04:21
Doglan günüñ gutly bolsun, Gülälek!

Doglan günüñ gutly bolsun!

www.kitapcylar.ml edebi-çeper we taryh saýtynyñ adminstrasiýasy saýtymyzyñ işjeñ agzasy Gülälek Begjanowany (nik ady @Raziýe_Soltan) şu gün, 2019-njy ýylyñ 16-njy martynda 24 ýaşyny doldurýandygy mynasybetly tüýs ýüregimizden mübärekleýäris. Uzak ýyllar saýtyñ işjeñ agzasy bolup, okyjylarymyzyñ  we çeper sözüñ muşdagy bolan her kesiñ öwgüsine mynasyp boljak ýazgylaryny we terjimelerini paýlaşmagyny arzuw etmek bilen birlikde, oña uzak ömür, berk jan saglyk, durmuşda üstünlik, işinde rowaçlyk, maşgalasynda bagtlylyk ýaran bolmagyny Beýik Allatagaladan nyýaz edýäris!

Hormatlamak bilen @Kitapçylar. 

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 53 | Добавил: Has | Рейтинг: 4.2/5

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 7
1
1  
Ýaz ýeline uçup gelen durnalar
Asmanyñ ýüzüni nagyşladylar
Durnalañ sesine güllän erikler
Saña ýigrim dõrdi bagyşladylar.

Doglan güniñi gutlamak üçin
Õýüñe üýşdiler deñi duşlaryñ
Olar yz-yzyna arzuw etdiler:
"Uzak bolsun uzak bolsun ýaşlaryñ"

Hemem olar gutlap juwanlyk ýaşyñ
Sowgat gowşurdylar oñatdan oñat,
Maña goşgy bolup gõrünen gyza
Menem bagyşladym bir goşgy sowgat.

Salam hormatly Gülälek, ýagny meniñ ýadymda @gulalekbegjanowa bolup galan merdana zenan:)

Doglan günüñ gutly õmrüñ uzak janyñ sag tutanyñ edeniñ gõrjegiñ geljegiñ ugruna bolsun jigim

0
2  
Ýokarda goýan goşgymyñ awtory men däl ýõne menem irde giçde şu saýta agza bolan gûnleriñi ýatlap ýylgyrarsyñ diyip size goýdum., goşgynyñ taryhy bar ony şahsyñyza ugradaryn @Raziýe_Soltan.

0
3  
Doglan günüň gutly bolsun, Gülälek.Goý,seň bütin ömrüň baky baharly jennet bagyna meňzesin.Goý bu ajaýyp günde edilen ähli arzuwlar joşguny,guwanjy,bagtyň dürli öwüşgini bilen  bakylyga çenli seň bilen bile bolsun.Perwerdigär ýüregiňdäki ýagşy arzuw-niýetleriňi hasyl etsin, seni öz penasynda saklasyn.

0
4  
Gülälek doglan güniñ gutly bolsun uýam.Adyñ ýaly owadan bagtyñ bolsun.Señ üçin ähli gerekli zatlar şol BAGTYÑ içindedir...

0
5  
Doglan guniniz gutly bolsun!Rabbimin size bagys eden omri bagtdan we agzybirlikden,jan-saglykdan yetik bolsun...Durmus gaminiz hic wagt towtamazdan bagt kurek elmydama sizi yetjek yollarnyza ulasdyrsyn.Tohmet ,dil,gorubilmezcilik yelleri badynyzy hic mahal towtatmasyn.Gorjeginiz dine gowluk bolsun.
flower flower

0
6  
Ahlinize sag bolsun aydyaryn hemmanize Alladan bagt masgala abadancylygyny dileyn.

0
7  
Menem gutlaglara goşulýan. Saglyk, abraý, bagt arzuw edýän,Gülälek! Doglan günüň gutly bolsun!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: