23:06
Edebiyatyñ güýji -2/ hekaýa

EDEBIÝATYÑ GÜÝJI

II.

Awtordan: Adamlar gorkyny ýeňmegi netijesinde, ejizlemek duýgusyndan üstün çykarlar. Ejizlemeýän adama bolsa, kynçylyk az zeper ýetirer. Diýmek ähli zatda iň gorkýan zadyňy ýeňmek zerur bolup durýar.

Ysmaz keseline duş bolan adamyň öýe gelenine indi on günden köp wagt geçdi. Şol geçen günleň dowamynda ne gürledi, ne-de güldi. Halyny sorap gelen goňşydyr garyndaş bilen bolsa sowuk-sala görüşdi. Her gezek hem aýalyny çagyryp: hiç kim bilen görüşmek isleginiň ýokdugyny açyk aýdyp; hiç kimi otagyna salmazlygyny berk tabşyrardy. Biçäre aýaly bolsa gelýänlere “näme diýjegini bilmän?” diýseň kyn ýagdaýa düşýärdi. Gün geçdigiçe ol özünden önen çagalaryny hem söýmek, görmek islegini-de ýitirip başlady. Oňa tebigatyň gözelligi-de öz suduryny ýitiren ýalydy. Gün dogsun, ýagyş ýagsyn, ýel össün... oňa birjikde parhy ýokdy. Jemläp aýdaňda ol indi dünýäden doýan ynsandy. Şeýle günler bilen ýaşap ýören ysmaz adam terkidünýälige özüni mejbury ýykgyn edýärdi. Çünki onuň dünýäde ýaşamak höwesi diýseň azalypdy. Ol ýatan düşeginde ölmegi ýürekden isleýärdi. Ajal bolsa entekler gelmejekdendi. Naçar aýaly bolsa ýoldaşy üçin janserekdi. Bu ýagdaýda alaçsyz aýaly iş, çagalary, öý işleriniň üstüne ýoldaşy üçin hem aýratyn wagt tapmaly bolýardy. Bu zatlary hije saýýan aýaly terkidünýä ýoldaşynyň güler ýüzüne, mährine, ruhy tarapdan berjek goldawyna diýseň zardy. Ýoldaşynyň durmuşa bolan ýitgisini doldurmagyň tarapdary bolsa-da häzirki güne çenli başarmandy.
Birnäçe gün geçenden soň aýalynyň hiç garaşmaýan agşamsy onuň bar islegleri puç bolup, zenan duýgularynyň üstüne ýykyldy oturyberdi... Ol gije ýoldaşy aýalynyň adyny başardygyndan gygyryp öz ýatýan otagynyň penjiresini ýapmagy aýtdy. Şeýle gödek we çirkin sese aýaly ziňkildäp gitdi, hamala diýersiň ysmaz adam jan derdinden asgyn gelene meňzetdi. Alňasap ýoldaşynyň otagyna ýöneldi. Baran badyna adamsy aýalyna azgyrylyp başlady:
- Näme üçin penjirämi munça wagt açyk goýduň, näme üçin öňki wagtynda ýapylmady, bu ýagdaýda ýatan ysmaz är kime gerek diýip, menden ýadap başladyňmy? Ýa bu janyma munuňky näme diýýäňmi... bilýän sen indi maňa seretmegi kyn görýäň, sen menden ýadadyň – diýdi. Ýöne näme üçindir soňky sözleri ysmaz adamyň sandyrap çykdy. Dodaklary gürleýän wagty sandyramakdan sözlerini zordan tamamlady. Ýöne bu sözler ýoldaşy üçin jan edýän zenana gaty agyr degdi. Başda bu sözleriň ýoldaşynyň diýýändigine ynanmady, gulaklary hem özüni aldaýandyr öýtdi. Iňkise galan zenan doňan ýaly bolup gözlerinden çogup duran ajy damjalary bygtyýar ýaňakdan akdyrmaly boldy. Muny bilgeşleýin etmedi, damjalaryň özi ol gözden akmak isledi. Özi azajykda bolsa dürsän aýaly:
- Sen muny maňa nädip diýersiň, nädip başyňy saklap, söýgüläp ýörkäm maňa bu sözleri diýersiň, eger gitmek islesedim onda sen heniz hassahanaň içinde hassa ýatagyndakaň seni ýalňyz galdyrardym. Emma muny men etmedim, çünki meniň edebim, maňa berilen terbiýäm, içimdäki wyždanym muňa rugsat etmedi. Bir ýassyga baş goýup, ömrümi ömrüňe beren soňum senden gitmek islemändim. Çagalarmyz üçin, seň üçin, abraýym üçin saklandym. A, sen bolsa “menden doýduň, menden ýadadyň” diýýäň! Sen ýatyrkaň hasrat çekýäň düşünýän, emma meniň hasratlarym hakynda pikir etdiňmi? Sen oýakaň hasrat çekýänsiň, muňa-da düşünýän, ýöne unutma men düşlerimde hem hasratlara gaplanýan. Eýsem, bu sözleri diýýän wagtyň ýüregiň, wyždanyň syzlamadymy? – ýoldaşy aýalynyň bu sözleri diňleýän wagty pikirlenýän ýaly hem bolsa, onuň sözleri bu gezek has-da gödek temadan gopdy.
– Meniň üçin özüňi horlama ýekeje minudam saklanmada meni terk et... men barybarybir edilenini bilmen... – ysmaz adam bu sözleri soňlap bilmedi. Başarmazdam. Çünki ol ömründe beýle ejizlemändi. Eger ejizläýen bolsa-da sanlyja gezek ejizländir. Ejizlikden ýeňleni üçin ysmaz adamyň gözündenem ýagyş damjalaryna kybapdaş göz ýaşlary akýardy. Aýaly hem bu sözleriň şookyndan aýrylman panikada titreýärdi. Barybir aýaly öz ýoldaşyny jogapsyz galdyrmady.
- Eger isleseň men giderin! Ýöne maşgalany ýykmakaň köp gezek oýlanmalysyň!!!
Şol heläkçilikli gijeden bäri bu maşgalanyň ruhy ýagdaýy gaty dagynykdy. Mundan beýläk hem şeýle boljaga meňzeýärdi. Aýaly keýpsiz halyna käbir eşiklerini ýygnap goýmagy ýüregine düwdi. Emma uklap ýatan çagalaryna gözi düşende welin, perzentleriniň atasyz galjagy ýadyna düşende bolsa, özüniň samsyk pikirlerinden düýpli el çekdi. Çünki özi hem çagalygyndan kakasyz ulalypdy. Kakasyz ulalmagyň neneňsi ajydygyna gowy düşünýärdi. Şol sebäpli hem ýoldaşynyň näme diýse-de igenjini çekip ýaşamaly diýen karara geldi. Iň bolmanda çagalarynyň hatyrasy üçin maşgala abraýyny saklamak barada uzak gije pikir etdi. Şol gije ysmaz adam hem ýatman pikir derýasynda gämili her ýana ýüzýärdi...

DOWAMY BAR...

✍ AHALLY

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 22 | Добавил: ahallydan | Теги: Ahally | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: