06:55
Dehistanyñ gündogar kerwensaraýy

DEHISTANYÑ GÜNDOGAR KERWENSARAÝY
    
Taryhy ylmy edebiýatlarda «Dehistanyň gündogar kerwensaraýy» ady bilen hasaba alnan ýadygärlik Dehistan şäheriniň harabalygynda mälim edilen üç sany kerwensaraýyň biridir. Ýarym gektardan gowrak meýdany eýeleýän, ilkibaşky görnüşi gönüburçly bolan bu binanyň üsti häzirki wagtda tutuşlygyna doly açylmasa-da, onuň arassalanyp görlen otaglarynyň gurluşlary ylymda köp zatlary aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär. Kerwensaraýyň diwary örän berk gurlupdyr. Ol iki gatdan, daşynyň galyňlygy 2,5 metre çenli ýetýän pagsadan, içinden bolsa 23 — 25 santimetr galyňlykda bişen kerpiçler bilen berkidilipdir. Bu bolsa, hüjüm wagtynda berk goragy üpjün etmek bilen birlikde kerwensaraýyň ýaşaýjylaryny tomsuna yssydan, gyşyna sowukdan gorapdyr. Myhmanhanada bar bolan 40 otagyň häzire çenli 25 sanysy hem-de howlusynyň bir bölegi arassalandy. Otaglar göwrümleri hem-de gurluş taýdan dürli-dürlüdir. Ýaşamak üçin niýetlenen otaglaryň hersinde 2 — 3 adam ýerleşen bolmaly. Şundan çen tutsaň, Dehistanyň diňe şu kerwensaraýynyň özi her gije-gündiziň dowamynda, orta hasap bilen, 100 — 120 ötegçini kabul edipdir. Kerwensaraýyň bişen kerpiçler arkaly ýerine ýetirilen işleri dürli nagyşlara baýdygy bilen tapawutlanýar. Myhmanlara başga ýere çykman naharlanmakda, hammamlyk hajatlaryny amala aşyrmakda amatlyklar döredilipdir.
Myhmanhananyň otaglarynyň hemmesiniň girelgeleri ortadaky gönüburçly howla tarap bakdyrylypdyr. Üsti arka görnüşindäki eýwan binagärlik taýdan kerwensaraýa diňe bir bezeg bermän, eýsem, ýaşaýjylary ýagyş-ýagmyrdan, jokrama yssydan gorapdyr. Kerwensaraýyň günorta diwarynyň merkezinde saklanyp galan 4 metr galyňlykdaky esasy girelgäniň galyndylary bişen kerpiçleriň üsti bilen kemsiz haşamlanypdyr. Daş-töweregi otagdyr eýwan bilen gurşalan ortadaky gönüburçly giň howla düşelen bişen kerpiçler dürli nagyşlary emele getirýär. Kerwensaraýyň diwarlarynda, esasan hem otaglaryň girelgelerinde ýonulan kerpiçler arkaly dürli diwar bezegleri ýerine ýetirilipdir. Muny «düýejik» diýlip atlandyrylýan bezeg kerpiçjikleriniň köpçülikleýin duşmagy hem tassyklaýar. Pol düşeklerdäki, girelgeleriň öňündäki ýerlerde kerpiçleriň dikligine gapyrga şekilde goýulmagy nagyş hem berklik hyzmatyny ýerine ýetiripdir. «...Kerwensaraýlaryň çeper-bezeg işlerinde haşamly örümler we dürli görnüşdäki owadan ýonulan kerpiçler ulanylypdyr. Esasan hem, girelge tarap diwary aýratyn gözel bezelipdir...» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda orta asyr binalarynda ulanylan bezeg tilsimleri barada maglumatlary getirýär. Myhmanlaryň naharlanmak, hammamlyk ýaly hajatlaryna hyzmat eden özboluşly gurluşy hem-de göwrümi bolan otaglar hem ýüze çykaryldy. Kerwensaraýyň saklanyp galan diwarlarynyň, suwaglarynyň bölekleriniň, girelgesiniň gurluş aýratynlyklarynyň hem-de tapyndylaryň üsti bilen XI — XIII asyrlara degişlidiginden, başky belentliginiň bolsa 3 — 3,5 metre çenli ýetendiginden habar berýär.
Göwrümleri taýdan dürli bolan otaglaryň birnäçesinde ýüze çykarylan tapyndylaryň esasyny Dehistanyň beýleki orta asyr ýadygärliklerinde hem köp duş gelýän keramiki gaplaryň bölekleri tutýar. Metal we çüýşe önümleri bolsa az duşýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri keramika önümlerini ýasamakda dehistanly külallaryň bol hem-de iň arzan çig mal bolan ýerli toýundan giňden peýdalanandyklary bilen baglydyr. Ikinjiden bolsa, bu ýerde irki döwürlerden bäri keramika önümçiliginiň dowam edip gelenligidir. Muňa günorta — günbatar Türkmenistanda entek bürünç asyrynda (b.e. öň III — II müňýyllyklar) Sumbar jülgesinde, Dehistanda küýzegärçilik medeniýetinde garamtyl-çal, çal reňkli önümleri ýasan ata-babalarymyzyň öňden toplan tejribeleri hem şaýatlyk edýär. Täze ýüze çykarylan keramiki önümler bitewi ýagdaýda bolmasa-da, özleriniň nämä niýetlenendigi, görnüşleri, ýasalyş usullary, boýag reňkleri boýunça dürli-dürli bolup, olar gurluşyk toplumyny senelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. XII — XIII asyrlarda giň ýaýran ýaşyl syrçaly galyň gabyň bölegi hem-de XIII asyr bilen senelenýän gabyň bölegi, syrçasy bolmadyk nagyşly we nagyşsyz, suwuklyklary guýmak üçin niýetlenen küýzeleriň döwükleri ýüze çykaryldy. Iç tarapynda syrçanyň astynda edilen goňur bezegleri bolan içi çuň düýpli jamyň bölekleri (IX — X aa.), iki tarapyna (içinde we daşynda) hem monohrom goňur syrça çaýylan ýasy düýpli gabyň döwükleri (XII —XIII aa.), iç tarapy ýaşyl syrçaly, erňeginde gapyrga şekilinde kertijikler edilen suw küýzesiniň ýokarky bölegi (XIII a.a) ýüze çykaryldy. Galan tapyndylaryň agramly bölegini syrçasyz keramika gaplaryň hem-de turunç şekilli küýzeleriň döwükleri tutýar. Bu gaplaryň orta asyr Dehistanynda duşýan görnüşleriniň agyzlary dar hem-de daşyna egreldilen tegelek erňeklidir. Käwagt olaryň erňekleriniň çüri görnüşlileri-de duş gelýär. Daş tarapy, köplenç, garamtyl-goýy ýaşyl ýa-da goýy we açyk çal reňklidir. Nagyşlar hiç bir reňke eýe bolman, möhürler bilen basylyp ýa-da gaplar entek çig halyndaka çyzyklary çyzmak arkaly ýerine ýetirilipdir. Möhürleriň galdyran nagyş yzlaryndan tegelekleri, ýürek şekillerini, ýyldyzlary, palmettalary («palmetta» — palma agajynyň ýapraklary görnüşindäki bezeg nagyşlary), sekizlik san ýaly egrem-bugram çyzgylary, dörtburçluklary, romblary, gül ýapraklaryny ýa-da gözenekleri yzarlamak boýar. Dehistanyň orta asyr ýadygärliklerinde turunç şekilli küýzejikleriň köp görnüşde duş gelmegi hem-de Misrian galasynyň diwarynyň gündogar tarapynda şeýle küýzeleri bişirmek üçin niýetlenen humbazyň ýüze çykarylmagy olaryň önümçiliginiň bu ýerlerde giň ýola goýlanlygyndan hem-de ilat tarapyndan köpçülikleýin ulanylanlygyndan habar berýär. Gündogar kerwensaraýdan tapylan keramika we daşdan ýasalan önümler diňe bir orta asyr Dehistan şäherleridir obalarynyň däl, eýsem, goňşy we alys sebitleriň şäherleri bilen hem alnyp barlan ykdysady-medeni gatnaşyklary öwrenmekde gymmatly maglumatlary özünde saklaýar. Aýdylanlara düýbi tekiz edilen daş (talkohlorit) gazanyň böleklerini mysal getirmek bolar. Gazanyň erňeginiň aşagynda ýasy gulp bar. Daş gazanlary, esasan, Eýranyň Nukan şäherinde ýasalyp, Dehistanyň we Horasanyň orta asyr şäherlerine satmak üçin getirilipdir.
Kerwensaraýyň esasy girelgesi günorta — günbatar tarapda ýerleşýär. Girelgäniň ini 4 metr bolup, derwezäniň diwarlarynyň saklanyp galan bölekleriniň beýikligi hemme ýerde deň däldir. Mysal üçin, derwezäniň daşky diwarlarynyň beýikligi 1,5 — 1,8 metr, içki diwarlaryň beýikligi käýerlerde 3 metre çenli beýgelýär. Derwezäniň daşky tarapy entek gazylyp, barlanyp görülmese-de, köp sanly kesilip bezelen kerpiçleriň duşmagy, onuň baý haşamlanandygyny görkezýär. Derweze we beýleki otaglar arassalananda, alebastr suwaglaryň 1,1 — 1,2 beýiklige ýetýändigi anyklandy. Derwezäniň diwarlarynyň ýokarky bölegi toýun palçyk bilen suwalypdyr. Bularyň esasynda kerwensaraýda XIII asyryň ikinji ýarymynda, XIV asyrda gaýtadan bejergi işleriniň geçirilendigini çaklamak bolýar.
Ýurdumyzda arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde, arheolog hünärmenler tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Bu meselede halkara ylmy-amaly hyzmatdaşlyk barha giňelýär hem çuňlaşýar. Bular bolsa, döwrümizde şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenmekdäki bimöçber aladalaryň aýdyň netijesidir.

Aýmämmet RAHYMOW,
«Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň direktory. 

Категория: Taryhy ýerler | Просмотров: 21 | Добавил: Has | Теги: Aýmämmet Rahymow | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: