15:19
Döwürnama / poemanyñ dowamy

DÖWÜRNAMA

II.

Eý, şahyr ýüregim,
Joş, galkyn bu gün!
Täze döwri açýar, gör, halkym bu gün!
Her güni, - sagady göreşden doly,
Halkym dowam edýär
Täze hyjuw bilen,
täze güýç bilen
Taryhyñ göwsünde
Sudury tapylan
Şol dogry ýoly!
Säwliklere
Şowsuzlyga
Käte daryksa-da seniñ göwrümiñ
Bu gün açyk aýdýas,
Edýäris aýan,
Bu anyk talaby meniñ döwrümiñ,
Bolmaly däl munda janyny aýan.
Ýaşamaga ukyplydyr jemgyýet,
Haçan öz derdiñi kesgitläp bilse,
Ýeñip geçip beýnidäki darlygy.
Ýeten derejesin ýagşy anyklap,
Öñe ätläp bilse,
Onda bu bedende ösüş barlygy,
Diýmek,
bu jemgyýet,
ösýär,
berkeýär.
Tutan maksadyna ýetjegi çyndyr,
Onuñ tutan işi bolar berkarar.
Eý, şahyr ýüregim,
Guwan sen bu gün.
Ýürekde berç alyp,
duransoñ ajan
Ýa pyşyrdap aýdýan ýürek sözlerñi
Diýýäñ aç-açan,
Sebäbi bu pursat döwür özgerdi.
Keselmizi,
derdimiziñ sebäbin,
Etdik biz aýan.
Beýtsek uly zyýan
Bolar diýip çyny bilen dyzaýan
Az däl bu gün,
Ýöne ýüreklerde galmasyn düwün.
Ýöne öñki ýaly,
Eñen ugrumyza yñyp,
Kellämiz gyzyp,
Bar zada tüflemän
Gowy zada gowy diýeliñ ilki,
Erbede erbet,
Bar zadyñ üstüne çekmäliñ çyzyk.
Süýtde agzy bişip,
Suwy üfleýän
Ýöne men şonda-da aýgytly pursat,
Öwrülşik mahaly
Güýçli-güýçli şahsyýetleñ bolmagny
Isleýän.
Olar bu gün edil hatarda ner dek
Götermeli agyr ýüki gerdene.
Taýýar bolmaly ol
Çyn göreşe janyn pida berse-de.
Jud kyn synagdan çekinip durman,
Soñ jogap bermeli bolaryn diýip,
Duýup bu pursatyñ ruhun doly
Bolmaly gerçek.
Erkek bolmaly,
Bolmaly däl ownuk,
Juda uşak zatlaryñ guly.
Halkym ýaly,
Diýar ýaly
Tutan maksadymyz ýaly bolmaly uly.
Her dem,
Sen uly Watanyñ adyndan gürläp,
Bolmasañ goçak,
Bolmasañ merdem,
Unutmasañ uşak-düşek kinäñi,
Horlanmasañ biraz,
Çekmeseñ azap,
Unutmasañ öz hususu kisäñi,
Garyndaşlyk,
ilparazlyk
Diýilen zatlarsan bolmasañ azat,
Bu etjek zatlarmyz aşmaz amala,
Biderek zat üçin,
Bolmajak zat üçin,
Bolmajak zat üçin galmalyñ basga.
Şu pursay bat alyp galmasak göge
Öñküden has beter batarys batga.
Hemmä aýan zatlar,
Ýöne unudylan ýönekeý zatlar,
Gerek däl bilmäge kän kelle döwmek,
Başga hiç kimki däl,
Biziñki döwlet!
Hemme zat biziñki
Bar zat biziñki,
Muña dahyly ýok başga hiç kesiñ,
Aradaky ähli zatlar aýrylýar,
Biziñ bilen döwletimiz baý bolýar,
Ýa düşýär garyp,
çökýär,
maýrylýar.
Biziñ bilen döwletimiz berkeýär
Ýa-da çagşaýar.
Biz bu gün öñküden asylly bolsak,
Biz bu gün öñküden akylly bolsak,
Döwletem şeýle.
Döwlet biziñ bilen bolýar kuwwatly,
Bolýar rowaç.
Her birimiz bu döwletiñ bölegi,
Bir döwletiñ bölegi,
Häzirki döwürde kosmosa çykyp,
Ähli syryn bilip ýedi gat ýeriñ,
Öwrenip älemi,
Başga-başga ýerden garyndaş gözläp,
Käte iñ ýönekeý,
Iñ kiçijik zady edip bilemzok,
Ejiz beýnimize zor salma dözmän.
Biziñ köpimizde entek entekler
Döwlet möçberinde oýlanmaklyk ýok.
Ojagmyzyñ daşy biziñ çägimiz,
Ýeriñ aýak ujy mellegiñ çeti.
Köpüräk goparmak,
Käniräk urmak
Şondan başga ýokdur onuñ hiç neti.
Kiçiligi üçin ownukdyr derdi,
Ilparazlyk bilen abraý aljakdyr,
Näumytdyr,
närazydyr
Göýä bar kişide köýen dek ary.
Käbirimiz üçin hut şu pursatda
Oýlansak,
nähili ýerlikli eken
Pyragyñ birleşmek hakdaky şygry.
Aç-açanlyk döwri,
Aýanlyk döwri,
Ýöne ynsanlykdan,
öz mertebäñden
Haýwlanlañ içine gaçmak diýmek däl.
Ara alyp,
maslahaty jemlemek
Eltmeli däl
Ar alyp masgaralamaga
Garalamaga...
Synpdaş kişiñ kalbyn ýaralamaga.
Bäsdeşiñem berer şoñ ýaly jogap,
Beýle zada ýeter onuñam gurby,
Bu gün çekinýän ýok ýersiz hemleden,
Öz ýaragyñ ýaly ýaragdan senem
Alarsyñ ugry.
Ýöne bular nämäñ hatyrasyna
Edilýär,
Nirä sarp edýäris güýç bilen gurby?
Köp kişä iş bolýar pisligi eden,
Şular ýaly ownuk zada bulaşyp,
Gyrada galýar
Çynlakaý gürrüñ,
Bar kişä bähbitlu hakyky jedel.
Agaç barly bolsa başy aşakdyr,
Boş şahalar asman ýüzüni syrýar.
Uly adam uly ädimläp barýar
Güjük oña däl-de özüne üýrýär.
Bir kiçijik myrryh
Ýaşap ýör dünýede,
Göýä onuñ ähli zatda ary bar.
Şeýle ýüregi,
Şeýle beýnini,
Göterýän kişide
Ýigrenilýän häsiýetleriñ bar bar.
Diñe özün söýüp,
Alada edip,
Nebsi gije-gündiz berensoñ buýruk,
Ýygnan zatlaryny,
Ýygşyranlarny
Az görer-de diýer
Girime salaýsam dünýäni düýrüp.
Bilmez bu baýlygyñ beladygyny,
Bilmez ol
aslyşýan tanapy tanapy çüýrük.
Binamysdyr,
ynam edip bolmaýar,
Beýle kişi bilen ýol sökmek hatar.
Jinnek ýaly bähbit,
Kör köpük üçin,
Öýüni,
ilini,
dosty-ýaryny,
Namysy-aryny
Baryny satar.
Munuñ üçin ejir çekmez wyždandan,
Horlamaz ynsap,
Arkaýyn ýatar,
Özün arşdan asar,
Özünden başgany çykarar sandan.
Beýnisi kesellä,
Hiç dilim baranok diri diýmäge,
Döwürdeş diýmäge beýle tetellä.
Biziñ bilen bir howadan dem alyp,
Gezip ýörse-de
Diýmäñ oña biziñ bilen ekeni
Biz bilen däl indem,
Däldi ol öñem,
Diri jeset,
Öz daşyna özi çolap kepeni,
Bir mahal ölen.
Unudyñ siz ony,
Päsgel bermäñ öz ýurduna göçüriñ.
Bu günki hüjümde oña orun ýok,
Şonuñ üçin oñ adyny öçüriñ,
Bolmasyn ol hatarmyzda gury san.
Bolýan ýagdaý hakda
Aýdyp bereýin men ýene bir mysal:
Peşgeş berilmändi oña dereje,
Hiç bir wezipäni almandy diläp,
Bilimi,
akyly,
ukyby üçin
Has belende çykardylar itekläp.
Şonda sag beýnide kiçijik gurçuk
Döredi,
hiç kimiñ gözne ilmedi.
Beýniñ eýesi-de bilmedi ony,
Hatda ejesi-de bilmedi ony,
Ýañkyja gurçuk,
kertip kem-kemden
Beýniñ ortasyndan etdi çukurjyk.
Soñra gyryp,
gyryp,
gyryp,
Özem ulalyp,
Ulaldyp deşigi işledi gurçuk,
Indi beýniñ ýeri durdy hoñkaryp,
Beýniñ ornunda
Beýni,
Beýgi iýýän gurçuk otyr hoñkaryp.
Indi giç,
Urunsañam näçe,
ejir çekseñem
Dolanyp durkuna gelmez ol beýni.
Şeýdip men-menlikden dörän gurçujak
Serreltdi beýgi.
Indi giç,
peýda ýok etseñem puşman,
Hiç haçan unutmañ,
Unutmalyñ biz
Özüñden döreýär iñ uly duşman...
Eger adam
Başarjañ,
bilimli,
akylly bolup,
Özüne mynasup ulalýan bolsa,
Bu juda gowy.
Ýöne uly adam
Uly wezipesin ulanýan bolsa,
Gaçdygy towy.
Eger sada adam
Abraýnyñ ulalýanna kiçelse,
Ulalýan adyna garap ýygrylsa,
Öz adyny arşa çykarjak bolýan
Ýallakçylañ göni gözüne garap
Ýylgyrsa,
Bilmeýän zadynyñ känligin bilse,
Bilse edilmeli işiñ köplügin,
Düşünse ol öz etmeli zadynyñ
Ondanam köplügin,
Beýle adam bilen çyksa bor bu gün
Aýgytly söweşe geljegmiz üçin.
Ynanyp bor oña,
Bu günki işini goýmaz ol soña.
Bilýän beýle kişä,
Haýsy iş ynansañ
Işlär ol ýürekden eder-de çynyn.
Biperwaýlyk ýatdyr,
Arkaýyn gezmez
Agyrlygy üçin bergi-borjunyñ.
Ýüregi erkine goýmaz beýnini,
Beýni rahatlyk bermez ýürege.
Öz ykbaly,
halkdyr
Diýar ykbaly
Üçin azap çekýän
Ynsanyñ beýgi!
Bu gün döwrümiziñ üýtgänin görüp,
Biziñ ählijämiz
Bu gün bir demde
Belende galmaly,
ulalmaly biz.
Ötüp giden ata-babalarmyzyñ
Ynamyny,
Gaýrat-gujuryny ulanmaly biz
Döwre laýyk has belende göterip.
Añymyzyñ arryk bolany üçin
Biz juda söýýäris ullakan çini.
Peşgeş berlen ýaly garbap alýarys
Ähli wezipäni,
ähli kürsini.
Ýutjak süñkümizi deñąp göremzok,
Düşünip,
düşünmän sokýarys burny.
Bilemzok çatjakmy injigiñ gurby,
Biziñ her birimiz düwdeneklejek
Eger-de boş diýse Tañrynyñ orny.
Ençe ýyl geçensoñ,
Ynanylan bar iş bolansoñ berbat,
Artykmajy bilen alyp hakyny
Etmeli işiñi etmeseñ berjaý
Diýseler bir günem kakyp egniñe
Eý, bimar pyýada
Bäriñe eset,
Pursat boldy indi,
Garantgy bolmañy sen indi bes et.
Tutup kakynyñ,
Aljyrap,
derläp.
Unudyp iýenñi,
ähli içenñi
Ýalbaryp ugraýañ,
Gaýrat edäýiñ,
Oturaýyn indi pensiýa çenli...
Ýogsam uly-uly wezipelerden
Otdan gorkan ýaly gorkmaly ýaly.
Boýnuña ýüklenýän jogapkärçilik
Horlamaly seni,
Oýlandyrmaly,
Hut şonuñ üçinem ürkmeli ýaly.
Özüñi bu uly synagda synap,
Köp azap çekmeli boljagny bilip
Azar çekmeli,
Ukusyz gijeler janyñy gynap,
Erkinligñi işe gurban etmeli,
Ilki bilen göz öñüne gelmeli
Bu agyr wezipäñ nämä taýlygy.
Ýöne geñ galmaly,
Bizi gyzykdyrýar uly wezipäñ
Ýeñil maşyny,
Daşyndan,
içinden gelýän aýlygy.
Biz
Näme üçin ownuk,
Näm üçin ejiz,
Nireden döreýär bu ýowuz kesel?
Onuñ emi nirede,
Haýsy ýarag onuñ köküni keser?
Bir kişi,
Bir murtar kişi
Aşyn awy eder ençe bendeleñ.
Özi ýaly ýürek bulan gendeleñ
Tapyp bir toparyn,
döredip süri,
Bili bükük kezzap,
Eñegi çüri,
Ot gorsaýar,
Gybat bilen,
ýalan bilen,
al bilen,
Nejis ýol bilen
Bozup adamlaryñ gatnaşygyny,
Gorjaýar,
Gyýbat,
ýalan bilen çişirýär ýürek,
Bu zatda olaryñ öz bähbidi bar.
Eger ähli kişi dost, gardaş bolsa,
Syrdaş bolsa,
Olaryñ kimligi bilinjek bada.
Ýöne ol ýaşapdy,
ýene-de ýaşar
Beýle pis pygyllar ýene dünýäde.
Olañ ýaşamagna
Biliñ,
günäkär däl olañ özleri,
Olar bizi iýip ýaşaýan haýwan.
Olañ ýaşamagny biz üpjün edýäs,
Bu durmuşda bir-birege ynanman...
Hawa, biz ownuk,
Biz juda ownuk,
Millet hakda oýlanmaga güýç tapman,
Kiçijik bähbidiñ uçgurna boglup,
Iýýäs bir-birimiz wagşy mahluk dek,
Tanamak kyn boldy namardy,
merdi.
Öz-özümiz gümra,
Garpyşa-garpyşa,
Öwrülip harpyga
Öwrenişýäs başga-başga şarpyga.
Biz duýamzok,
Biz üçin ýat ýaly
Bu uly Diýaryñ bu uly derdi!
Biz bu gün täzeçe ýaşajak bolsak,
Boljak bolsak döwrüñ mynasyp ogly,
Bize päsgel berer
Köp ýyllañ dowamy
Daşymyzy gurşan daş ýaly gabyk...
Ýene saljak bolýar şol öñki çäge,
Tapmasañ çäre,
Bolar ol señ üçin
Gapagy ýapylman goýulan tabyt.
Öwrülşik pursaty
Diýmeli ýürekden her kim özüne
Bu göreşde är ornuny tutaryn!
Ynan,
her bir kişä,
Çylşyrymlt pursat
Degişlidir örän aýgytly orun.
Jebis hatarlara birleşip bu gün,
Gitmeli edinip ynamy baýdak,
Işden aýra çykmasa bor sözümiz ~
Özümize,
nesillere,
taryha
Bahasyna ýetip bolmajak baýrak.
Sebäbi taryhyñ sahypasyna
Halkyñ geçen ýoly,
Halkyñ ykbaly
Ýazylýar bir gezek,
ýazýañ ömürlik.
Hiç bozup bolanok,
Soñ gaýtalap ony ýazyp bolanok,
Ýazyp bolmaz soñ yzyña öwrülip.
Diñle, döwürdeşim,
Gulak as ykjam,
Geldi pursat
Bolmaly halkymyñ kesgir ýaragy,
Sarsmaz sütüni.
Eger gerek bolsa ýaryñ kükregi
Lowlaýan jigeri göterip göge
Ýagtyltmaly ýoly
Garañky tüni
Bu gün bu göreşde soñky deme çen,
Soñky öýjügñe çen,
Watanyñ,
halkymyñ işine berlip,
Göreşmeli,
Ýowuz synag ýaksa-da,
Diñe şondan ýetip bolar geljege,
Diñe şonda ýeteris biz maksada.
Dünýäniñ halklarynyñ baryny söýýän,
Uzak ülkeleriñ gyzyl güllerin,
Garyny söýýän.
Toprak saýlamok men,
Ýer şaryny söýýän,
Ýöne şuny diýýän:
Ahyr gezek galman ýatmaly bolsam,
Ýataýyn men ozal belet ýerimde,
Gatam bolsa toýun,
Kynam bolsa gazmak
Meni eziz ülkäñ goýnunda goýuñ.
Bitiriñ iñ soñky haýyşymy siz,
Dileg däl siz üçin ýazýanym üçin
Gazarsyñyz diýýän soñky jaýymy,
Şol jaýy meñ size gazmanym üçin,
Bu gün dökdüm ýürekdäki bar zady,
Boşluk duýamok men,
Duýýaryn hoşluk.
Ýigdelen Diýarym,
öz döwrüm bilen
Uraly giñ gadam geljege tarap.
Garaýyş üýtgedi,
Üýtgeşik talap,
Nem alsyn,
Dem alsyn
Döwrüñ ruhundan
döwrüñ sesinden
Bedeniñ öýjügi,
onuñ her bogny.
Hukuk al özüñden,
Garap gözüñe
Aç-açan diýmäge çekinmän sähel:
Men Watanyñ ogly,
Men halkyñ ogly!
Nazar salyp gül ülkäme her säher,
Durmuşa,
Bu döwre edýärin sežde.
Diñe ak arzuw bar,
Diñe umyt bar,
Joşgunly ýürekde,
Buýsançly serde!
Watan, beýgelýärsiñ täze gerimden,
Watan, arkaýyn bol perzentleriñden.

Pisunda, 1987 ýyl.

Orazguly ANNAÝEW.

Категория: Poemalar | Просмотров: 167 | Добавил: Has | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Formasyz we erkin gornuşde yazylan ajayyp poema

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: