03:13
Dünýä siwilizasiýasynyñ täze merkezi

Dünýä siwilizasiýasynyň täze merkezi
    
Türkmenistanyň şöhratly taryhy bar. Merkezi Aziýada bürünç eýýamy döwründe biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäginde Marguş döwleti gülläp ösüpdir. Bu döwletiň adynyň gelip çykyşy Murgap derýasynyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Marguş türkmenleriň özboluşly medeniýetiniň gadymy Gündogardaky iň irki ojagy hasaplanýar.
Şol ýyllarda bilelikdäki türkmen-rus ekspedisiýasy şeýle täsin açyşlary amala aşyrdy, çünki köp sanly Günbatar alymlary Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Çyn-Maçyn bilen bir hatarda, Marguşy köne dünýäniň gadymy medeniýetiniň bäşinji ojagy diýip, ykrar etdiler.
Marguşlylar ekerançylyk, maldarçylyk bilen giňden meşgullanypdyrlar. Bürünçden ýasalan kätmenler, oraklar ekerançylygyň esasy gurallary bolup, hyzmat edipdir. Olar ekerançylygyň düýp özeni manysynda ene ýer bilen baglanyşykly hasyllylygyň hudaýy hökmünde gipsden, toýundan, daşdan ýasalan heýkeljiklere sežde edipdirler. Marguşdan tapylan esbaplar esasan, daşdan, bürünçden bolupdyr. Ol esbaplaryň esasyny kiçijek dürli görnüşli küýzeler, kosmetik gaplar tutýar. Olar daşdan, bürünçden ýonulyp, nagyşlanyp ýasalypdyr. Mundan başga-da, dini äheňli hasalar we hasalaryň daş güberçekleriniň birnäçesi tapylýar. Gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan tapyndylar gadymy marguşlylaryň senetkärçilik ussatlygynyň ýokary bolandygyny aňladýar. Ýerli demirçiler bürünçden naýza uçluklaryny, uzyn iki tarapy ýiti gamalary, bir ýüzli pyçaklary ýasapdyrlar. Durmuşda ulanylýan agyr we uly paltalar bilen birlikde, has ökde ussalar örän owadan gelşikli paltalary guýupdyrlar. Ähli paltajyklar gadymy mekandaky ybadathanalaryň çäginden tapylypdyr.
Marguş ýurdunyň ähli oturymly ýerlerinde haçandyr bir mahal gadymy küýzegär keramikaçylaryň işlän keramik küreleriniň galyndylary tapyldy. Küýzegärçilik  senediniň gadymy ussatlary gap-gaçlary tutawaçly ýasamandyrlar. Ýönekeý kesik, egrem-bugram çyzyklar görnüşindäki ýek-tük nagyşlary hasap etmeseň, edil şonuň ýaly önümleri nagyşlar bilen juda seýrek bezäpdirler.
Marguşyň küýzegärleri ýokary ussatlyklary bilen tapawutlanypdyr hem-de gadymy Gündogar dünýäsiniň öňdebaryjy merkezleriniň ussatlarynyň sungatyndan birjik-de kem oturmandyr. Olaryň önümleriniň goňşy welaýatlara giňden ýaýrandygy we, hatda Merkezi Aziýanyň hut Gazagystanyň sähralaryna çenli çäksiz giňişliklerinde göçüp-gonup ýören sähraýy taýpalara hem baryp ýetendigi tötänden däldir. Ýerli çarwalar alysdaky Marguşda ýasalan gap-gaçlarda iýip-içipdirler.
Arheologlar ýerli hökümdarlaryň hasasyny we gymmatbaha nagyşly naýzalaryny bezän, bürünçden ýasalan tegelek görnüşli güberçek şekillere gabat geldiler.
Marguş ýurdy daglardan örän alysda ýerleşse-de, ýerli daş ýonujylar çig mal ýetmezçiligini duýmandyrlar. Işläp bejermäge amatly ýumşak, ýeňil steatite ýa-da başgaça aýdylyşy ýaly, tutuk gar reňkli «daş sabyn» olar üçin çig mal bolup, hyzmat edipdir. Ak çyzmykly mermer kysymly dürli önümler, alebastr, has seýrek ýagdaýda gyzyl hakyk, agat, gök lazurit we mawy pöwrize ýaly daşlaryň dürli görnüşlerini önüm taýýarlamak üçin peýdalanypdyr.
Daş ýonujy ussalar, esasan, steatit bilen işläpdirler. Ýumşak, gelüwli serişde ýeňil kesilipdir we şondan gysga wagtyň içinde tumar ýa-da möhür ýonup, olara şekil çekipdirler. Steatitden eýesiniň ýokary derejesini aňladýan bir metrden hem uzyn daş «hasalar», has takygy nagyşly naýzalar ýonulypdyr. Marguşyň küýzegärleri ýokary ussatlyklary bilen tapawutlanypdyr hem-de gadymy gündogar dünýäsiniň öňdebaryjy merkezleriniň ussatlarynyň sungatynyň hatarynda bolupdyr. Gadymy küýzegär keramikaçylaryň işlän keramik küreleriniň galyndylary häzirki güne çenli saklanyp galypdyr. Keramik gaplar, esasan, şekilsiz edilip ýasalypdyr. Käbirlerinde bolsa haýwan şekilleri ýa-da ýönekeýje çyzyklar bolupdyr. Marguşly demirçiler bürünçden köp peýdalanypdyrlar. Durmuşda ulanylýan agyr we uly paltalary ýasapdyrlar.
Gadymy Marguş döwleti dünýäniň geografik kartasynda aýratyn orny tutýar. Goňurdepäniň gonamçylyklaryndaky patyşa guburlaryndan tapylan tapyndylar Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda dünýäde ilkinji bolup diýen ýaly, atlary eldekileşdirendikleri baradaky maglumatlary berýär. Patyşa guburlarynyň biriniň içinden tapylan tigriniň daşyna bürünç gurşalan araba muňa şaýatlyk edýär. Tapyndylaryň içinde arabanyň daşy bürünç gurşawly tigirleri hem bar. Gurşawlar agaç tigirlere ýörite berçinler arkaly berkidilipdir. Tigirleriň gurşawy alty sany bir-birlerine birleşdirilen bölekden ybarat bolup, ol tigre uly kelleli çüý bilen kakylypdyr. Olaryň hersi bir-birine reýkajyk bilen çüýlenen üç sany agaç bölegi arkaly birigýär. Kümüşden guýlan we Goňurdan tapylan surnaýlaryň atly esgerleri nyzama duruzmakda ulanylan gural bolandyklary ähtimal diýilýär. Münülýän atlaryň eýýäm Gadymy Marguş ýurdunda belli bolandygyna tapylan arkasy eýerli atyň daşdan ýasalan keşbi şaýatlyk edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýada münülýän atlaryň bolandygy hakynda iň irki subutnamalaryň biridir we Gadymy Gündogarda atçylygyň ösüşiniň taryhy üçin iňňän wajyp ähmiýete eýedir.
Marguş ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan, bi­tin we bölekler görnüşindäki ýüzlerçe keramik gap-gaçlaryň hiç hili bezegi ýok. Keramikanyň aýratyn hem biziň eýýamymyzdan öň 3-nji müňýyllygyň ahyryna degişlileriniň hili juda ýokarydyr.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň ýanyndaky antropologik dikeldiş boýunça tejribehanasynyň hünärmenleriniň bir topary dört müň ýyl mundan ozal, Ýer şarynda ýaşap geçen adamlaryň daş keşplerini dikeltmäge synanyşýarlar. Täzeden dikeltmek üçin gadymy marguşlylaryň wekilleriniň süňkleri saýlanyp alynýar. Onuň hem sebäbi Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleri Türkmenistanyň gadymy ilatynyň daş keşbi ha­kynda täze maglumatlary berýär. Bürünç eýýamynyň öň mälim bolan karniologik maglumatlary Gündogar ortaýer deňizlileriň hakyky wekilleri hasaplanylýar, ýagny ol adamlaryň uzyn we başgalara garanda inçe ýüzi, inçe burny, has öňe çykyp duran näzik ýüz keşbi bolupdyr. Marguşlylar hem, umumylykda alanyňda, şolara meňzeýär diýen maglumatlar bar, ýöne marguşlylaryň arasynda örän pes boýly (145 sm.) we uzyn boýly (180 sm.) adamlar duş gelýär. Olaryň onçakly uly bolmadyk uzyn we ýasy kellesi, uzyn we ýasy ýüzi hem-de uzyndan gelen inçe kellesi bolupdyr.
Marguşyň gazuw-agtaryş işleri geçirilen köşkleri we ybadathanalary otparazçylyk atly ilkinji dünýä dinini döreden köphudaýly taýpalaryň monumental binagärlik ýadygärliklerini emele getirýär. Başgaça aýdylanda, şu ýerler ol dini dörediji zoroastranyň watany bolmagy-da mümkin, ýöne dürli ýurtlaryň köp hünärmenleri muňa kesgitli garşylyk görkezýärler. Elbetde, şu ýerde, hiç wagt adam aýagy sekmedik çöllükde gadymy siwilizasiýanyň bolandygyny we özüniň filosofik, etik dini ulgamy bolan ilkinji dünýä dininiň döremegi barada göz öňüne getirmek aňsat hem däl. Biziň günlerimize Zaratuştranyň bulaşyk keşbi gelip ýetipdir, megerem alymlarda onuň hakyky ýaşap geçendigine doly ynam bolan däldir, ýöne soňky maglumatlar netijesinde Zaratuştranyň hyýaly ýa-da halk gahrymany däldigi belli boldy. Şol maglumatlara görä, gadymy döwürlerde Ýewraziýa giňişliginde hindi-ýewropa dillerinde gürleýän halkyýetler ýaşapdyr. Olaryň ilkinji watany Ýakyn Gündogar bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky VI-V müňýyllykda hindi-ýewropa halklaryny (esasan, gündogar çetini) dilleri biri-birine juda ýakyn bolan hindiari taýpalary düzüpdir. Dürli ylymlar boýunça hünärmenler bu gün hut ariler dünýäsinde dünýäniň birinji dini bolan otparazçylygyň emele gelendigi baradaky netijä geldiler. Olaryň ýaýran ýerlerine Merkezi Aziýanyň gadymy ekerançylyk welaýatlary, ilkinji nobatda bolsa, Marguş Baktriýa we Bulujystan girýär. Awestada otparazçylyk bilen ýakyndan bagly iki taryhy welaýat Marguş (Mauru) we Baktriýa (Bahdi) barada ýatlanylyp geçilýär. Hut şu ýerde biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllygyň ahyryndan başlap, bir dilde gepleýän we bir dine uýýan, öz ybadathanalarynda birmeňzeş hudaýlara çokunýan garyndaş taýpalar giňden ýaýrapdyr. Şu ýerde ýaşan adamlar öz merhumlaryny-da birmeňzeş däp-dessurlar bilen jaýlapdyrlar. Marguşda we Baktriýada otparazçylyk dinini döreden jemgyýetiň bolandygyna şaýatlyk edýän arheologiki maglumatlar soňky ýyllarda toplanýar.
Gadymy ýurduň medeni mirasyny açyp görkezýän tapyndylaryň biri-de möhürlerdir. Gazuw-agtaryş işleri alnyp barlanda, häzirki ussatlary hem haýrana goýan her dürli bürünçden, gipsden, kümüşden, toýundan, daşdan möhürleriň tapylmagy has hem täsindir. Möhürler tegelek, inedördül, gönüburçluk, rozetka görnüşli ýasalypdyr. Bu möhürler diňe bir ajaýyp sungat eseri ýa-da şahsy eýeçiligiň nyşany bolman, eýsem eýesini gözden-dilden, howp-hatar, bela-beterden, betbagtlyklardan gorap, olara üstünlik getirip, güýç-kuwwat beriji, saglygyňy goraýjy ýaly häsiýete eýe bolupdyr. Möhürler türkmen halkynyň dini-däp dessurlary, ynançlary, hekaýatlary bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşaýyş bolan ähli ýerlerde möhürleriň dürli görnüşleri tapyldy. Zoomorf görnüşli möhürlerde dürli haýwanlaryň geçiniň, ýyrtyjy haýwan şekilli bürünç möhürler (zoomorf — görnüşli ýagny, hudaýlary haýwanlaryň şekilinde bolmagyna ynanýan dini akym) Antropomorf görnüşli möhürlerde adamlaryň şekilleri şekillendirilen. Antropomorf — käbir dinlerde: hudaý adam şekilindedir diýen düşünje. Muňa mysal edip, kürsüde gaýşaryp oturan zenan keşpli kümüş möhüri, kürsüde oturan eli käseli adam şekilli bürünç möhürleri getirse bolar.
Gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan möhürleri alymlar çuňňur öwrenipdirler. Olaryň daş görnüşiniň nämeden we nähili ýasalandygyny anyklap öwrenipdirler. Goňurdepeden tapylan silindr şekilli möhüriň gipse basylan şekilinde bir adam ellerini uzadyp, ýarsy adam, ýarsy ýolbars şekilli hyýaly görnüşli haýwany tutup dur, onuň gapdalynda hem bir adam hyýaly bir jandary elleri bilen tutup dur. Şular ýaly sýužetli möhürler Mesopotamiýadan hem tapylypdyr. Mesopotamiýadan tapylan silindr şekilli möhürlerde mifik şekilli sýužetli kompozisiýalar şekillendirilen. Margiana bilen Baktriýa bürünç zamanynda, Beýik ýüpek ýolunyň döremezinden onlarça asyr ozal, Aziýa sebitinde Gündogar bilen Günbataryň arasynda aralyk ýeri eýeläpdir. 
Marguşdan tapylan tapyndylaryň arasynda gelin-gyzlaryň gymmatbaha şaý-sepleri, ýagny altyndan dürli daşlar bilen bezelen monjuklar, bilezikler, saç ildirgiçleri şeýle hem müşk-anbar salnan bürünç gutujyklaryň birnäçeleri bar. Bu bolsa şol döwürlerde hem türkmen gelin-gyzlarynyň öz gözelliklerine üns berendiklerini alamatlandyrýar. Şol döwrüň zergärleriniň örän inçejik ussatlyk bilen ýasan şaýlary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Marguşlylar mis şaý-sepleri hem ýasapdyrlar. Meselem, iňňebagjyklar, bezeg monjuklary şol şaý-seplere degişlidir. Tapylan tapyndylara görä, aýallar о dünýä her hili mis şaý-sepler, şol sanda kinniwanja kosmetik çüýşejikler bilen ugradylypdyr, olaryň içine köplenç kosmetikany salmak üçin mis taýajyklar applikatorlar salnypdyr. Şeýle çüýşelerden biri Bernlidak (ABŞ) Uniwersitetiniň laboratoriýasynda öwrenilende, pudrany ýatladýan külkäniň galyndysydygy ýüze çykarylypdyr.
Ýerli zergärler kümüş we altyn önümlerini ýasamagy hem başarypdyrlar. Şeýlelikde, arheologlar düwlen ýumruk ýa-da tersine, açylan aýa görnüşindäki güberçek iňňebagjyklary tapypdyrlar. Edil şoňa meňzeş zatlar Baktriýadan hem tapylypdyr, olar güberçek guş we haýwan şekilleri bilen bezelipdir.
Gadymy Marguş döwletinde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi netijesinde tapylan dürli görnüşli tapyndylar bu günki gün diňe bir öz halkymyzyň medeni gymmatlyklaryna däl, eýsem, dünýä halklarynyň medeni gymmatlyklaryna degişli hasaplanylýar. Çünki biziň ata-babalarymyz dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hasaplanýar.

Oraznabat SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy-usulyýet bölüminiň müdiri.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 20 | Добавил: Has | Теги: Oraznabat Saparowa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: