23:28
Ene ýüregi / oýlanma

ENE YÜREGI

Ene mukaddesdir. Edil şonuň ýalyda ene hakyndaky gűrrűň hem mukaddesdir. Men her gezek öz ýanymdan ejemiň adyny tutanymda kalbyma bűtin dűnýäme nur çaýýlyp, mähir şuglasy owsunyp gidýar. Ene perzendine ýűreginden ýűrek berip,osdűrip,kemala getirip, terbiýelap durmuşyn ak ýoluna salyp, ak patasyny berýar.
Ejem mydama bize her bir işde görelde hem-de maslahatçy. Biz hemişe hemme zatda ilki bolup ejemden maslahat soraýas.
Ine bir gun hem sheyle boldy.Ejem yaraman hassahanada bejergi almaly boldy.Ejem bizi hic wagt yeke goýup oýden uzakda bolmansońmy nämemi, ol bejergisini oyde alaýaýyn diýip, hassahana gitmejek boldy.Ejemin bizi alada edýanini men onuñ gözlerinden añýardym.Muña kakam bilen biz razy bolmadyk.Ejem ahyr biz bilen razylaşmaly boldy.Ertesi ejemi hassahana yerleşdirdik.Ýöne şol gün biz üçin gaty ýürek gysgynç boldy.Her gün agşam ejem işden geler diyip herimiz öz öýde edýän ýumuşlarymyzy edip bolup,oña sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk.Maşgalada hemmämiz gyz bolanson ejeme gaty öwrenşipdiris.Agşam naharyñ başynda yekeje özümiz otyrys.Kakam hem öýde ýokdy.Hiç haýsymyzyñ nahar iýsimiz gelenokdy .Birden hem körpe jigim aglap başlady .Onuñ aglaýanyny görüp beýleki jigilerim hem gözlerinin yaşyny gizlap durmadylar.Men olaryn bu bolşuna näme etjegimi bilmän ilkä aljyradym, aglaman bolsa zordan saklanýardym.Näme etmeli?diýip özümi tiz ele aldym,hem-de jigilerimi koşeşdirmäge başladym.Olary koşeşdirmek elbetde maña añsat düşmedi,ýöne näme bolsa-da bu işiñ hötdesinden gelmegi başardym. Agşam jigilem ýatandan soñ işlejek bahanasy bilen,tara dokaýan sehimde hema tara dokaýadym hemem hezil edip aglapdym.Ertesi hassahana ejemi görmäge gitdim.Ejeme hiç zat bildirmejek bolup öz ýanymdan ýylgyran bolýardym.Ejem bilen sagbollaşyp gaýjak wagtym,ol maña sen name agladyñmy?diýdi.Men bolsa syr bildirmän, ýokla eje göwnuñedir agşam gaty gic ýatdym,bilýaña eje bu gûnler sargyt dokaýas.Beýlede bir zat bolarmy wagtynda dynjyñyzy alyñ diýse diýdi-de welin, ejem meniñ aglanymy ene yüreginiñ duýgurlygy bilen bilip durdy.Günler bir sydyrgyn gecip durdy.Ejem bejergisini alyp,sag-salamat öýe dolandy .Biz ýene hemişekiler ýaly ejemiñ daşyna üýşdik.Biz ejeme öýde yok wagty bolan wakalary gürrüñ berýärdik.Körpe jigim özüniñ aglan gûnüni aýdyp berdi beýlekilerem oña goşulyp şol güni ýatlap gülüşýärdik.Ejem maña sen aglamadyñmy diýip soragly nazaryny dikdi jigilerim hem ýoook diýdiler.Ejem bilen men bolsa bir-birimize seredip ýylgyryp oñaýdyk.
Eger-de bu goja zeminiñ üstünde bir gudrat bar bolsa ol gudrat ene ýüregi,ene mähri,ene söýgüsidir.Enäniñ ýüegi perzendi nirede nahili ýagdaýda bolsa-da duýýandyr.Dogurdan hem ene hakda naçe sözlesen sözläp oturmaly,goý asuda asmanyñ astynda,parahat zeminiñ üstünde,dünýämize umman ýaly mähir paýlaýan enelermiziñ jany sag,ömürleri uzak bolsun!Elmydama bize mekdep bolup ýürekleri şadyýan urup dursun! 

Eneş AHMEDOWA.

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 82 | Добавил: Has | Теги: Eneş Ahmedowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: