08:36
Dostuma ýüzlenme
Çagakam köp gezek oýnan topumyñ,
Daşana kartanyñ suratyn çekip,
Globus ýasaýyn, we ony saña
Sowgat edip bersem alarmyñ dostum?!
Sen ony hala dep, hala-da depme,
Isleseñem ol top meni ýatladyp,
Iş otagyñ stolyny bezesin.
Ýa kimdir biriniñ ýüzün gyzartsyn,
Gahar bilen adalata gezeseñ...
Sen dünýäni özgert, dünýäni düzet,
Globusy, hat-da uly ýer şaryn,
Özüñçe üýtgedip bolýanyn göz et!

* * *

Saýry galan göwnüm deýin,
Barlygymy saýrylamañ!
Kiçijek gursagma sygan,
Mähremlermi aýrylamañ!

Saz bilen ýaz:a bu göwnüm,
Gyş düşer "arman" çalynsa.
Egiler köñülde tugram,
Kem goýup ýüzün alynsa.

Öñküden üýtgemez günler,
Dogar-ýaşar, ýaşar-dogar.
Ornuñ kemligi ýassanar,
Dostlukdan has beýik dogan.

Gowsy kemligiñ görmäýin,
Bar bolup ýaşa mähriban.
Ýalñyşyp gitseñem bilgin,
Köpeljegni "mähriñe zar".

* * *
Категория: Goşgular | Просмотров: 15 | Добавил: Raýdaş | Теги: Laçyn Öwezowa | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: