03:26
Daýzamyñ ogly
DAÝZAMYŇ OGLY

Ýyllar gitdi geçip,
Pes tutduk pygly.
Ýeri, halyň niçik,
Daýzamyň ogly?!

Nädeýin ýaşyryp,
Bagrym gara gan.
Yzyma düşürip,
Gamgyn kölegäm.

Gidipdim birmahal,
Umytdan düşmän.
Geçmiş sähel-mähel,
Ýadyma düşýä.

Oýnardyk daň bile,
Seçerdik nogly.
Bileje seň bile,
Daýzamyň ogly.

Bilýäň, edil ner dek,
Başy göge deň.
Dymma gara ýer dek,
Atam bardy meň.

Şu  säher ölmüş ol,
Sökdi-le bogny.
Ýasyna gelmişem,
Daýzamyň ogly.

Gören agyr ýüküm,
Duýmaz keseden.
Onda maňa hiç kim,
Garaşmasa-da.

Ugraýyn ýitirmän,
Solumy-sagmy.
Hoş, daýzamyň ogly,
DAÝZAMYŇ OGLY!

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 152 | Добавил: Has | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 1.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: