozgalañ turzupdy. "Teşkilaty Mahsusanyñ" (türk kontrrazwedkasy) şol wagtky başlygy Kuşçubaşy Eşref beg bu gozgalañ üçin "Ittihad we Terakki" guramasynyñ ýolbaşçylaryny we Jemal Paşany günäkärläpdi...

""Teşkilaty Mahsusa" üçin Siriýadaky arap agitasiýasyna we Hyjaz gozgalañyna sebäp bolan hadysalar bilinmän duran zat däldi.
Gozgalañdan bir ýarym ýyl ozal Hüseýin ýagdaý tapan pursatynda bize garşy pitne turuzjagyny çaklapdyk. Biz bu barada habarnamalarymyzy Enwer Paşanyñ, Jemal Paşanyñ we 4-nji goşun birikmesiniñ müftisi Esat Şukaýryñ, "Ittihad we Terakki" partiýasynyñ adminstrasiýasyna ugradypdyk. Emma syýasatçylar añsadyna bakdy we sagdyn meýilnama işlenip düzülmedi.
Araplar imperiýanyñ konsessiw gatlagy ýaly görülýärdi. Hamala araplar nadziratel halkasydyr öýdülenokdy. Ýagdaý şeýle bolansoñ iñlisler olara biziñ kepillendiren azatlygymyzy howp astynda goýjak has köp azatlygy wada berdiler. Suw señrikden aganyny bilensoñlaram gereksiz meýilnamalary durmuşa geçirmäge başladylar...”

Mekgäniñ emiri Şerif Hüseýiniñ ogullary Alynyñ we Faýsalyñ gözegçiligindäki separatist arap terroristleri Medinedäki Osmanly harby punktlaryna çozuş etmäge başladylar. Fahreddin Paşa Medine häkimiýetini ele alyp, 17.06.1916-njy ýylda Hyjaz goşun birlikleriniñ başyna geçdi.

■ Ýaşyl Rawzanyñ öñündäki polat ýürekli türk(men)ler

Çaknyşyklaryñ we çozuşlaryñ yzy üzülenokdy...
Bir tarapda iñlisleriñ goltugyna giren wahhaby Şerif Hüseýiniñ tarapdarlary, bir tarapda-da "Pygamberiñ demi düşen ýerleri iñlisleriñ ýalyny iýen güjüge depgiletmeris!" diýip, soñky demlerine çenli göreşmekligi niýetine düwen polat ýürekli osmanlylar...
Wahhabylaryñ iñlis ýaraglary bilen üpjün edilen güýçlerini merdana goşunynyñ başynda dik durup, bir eli gylyçly, bir eli tüpeñli serpikdiren Fahreddin Paşanyñ ýanbermezligi al baýdak mysaly Medine asmanlarynda parlaýardy. Araplar alan agyr ýeñlişleri netijesinde psihologik taýdanam mazaly çöküpdiler. Olary gaýtadan urşa höweslendirmek üçin indi has köp iñlis maýasynyñ we pulunyñ akdyrylmagy gerekdi...
Çöl şertleri juda agyrdy. Howanyñ aşa yssylygy, azyk ýetmezçiligi, ok-däri we beýleki serişdeleriñ azalmagy bilen haýynlygyñ nireden geljegini bilmezlik gorkusy pygamber mekanyny goraýan türkleriñ iñ uly gaýgysydy. Muña garamazdan olar asla ýan bererli däldiler.
Gorag 1916-njy ýylyñ iýulyndan 1919-njy ýyla çenli tutuş 2 ýyl 7 aýlap dowam etdi. Osmanlylar Birinji Jahan urşundan ýeñilip çykyp, ylalaşyk stolunyñ başynda oturmaga mejbur bolanam bolsalar, bu ýerdäki goragy böwüsmäge hiç kimiñ güýji ýetmändi...
Fahreddin Paşa we ilkinji gezek resminamalarda "mehmetjiklerim” diýip ýüzlenilen esgerler boýun egmek baradaky çagyryşlary diñlemeýärdiler. Fahreddiin Paşa gelen çagyryşlara şeýle jogap berdi:

"...Bilip goýuñ, gahryman esgerlerim ähli musulmanlaryñ gözüniñ göreji bolan Medinäni iñ soñky damja ganyna çenli goramakçydyr. Biz munuñ üçin harbylarça kasam içdik. Bu esgerler Medinäniñ harabasynyñ içinde we Rawzanyñ ýaşyl gümmeziniñ astynda oda tutaşan gyrmyzy kepen bilen örülip goýulýança Medine galasynyñ burçlaryndan we Mesjidi Sagadatyñ minaralaryndan türk baýdagyny inderip bilmezler!"

Gynansak-da, harby strategik taýdan Orta Gündogarda Osmanlylaryñ ýagdaýy agyrlaşypdy. Palestinany we Hyjazy bir wagtyñ özünde goramak mümkin bolmaýşy ýaly, iñ bolmanda Ierusalimi halas etmeli diýen maksat bilen Medinedäki goşun birlikleri Palestina süýşürilipdi. Medinedäki goşunyñ çykjagyny eşden Fahreddin Paşa dessine Jemal Paşa telegramma ugradypdyr:

“… Bu mukaddes şäheri, Pygamberimiziñ (s.a.w) Rawzasyny soñky demimize goramak bilen birlikde, eždatlarymyzyñ ýurdumuzyñ kyblagähi Medinä diken baýdagynyñ goragyny maña ynanylmagyny towakga edýärin..."

■ Osmanlynyñ soñky ýyllarynda amala aşyrylan iñ möhüm medeni operasiýa

Jemal Paşa edilen rowa görülen bu sütem goşunyñ başyndaky Enwer Paşany biperwaý goýmandy. Hyjaz sebitinden hökmany suratda el çekilmelidi. Sebiti boşatmaga berilen möhletden peýdalanmak islän Fahreddin Paşa ähli jogapkärçiligi öz üstüne alyp, medeni taryhymyzyñ iñ möhüm operasiýalarynyñ birini amala aşyrdy. Ol heniz gorag döwründe talanmak howpunyñ bolup biläýjek zatdygyny göz öñünde tutup, Medinedäki maddy we ruhy gymmaty bolan 97 sany eksponaty goragy güýçlendirilen ýörite topar bilen 27.05.1917-nji ýylda Stambula aşyrypdy...
Bu gün "Mukaddes mekanyñ" goragçylygyny eden ata-babalarymyzyñ mynasyp nesilleri hökmünde Stambulyñ Topkapy köşgüniñ "Mukaddes emläkler" bölüminde saklanýan Pygamberimize (s.a.w) degişli altyndan gymmatly mübärek hazynalary synlap gezmek ýaly bagtyñ bize miýesser edeni üçin Fahreddin Paşanyñ tükeniksiz yhlasyna minnetdarlyk bildirmek boýnumyzyñ borjudyr.

■ Çekirtge iýen mehmetjikler

Fahreddin Paşa elinde galan ujypsyzja esgerleri bilen Medinäni goramagy dowam etdirdi. Emma Hyjaz demir ýolunyñ Medinä ýakyn bolan Tebük-Medaýyn aralygyndaky stansiýanyñ duşmanlar tarapyndan eýelenmeginden soñra Medine galasy gozgalañçylar tarapyndan aýratyn üns merkezine alynypdy.
Daşarky dünýä bilen doly aragatnaşygy kesilip, doly goldawsyz galan Fahreddin Paşa we onuñ esgerleri goragyñ iñ agyr günlerini başdan geçirýärdiler. Hyjazda öýüñ içinde howanyñ yssylygy 38 gradusa, daşarda bolsa 50 gradusa çenli barýardy. Suwsuzlyk möwç urýardy. Daglar bolsa gurak tebigatlydy.
Nobata durup suw içen mehmetjikler suwly mytaranyñ erñegine teşnelik bilen ýapyşýardylar. Egin-eşik üpjünçiligi-de uly problema bolup durýardy. Hurmadan başga iýmäge hiç zat ýokdy. Haýran galaýmaly ýagdaý, Medinede Osmanly esgerleri açlyk bilen gidişýärkä asmandan çekirtge ýagmaga başlady...

Her kim elinde galan bir gysym dänäniñ, hurma agaçlarynyñ weýrançylyga uçrajagyny pikir edýärdi. Adamlar gorky duýgusyna gark bolup: "Medine indi gutaran bolsa gerek!" diýip ah çekýärdi...
Fahreddin Paşa bolsa Afrikanyñ üsti bilen gelip Medinä musallat bolan çekirtge sürülerini nygmat hökmünde görýärdi. Onuñ pikiriçe bu apat däl-de, Allatarapyn ugradylan hezzet-hormatdan başga zat däldi...
Paşa okan kitaplarynyñ arasynda Hezreti Pygamber (s.a.w) döwründe-de Hyjaza şeýle çekirtge ýagandygyny we Pygamberimiziñ çekirtge bilen baglanyşykly birnäçe hadyslarynyñ bardygyny ýadyna saldy. Ol hadyslary agtaryp tapan Fahreddin Paşa çekirtge iýmegiñ (zerurlyk ýagdaýynda) sünnetdigi we ony esgerleriñ iýip biljekdigi barada aýtdy:

“…Çekirtgäniñ serçeden näme tapawudy bar? Diñe tüýi ýok. Serçe-de çekirtge ýaly, emma ganaty bar we uçýar. Ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Olaram edil serçeler ýaly iýýän zatlaryna ünsli çemeleşýärler...
… Hyjaz, Asir, Ýemen we Afrika sebitlerininiñ esasy iýmiti çekirtgedir. Beduinler çekirtge iýýändikleri üçin berk bedenli we berdaşly bolýarlar. Çekirtgeleri düýelerem keýpihonlyk bilen iýýärler...”

Bu ýazgy okalmagyndan soñra esgerler kakadylan çekirtge iýip başladylar we çekirtge unundan çörek bişirýärdiler...
Ýakyp-ýandyryp barýan çöl, daşyñy gallap duran duşman sürüsi, agyr şertler... Muña garamazdan Osmanlylaryñ Pygamber gadamy düşen mekany iñlislere bermek niýetleri ýokdy. Fahreddin Paşa her gezek gahryman esgerleriniñ arasyna baryp olaryñ hal-ahwalyny soraşanda olaryñ ruhuny belende galdyrmak üçin şeýle diýýärdi:

“…Mehmetjiklerim, gardaşlarym, perzentlerim!
Allanyñ huzurynda gorky we umyt içinde gözyaşymyzy saçan Pygamberimiziñ (s.a.w) öñünde hemmämiz bilelikde "Ýa Resulalla, biz seni taşlamarys!"

■ Jan berer, Janany (s.a.w) bermez türkler!

Ne-hä paýtagtdan edilen talaplar, ne-de duşmanlaryñ edýän haýbatlary Rawzanyñ öñünde Pygamber mekanyny goraýan Osmanly otrýadynyñ ruhy jebisligini bozup bilýärdi...
Müñ ýyllap yslamyñ galkany we gylyjy bolan bir halkyñ polat ýürekli, demir bilekli ýigitleri Pygamberimiziñ (s.a.w) guburynyñ daşyna tegelenişipdiler. Olaryñ her biriniñ maksady şehit bolmakdy we Rawzanyñ nobatçylygynda Pygamberimize (s.a.w) gowuşmakdy...
Şol agyr günleriñ birinde täretini alyp Pygamberimiziñ mübärek guburyny zyýarat etmäge gelen Fahreddin Paşanyñ oguz şejereli ýigitlerinden uly leýtenant (üsteğmen) Idris beg taryhyñ kalbyna naýza bolup sünjülen, türki gursagyndan ýaralan haýynlygyñ garşysynda, Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburyna garap, gözlerini ýaşa dolduryp şu setirleri aýdypdy:

“Unutdyk, Ilhany, Gara Oguzy,
Ornaşdyrdyk seni bäbenegmize
Bagyşla sen biziñ kemçiligmizi
Müñ ýyl dowam eden zähmetimize
Näme üçin hiç kimse gulak asanok
Päklige eýlenen dileglermize.
Bir ümmi bolsañ-da, Ýa Resulalla,
Diñe sen okarsyñ ýüreklermizi.
Oñmaz Ärtogrulyñ zürýady sensiz,
Jan berer, Janany (s.a.w) bermez türkler.
Ebedi hadim-ul haremeýni biz
Ölsek-de Rawzany ruhumyz saklar”

Bu ruhubelentlik tutuş Osmanly otrýadyny gaplap alypdy. Şonuñ üçin Fahreddin Paşa,  Ahmet Yzzat Paşadan "Ýaraglaryñyzy taşlañ! Boýun egiñ" diýen buýrugy diñlemelidirem öýtmediler. Bu buýruk Harby ministr Jewat Paşanyñ goly bilen 1918-nji ýylyñ 30-njy noýabrynda iñlisler tarapyndan oña gowşurylypdy. Egindeşlerine bu buýrugy okap beren Paşa şeýle diýýärdi:

"Hökümet Medinäniñ açarlaryny bir iñlis  kapitanyna tabşyrmagymyzy talap edýär. Beýdenimizden-ä iñ soñky okumyza çenli atyşyp ölenimizem gowudyr. Bu ýeriñ tabşyrylmagy üçin diñe harby ministriñ we hökümetiniñ beren görkezmesi ýeterlik däldir, hökmany suratda halyflygyñ ýa-da patyşanyñ permany gerekdir".

Emma iñlis imperialistleriniñ ygtyýaryna geçen Stambuldan munuñ ýaly buýrugam gijä galman gelipdi. Sylaglanýan dini ulama Haýdar Molla Fahreddin Paşanyñ mañlaýyna dikilip, Osmanly halyf-patyşasynyñ boýun egmek baradaky permanyny gowşurdy. Emma Fahreddin Paşa yslam halyfynyñ zorluk we mejbury ýagdaýda berilen bu buýrugynyñ özleri üçin hiç zady añlatmaýandygyny aýdyp, Haýdar Mollany Stambula eli boş ugradypdy. Fahreddin atly ölüm bokurdagyna direlen bir ýolbarsy boýun egdirmek togsan sany iñlis tilkisine başartjak zatmy näme?!..
Bu gezek towakgaçylar topary Fahreddin Paşany Osmanlynyñ bähbitlerini ýatlatmak bilen razylygyny aljak bolýardylar. Bu mesele boýunça hiç kimi diñlemek islemeýän Fahreddin Paşanyñ pikirini üýtgedip, ony boýun egmäge mejbur eden onuñ iñ ýakyn egindeşi polkownik Aly Nejip begdi...
Aly Nejip begiñ özem dostuna we bu mukaddes ideala iñ soñky demine çenli wepalydy. Emma Osmanlynyñ döwlet bähbitlerini howp astynda goýmajak bolsañ, mundan beýläk boýun bolmazlykdan başga çäre ýokdy...
Iñ ýaman ýeri bolsa, ýaraşyk şertnamanynyñ maddalaryna doly eýerilmese, imperialist döwletleriñ birleşen goşunlary Stambuldan çykjak däldiler...

■ Hoşlaşyk pursaty...

Fahreddin Paşa belli karara gelipdi. Boýun egmek meselesinde ýadawsyz tagallalaryñ netijesinde diñe Osmanly we bütin musulmanlaryñ umumy bähbidi nazara alnyp ylalaşyga gelnipdi...
Indi bolsa ugruna munça kynçylyklara döş gerilen Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bilen hoşlaşyk pursaty gelip ýetipdi...
Bu mübärek mekanyñ açaryny iñlislere we olaryñ eteginden ýallanan wahhabylara bermejek bolup elinden gelenini eden Fahreddin Paşa sussupes we gözleri ýaşly "Rawzaýy Mutahharanyñ" alnyna gelipdi. Ol bu ýerde ýüzlerçe günläp bolupdy ahyryn. Goş-golamyñy birden gidibermek añsatmy näme... Bu ýerden gitmek (dogrusy giderilmek) Fahreddine juda agyr degýärdi. Çünki ol gözlerini ýaşa dolduryp "Men bu ýerde Pygamberimize (s.a.w) goñşy bolup galaryn" diýip äht edipdi. Gylyjyny bolsa iñlislere däl-de, hakyky Eýesine gowşurypdy, Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) mübärek guburynyñ başyna goýupdy...
Hoşlaşyk pursaty ýüregiñi paralap barýardy. Hatda imanlaryny şeýtana we iñlislere satan wahhaby araplaryñ özem bu ajy pursatda gözlerini ýaşa doldurman durup bilmändiler. Haýynlara goşulman özleriniñ goragçylary bilen bilelikde şäheri goramaga gatnaşan Medineli araplaryñ özleri bolsa Osmanly esgerlerini gujaklap, möññürip aglaýardylar...
Boýun egmek hakynda ylalaşyga gelnip durka Fahreddin Paşanyñ bu ýerden aýrylmak islemezligi syýasy taýdan krizis emele getirmek ähtimallygy bardy. Paty-putusy araba ýüklenen Paşanyñ goş-golamy birdenkä düşürilip başlandy, bir lukman çagyrylyp onuñ näsaglygyny delillendirmäge çalyşdylar. Şol wagt Fahreddin Paşany görmäge gelen egindeşleri näme bolup geçýändigine düşündiler we gahryman serkerdelerini goramak üçin onuñ daşyny pugta gurşap aldylar. Emma iñlisler Paşanyñ diri ele salynmagy üçin her ýola baş urýardylar. Gözýaşlara bogulan gahrymanlar Paşany berk gujaklap, ony hiç kime bermezlige niýet edinenem bolsalar.... peýdasy bolmady. Ýüp toýnukdan syrylypdy...
Ol 1919-njy ýylyñ 7-nji ýanwarynda iñlis gämisi bilen Müsüre ugradyldy. Alty aýlap Kairde bolansoñ, "uruş sebäpkäri" hökmünde aýyplanyp Malta sürgün edildi...
Şol wagt ony Stambulyñ Harby tribunaly tarapyndan ölüm jezasy bilen jezalandyrmak barada hökümi çykdy.
1921-nji ýylyñ 30-njy aprelinde Maltada "Fort Salwotorede" tussaglyk möhleti tamamlanandan soñra ilkinji etap bilen Torino portuna gelýär. Türkiýäniñ Sarp gümrük nokadyna geleninde Azat edijilik hereketiniñ öñbaşçylaryndan Kazym Karabekir Paşa tarapyndan garşylanýar...
Azat edijilik göreşi döwründe Fahreddin Paşanyñ boş durmaga niýeti ýokdy.
Ol 27.10.1921-nji ýylda Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisi tarapyndan Türkiýäniñ Owganystandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenýär. Owganystandan we şol töwereklerden Halk azat ediş hereketine gelen kömekleriñ aglaba bölegi onuñ tagallasy netijesinde amala aşypdy.
1926-njy ýylda Stambula dolananynda Harby arbitražyñ diwanynyñ agzalygyna we soñra başlyklygyna saýlanýar.
05.03.1936-njy ýylda pensiýa çykan Fahreddin Paşa 80 ýaşyndaka aradan Ankara Eskişehir aralygynda syýahat edip ýörkä aradan çykýar...
Bir wagtlar Pygamber (s.a.w) mekanynyñ gaýduwsyz goragçysy bolan Fahreddin Paşa öz wesýeti bilen mundan 62 ýyl öñ "Aşiýan" gonamçylygyna depin edilipdi...
Onuñ ady Fahreddin Paşady...
"Çöl gaplañy" diýen at "CNN" teleýaýlymynyñ spikerleriniñ mahabaty boýunça däl-de, hut ol tarapyndan başyna aldym-berdimli pursatlar salynan iñlis kontrrazwedçigi Laurensiñ dakylan atdy...
"Çöl Gaplañy" Fahreddin Paşa...
Ýatan ýeriñ ýagty, Jennetden jaýyñ bolsun!

1998 ý.

Feridun KANDEMIRiñ "Çöl Gaplañy Fahreddin Paşa; Pygamberimiziñ kölegesindäki iñ soñky türkler" kitaby boýunça taýýarlanyldy.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 38 | Добавил: Has | Теги: Feridun Kandemir | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Gözüñe ýaş aýladýan gynançly taryh

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: