06:20
Diwananyñ mynajaty
DIWANANYÑ MYNAJATY

Ýüregimi dyrnan gussalar sansyz,
Bu bagrymy gyýan dertler bimöçber.
Kemmagallyk kalbym kesende tygsyz,
Ýagdaýyma gülüp geçdi biweçler.

Hakyň ýazgydyna bolmandym müňkür,
Köpüň garşysynda köpdür ýazygym.
Perişde deý dostlam gitdiler ürküp,
Melek deý gözeller gitdi tazygyp.

Haýbatly sözleriň zarbyny synap,
Hakykaty götermejek her kesiň,
Gaharyn getirip kän gezdim synlap,
Mertebäme kast eýledim dert edip.

Dogan-dogan bilen gyr-jyn bolýarka,
Munda sopbaş özüm oňarly gördüm.
Barlylar pul üçin bijin bolýarka,
Men gedaý ýörmegi oňaýly gördüm.

***

Ýyldyzlar asmanyň bagryna siňdi,
Ýagtylyp başlady älemiň çeti.
Daň sazy şahyryň şygryna deňdir,
Misli hoşal perişdeleň ýagşy niýeti.

***

Gel ikimiz gürleşeli bir salym,
Hiç bolmanda arzuwlarda, hyýalda.
Dolan Aýa seret çyk-da daşary,
Bu agşam erteki ýa aýdym ýaly-la?!

Gel ikimiz syrlaşaly bir pursat,
Her sekunt bal bolup akasym gelýär.
Ýarylaýyn diýýär humarly gursak,
Seni yşkym bilen ýakasym gelýär.

Gel ikimiz bir jan bir ten bolaly,
Bolmasa bu durmuş jepadan doly.
Sen göni gepleýşiň gurbany boljak,
Men ýalan sözlemen köp adam ýaly.

Çyk daşary, dolan Aýa bir seret.
Men mahy tabanda seni görerin.
Hyýallarda çäk bolmaýar, biserhet,
Arzuwlarmy saňa alyp bararyn.

Biz bu Aýa seredeli bir wagtda,
Sen o ýanda, men bu ýanda bakaýyn.
Garaşylman durkam inen bu bagtdan,
Men özümi gujagyňda tapaýyn.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 19 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 1
0
1  
Ajayyp goşgular, sagboluñ, ylhamyñyz kemelmesin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: