23:05
Deliden Aşgabada salam! -3: Bir ömürde müñ öwüt aýdan pir we Hindistanyñ türkmen bilbilleri

DELIDEN AŞGABADA SALAM!

■ BIR ÖMÜRDE MÜŇ ÖWÜT AÝDAN PIR

Gadymy Hindistan pähim-paýhasa bil baglap gelen künjekdir. Munda ýaşan beýik şahyrlar, filosoflar, döwlet adamlary, pähimdarlar halkyň aňynda çuňňur yz galdyrypdyr. «Bir ömürde müň öwüt aýtmagyň özi jennete barýan ýola düşmekdir» diýen pikire uýan Nyzamuddin Öwliýa hem Hindistanyň ruhy dünýäsinde baky yz goýan şahsyýetdir. Ylmyň ähli ugurlaryndan ýüki ýetik bolan bu şahsyýetiň öňünde her kim dyza çöküp, togap eýläpdir. Nyzamuddin bir görseň akyldar, bir görseň şahyr, bir görseň sazanda, bir görseň diniň wagyzçysy – keramatly sopy. Ol Hindistanyň syýasy we ruhy durmuşynda möhüm rol oýnan adam bolmak bilen, halk arasynda söýülen bir şahsyýetdir. Onuň gudraty baradaky gürrüňler bolsa halk içinde häzirlerem ýaşap ýör.
Hindistanda ýaşap geçen dört piriň biri hasaplanylýan Nyzamuddin Öwliýanyň kümmeti Abdyrahym hanyň aramgähinden onçakly uzak bolmadyk ýerde, köçäniň aňry ýüzünde ýerleşýän eken. Asyl görüp otursak, Deliniň iň uly köçeleriniň biri Nyzamuddin piriň adyny göterýän eken.
Öz döwründe Hindistanyň «ruhany soltanlygynyň soltany we häkimi» diýlip tanalan Nyzamuddin 1238-nji ýylda eneden dogulýar. Ol entek bäş ýaşyndaka atasyndan jyda düşüp, ýetimligiň şarpygyny datmaly bolýar. Onuň ejesi garypdygyna garamazdan, ýeke dikrarynyň okamagyny, oglunyň ylymly-bilimli bolup ýetişmegini isleýär. Şunlukda, on ýedi ýaşly Nyzamuddin ilkinji bilim ojagyny Bedaunda tamamlaýar. Ol öz döwrüniň tanymal şahsyýetleriniň biri bolan Ferideddin Genç Şe-kerden ak pata alandan soň, Deli şäherine dolanyp gelýär. Onuň şöhraty sähel salymyň içinde tutuş Delä ýaýraýar. Taryhçy Zyýa Baraniniň ýazmagyna görä, Allanyň haky üçin köp gowulyklary edýän piriň huzuryna baýam, garybam gelip, elini öpüp, başlaryna tahýa geýip, ondan pata alyp, dindar bolupdyrlar. Meşhur döwlet işgärleri hem onuň ýanyna tagzyma gelipdirler.
Nyzamuddin ilki Horasanda döräp, Hindistana ýaýran Çiştiýe atly sopuçylyk akymyna uýýan mürit-sopular ýaly aşa şerigatçy bolmandyr. Dine dünýewi garaýyş bilen garapdyr. Ol şahyrçylygam, sazandalygam edipdir. Şonuň üçin Deli soltanlygynyň türkmen hökümdarlary Nyzamuddine uly sarpa goýupdyrlar. Deli soltany Alauddin Halajy bolsa «Men patyşa bolup durşum bilen dünýewi işlere meşguldym, onuň ýaly tämiz zadyň (kişiniň) huzuryna nä ýüzüm bilen baraýyn» diýip, onuň ýanyna gitmekden saklanypdyr. Belki-de türkmen soltany döwlet bilen din işleriniň biri-birinden aýry bolmagyny isländir. Ýöne muňa garamazdan, Alauddin Halajynyň öz ogullaryny piriň elinde okadandygy dogrusynda käbir maglumatlar saklanyp galypdyr.
Nyzamuddin ýogalandan soň, musulman ruhanylary onuň guburynyň töwereginde onuň kultuny döredipdirler. Soňky ýüz ýyllyklarda onuň kümmetiniň töwereklerinde guburlar peýda bolup, ol ýer zyýaratçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrülipdir. Piriň kümmeti Alauddin Halajynyň ogly Hizr han tarapyndan 1325-nji ýylda gurlan Jamaat metjidiniň howlusynda bina edilipdir. Hizr han şahyr Emir Hysrowyň poemasynyň baş gahrymany hökmünde meşhur şahsyýetdir. Keramatly sopynyň ak mermere basyrylan mazarynyň töwereginde soňy bilen Ataga hanyň, Muhammet şa Raňlanyň, Emir Hysrow Dehlewiniň, Mürze Galybyň, Şajahanyň uly gyzy Jahanaranyň kümmetleriniň peýda bolmagy bu ýerini hasam mukaddesleşdiripdir.
Keramatly saýylan piriň mazarynyň üstüne ak mermerden kümmet gurlupdyr. Ol açylyp duran lotus gülüni ýadyňa salýar. Lotus güli hindilerde milli gül hasaplanýar. Ol hakynda halk arasynda birnäçe rowaýatlar hem gürrüňler aýdylýar. Hindilerde we tutuş Gündogarda söýginiň nyşany hökmünde görülýän ak lotus gülüniň şekili Hindistanyň çäklerindäki arhitekturada has ýörgünli ulanylýar. Ap-ak mermere basyrylan kümmetiň içinde ýatan Nyzamuddiniň mazarynyň üstüne gyralary zer bilen jäheklenen ýaşyl mata örtülen. Her kim piriň mazarynyň daşyndan aýlanyp, özüçe aýat töwir edýär. Kimsi gözýaş döküp, jennetiň we bagtyň ýollaryny görkezen ynsandan delalat isleýär, kimsi mazarynyň üstüne gül düşeýär. Şol ýerde bizi geň galdyran bir üýtgeşik görnüşi agzaman geçmek bolmaz. Ak mermerli guburhananyň daşky howlusynda oturyp zaryn-zaryn agyt aýdýan aýdymçy bolsa, her kimiň ünsüni özüne çekýärdi.

■ HINDISTANYŇ TÜRKMEN BILBILLERI

Piriň şägirdi, «Hindistanyň bilbili» diýlip tanalan Emir Hysrow hindi topragynda doglup, şygryýet sungatyny sada durmuşynyň mazmunyna öwren ägirt şahyrdyr. Onuň gyzykly durmuş ýoly bar. Onuň özi Deli şäheriniň demirgazygynda doglanam bolsa, Emiriň kakasynyň asly mekany mawerrannahrly. Onuň kakasy Seýfeddin Mahmyt Köneürgenç türkmenleriniň döwletinde goşun birikmäniň müňbaşysy bolup hyzmat edipdir. Ol Çingiz hanyň basybalyjylykly ýörişi döwründe maşgala-kowmuny gyrgynçylykdan gutarmak niýeti bilen Jelaleddin Meňburunyň goşunyna goşullyp, Hindistana göçüp gelýär. Emiriň kakasy ilki Deli soltanlygynyň patyşasy Iltutmuşyň goşunynda gulluk edýär. Şahyryň mawerannahrly pederi hindi topragynda özüniň batyrlygy, edermenligi bilen ýokary derejelere ýetipdir. EmirHysrow çagalygyndan medresede okap, Gurhanyň sürelerini, mantygy, pars dili we edebiýatyny, şygyr senediniň syrlaryny, hatdatlygy ürç edip öwrenýär. Ol çagalygyndan şygyr senedine goşgy goşup, aýdym aýtmaklyga, saz sungatyna ýykgyn edipdir.
Emiriň babasy Iltutmuşyň sag goly bolansoň, onuň öýi gelim-gidimli, myhman-mediwanly ýer eken. Ýaşajyk Emir babasynyň ýanyna gelen ýurduň söz ussatlarynyň, diniň hadymlarynyň özara söhbetlerini, edebi çekiş-melerini köp diňleýär eken. Bir gezek olaryň öýüne Hindistanda keramatly pir diýlip tanalýan Nyzamuddin Öwliýä gelipdir. Ol şahyryň babasy bilen öňden bäri duz-çörekli gatnaşyk saklap, oturyp-turuşýar eken. Ýaş şahyr Nyzamuddin pirden köp sapak alypdyr. Käbir edebi çeşmelerden belli bolşuna görä, ýaş şahyr döredijiligiň ak ýolunda pirden ak pata hem alypdyr.
Emir Hysrow öz ruhy halypasy barada özüniň «Wasatül-haýat» (Durmuşyň ortasy) atly diwanynda: «Taňrym meni bu beýigiň kölegesinden uzak düşürmesin we onuň ruhy çalt akymly wagtyň görner-görünmez peläketlerinden aman saklasyn!» diýip ýazypdyr. Ýaş zehinli şahyr pähim-parasatly halypasyndan tymsal alyp, öz ýoluny tapypdyr. Onuň ady Hindistan ülkelerine çalt ýaýrapdyr. Deli soltanlygynyň türkmen patyşalary Emiri öz köşklerinde görmek isläpdirler. Beýik şahsyýetleriň üstünliginiň bularyň ýaşan zamanasyna hem köp derejede baglydygyny taryh görkezýär. Emir Hysrowa Deli soltanlygynyň 7 hökümdary bilen ýakyn dost, syrdaş hem köşk şahyry hökmünde işleşmek, gatnaşyk saklamak miýesser edipdir. Olaryň döwlet derejesinde amala aşyran işlerine ýakyndan şaýat bolup, olaryň ýyl ýazgylaryny ýöretmek, ýatlama ýazmak şahyryň esasy wezipesine öwrülipdir.
Öz döwründe halk tarapyndan «Ikinji Zulkarneýin» ýa-da «Ikinji Jemşit» diýlip atlandyrylan Alauddin Halajy (1296-1315ý), milletiň galkynýan durmuşynyň kuwwatly daragtyny ruhy şerbet bilen iýmitlendirýän döredijilik işgärleriniň hyzmatyna uly baha beripdir. Şahyr Emir Hysrow Dehlewi bolsa öz gezeginde Alauddin Halaja bagyşlap, 8 sany mesnewi we «Taryhy Alaý-i» atly taryhy kitap ýazyp, özünden soňkulara sowgat galdyrypdyr. Bu eser häzirki döwürde Deli soltanlygynyň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak eserdir. Mundan başga-da öz döwrüniň kerwenbaşy şahyry Deli soltanlygynyň soňraky soltanlarynyň biri Kyýasuddin Togalaga we onuň uly ogly Uly hanyň gahrymançylygyna bagyşlap, «Togalaknama» atly eseri ýazypdyr. Bu eser 2896 bentden ybarat bolup, onuň many-mazmuny serkerdeleriň, soltan-begieriň durmuşyna bagyşlanýar.

Baýramgeldi ÇARYÝEW.

«Watan» gazeti. 22.01.2008 ý. 
№10 (11254)

 

Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 15 | Добавил: Has | Теги: Baýramgeldi Çaryýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: