21:43
Erkek dek bolgun...

ERKEK DEK BOLGUN...

Erkek, erkek dek bolgun, ýok, gurjak dek bolmagyn
Ykbalyň elindäki, oýunjak deý bolmagyn.

Ykbal itiniň sesi, täsir etmez mertlere,
Boýun egme takdyra, Kaddyň diňläp mert ýöre.

Erkek, erkek dek bolgun, kowalaşma boş söze
Ähli demosfenlardan, ýegdir birje iş bize.

Gur sen, ur sen, pytrat sen, duşmanyňy utup git,
Ähli işiň bitirde, tüweleý deý ýitip git.

Erkek, erkek dek bolgun, hakykata maýyl bol,
Dogry zadyň ugrunda, jan bermäne taýyn bol.

Ynamdan döneniňden, ömrüňden dönen ýagşy
Binamys ýananyňdan, namysly sönen ýagşy.

Erkek, erkek dek bolgun, zat üçin söwda etme
Baýlyk gazanmak üçin, erkiňi pida etme.

Bütin ömrüň boýuňa, şu öwüt häkim bolsun:
Egniň haltaly bolsada, eliňde erkiň bolsun.

Erkek, erkek dek bolgun, göreşden etme heder
Şeýdip bilseň, ne duşman, ne takdyr zyýan eder.

Diňe ýöräp ýörkäň däl, ýatyrkaňda erkek bol
Ýykylsaňda bükülme, tupan ýykan dum dek bol.

Awtory: Şandor PETÝOFI.

Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Gurban_aga | Теги: Şandor Petýofi | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Şandor Petefi Wengirýanyň milli gahryman şahyry diýseňem ýalňyşmarys. Öz watanynyň ugrunda 26 ýaşynda wepat bolýar.

0
2  
Ussadyň goşgusyny ussat terjime edipdir.Ikisem ajaýyp.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: