04:01
Duýgymyñ sesi

DUÝGYMYÑ SESI

Tez maral deý önüp ösdüm düzlerde,
Giñ ýaýlasy derdin gutar hassanyñ.
Öz derdimi diýe bilmen sizlerge,
Men gedaýy ýazylmadyk dessanyñ.

Ýürek kapasada erksiz galgadym,
Göwnüm zynjyrlanan ýokdur ganatym,
Mähir küýsäp derdim gozgan halatym,
Suwsadym şygryna Şähribossanyñ.

Aşyk boldum däli-telbe şygryna,
Men dözmedim oñ dözmedik jebrine,
Kimler ötdi yşk odundan jibrine,
Arasynda zemin bilen asmanyñ.

Ýüzüm tutdum bu dünýäniñ howruna,
Ýanyp bişdim ataşyna gowrula,
Bir gün çykar janym tenden sowrula,
Gözün ýaşlar, bagryn daglar hossarym.

Aýbölek ATAGELDIÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 14 | Добавил: Has | Теги: Aýbölek Atageldiýewa | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: