18:34
Deňiz gijesi / hekaýa
…Süýtreňk gije…
…Ýabany kenar…
…Mylaýym tolkunlar, misli pynhanlyga päsgel berýändigine uýalýan dek assaja şyrpyldap-galtaşyp deňelerinden ötýär…
…Hol allaowarrada myhmanhanalaryň kaşaň binalarydyr giň köçeleriň çyralary lowurdaşyp-gyrpyldaşyp görünýär…
…Astyňda gasyn-gasyn çägesöw zemin…
…Üstüňde zer sapaklar çitilen syýareňk şal kibi ýyldyzly asman…
…Çar-töweregiňem endamyňy mähir bilen sypap-sypap goýberýän ýyljajyk duzly suw…
…Garaňkylyga beslenen deňizli-şemally dünýäniň orruk-ortarasynda-da iki sany sudur…
…Suwdan diňe kelleleri çykýar…
…Göýä biri-birine ebedilik sepleşen mysaly, çolaşyp-çyrmaşyp, söm-saýak durlar…
…Birinde eşik ugrundan diňe gulakhalkasy bilen ýüzügi bar...
...Beýlekisi ondanam mahrum...
-Dodagyň şorja ekeni!-diýip pyşyrdaýar.
-Sendenem deňziň ysy gelýär!-diýip jogap berýär. Birdenem öz-özünden tebil tapýar:
-Çagalaryň ýeke özleri gorkaýmazlar-da?!-diýip hol alysda çyralarynyň zynatly-ýiti ýagtysyny ýalpyldadyp duran myhmanhana garşy ýaltaklaýar.
-Azar edinme! Telewizora biraz güýmenerler. Gorkup ýetişmänkäler baryp ýetişeris!-diýip gulakhalkaly gulagyna howurly demini üfläp pyşyrdaýar.
-Gyzgyn demiň ýakyp barýar!-diýip beýleki pyşyrdaýar.
-Ysyň janymy aldy!-diýip jogap berýär.
...Mylaýym-mähirli suwuň astynda gozgalaň tapýarlar...
-Wiý, bi oglany! Aý oglan, owalam-a ýaňyja...-diýeninden geplemäge maý berilmän şorja dodaklardan öpülýär. Sojap alynýan demiň arasyndanam pessaýja pyşyrdy eşidilýär:-On bäş ýyl bäri ysyň huşumy başymdan uçurmagyny bes etmeýär...
-Seni beren Alla rehim bilen jomartlygyň hut özüdir!-diýip beýleki pyşyrdy jogap berýär...
…Mylaýym tolkunlar, misli pynhanlyga päsgel berýändigine uýalýan dek assaja şyrpyldap-galtaşyp deňelerinden ötýär…
…Ýabany kenar…
…Süýtreňk gije…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 74 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 281 2 »
0
1  
И что это было???

1
2  
Bir birini entegem söýýän är aýal deňiziň içinde çuw ýalaňaç dur.

Men informasyýany gysmakda ussat...

0
3  
Hekaýaň dili beter çeper, obrazlaram ýaman janly. Çynym. Edil deňiziň içinde otyran ýaly bolýaň. Kä halatda çalajadan urunýan tolkunlar göz öňüme gelip gidýär. Ýöne beýle çeper dil nämäň hyzmatynda? Hekaýada näme many bar? Dogrymy aýtsam menä düşineňok. Edil şeýle üstinlik bilen ýolyň gapdalynda ýatan kerpijem çeper dil bilen şekillendirseň hem bolardy. Ýöne ýekeje ýöne bar, hekaýa okyýjyda "romantiçeski" keýp oýarýar. (Esasanam gyzlarda). Diňe şol ýagdaý üçin hekaýa ýaşamaga mynasyp diýäýmesem...

P/S; näme üçin bizde çeper dilde ýazyp bilýän islendik adam özini ýazyjy saýýar?

0
4  
Menä dogrymy aýtsam islendik eseri ilkinji nobatda ideýa üçin okaýan. Eger ideýa ýok bolsa, onda gyzykly sýužet üçin okaýan. Eger sýužet hem ýok bolsa, ýa-da ol gyzykly däl bolsa, eseriň baş gahrymany üçin okaýan. Käbir eserlerde çyndanam gyzykly gahrymanlar bolýar. Eger gahryman hem götlese onda eseriň atmosferasy üçin okaýan. Käbir eserleri okap bolanyňdan soň ýüregiňde aýralyk duýgysyny galdyrýar. Mysal üçin Garry Potter bilen şeýle. Eseriň atmosferasy okyýjyny ýuwudýar. Ýöne entek ýekeje eserem çeper dilde ýazylany üçin okap göremok. Biziň türkmen awtorlarymyzyň köpüsinde bolsa şol çeperçilikden başga hiç zat ýok diýip çaklaýan. Çeper dilde islendik zady beýan edeniň bilen edebiýat bolanok. Edebiýat üçin ýokarda agzan zatlarym edil meň görkezen yzgiderligimde gerek.

0
5  
Behh... Serdar akga, nädäýdiñ-ay muny cool
Gürrûñ beryan wakasyny janly kartina salyp gözlerimiziñ öñüne dikip bilyan gowy hekaýa eken..

0
6  
@Has, gardaş, şeýdip arasynda bir sähelçejik öwmäni hem ýatdan çykarmaweriň-how! Ýohham, "nä kelläňe beýle zatlary ýazyp ýatyň-ow! Senem gep owadanlap bilýäniň üçin özüňi nämedir bir zatdyryn öýdüp ýatmagyn-eý!" diýip aljyradyberjek bolyýp ýatyrlar! biggrin

0
7  
Aslynda-da @Has gardaş, "о вкусах не спорять" diýlişi ýaly, edebiýat hakda jedel etmegem juda çetin iş. Her kimiňki özüne dogry. Sebäbi edebiýat, onda-da onuň çeper edebiýat görnüşine 99 göterim subýektiw baha berilýär. Sebäbi çeper edebiýaty emele getirýän Kyssa-da, Şygryýetem ilkinji nobatda her bir adamyň içki ynam-ygtykadyna, dünýägaraýşyna, duýgularyna täsir edýär. Şol zatlaryň esasynda-da her bir okalan esere baha berilýär. "Kim gaýkyny söýer kim küýkini" diýmeýärmi, türkmenler?! Şol sebäpli-de çeper edebiýatyň obýektiw bahasy...men-ä dogrusy bilemok welin, bu örän efemer düşünje...Hasam özi ýazmak bilen meşgullanýan adam çeper edebiýata baha bermek meselesinde çürt-kesiklige ýykgyn edýär...Bilemok, belki şeýle çürt-kesiklik gowudyr hem. Sebäbi zehin özünden öňki emele getirilen ähli zatlary inkär etmekden başlamasa, özüne göwniýetijilik bilen garamasa täze söz, täze usul, täze çemeleşme döremezligem mümkin. Diýmek, çeper edebiýatda täzeçe garaýyş adatça nigilizmden başlanýan bolmagy gaty ähtimal. Ýadyňa düşýän bolsa Gurbannazar agamyzyň bu mesele babatda bir ajaýyp goşgusy hem bar bolmaly: "Oturşymyz bilen, turşumyz bilen, gurşumyz bilen, ine şu ýaşlar ylalaşmazlar" diýýärmi şonda?!

0
8  
Çeperçiliksiz edebiýat, haçan-da aýtmaga-diýmäge täze söz, ideýa, sýužet, obraz galmandan soň çeperçilige duwlanylyp, ýazyjysyrap başlanýandygy hakyndaky garaýyş barada bolsa öz pikirimi aýdaýyn: Edebiýaty öwreniş ylmyndan belli bolşy ýaly, edebiýatyň ylmy edebiýat, tehniki edebiýat, epistolýar edebiýat, çeper edebiýat ýaly ugurlary bar. Kyssa bilen Şygryýet bolsa çeper edebiýatyň düzüm bölekleri bolup durýar. Edebiýatyň bu şahasynyň adyna üns berseňiz ol "Çeper edebiýat" diýlip atlandyrylýandyr. Onsoň, çeperçiliksiz çeper edebiýat bolup bilermi?! Men-ä "ýok" diýip jogap berip biljek. Sebäbi sadaja aýdylanda ha goşgy, ha proza eseri ilkinji nobatda durmuşy wakalary, oýlanmalary çeper beýan etmekden ybarat. Mysal, Magtymgulynyň meşhur şygrynda şeýle bellenýär:
Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür,
Solaýyn diýseň, öýlengin...
Bu setirleri näme ajaýyplaşdyrýar, täsirli edýär? Elbetde çeperçilik. A çeperçilik näme? Adaty zatlary owadan edip aýtmak dälmi?! Bu setirlerdenem metaforalary, çeperçiligi aýryp aýdyp görseň, onuň ajaýyplygyndan näme galar?! Mysal:
Oba jemagatyna ýolbaşçy bolmak her kimiň isleýän, ymtylýan derejesidir,
Ýöne ol dereje adamyň teniniň we ruhunyň wagtyndan öň öz ýaşaýyş ukyplaryny hem-de saglygyny ýitimegine getirýän, ahyrynda-da özüniň organizmine tebigat tarapyndan kesgitlenen biologiki mümkinçiliklerden öň aradan çykmagyna eltýän gaýgy-aladalardan doludyr,
Adamyň ýaşlygy onuň organizminiň biologiki mümkinçilikleriniň iň ýokary derejedäki döwrüdir,
Şol ýaş döwrüň lezzetini duýup bilmän, öz başyňa alada baryny satyn aljak bolsaňam, özüň ýaly adam bolan, ýöne başga jynsdaky indiwidium bilen "nika" diýlip atlandyrylýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna girgin... Ine, nähili uzyn hem ýüregedüşgünç boldy. Ýöne, oňa derek mümkin boldugyndan çeperçiliksiz beýan edildi... biggrin

0
9  
"И что это было???" diýen teswiri okanymda internetden okan bir anekdotym ýadyma düşdi. Supermen asmandan uçup barýarmyş welin, bir gözel näzenin How enäniň eşiginde 120 gatly jaýyň üçeginde şezlongda güneşläp ýatyrmyş. Päli bozulan supermenem: "Özüme mahsus gözeilmez çaltlykda işimi bitiräkge gitsem, şu zenan näme bolandygyny duýubam ýetişmez" diýip oýlanypdyr-da, derrew göwün islegini amala aşyryp, uçup ötägidipdir. Şol pille-de ýaňky güneşleýän jenanyň goýnunda ýatan göze görünmeýän adam: "И что это было???" diýip oýlanyp galypdyr. Aýyp bolsa-da "anekdot" diýib-ä ýazypdyrlar, internetde... angry

0
10  
Men pikrimca atmosfera bolandada cepercilik bolmasa sol eser okuja gyzyksyz.Okan mahalyn cepercilik bilen beyan edilende gurrini edilyan waka goz oninde janlanyar.

0
11  
@Gülzyýada dogry, okyjynyň ünsüni özüňe çekmek üçin ilki bilen eser onuň duýgusyny gyjyklamaly. Çeperçiliksiz, duýgyny nädip gyjyklap bolýandygy, häzire çenlä anyklanmandyr. Arada, internetde kompýuter üçin eser ýazýan programmanyň işlenip düzülendigini, şoňa-da programmany işläp düzüjileriň dünýäniň adybelli ýazyjylaryň eserlerini girizip, olaryň kompilýasiýasynyň esasynda täze proza eserini ýazmak hakynda buýruk berendiklerini, kompýuter programmasynyň birnäçe wagtyň dowamynda "ýazan" eserini her niçigem bolsa okamazça däldigi hakynda maglumaty okapdym. Şonda özümiň google-terjimeçiniň özge dillerden rus diline terjimelerini okap "heziller edýändigim" ýadyma düşdi... happy

0
12  
Prozada şeýle, şygyr hakynda dil ýaryp oturasy işem ýok...

0
13  
"Ýoluň gapdalynda ýatan kerpiji çeper şekillendirmek" baradaky pikir örän original pikir. Şeýle kerpijiň üsti bilen köp zatlar aýdyp boljak. Hasam özüň awtorlygyň berýän artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, okyja şahsy dünýägaraýşyňy, iň soňky instansiýadaky kazyýetiň çykaran hökümi ýaly edip, aňrybaşy imperatiw çürt-kesiklik bilen dakman...Anyk ýadym-a düşmeýär welin, ýa Ahmet Meläýewiň, ýa Ahmet Mämmedowyň, ýa Ahmet Halmyradowyň ýa-da Hemra Şirowyň ýoluň gyrasyndaky daş barada ajaýyp hem çeper hekaýasy bolmaly. Şol hekaýanyň ady "Daş" bolmalydy öýdýän. Irräk okapdym. Ýöne öte täsir edipdi.

0
14  
Sol kerpiji cepercilik bn yazsa awtor sol kerpijin yerinde ozenem bolasyn geler...Barde esasy zat okyja tasir etmek yazyan zadyny ussatlyk bn anynda goymek.
Kitap okanynda adamlardan tapyp bolmayan ynamy tapyp bolyar esasy sol ynamy berip bilmeli awtor cepercilik bilen yazsada hemme yazlan eser sowly cykayanok...

1
15  
Awtor üçin iň aýylganç zat, ony öz duýgusy, öz içindäki tankytçy aldasa...Haçan-da onuň özüne öz ýazan, ýazýan zady üýtgeşik gowy bolup görünýär, okyjylar üçin bolsa ol öli sözleriň toplumyndan emele gelen sarnama bolup galýar. Awtoram şony duýmaýar. Sebäbi oňa onuň öz baha kesiş duýgusy hyýanat edýär, ony aldaýar...Şeýle zatlaram durmuşda kän gabat gelýär...Ol tankyt edilmek bolsa, meniň pikirimç-ä gowy zat. Meşhur tankytçy ildeşimiz Jora Allakow, anyk ýadyma düşmeýär welin: "Diňe tankyt edeniňe degýän zatlar tankyt edilýär" diýene çalymdaş ýazýardy... Tankyt, ýazýan adamy çuslandyrýar, öz edýän işine täzeçe garamaga mejbur edýär, ony arkaýynlaşman gözlegleriň ýoluna düşmäge iterýär... Ýöne... eger-de ol hakykatdanam tankyt bolsa...iki erinden hyllyga derek zäher akmasy bolmasa...Onsoňam, meniň pikirimç-ä ýazýan adam bir zada anyk göz ýetirmeli. Hiç haçanam hiç bir ýazylan zat hemme kişiniň göwnünden turup bilmez. Çünki biri owadan jümleleri halasa, beýlekisi gysgalygy gowy görýär.

0
16  
O wkusam ne sporýat... dogry. Kim gaýkyny söýer, kim küýkini. Hekaýany diýseñ haladym, agam. Baha obýektiwiñem obýektiwi! smile Günbatarlylaryñam aydyşy ýaly "Gündogar - çetin iş". Gündogaryñ ayratynlygy onuñ çeperçiligi, süýji dili. Bu ayratynlygy bilmezden günbatarlylarda eyle ekeni beyle ekeni diyp, mentalitet ayratynlygyny unutmak we gunbatar edebi stillerine köre-körlük b.n eyermek akylsyzlyk hasap edyarin. Kontingent tapawudyna seretmezden islendik yeriñ çeperçilik stilleri kabul edilip bilner, emma ozgäniñ usulyny kabul etdim diyibem öz ýolumyzy-ýodamyza ot-çöp bitirdip bolmaz..

0
17  
Begliñ aydyanlaram oz penjiresinden dogrudyr welin, men-a ylalaşyp biljek dal. Edebi çekişme guramak ü.n şular yaly garşylyklaýyn pikirler hem gerek. Edil hazirki döwûrde teoretiki taydan muny jedelleşiberyanem yok. Elbetde añy yetman ses çykarman yorendirler diyemok. Intellektual jebisligiñ yoklugyndan bolsa gerek. Şonuñ u.n "señki yalñyş, meñki dogry" diymegiñ ozi yalñyş.

Serdar aga, Siziñ eserleriñize gezek gelende bolsa, gymmatly wagtyñyzy sarp edip saytda okyjylarmyz bilen eserleriñizi paylaşyanyñyza çaksiz hoşallygymy bildirnek isleyarin.
Elbetde, teswirde bellik galdyrayyn ya galdyrmayyn, tapawudy ýok yetişdigimdem ahli goyanlaryñyzy hem okayaryn.
Lap edip aytdygym dal, Siziñ proza eserleriñiz hazirkizaman türkmen prozasynyñ aýrylmaz bölegidir we prozamyza Siziñ eserleriñizi agzamazdan baha bermek mümkin dal. Muny hazirkizaman prozamyza obyektiw we dolulygyna baha bermage synanyşyan her kesem makullar.

0
18  
<<Sol kerpiji cepercilik bn yazsa awtor sol kerpijin yerinde ozenem bolasyn geler...Barde esasy zat okyja tasir etmek yazyan zadyny ussatlyk
bn anynda goymek.
Kitap okanynda adamlardan tapyp bolmayan ynamy tapyp bolyar esasy sol ynamy berip bilmeli awtor cepercilik bilen
yazsada hemme yazlan eser sowly cykayanok...>>

@Gülziýada, eger esasy zat şol bolsa diýmek siz "Güýmenje" edebiýadyň tarapdary. Ondan daşary bir zatlar öwredýän edebiýat hem bar. Şu ýokardaky eser hiç zat öwredenok, diňe güýmeýär, özem hemme kişini däl. @Has"yý aýdyşy ýaly o wkusah nesporýat. Ýöne Serdar aga ýaşy uly adam bolsa güýmeýän edebiýatda näme işläp ýörkä???

0
19  
Begli onda sen yazyan eserlerni nm esasynda yazyan biz sen hekayalaryny okamyzda edil solan yanynda otyran yaly goz onumizde janlanyar....

Men bu hekaya barada aytmandym yone sen yazlan zat ideya atmosfera gerek diydin Ceperciligem gerek yazlylyan eserde.

0
20  
Şu ýerde öz gowy bir tanşymyň aýdan sözlerini ýatlasym gelýärdä:
Gowy eserleri okan ýazyjy hiç wagt bu dünýäni ýaramaz eser bilen hapalamaz. Sebäbi oň  gowy zatlaryň aýdylanyny bilip, has gowy zatlar aýdasyň geler. Şu döwür ýazyjylaryň köpüsinip problemalary gowy eser okamaýanlygynda bolaýmasa? Halypa tapynyp, ýa-da žurnalistikany tamamlap göni ýazjak bolýarlar, ýöne aýdara zatlary ýok, ideýa ýok, arkada ýaşalan gyzykly durmuş ýok. Ýekeje tytarlyk çeper edebi dil, ondada daşa gidip bolanok. Netijede güýmenje üçin edebýat döreýär, edil sakgyç ýaly bir gezek çeýnelip zyňylýan. Islendik eseriň soňunda okyýjy azajyk üýtgemeli, iň bolmanda bu dünýä täze soraglary döremeli, wopşe tupiga dirändä taryhdan bir zatlar bilmeli, adamlaryň geň häsýetleri bilen tanyş bolmaly. Bolmasa ýenede güýmenje edebiýat diýen zadym döreýär. Umuman alaňda güýmenje edebiýadam erbet däl, detektiw žanyrlaň bar şol diýen ýaly, ýöne olarda gyzykly sýužedam bolýarda...

0
21  
Aslynda çeper edebiýat ilkinji nobatda güýmäp öwredýär. Güýmemese ol hiç haçanam gyzykly bolup bilmeýär. Güýmenje edebiýata kembaha garamagam dogry dälmikä diýýärin. Sebäbi biziň aglaba köpümiz Žýul Werniň, Dýumanyň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Ýazmyrat Mämmediýewiň, Moris Drýuonyň, Ýanuş Korçagyň, Joan Roulingiň, Edgar Berrouzyň, Daniel Defonyň, Lui Bussenaryň we beýlekileriň eserlerinde terbiýelendik. Onsoňam türkmen halk ertekileri, "Görogly" dessany, rowaýatlar, hekaýatlar, Ependili, Myralyly, Aldarköseli, Kemineli, Esenpolatly henekler näme?!

0
22  
Ol, çynlakaý, çylşyrymly edebiýat bolsa, öňem bir ýerde belläpdim, diňe edebiýatyň janköýerleri üçin gerek. Häzir "Saga o Forsaýtah", "Buddenbroklar", "Woskreseniýe", "Doganlar Karamazowlar", Oe Kendzeburonyň we beýlekileriň eserlerini dolulygyna okap çykan adamlary tapaýmak kyn bolar. Dogrusy, adaty durmuşda olaryň geregem ýok.

0
23  
Täsirsiz eser bolsa ýok. Kimiň aýdandyg-a ýadyma düşmeýär welin, ýazyjylaryň biri: "Ikinji däl, hatda on ýedinji derejeli eserler hem gerek. Sebäbi olar iň bolmanda şeýle ýazmaly däldigini öwredýärler" diýýär.

0
24  
Lew Tolstoý bolsa özüniň adamzadyň ähli ahlak gymmatlyklary jemlenen ýöne hiç kimiň okamajak galyň eserini ýazmaga birje gününem sarp edesiniň gelmeýändigini, ýöne ýazylyp bolnandan soň iň bolmanda 20 ýylyň dowamynda okaljak başdan geçirmeler eserini ýazmaga ömrüni sarp etjekdigini ýazypdyr. Dogrusy bu sitatanyň sözme-söz takyklygyna güwä geçip biljek däl. Gözlemäge ýaltanyp, ýadyma düşüşine görä getirdim.

0
25  
Jedelde bolsa, haýsy pikiriň tarapyny çalýan bolsaň, mantyk, ýagny logiki yzygiderliligi saklamaly. "Güýmenje edebiýaty" "çynlakaý edebiýata" garşy goýýarsyňmy, diýmek şol pikirde-de durmak dogry bolarmyka diýýärin. Ýogsa "Garri Potter" nirede, çynlakaý edebiýat nirede?!

1-25 26-28
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: