03:23
Ene aladasy / hekaýa

ENE ALADASY
    
Howanyň düýnden bäri gamaşyp durmagy, Bibigözel ejäni ünjä goýdy. Gaýynenesiniň ynjalykdan gaçanyny aňan Maýagözel:
– Enesi, beýdip gysylmak size gelişjek zat däl. Howany bulaşdyrdyňyz-la. Ýa ýekeje gyzym diýip, süýdüň kesmegini hemişe Akpamyga berýärdiňiz welin, toýunda gar ýagmagyny isleýärsiňizmi?
– Göwnüňedir, öň gelin edinenimizde hem, howa bulaşan däldir. Gyşyň orruk ortasynda toý tutsamam, ýazyň güni ýaly bolýandyr, ýöne Şemşat gysylýan bolaýmasa. Onuň ilkinji toýy bolansoň, darygýandyr.
– Haý diýseňizem-ä, enesi, gyz çykarmak gelin edinen ýaly däldir. Ozal her gezek toý tutanyňyzda, duluňyza gelin gelýärdi. Bu sapar welin, öýüňizden gyzyňyz, onda-da ýekeje gyzyňyz gidýär.
– Sen bir derdimi gozgamasana! Ozalam gudalar sähet alyp gideli bäri, janyma jaý tapamok. Seň diýýäniň jany ýok däl, Maýagözel jan! Şu çaka çenli, toýda şatlanmalydyr öýdýärdim. Asyl, gyzyny çykarýanyň başynda her demde müň harasat turýanyndan bihabar ekenim. Ynha, indi öz başyma düşensoň bilýän, basyldym men. Gyz ýetişse, kesekidigine akylym ýetip dur hem welin, asyl özümi alyp bilemok.
Gaýynenesiniň ejizlemegi Maýagözeli oýlandyrdy. «Şunça ýyllap bir öýden girip çyksagam, henize çenli beýdip, tukatlananyny göremokdym. Gyzyny bizden üýtgeşik saýyp duranokdy welin, ýa gudalaryndan göwni suw içmeýämikä? Biziň-ä bar mydarymyz enesi. Şol bolmasa, ählimiz ýaýdanyşyp durandyrys. Belki, ýeke baldyzym Akpamyga-da şeýle gowy gaýyn duşsun-da!»
– Howanyň bulaşanyny gudalaryňyzdan görüp oturmaň. Şu gezek ol tüýs siziň ýüregiňiz bilen des-deňje gopýa. Gelnalyjy gelip, Akpamygy alyp ugrar welin, gar çynyny edip ýagar onsoň. Ynanaýyň, tebigatam, edil ynsan ýüregi ýaly duýgur bolýarmyşyn. Ylaýta-da, ene ýüregi paralanyberse, onuň durary ýokmuş — diýip, ol ýüzi öňküsinden birneme açylyşan gaýnyna habar gatdy.
– Goýsana!
– Toýda howa bulaşyberse, degişmek üçin il arasynda aýdylansoň, diýäýdim men-ä. Onuň toýa, ýürege dahyly näme?
– Ýok, muny maňa mamam pahyr gürrüň beripdi. Ol: «Hakyt şeýle bolýandyr» diýýärdi.
Bibigözel eje gelinleriniň nämedir bir zat hakynda janygyp gepleşýändiklerini bilse-de, olaryň seslerini eşitmeýärdi. Bu çak onuň beýnisi gorjalan arynyň öýjügi ýaly bolup güwläp durdy. «Be, gyz çykarmanyň beýle kyndygyny duýmaýşymy?! Her gezek gelin edinenimde biriniň öýüniň boşap galýandygy ýeke saparam hakydama gelmändir. Dünýä perzent getirip, boýuna guwanyp adam edeňsoň, gyýylman, ynjaman: «Bar, balam, alnyň-bagtyň açyk bolsun!» diýip, ak ýol arzuwlap goýbermek aňsat däl eken. Wah, bu çakda enesiniň duluny alyp oturan oglanam az-az. Ynha, on oglan öýlendirdim, ikisinden galanynyň hersi bir ýerden çykdy. Ýöne gyzyňky çökderräk, onuň naçarlygyndanmyka? Ogullaram, tüweleme, agzybir, şeýle bagty Akpamygyma-da Hudaý ýetirsin!». Oýlary onuň kararyny alypdy.
Gaýynenesine nazary düşen Maýagözel:
– Enesi, çaý içseňiz-ä, demlije dur— diýip, hum çäýnege elini uzatdy.
– Çaý, işdäm ýok, gelin jan. Ýöne sen çadyryň aşagyna bir aýlan.
– Çadyrlaň gapdalynda ogullaryň, agtyklaryň dik dur, ondan ýaňa siz arkaýyn bolaýyň.
– Ertirem baryňyz gaýrat edeweriň, balam, Akpamygymy ak pata bilen ýola salalyň!
– Bor, enesi, siz zadyň aladasyny etmäň!
– Wah, size döneýin! Meniň barlygym siziň bilendir, balalarym!
Maýagözeliň, näme üçindir, gaýynenesine ýene degesi geldi.
– «Siz bilen» diýseňizem, sandygyň açaryn-a ýanyňyzdan goýaňzok. Haçan görseň, jübiňizdedir.
– Wah, geregiň şol açar bolsun. Baryňyzyň öňüňizde açyp goýjak şony. Onsoň içinden heriňiz geregiňizi alaýyň.
– Birden barymyz bir zady halaýsak näme?
– Şony hökman saňa bererin, Maýagözel jan.
– Ýok, beýdip, dawa başy bolup biljek däl.
– Onda toý sowulýança, tagapyl et.
– Göresim gelip, ýüregim ýarylyp barýa-da, enesi.
Bälçik gelniň oýnuna düşüş Bibigözel ýylgyrdy.
– Men näme üçin sandykly gürrüňi gozganyňy bilýän, balam. Arkaýyn bol, gaýyneneň indi birneme özüni dürsedi. Sandyk beýleki diýip, gürrüňi aýlamasaňam ynjaldym. Gör hany, howa açylyşypmy?
Gaýynenesiniň edil öňküsi ýaly ýazylyp-ýaýrap ugranyny gören gelinler ynjaldy.
...«Aglap ugratman» diýse-de, gelnalyjy geleli bäri, Bibigözel ejäniň ugry ýokdy. Aýaklarynyň ysgyny gaçyp, göwresini götermejek bolýardy. Munuň sebäbini duýsa-da, duýmadyksyrady:
– Gelen myhmanlar saz-söhbet edýänçä, Akpamygyň gaýynenesini ýanyma alyp gelseňizläň! Düýn gaty ýadaýypdyryn öýdýän, aýaklam syrkyrap dur — diýip, gelinleriň birine tabşyrdy.
Bibigözel eje gudasyny gapdaljygynda oturtdy.
– Şemşat guda, bu siziň ilkije toýuňyz, ilkije höwesiňizdir. Şoň üçinem ýüregiňiz böküp durandyr. Tizräk gelin alyp, öýüňe dolanasyň gelýändir. Menem birmahal edil seniň häzirki duýgularyňy başymdan geçiripdim. Ýöne, keýgim, meniň saňa ýekeje maslahatym bar. Men muny öz gyzym size gelin bolup düşeni üçin aýdamok. Eger başga bir gyzy alanam bolsaň, diýjegim şu. Menden saňa nesihat — hergiz gelin bilen ogluň arasyna düşüji bolmagyn! Maslahatyňam alsalar bergin, almasalar, gaty görmegin! Men gyzyma-da tabşyrypdym: «Gaýyn daşyň galasydyr» diýip. Ýöne her zat, düýä «haýt» diýmek medetdir. Ýaş-ýeleňler öte geçiberseler, owsaryny çekmegem aýyp däldir. Özüňem başarsaň, aňyrdan gelen maşgalany aýry tutmajak bolgun!
Daşardan gelen gyz howsalaly gepledi:
– Eje, ýörsene, ugralyň-la, gelnalyjylar saňa garaşyp durlar.
Bibigözel eje sözüniň yzyna aýdyp bilmedi. Birden gudasynyň ýüzüne naýynjar garady. Kalbynyň töründe aýylganç harasat gopdy. Ol özüni ele alandyryn öýdüp, ýerinden turmakçy boldy. Ýöne aýaklary diýen etmedi..
– Men: «Akpamygy ýanyma getiriň» diýipdim-le, gelinleriň bu näme etdigi bolduka?
– Maýagözel gelnejem alyp gaýtjak boldy welin: «Yzyna öwürmek yryma ýagşy däl» diýdiler.
– Akpamygy on ýeňňesi bilen ýola saljak. Enäniň arzuwy ýaly arassa zat bolmaz.
Kynlyk bilen ýerinden galan ene daş işige çykanda, hyň berýän toý mähellesiniň üstüne asmandan akja gar gaçyp ugrady. Bibigözel eje ýüzüne düşen gary aýasy bilen süpürdi-de, gyzyl çog bolup oturan gyzynyň maňlaýyndan öpdi. Töweregini ýeňňeleri gabsan Akpamyk ýaşlanan gözlerini mähribanyna dikdi. Ene bu nazaryň öňünde uzak durup bilmejekdigini duýdy.
– Akpamygym, bagtyň asmandan gaçýan ak gar deýin ak bolsun! Gazygyňda goşa garra, balam!
Ulaglar zoguny çalyp, ýerinden gozgananda, gar çynyna tutdy. Aýdym-sazyň göçgünli sesi gitdigiçe uzaklaşdy. Ene göz ýaşyny gizlemek üçin öýe howlugdy. «Eý Alla, maňa näme bolýarka? Ýa indi, dogrudanam, aýaklar göwräni götermeýärmikä?» Zordan özüni dälize atan Bibigözel eje ýeten ýerinde çökdi. Onuň şu mahal ýeke galasy, uly sesi bilen aglasy gelýärdi.
Öz dünýäsi bilen başagaý bolup oturan ene ýüregi gelinleriniň barysy birden gelip, özüni göter-göterläp ugranlarynda, gül-gül açyldy...

Ogulgerek Ussaýewa.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 21 | Добавил: Has | Теги: Ogulgerek Ussaýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: