13:55
Edebiýat ogurlygy

EDEBIÝAT OGURLYGY

Kitapçy.ml saýtynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen bagly dörän ýiti jedel edebiýatda ogurlyk (plagiat) meselesine üns bermek hakynda pikir döretdi. Meseläniň mazmunyny öwrenenimden soň okan zatlarymyň käbirini paýlaşmak dogry bolar diýip hasapladym.
Mälim bolşy ýaly, plagiat – bu plagio-ogurlaýaryn diýen latyn sözünden gelip çykan adalga bolup, başga adamyň edebi, çeper, sungat, ylmy, oýlap tapyş, kämilleşdiriş eseriniň awtorlyk adyna, tölegine (gonoraryna), abraýyna bolan hukuklaryň dolulygyna ýa-da bölekleýin eýelenmegini aňladýar.
Edebiýatyň taryhynda ogurlygyň (plagiatyň) anyklanylan (çaklanylan) halatlarynyň (jedelli ýa-da jedelsiz) mysallary hökmünde şu aşakdakylary görkezmek bolar:

1. Aleksandr Sergeýewiç Puşkini onuň 1833-nji ýylda ýazan “Merhum şa gyzy we ýedi pälwan” ertekisini Doganlar Grimmleriň 1812-nji ýylda neşir edilen “Akgarjagaz we ýedi girdenek” ertekisinden ogurlap ýazmakda aýyplaýarlar. A.Puşkin bu aýyplamalary özüniň ol ertekini enekesi Arina Rodionownadan eşidendigi hakynda delilleri bilen inkär edipdir.

2. Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýy onuň 1935-nji ýylda neşir edilen “Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň başdan geçirenleri” atly erteki-powestini italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniň 1883-nji ýylda neşir edilip başlanan “Pinokkionyň başdan geçirenleri” atly ertekisiniň mazmunyny we esasy pikirlerini ogurlap, öz adyndan, täze at bilen neşir etmekde aýyplaýarlar. Emma A.N.Tolstoý özüniň ilkibada K.Kollodiniň eserini terjime edendigini, ýöne onuň kiçi ýaşly çagalara okadardan zalym eserdigi sebäpli ony özüniň has rehimdarlaşdyryp, täzeçe ýazandygyny aýdyp, bu aýyplamalardan goranypdyr. Hatda öz erteki-powestinde bu eseriň K.Kollodiniň eseriniň özboluşly üýtgedilen görnüşidigini hem belläpdir.

3. Aleksandr Melentýewiç Wolkow özüniň 1939-njy ýylda neşir edilen “Oz ülkesiniň jadygöýi” atly ertekisi amerikan ýazyjysy Laýmen Frenk Baumyň “Oz ýurdunyň geň jadygöýi” atly jemi 15 sany ertekini özünde jemleýän ertekiler toplumynyň gahrymanlarynyň adyny üýtgetmek esasynda ogurlamakda aýyplaýarlar. A.M.Wolkow muny inkär etmändir.

4. Korneý Iwanowiç Çukowskiý özüniň “Lukman Aýbolit” eserini iňlis ýazyjysy Hýu Loftingiň “Lukman Dulitl” eseriniň ideýasyny we mazmunyny ogurlamak arkaly ýazypdyr.

5. Nosow Nikolaý Nikolaýewiç özüniň 1954-nji ýylda neşir edilen “Bilmezejigiň we onuň dostlarynyň başdan geçirenleri” atly ertekisini 1917-nji ýyldan öň Patyşa Russiýasynda ýaşap geçen rus ýazyjy zenany Anna Hwolsonyň “Bäbekleriň patyşalygy” etly ertekisinden ogurlap ýazmakda aýyplanypdyr.

6. Lazar Iosifowiç Lagin özüniň 1938-nji ýylda neşir edilen “Goja Hottabyç” atly eserini iňlis ýazyjysy Gatri Tomas Enstiniň 1900-njy ýylda neşir edilen “Mis küýze” eserini ogurlap ýazandygynda aýyplanýar.

7. Sergeý Timofeeýewiç Aksakow özüniň 1858-nji ýylda neşir edilen kitabyndaky “Gyrmyzyja güljagaz” atly meşhur ertekisini hanym de Bomon ady bilen tanalýan fransuz ýazyjy zenany Gabriel-Sýuzanna Barbo de Wilnew de Bomonyň “Gözel we ýyrtyjy” ertekisinden ogurlap, özüçe ýazmakda aýyplanýar.

8. Iogann Wolfgang Gýote özüniň 1808-1832-nji ýyllarda ýazan meşhur “Faust” eserini meşhur ispan dramaturgy Pedro Kalderon de la Barkanyň 1637-nji ýylda neşir edilen “Keramatly jadygöý” atly eserini ogurlap ýazmakda aýyplanýar

9. Aleksandr Dýuma-kakasy bolsa, plagiatda iň köp aýyplanýan awtorlaryň biri. Ol özüniň “Läheň (kit) awlaýjylar” eserini Maýnar familiýaly gämi lukmanynyň ýolýazgylaryny ogurlap, olary redaktirläp öz adyndan neşir etmekde, fransuz ýazyjysy we habarçysy Gasýen de Kurtil de Sandranyň “msýe (jenap) D’Artanýanyň ýatlamalary” atly eserini gaýtadan redaktirläp “Üç muşketýorlar” diýen at bilen öz adyndan neşir etmekde aýyplapdyrlar. Bu aýyplamalara A.Dýuma-kakasy: “Bu dünýäde ähli zat plagiat – hatda Hudaýam Adam atany öz keşbine we şekiline meňzeş edip ýaradypdyr” diýip jogap gaýtarýan ekeni. Isaýylar Allatagalanyň Adam atany öz keşbine we şekiline çalymdaş edip ýaradandygyna ynanýarlar.

10. Uilýam Şekspiriň döredijiligi bolsa tutuşlygyna diýen ýaly başga şahyrlardan ogurlanyp alnan pikirlerden, sýužetlerden we jümlelerden doly diýlip ykrar edilipdir. Mysal üçin, onuň “Otello” eserini italýan şahyry we romançy ýazyjysy Sintionyň (hakyky ady Jiowanni Batisto Jiraldi) “Kapitan Moro” eserinden dolulygyna diýen ýaly göçürip almakda, “Romeo we Julýetta” eserini bolsa Artur Brukyň “Romeusyň we Julýettanyň gaýgyly taryhy” atly eserinden göçürip almakda aýyplaýarlar. U.Şekspir bu aýyplamalara: “Men köçede ýatan jelebi hapanyň içinden galdyryp alyp, ony begzadalaryň dünýäsine girizdim” diýip jogap beripdir.

11. Maýkl Kanningemi “Sagat” diýen eserini Wirjiniýa Wulfyň “Hanym Delloueý” diýen eserinden ogurlap ýazmakda aýyplapdyrlar. M.Kanningemiň özem muny inkär etmeýär.

12. Helen Fildingi “Brijit Jonsuň gündeligi” atly eserini Jeýn Ostiniň “Tekepbirlik we tersalyk” diýen eserinden ogurlap almakda aýyplapdyrlar.
13. Iwan Turgenewi “Sähra Korol Liri” diýen eserini Uilýam Şekspiriň “Korol Lir” eserinden ogurlamakda aýyplapdyrlar. I.Turgenewiň özem eserleriň biçak meňzeşligini ykrar edipdir.

14. ukrain ýazyjysy Iwan Petrowiç Kotlýarewskiýni 1798-nji ýylda neşir edilen “Eneida” poemasyny Wergiliýniň “Eneidasyndan” ogurlamakda aýyplapdyrlar.
15. Silwia Deýi “Seniň üçin ýalaňaç” atly eserini E.L.Jeýmsiň “Çalyň elli öwüşgini” atly eserinden ogurlap ýazmakda aýyplapdyrlar.

Mundan başga-da Mila Korolewanyň https://ru.tsn.ua/lady/psychologia/ona saýtynda ýazmagyna görä, Wolteri, Stendaly, Emil Zolýany, Alfons Dodeni, Onore de Balzagy, Genri Longfellony, Mihail Şolohowy, Joan Roulingi, Tatýana Tolstoýany, Jeýms Hedli Çeýzi, Boris Akunini, başga-da köp-köp awtorlary plagiatda aýyplap gelýärler.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda intellektual eýeçilige bolan hukuklaryň bozulmagy, edebiýat çygrynda bolsa awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy, amala aşyrylan etmişiň häsiýetli alamatlaryndan berilýän ýuridik bahadan ugur almak bilen raýat-hukuk, administratiw-hukuk, käbir ýagdaýlarda bolsa jenaýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 71 | Добавил: Bagabat | Теги: Bagabat | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 5
0
1  
D.Defonyñ "Robinzon Kruzysynyñ" hem arap yazyjysy Haý bin Ýakzanyñ romanyndan kopiýalanandygy barada gûrrüñ yayrapdy. Arap nusgasyny heniz okap gõrmedim men-ä entek.

ýöne deñeşdirip gördüm ikisinem okap - aydylyanlar dogry ya dogry dal diyjek bolmazmyka ))

0
2  
Daniel Fo barada bu maglumaty ilkinji gezek eşidýärin. Sag bol @Has. Eger-de internetde Haý ibn Ýakzanyň kitaby bar bolsa deňeşdirip görerin.

0
3  
@Has, şu mahal wikipediany gördüm welin, "Haý ibn Ýakzan" arap ýazyjysy däl eken-de, bu arap ýazyjysy we lukmany Ibn Tufaýl lakamly Abu Bakr Muhammet ibn Abdul-Mälik Al-Kaýsynyň XII asyrda Ispaniýada ýazan pelsepe romanynyň ady ekeni. Eseriň doly ady bolsa "Ýakzanyň ogly Haý hakynda hekaýat" ekeni. Ol roman 1671-nji ýylda latyn diline terjime edilip neşir edilipdir.

0
4  
Ol eseriň rus dilindäki terjimesiniň salgysy ine şu: http://flibusta.is/a/147944

0
5  
Dogry agam, anyk yadyma düşmän özümem oýurganyp durdum, awtory bilen eseriniñ adyny çalyşyandyryn öýdüp.
Dogrymy aýtsam muny Ysmaýyl Kylynjyñ türkmen dilinde çykan "Täsinlikler dünyäsi" kitabyndan okapdym.
Eseriñ bar salgysyny gorkezeniñ üçinem, sag bol agam, minnerdar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: