05:46
Durmuş äheñleri / goşgular
DURMUŞ ÄHEÑLERI

■ Il-güne barýan menziller

Bir-birne baglanyp zynjyr deý bolan,
Daga tarap barýan ýollara çyksam.
Çür başynda durup ýylçyr gaýalaň,
Daglaradan hem beýik illere baksam.

Derelere inen ümür-dumandyr,
Bulutlar hem gökde Güne al salar.
Köňül salamatdyr, ömür amandyr,
Il-gün bilen gülseň hemem aglasaň.

Dünýäni gark edip köňül sillerne,
Duşuraňda ummanlary ummana.
Düşünersiň munuň ýeňil däldigne,
Goşa ganat berilse-de uçmaga.

Daşgyna duş gelip, synlap gaýtgyny,
Bir meňzeşlik gözläp deňizler bilen.
Hem gaýtalap gaýdýan tanyş aýdymy,
Il-günlere barýan menziller bilen.

■ Altyn-zerden gymmat zat

Awlap bilsek bir kişiniň göwnüni,
Dünýe baýlygyna eýe bolan dek.
Şol gün meniň üçin juda şowly gün,
Şat bolýan şowhunly toýa gelen dek.
Bir kişiniň aladasyn dep edip,
Onuň möhüm hyzmatyny bitiren
Göwnüm guş deý pel-pelleýär depede,
Hem altyn-zer gymmatyny ýitirer.

***

Buldy bölüp çykanda Aý,
Nur saçanda Gün äleme,
Tapmasaň-da janyňa jaý,
Sen güneşi günäleme.

Akar suwlar aýdym aýdar,
Hyjuwy-höwesi başga.
Kenary kem däldir toýdan,
Baglaryň kölgesi düşse.

Boýunda otur akaryň,
Diňle sen siňňin owazyn.
Gelmesin gardaş gaharyň,
Eşdip gurbagalaň sazyn.

Gör, ajap umman tolkunar,
Nur saçanda äleme Gün.
Düşünmän dünýäň durkuna,
Hiç haçan-da nalamagyn.

***

Dymsaň gowy bolardy has,
Oňarmasaň sözlemäni.
Gije-gündiz edip yhlas,
Kitap agdar gözle many.

Ýalandan diller ajapdyr,
Sen çyn sözden çöple many.
Dür jümlä dünýe mätäçdir,
Öwrediber geplemäni.

■ Dostluk hakda

Çyn dost dogan bolmaly,
Bolmaly dogan dost ýaly.
Hemişe saýlap bilmeli,
Dosty üçinem rast ýoly.

Rast ýollara rowan bolup,
Maksat-myrada ýetilýär.
Sag-salamat, aman bolup,
Saz-söhbetli toý tutulýar.

Kän myhmanly şol toýlarda,
Ýat ýüwürer dosta derek.
Emma ki, ýanyp-köýlende,
Çyn dostlaryň has-da gerek.

■ Ýeke-täklikdäki pikirler

Men ýalňyz gezmegi halaýan käte,
Şonda daş-töwerek bolsa gum-gukluk.
Nämüçin islegim köpçülik däl-de,
Ýeke-täklik?
Bilemok.
Ýöne...

Bu ýagdaý birhili geňem.
Mydam gapdalymda biri bar ýaly.
Bu gün seýle çyksam, ýalňyz men ýene,
Ýene söhbetdeşim Biribar ýaly.

Özüm bilen özüm bolup ýörsemem,
Diýmäweiň:bolup ýörşi bir töwra.
Täsin duýgy endik bolup gursaga,
Maňa ýalňyzlygyň hut özi hemra.

***

Toý tutsaň, şat bolsaň, gülseň-oýnasaň,
Dost-ýarlaram, dogan-gardaşam gerek.
Goldaşsalar, göge galsaň, baýnasaň,
Ýa ýow gelse bile darkaşan gerek.

Ömür tizmähetdel, otluçöp ýaly,
Şoň üçin mysapyr, mydam gamda men.
Adamyň başynda bir ýowuz gün bar,
Şol gün hem dost-dogan has gerek eken.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 10 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: