18:07
Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!
Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!

Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!
Ýüregime düwün bolar aýtmasam.
Ýa gelerin, ýa gelmerin dolanyp,
Diý bir zatlar, ýürek sözüň aýt senem!

Garaşýanam bolsa neneňsi kysmat,
Seçeläp ýörmerin gözde ýaşymy.
Bar zady unudyp, köşeşerin men,
Sowuk ýele tutup gitsem döşümi.

Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!
Ýüregiňe degmesin ol ok bolup.
Duýgularmyz halys çüýräp gitmesin,
Derýalardan güz ýerlere oklanyp.

Eger, seň dünýäňden çykyp gitsemem,
Dört tarapym açyk bolar, ýapylmaz.
Men diňe kysmatda baryn görerin,
Maňlaýyma özge ykbal ýazylmaz.

Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!
Diňlemäge ýogam bolsa islegiň.
Bilýäňmi nä,
ölümdenem agyrdyr,
Sözüň üsti bilen döşden itmegiň.

Sen neneňsi hyýal-oýda?
Bu ýerde
ýekeje garaýşyň özem ýeterlik.
Ullakan bir agyr ýitgem bolmaz bi,
Çünki senden zyýatlaram ýitirdik.

...Dur, men saňa bir zat aýdyp gideýin!
Gymmatyny so-oň bilersiň gideniň.
Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Mylaýym | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 2.8/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: