23:43
Döwürnama / poema

DÖWÜRNAMA

I.

Eziz diýar,
Dünýä gelip tapanym,
Gözüm açyp, elim serip toplanym,
Göbegimi señ göwsüñe sapanym,
Çybyk atly señ arkañda çapanym,
Eziz topragym,
Zeminim,
Bar zatdan ileri görýän ezizim!
Senden alýan ykbalymyñ gözbaşyn,
Seni wasp ederin,
goýaryn sarpa
Demim gelip gitse, dik bolsa başym.
Seniñ äpetligñi,
Seniñ ägirtligñi
Kim bilmez ülkäm?!
Sebäbi señ äpet ogullaryñ bar,
Bardyr seniñ ägirt-ägirt gyzlaryñ.
Muña düşünmedik bolanlar üçin,
Kyn bolandyr tapmak öñki yzlaryn.
Sen bizi ösdüren,
Sen bizi taplan,
Duçar edip zabun,
kyn synaglara
Erksizlikden,
Ejizlikden ömürlik saplan.
Ýöne söýgi diýip, (bu gün duýulýar)
Kalbyna gaplan
gorkyny
Hasaplan
Perzentleriñ saña edýändir sežde.
Başda ynam bilen ädipdik ädim.
Şonda iñ belent zat
Lebizdi lebiz!
Bu ýerde,
Soñ döredi,
Göze görünmeýän aldawçy perde,
Dilimiz saýraýar joşgundan ýaña,
Ýürekde başga zat.
Başga zat serde.
Olar bir-birine gelenok jebis,
Öñe tarap idip barýanam nebis!
Eziz Diýar,
Gezip çykmak seniñ aýlaw ýollarñy,
Synlamak obalañ säherlerini,
Şäherleriñi,
Tebigatyñ çitip goýan göllerni
Başartmaz
Syýahat etseñem eger bir egne.
Ýöne bu zatlaryñ ählijesini
Ýerleşdirip bolýar şahyr ýüregne.

Bu dünýäde bagtym diýip beslänim,
Her demde islänim,
Halkymyñ ykbalyn,
Ýagdaýyn - halyn
Görýärin keşbiñde eziz mekanym,
Jigerim-janym,
Türkmenistanym!
Damjada deñiziñ saklanşy ýaly,
Her daban ýeriñde,
Her ädimiñde
Eziz Diýarymyñ gözelligi bar,
Watana düşünmäñ gönezligi bar.
Käte biz
Hakyky çöl bilen entek duşuşman,
Onuñ mazmunyna düşünmän anyk
Hasaplamak ony dowzahyñ jaýy -
Hasaplamak ony eýmenç bir duşman,
Elbetde, aýyp.
Bilmän şeýle many çykarsak eger,
Beýle ýalñyşlykdan çalynan şarpyk
Ilki bize deger.
Eýsem,
Müñ ýyllyk ojarlañ başyny egseñ,
Gyrsañ sazaklary sim tanap bilen,
Çöldäki haýwanlañ göwnüne degseñ,
Bu zatlañ öwezin kim dolup biler?
Ähli işiñ taşla,
Ýitgilerñi sana...
Belentligi bilen ady rowaç
Ümmülmez çöl,
Çäge deñzi
Adamyñ derdinden alyp elheder
Aman diläp elin serýär asmana.
Şoñ üçin tiz,
Etmeli alada, düşmeli dowla.
Ol ejiz,
Ol mätäç
Adamlaryñ basym etjek goldawna.
Belki,
biz çöllügi gorap bileris,
Ýöne meni biynjalyk edýän zat
Adamlaryñ gatnaşygnyñ çöllügi.
Eger-de gerimi giñese onuñ,
Tebigatda köp zatlaryñ,
Soñra ömürylla
Eşitmejek atlaryn
Adamlañ añynda baky öldügi.
Bu ýitgiñ ulusy,
Örän gorkuly,
Biz gorajak bolýas çölüñ süññüni,
Gözel tebigatyñ gözel görküni.
Ýöne saýgaramzok,
Biziñ bir-birege
Gazýan gorpuny.
Iñ erbet ýeri,
Hut biziñ özümiz
özümiz üçin
Juda gorkuly.
Ýok mahaly birek-birege hormat,
Güleñde ýürekden gülmeýän bolsak,
Öz halkyña, geçmişiñe
Guwanç ýok wagty,
Buýsanç ýok wagty,
Adamyñ bahasy gara şaýyka,
Ynsanyñ gadryny bilmeýän bolsak,
Edýän zadymyz bir,
Aýdýanymyz başga,
Ondan başga zat ündeýän bolsak,
Kyn bolar, kyn bolar,
Juda kyn bolar.
Goýberlen säwligi bu gün düzetmek.
Duşdan geçen,
Aglap geçen wagtyñ yzyndan ýetmek.
Gymmaty ýok ynsan,
Nädip gymmatyny bilsin çägäniñ,
Nädip düşünsin ol,
Şorlap sandan çykan ene topraga,
Argynlykdan ýaña,
Agzyndan gaçyrsa iýýän gutabyn,
Bu gün ejir çekse
Añşyrman hiç harpyn,
Okap bilmän
On ýyl ozal okap çykan kitabyn,
Ol baky hüjümden ömürlik ýadan,
Aýdyp bilmän,
Aýtmaly sözleri tapmadyk nadan,
Topragyñ diline düşüp bilermi,
Diñläp düşünmese
"Gökdepe mukamyn"...
Bäş günlük şöhrata başyny egen,
Bugarjak bir damja galp sylag üçin
Wyždanyn ezen,
Haramdan ýygnan,
Namysyny satyp.
Karun deý dünýäniñ malyny sygnan
Haramzada üçin
Çekmeli biz bu gün köplerden minnet,
Çüýredi,
poslady,
çökdi,
maýryldy,
Buýsanjyndan guwanjyndan aýryldy,
Bu gün öz-özünden utanýar millet.
Berilmeli bilmi
Hem terbiýäni,
Alynmaly zady alyp bilmedik,
Döwrüñ derejesi beýlede dursun,
Öz boýna,
Ör boýna galyp bilmedik,
Öz mukaddes ornun,
Wyždanyn,
borjun,
Asyl öz dünýäsin anyk bilmedik
Nesil
Säwlikleriñ, ýalñyşlyklañ,
Döresen jebriniñ çekýär hemmesin.
Hoş sözlerde halanan,
Beýikdirin öýdüp,
Baýdyryn öýdüp
Tüwmaýak mahaly ýene talanan,
Harlanan,
horlanan,
zorlanan
Watan ykbalyna,
Nesliñ ykbalyna,
Haýsy gerçek çuñ düşünsin,
Jowransyn?!
Il agasy bolup öñe çykanlar,
Seljermän halaly,
Haýsy zat haram,
Parh goýman hak işmi
Ýa-da ol karam
Diñe öz derdini çekip,
Il derdini bolsa edip owarram.
Hasap edip,
Bu zatlaryñ bary berilen ykbal,
Darajyk beýniniñ çäginden çykman
Diýdi ol döwülse döwülsin bar zat,
Ýitsin, ýok bolsun,
Owransa owransyn,
Gitsin, ýok bolsun ~
Şeýle pikir öwrüp biler ol hökman.
Sebäp başga zada ýokdur ukyby,
Çünki ýyllar boýy
Şuny öwrenen.
Eger-de beýnisi kiçijik bolsa,
Peýda ýok ullakan,
goçak göwreden.
Zaýalanan bolsa ymgyr giden çöl,
Adamlañ beýnisi zaýadyr başda.
Egee ene toprak şorlaýan bolsa,
Adamlañ beýnisi şorlandyr ilki ~
Bolup bilmez sebäp bir şondan başga.
Geliñ, ýeke pursat
Egleneliñ,
Garalyñ biz, geliñ, öz-özümize,
Geçmişi,
geljegj mazaly ýatlap,
Sowallara jogap tapalyñ diñe,
Düşünşeliñ ilki
Kim biz?
Näme biz?!
Ýetdikkäk biz bu gün haýsy derejä,
Taryh kanunynyñ üstünden ätläp,
Gyssanyp,
Gyssalyl juda ösdükmi?
Näme etdik,
Nirä ýetdik,
Soñy ýyllar öwüp beter tizligi,
Has dogrusy ýalan sözläp,
Dogry sözden ýaman gözläp,
Yza tesdikmi?!
Gygyrdyk,
El çarpdyk,
Ör turduk ýene,
Taryha ýazyldy adymyz diýip.
Bäş ýylda ýüz ýyllyk ýoly geçýäris,
Hiç duşman,
Hiç bir güýç
Gowşatmaz okgunly badymyz diýip.
Gygyrdyk ýördük biz,
Diñe gygyrdyk
Eşitmedik hatda öz sesimizi.
Dogrudanam saklap biljek däl eken,
Hiç daşarky duşman
Ýa-da başga güýç
Ejiz ýermiz asla çaklap biljek däl eken,
Asla hiç kim egläp biljek däl bizi,
Togtadýan wagtymyz öz-özümizi.
Oýlanmak ukybyn unudyo düýpden,
Çinli görsek süri ýaly ördük biz.
Beýnimizi,
ýüregmizi dörmedik,
Döwletiñ kisesin
(döwletiñ kisesem özüñki ahyr)
Yhlas bilen,
hyjuw bilen dördük biz.
Balkyldap dursa-da bäbeneklermiz,
Lowurdap dursa-da ähli äýnekler
Kördük biz,
kördük biz,
juda kördük biz.
Batga batyp,
biz beýik,
biz bagtly diýip
Gygyryp ýördük biz, gygyryp ýördük...
Hany ol gerçekler gerdenin gerip
Diñe hakykaty baýdak edinip,
Ajalyñ ýüzüne dogry garaýan?
Her deminde il bähbidin araýan,
Aýan bilip,
Halkyñ bagty üçin
Duşmanyna ajal ýaly daraýan ~
Hany kl wepaly ärler nirede?!
Altyna däl,
Öz antyna wepaly
Ýigitler bir ýerde ýitip gitdimi,
O gerçekleñ yzy baky ýitdimi?..
Wepat boldy olar,
Söweşlerde - graždanlyk urşunda.
Doganyñ
Dogana
Ýigrenjinden,
gazabyndan
Guýlan gurşundan.
Aýñalan mahaly halkym azajyk,
Rahat durmuşyñ bagtyndan ganyp
Galkynan wagty,
Halkyñ başyn çeken gerçek ýigitler
Artdyrjak mahaly oýanan bagty,
Ýañy özün tutup başlanda ilim
Indi başa
Şol agyr belasy otuz ýediniñ!
Soñra jahan urşy,
Saýlama ýigitler gitdi söweşe,
Ol uruş saýlady namardy merdi,
Menuñ bu mähriban kiçijik halkym
Uly pida berdi,
Şeýdip artdy,
Öñküdenem has köpeldi oñ derdi.
Öñem çöken göwni,
Köp synan göwni
Parahat günleriñ eşreti bilen
Düzetmäge ýañy girişipdik biz.
Indi başymyzdan aýylganç bela ~
Kyrk sekiz...
Beýle betbagtlyk,
Bu giden bela
Biz ýaly halk üçin çökder dälmikä,
Dälmikä şumluk!
Näçe mahal gerek,
Dikeltmek üçin,
Galmak üçin,
Gerçek ýigitleriñ ornuny dolup
Aýñalmak üçin...
Biz bolsa gygyrýas
Bar zat ajaýyp,
Ähli zat gowluk!
Kyn zat duşsa dymýas
Ýa geçýäs sowlup.
Biziñ telper añymyzy syndyrýar
Sähelçe çuñluk.
Gowy zat kän,
Gerek däldir oñat zady ýaşyrmak,
Ýöne biz mertlerçe boýun alalyñ.
Biz jud ownuk!
Biz juda ejiz!
Bu dertden saplanyp bilmegmiz mümkin,
Halkymyñ paýhasyn gursaga guýsak.
Halkyma,
özüñe,
Geljege hem geçmişe
Çäksiz guwanç duýsak,
Buýsansak eger.
Buýsançly baş belent bolýar elmydam,
Goý, bu jümle,
Undulan düşünje
Bu gün bizde oýlandyrsyn köpleri.
Kimligmizi bilmek üçin,
Kesgitlemek üçin öz ornumyzy
Bilmeli taryhy,
Öwrenmeli çuña gidýän kökleri.
Belent bolup bolmaz
Belet bolmasañ,
Näçe çuña gitseñ,
Başyñ belent señ.
Halkymyñ taryhyn gözläñ uzakdan,
Getirmäñ oñ doglan wagtyn alkyma.
Onuñ guwanjyny eline beriñ,
Beriñ buýsanjyny eziz halkyma!
Asyrlaryñ jümmüşine siñýändir,
Köp gezek urulan,
Kän-kän bogulan...
Ýöne şeýle zady bilmegmiz gerek
Däldir halkym on ýedide dogulan.
Ýitip giden däldir meniñ geçmişim,
Eger oñ üstüne atanak çeksem,
Günäsini ömür ötüp bolmajak
Eýmenç etmişim.
Halkyñ taryhyny dogry ýazmaly,
Munda etmeli däl birjik-de galplyk.
Özün hormatlaýan her bir adama
Ýañky taryh baky
Bolmaly harplyk.
Düzetmän taryhy hapa el bilen
Diýip:
Bu taýda eýle et,
munda beýle diý,
Şeýdip düzedilse, bolup dur onsoñ
"Mejburyn" ýerine
ýöne "meýletin.
Degmedige ömürylla degmedik,
Başga kişä belent başyn egmedik
Halkymyñ guwanjy,
Gerçekleri bar.
Halkyñ isleginden,
Arzuwdan dörän
Örän belent başly erkekleri bar.
Arzuwny,
islegni,
gahar-gazabyn,
Näzik duýgularny,
Göwün joşuny,
Beýan eden halkym aýdymda, sazda,
Halyñ gölünde
Goýupdyr nusga,
Olañ bary ruhy baýlykdan nyşan.
Köp bolsa-da olañ süññünde gussa.
Bu gün olar,
Mähriban halkyma uly şöhrat-şan.
Şonuñ üçin
Türkmen halky geçmişde
Gedaý bolup,
Gedaý ýaşapdyr diýýän
Taryhçynyñ ähli
ähli tohumy
Goýsun gohuny.
Çäkli añymyza çenli,
Pesligmize çenli
Kiçeldýäris,
peseldýäris halky biz.
Her hili kyn günde ýaşan-da bolsa,
Gedaý bolan däldir asla halkymyz.
(Şu gün şeýle howp abanýar diýeliñ,
Gaýtalap ýörmäliñ köne galpy biz).
Garañky tünde,
Gazaply günde
Degmedige degmän,
Çekmän minnetini özünden zoruñ,
Başyny egmän,
Garaşyp,
Göreşip
Bu döwüre ýeten
Halkymyñ ruhy belentdi öñem,
Belentdir häzir,
Gabahat bor muny görmedik bolmak,
Ertekisin eşdip,
Şygryny diñläp,
Gadymy sazyna jigerñi daglap,
Geçmişi geljege ömürlik baglap,
Gowsuna guwanyp,
Kyn güne aglap,
Halkyñ bilen baglamasañ bagryñy,
Çykarma sesiñi.
Döwür geler
Saýlar bu zatlaryñ hemmejesini.
Türkmeniñ mertligne şek bolup bilmez,
Eger namart bolsa,
Ýa gorkak bolsa,
Aldym-gaç döwürde birçak gyrlardy,
Soñuna çykarlardy.
Ony soñam köp-köp subut edipdi,
Halkymyñ hyzmatyn bitiren nerler.
Bu günem unutmañ,
Unutmañ bize
Oguzhanyñ,
Gorkut atañ,
Göroglyñ,
Keýmiriñ nesli diýerler!
Türkmeniñ wepasy hakda taryhda
Kändir kyssa,
Köpler etdi ony diline sena.
Belent mertebeli şalar,
soltanlar.
Bagt bilipdir,
Arkaýyn duýupdyr özüni mydam
Alyp bilse,
Saklap bilse,
Köşgünde türkmenden eger janpena.
Hiç döwür,
Hiç mahal
Biziñ halkymyz
Gul bolup şagladan däldir nebsini.
Ölüm howpy abansa-da üstüne
Ýuwdan däldir,
Indem ýuwutmaz lebzini.
Onda bu gün
Baý ülkede
Akylly,
azaphon,
bu dana halkym,
Berjaý edip bileñok öz borjuñy,
Unudýar antyn.
Düşün
Gürrüñ bir biderek bezzat hakda däl,
Ýa-da ýol urduran,
Ýa-da öz adyna ysnat getiren
Ile metgi bolan kezzap hakda däl.
Biziñ bu gürrüñmiz halkymyz hakda,
Şoñ üçin barymyz jogapkär muña,
Diñe jogap tapmak ýeterlik däldir,
Düşünmek gerek,
Neçün soñky ýyllar çekilen azap
Boldy biderek?!
Bu gün ters çykyp dur edilen hasap.
Halk diýmek nämekä,
Sen,
men,
ol,
biz...
Şolañ ählisiniñ agzy bir bolup,
Ýüregi saz bolup,
gopsa bir heñden,
leriñ şow bolar,
Ýeñiler kynçylyk çyksa-da öñden.
Ýöne kürsä münen
Kowsa,
kowsa eger wyždanyny ýanyndan,
Açsa arany,
Ilinden,
gününden,
dogduk mekandan,
Mes ýaşaýan ogry,
Garşylyk görmese ýakyn-ýadyndan,
Gaýta oñ edýänne guwanyp köpler
Diýse öz içinden şonuñky dogry,
Ogly aldap bilse ene-atasyn,
Halallygyñ nämedigin bilmese,
Bilmese äri,
Bilmese gelni,
Dogry söz diýmäge bolmasa miltiñ,
Galdyrsa elni,
Goldap däl,
gorkup,
Ulansa bähbide esgeriñ bildin...
Bildim,
Bu ýagdaýda gürrüñ etmek kyn,
Lebiz hakda,
namys hakda,
ar hakda.
Ýöne sen özüñi bir pursat sakla,
Aýla öz dünýäñe
Aýla sen nazar,
Eger öz dünýäñde tapyp bilseñ sen,
Ähli zady boýun almaga mertlik,
Düşünseñ nädende gowy boljagna,
Borjuña,
Gowyny goldap,
Barymyz bir bolup ýok etsek galpy,
Artar öñe barýan hereketimiz,
Sebäbi biz ~
Sen,
men,
ol ~
Birleşip döredýä bu uly HALKY!
Eger-de biz,
Öz-özümiz
Galkynmasak ýokary,
Başymyzy eger belent tutmasak,
Ýene öwrenilen endige görä
Özümizi galplyk bilen gutlasak,
Bolmaz!
Şeýtsek bizi güýlen,
Beýnimizi gatyk ýaly uýadan
Erksizlik,
ejizlik
Başyny bozmaz!
Şu günki talap:
Galkmaly,
Omzamaly öñe tarap.
Azatlygyñ ruhuny täzeläp,
Öz-özüñi pida bermäge çenli
Göreşmeli,
Gerek bolsa bolmaly sen çyra-da!
Atalardan galan däbe eýerip,
Bolmaly baýdak,
Bolmaly maýak!
Bu göreşde galmaly däl gyrada
Öz-özüñi aýap,
Janyñy aýap.
Ösüşi tesdiren,
Ynamy ýumran,
Halaldan däl
Mydam haramdan ýygnan,
Doýmaz-dolmaz,
Tapan ähli zadyn bir demde sygnan.
Mesliginden ýaña gözleri ýumlan
Hamyna sygman böwede öwrülen
Myrryhy sow ýoldan,
Galsyn, goý, ýyglap.
Eger-de biz bilen ýaşajak bolsa,
Ýag alan beýnisin oýatmaly bor.
Hereket etmäge bolar ol mejbur,
Haramylyk bilen ýaşamarsyñ kän,
Oñ bilen bolmarsyñ sen uzak meşhur.
Ýöne bir zady bil,
Unutma sen ýüze çykan ýagdaýy.
Ýigrenç köpelipdir,
Ýigrenç bilen gazap,
Möwç urýar bizde.
Bizdäki ýigrenjiñ çägi ýok, çägi
Ondan bedenimiz ganmasa ýagşy.
Bu zäher beýniñ, kalbyñ
Öýjüginds baky galmasa ýagşy.
Dogry,
Muny düşündirmek juda kyn zat däl,
Ýyllar boýy degnasyna deglen,
Kemsidilen,
Hukugynyñ köpi elinden alnan,
Halka hyzmat etmän,
Hyzmatkär eden
Emelliñ öñünde dik başy eglen,
Adamlar bu pursat
Çykansoñ güneşe,
çykansoñ ýaza,
Şol geçen günleri,
Bolan wakalary salansoñ ýada
Ýigrenýär ösüşi bökdänleñ baryn,
Boş wadalañ,
pöwhe sözleñ gullaryn.
Işinde,
durmuşda
Nädogry edensoñ dogryny, dürsi.
Eýeläp kürsi
Pozisiýasyn däl-de postuny goran
Her işi düşeniñ halyny däl-de
Köp para soran,
Köp ezýet beren
Kezzaplary ýigrenýärler ýürekden,
Taýýar ondan häzir almaga aryn.
Ýigrenilýänler
Juda mynasypdyr muña müñ kerem,
Çekmeli olaryñ her biri jeza,
Ýöne bu ýerde bar başga bir bela.
Eger biz gynanyp bilmesek olañ,
Düşen ýagdaýyna,
düşen halyna.
Ejizligiñ kökün gyryp bilmesek,
Añmasak gidenni nebsiñ alyna,
Görmesek juda bir akmak bolmadyk,
Adamlaryñ köýen,
ýanan ömrüne
Nebsiñ agyrmasa,
Jiglemese seniñ duýgur ýüregiñ,
Onda boýun borsuñ,
Barha köp ýaýradar ýigrenç emrini,
Her gün garaşarsyñ ähli gazetde
Çykmagyna kän şowhunly makalañ,
Okaýansyñ hezil edip ony sen,
Okaýañ halap ~
Ýöne ýeke gezek oýlandykmykak,
Bu bolan zatlarda barymyz hakly.
Oñ üçin bermeli barymyz jogap,
Ýakmaly zehini,
burmaly akly.
Başga zada gyzyp,
Özümizi ýatlap, şol bada sowap,
Bu gün ýigrenç bilen wyždan öñünde
Günämizi ýuwup,
gazanýas sogap.
Çäksiz söýüp bilýäs
Ýerde-suwda ýaşaýan bar haýwany,
Tokaýlary,
dagy,
derýany,
düzi.
Ýöne aýdyñ maña
Bizi,
hawa bizi
Goramaly kimkä
Eger goramasak öz-özümizi?!
Dogry,
Ýigrenmeli,
ýigrenmäge mynasyp,
Ilini, öz bagtyn ogurlan ogry.
Ýöne biz,
hawa biz,
biziñ hemmämiz,
Hakyky halk ogly,
Oñ eden,
oñ etjwk
Ählije zatlary dogry
Diýip,
Saýlapdyk olary belent wezipä.
Diñe oñat sözler aýdyp o hakda,
El çarpyp garşylap,
Ugradýardyk ony juda şowhunly
Mydama iş wagty geçýän ýygnakda.
Dogry sözler aýdylanda bu günem,
Hyjuw bilen batly çalýarys çapak.
Ýöne bolýan zatlar,
Aýdylýan zatlar
Ilki bilen bize bolmaly sapak.
Oýlanyp göreliñ,
Çapak çalýan el
Baglymyka beýni
Ýüregmiz bilen,
Täzeden döreýşi opurjak bolýan
El çarpýan bolmasyn biziñ bilen deñ.
Etmiş eden alar öz jezasyny,
Olañ günäsini gerek däl ýuwmak.
Ýöne yzasyny senem duý,
Ýagdaýy ýürekden sen süzüp geçir.
Jezañ agyrlygna beter guwanmak,
Öz üstüñden özüñ gülen ýalydyr,
Bilseñ bu-da seniñ özüñe ejir.
Bölüp al paýyñy
Bolsabam kejir.
Bu gün başga kişä,
Hem hut özüñe
Öñkülere görä belet bolmaly,
Öñki derejäñi unutmaly-da,
Öñküden päk,
Öñkiñden ýokary, belent bolmaly.
Hiç haçan,
hiç mahal
Bize,
neslimize ýat bolan däldir
Ynsany söýmeklik, ynsanperwerlik,
geliñ, oýlanalyñ bu zatlar hakda
Has çyndan,
has çuññur
Ýürekden berlip.
Bolmaly biz borjumyza wepaly,
Has belende galar ýaly,
Has guwanar ýaly indiki nesil.
Biz açyk diýmeli çemeçilere,
Aýaga çolaşyp päsgel berýäne.
Müñküre,
ahmyrla,
ähli göribe
Diýmeli aýgytly ~ siz yza tesiñ!
Çekil diýmeli biz
Jebis hatarlara sümüljek bolsa,
Durgunlyk döwründe mes bolan kümsük.
Ýa aýdylan söze mydam baş atyp,
Bu tolkunam geçer diýip garaşýan
Ümsüm...
Entek beýle zatlar bölse-de ünsüñ,
Döwrüñ talabyndan almaly many.
Düşün, bu gün ýüreginde her kimiñ
Çözülýändir Ata Watan ykbaly.
Eziz Türkmenistan,
seniñ ogullañ,
Seniñ abraýñy, adyñy goldap,
Belent tutup başy, guşap bilini,
Öz paýyny alar,
ornunda durar,
Begendirer şeýdip eziz ilini.
Eger-de biz ejiz bolsak bu pursat,
Galmasak hüjüme dogan bilen deñ,
Sagat bolmaz,
Sagdyn bolmaz,
Uly Watanymyzda bu uly beden.
Hiç bir işde,
Hiç göreşde
Heniz dili keltw bolmadyk halkym,
Döwrümiñ çagyrşyn baýdak edinip
Galkyn,
Galkyn,
Galkyn!...

(dowamy bar)...

Orazguly ANNAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Категория: Poemalar | Просмотров: 174 | Добавил: Has | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: