15:50
Dünýäm!

DÜNÝÄM!

Nargylyç Hojageldiýewe

Men sensiz ölerin, Dünýäm!
Orta ýolda şehit bolup.
Alnym gara gyşdyr bilýän -
Özüñ ýetiş behişt bolup!

Elendim ýördüm towlanyp,
Çekdim aýralyk günlerin.
Tamdyr oduna çowlanyp -
Hakdan utulan bende men...

Saña aýan, bary aýan,
Jigeri girýan edenem.
Sen meni azajyk aýa -
Başyma soltan ederin!

Gygyrýaryn: Dünýäm! diýip,
Köñlüme kerem düşende.
Kim aýdypdyr - söýgi aýyp
Saçyña gyraw düşende...

Kim aýdypdyr - dutar aýyp
Gaşly ýara dolananda.
Kim aýdypdyr - gül ýar aýyp
Boýnuña gol dolananda!

Ömrüm, giçki güýze düşüp,
Indi kak şiresi damýan.
Gün gyzarikindi, düşün -
Men sensiz ölerin, Dünýäm!..

Baýram JÜTDIÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Nur | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 4.0/4

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 2
2
1  
Gosgy örän gowy eken diýip soñuna ýetsem asyl ussat tarapyndan ussada bagyşlanypdyr.

1
2  
Ýürekden ýazylypdyr, ussatlar diyaýmek galýar..

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: