17:06
Durşuñ bilen namys-arlygyñ üçin
Çagajykkak galanmyzda dökülip,
Eziz käbäm, şükür barlygyñ üçin.
Hor bolmadyk ýaşadyk biz bakylyp,
Käbäm, Seniñ juda zorlugyñ üçin.

Ejizlemän berk guşadyñ biliñi,
El işiñde gõrkezdiñ gol zoruñy
Zeýrenmediñ, añlatmadyñ halyñy,
Durşuñ bilen namys arlygyñ üçin.

Çagalar ýaş aljyransyñ ilki sen,
Ogryn ,ogryn aglandyrsyñ belki hem.
Käbäm, seni beýik Allam ýalkasyn
Ojagyña wepadarlygyñ üçin.

Ýyllar geçdi däl indi biz balaja,
Õñkidenem has kõpeldi alada.
Ilden-günden kem etmediñ
ýene-de,
Zähmetsöýer, jepakärligiñ üçin.

Gyzlarñy çykardyñ seplerni sepläp,
Gelinleñ gyzylyn, galyñyn toplap,
Toýlar tutduñ kyn günleri itekläp,
Balalarña pidakärligiñ üçin.

Şerigatdyr şere garşy ýaragyñ,
Balalaryñ saglygydyr dilegiñ.
Daş bolsañ-da suwlujadyr ýüregim ,
Käbäm, bu dünýäde barlygyñ üçin.

Merhum kişi gôrýän bolsa eger-de
Bar bolsa arada ýekeje perde .
Dädemjanam razydyr ol ýerde
Õzüne wepaly ýarlygyñ üçin.

Mährijemal AMANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Nur | Теги: Mährijemal Amanowa | Рейтинг: 3.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
0
1  
Gowy goşgy.Şeýle bir köp duýgular gaplaýa welin,aýdara sözem tapamok.

Ejeň barka ýene-de ýüregiň suwly bolýan eken.

0
2  
Orän oňat ýazylypdyr.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: