18:21
Daşa ýazylan pähimler

DAŞA ÝAZYLAN PÄHIMLER

■ ýa-da Oguz-Orhon ýazgylarynyň pelsepe gymmatlyklary hakynda

Dünýä medeniýetinde täsinligi we taryhy taýdan gymmatlylygy bilen mynasyp orun alan Oguz-Orhon ýazgylary XIX asyryň ahyryndan bäri dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu edebi-taryhy ýadygärligiň Oguz-Orhon ýazgylary diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi, olarda VI-VIII asyrlarda oguzlaryň Göktürkmen döwletini esaslandyryşlarynyň beýan edilýänligidir we ol ýazgylaryň gadymy oguz elipbiýinde we oguz dilinde ýazylanlygydyr. Şeýle hem, mazar daşlaryna ýazylan bu ýazgylar Orhon derýasynyň degresinde (oguzlaryň gadymy mekanlary) tapylanlygy üçin şol derýanyň ady bilen baglanyşdyrylýar.
Göktürkmen döwletini esaslandyran oguz ata-babalarymyzyň şol ägirt uly döwleti gurmak we saklamak baradaky taryhy beýan edilýän bu ýazgylaryň mazmunyna, gurluşyna düşünmek, olardaky atlary gelýän taryhy şahslaryň kimligini bilmek üçin şol döwletiň taryhyna gysgaça göz aýlamak zerurdyr. Bu döwletiň ady ylmy edebiýatlarda Türk kaganlygy ady bilen öwrenildi. Soňky ylmy işlerde ol Göktürkmenleriň döwleti diýlip atlandyrylýar. Ony esaslandyran Bumyn kagan bolupdyr. Bumyn kagan aradan çykansoň, onuň ogly Muhan kagan tagta çykýar we 553-572-nji ýyllar aralygynda döwleti dolandyrýar. Ondan soň Muhan kaganyň ogly Tobo kagan bolýar. Ol 581-nji ýylda aradan çykandan soň, Göktürkmen döwleti pese düşüp başlaýar. Ýuwaş okeandan başlap, tä Hazar deňzine çenli bolan topragy we halklary öz içine alan döwletiň içinde agzalalyklar, uruşlar bolýar. Şonuň netijesine döwlet günbatara we gündogara bölünýär. Hanlygyň günbataryna Eýran, gündogaryna Hytaý agalyk edip başlaýar. 630-njy ýylda hanlygyň gündogar bölegi doly Hytaýyň baknalygyna geçýär we ol baknalyk elli ýyl dowam edýär. 680-nji ýyllarda hytaýlara garşy birnäçe gozgalaňlar bolýar. Iltereş kagan adyny alan Gutlugyň ýolbaşçylygyndaky 682-nji ýylda başlanan gozgalaňa meşhur serkerdeler Tonýukuk we Aşid hem öz goşunlary bilen goşulýarlar. Netijede, ýeňiş gazanylýar we Göktürkmen döwleti gaýtadan dikeldilýär. Ilteriş kagan tireleri merkezi döwlete tabyn edip, ýurtda berk tertip-düzgün döredýär. Ol 690-njy ýylda aradan çykýar. Yzynda galan ogullary Mogilýan bilen Kültegin ýaş bolandyklary üçin, olaryň daýysy Kapagan kagan bolýar. Ol 716-njy ýylda aradan çykansoň, Bilge kagan adyny alan Mogilýan kagan bolýar. Kültegin bolsa goşunbaşy bolýar. Göktürkmen döwletini dikeltmekde uly hyzmat bitiren Tonýukyk Bilge kaganyň maslahatçysy bolýar. Kaganlygyň iň soňky kaganlary Ozmyş kagan we Moýun Çor bolýar.
Oguz-Orhon ýazgylarynda, ine, şu Göktürkmen döwletiniň taryhy we onuň patyşalarynyň, serdarlarynyň aýdan sözleri, edermenlikleri beýan edilýär. Beýle diýildigi, olar sap taryhy mazmundan ybarat diýildigi däldir. Alymlaryň birnäçesi ol ýazgylary hakyky taryhy mazmunly çeşme hasaplasalar, käbirleri olary çeperçilik elementleri özünde saklaýan şahyrana nusgalar hasaplaýar. Oguz-Orhon ýazgylarynda pelsepe, dünýägaraýyş, çeper pikirlenme, däp-dessur, edep-terbiýe, din ýaly adamzat aňynyň dürli taraplary jemlenendir. Çünki adamzat aňynyň irki basgançaklarynda predmetlere garaýyş bitewi bolupdyr. Oguz-Orhon ýazgylary hem jemgyýetçilik aňynda dini, filosofiki, taryhy, edebi, ylmy mazmunlaryň entek aýrybaşgalaşmadyk döwürlerinde döräpdir. Şonuň üçin Oguz-Orhon ýazgylarynyň mazmunyndan şol döwrüň pelsepesini-de, döwrüniň dürli ahwallaryny-da tapmak bolýar. Alymlaryň arasynda Oguz-Orhon ýazgylarynyň şygyr ýa-da kyssa görnüşdedigi barada hem dürli pikirler bar.
Oguz-Orhon ýazgylary «Ongin ýazgysyny», «Kültegin hormatyna ýazgyny», «Bilge kagan hormatyna ýazgyny», «Tonýukuk hormatyna ýazgyny» we «Moýun Çor hormatyna ýazgyny» öz içine alýar. Bu ýazgylaryň mazmunlary hakyndaky gürrüňe geçmezden öň, bir zady aýratyn bellemek isleýäris. Şol döwrüň patyşalary we serkerdeleri halk üçin eden işlerini, döwlet gurmakdaky we ony saklamakdaky hyzmatlaryny, döwletiň we jemgyýetiň ol ýa-da beýleki meselelerine degişli garaýyşlaryny, özlerinden öňki patyşalaryň beýik işlerini we halka nesihatlaryny, çagyryşlaryny ýörite daşlara ýazdyrypdyrlar. Bu şol döwrüň we hökümdarlaryň däbi bolupdyr.
Her bir patyşanyň, batyryň hormatyna daş sütünlere ýazylan ýazgylaryň mazmuny mukaddes hasaplanyp, olar halk üçin ýörelge bolupdyr. Ol ýazgylary köplenç patyşanyň özi dirikä daşa haşamlap ýazdyrypdyr we patyşa ölensoň, onuň mazaryna goýlupdyr. Oguz-Orhon ýazgylaryndaky: «Diýjek sözlerimiň baryny ebedilik daşa çyzdyrdym. Oňa seredip şu günki türk halky, begleri siz biliň. Köşge tabyn begler siziň ýalňyşmagyňyz mümkindir. Men ebedilik daş dikdirdim. Tabgaç kaganlygyndan çeper ussa getiritdim, ony çeper bezetdim. Meniň sözümi ol ýoýmady» (mysallar Rahman Rejebowyň «Gadym türkmen edebiýaty» (Aşgabat: Ylym, 1991) atly kitabyndan alyndy) diýlen sözler ýokarda aýdanlarymyzy tassyklaýar. Hut şol däbiň netijesinde hem Oguz-Orhon ýazgylary döräpdir we ol biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ol ýazgylarda döwrüň wakalary, aýry-aýry hanlaryň ömür beýany, ýörişleri, döwlet dolandyryşlary ýaly maglumatlar beýan edilýär. Maldarçylyk-çarwaçylyk, söwda, paç-salgyt almaklyk, toý-ýas däpleri, akyla, bilime we sungata garaýyşlar ýaly şol döwrüň durmuşynyň dürli taraplary şöhlelenýär. Taryhy şahslaryň aýdýan sözlerinde ýa-da olar baradaky taryplamalarda, ýokarda belleýşimiz ýaly, olaryň jemgyýete, durmuşa gatnaşygynyň ähli taraplary ýüze çykaýar. Şolaryň özünden hem şol eýýamyň pelsepe gymmatlyklary kemala gelýär. Oguz-Orhon ýazgylarynyň umumy mazmunynda watançylyga, döwletlilige, agzybirlige we gahrymançylyga degişli gymmatly pelsepewi garaýyşlar öz beýanyny tapýar.
Watan, döwlet, halk düşünjeleri bir-birinden aýry däldir. Oguz-Orhon ýazgylaryndaky bular hakdaky beýanlar bitewi pelsepäni emele getirýär. «... türki halk ýitmesin diýip, ýok bolmasyn, diýip uža taňry şeýle didi», «Men Kapagan Ilteriş hanyň döwletine wepaly terbiýelendim» diýen jümleler halkyň baky ýaşamagy, döwlete wepaly bolmak, oňa gulluk etmek ideýalary jemlenýär. Halk, döwlet hakdaky bu garaýyşlar watançylyk, Watana söýgi meselesine syrygýar. Watanyň, döwletiň, halkyň bitewiligini, bu bitewi düşünjäniň abadanlygyny we berkararlygyny hemişe üpjün etmek üçin şol döwrüň, jemgyýetiň özi gahrymançylyk, edermenlik, pelsepesini öňe çykarýardy. Çünki Watany, döwleti, halky daşky duşmanlardan goramak üçin döwlete kuwwatly goşun gerek. Şol kuwwatly goşuny bolsa, batyr, edermen, gahryman serkerdeler, esgerler düzmeli. Watanyň, döwletiň, halkyň ykbaly esgerleriň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna bagly. Hut şonuň üçin hem Oguz-Orhon ýazgylarynyň mazmuny tutuşlygyna gahrymançylyk, edermenlik, batyrlyk pelsepesine ýugrulan.
«Ongin ýazgysy», «Kültegin hormatyna ýazgy», «Bilge kagan hormatyna ýazgy», «Tonýukuk hormatyna ýazgy», «Kuly Çor» we «Moýun Çor hormatyna ýazgy» atly Oguz-Orhon ýazuw ýadygärlikleri dürli ýyllarda ýazylypdyr. Olaryň iň gadymylarynyň biri «Ongin ýazgysydyr». Bu ýazgy Ilteriş kaganyň we onuň aýaly Il Bilge Hatunyň hormatyna döredilipdir. Ilterişiň çyn ady Guduly ýa-da Kutlu bolupdyr. Kutlu 682-nji ýylda hytaý baknalygyna garşy gozgalaň edýär, onuň bu gozgalaňyna şol wagtlarda ady belli bolan serdarlar Tonýukuk we Aşit hem gatnaşýarlar. Olar öz bölümleri bilen Kutluga goşulyp, umumy güýç bilen türki halklaryny hytaý baknalygyndan azat edýärler. Umuman, Ilteriş, ýagny Kutlu kagan dargan türki kowumlary birleşdirip, oguz türkmenleriniň döwletini gaýtadan esaslandyrypdyr. Bu ýazgylarda onuň gahrymançylyklary, ýörişleri, oguz türkmenleriniň döwlet bitewiligini saklamak baradaky wesýetleri, döwlet berkararlygy baradaky pelsepewi pikirleri sada dilde beýan edilipdir. Ondaky her bir setirlerde bir serdara, bir watana gulluk etmek, halkyň agzybirligini, oguz türkmenleriniň bitewiligini saklamak, Watan ugrundaky duşmana garşy söweşlerde gaýduwsyzlyk, mertlik, edermenlik bilen göreşmek baradaky wesýetleri nesillere miras galdyrylypdyr. «Ongin ýazgysynda» Kutlu kagan: «Biziň geçen agamyz Bumyn Kagan dört ýany gysmyş, ýykmyş, ýeňmiş, basmyş. Ol han ýok bolandan soň, il ýitmiş, dargamyş, gaçyşmyş...» diýlip, oguz türkmenleriniň Bumyn kagan döwründe dünýäniň dört künjeginde hökümdarlyk edip, söweşlerde agzybirlik, mertlik, gaýduwsyzlyk bilen ýeňiş gazanandyklary, emma Bumyn kagan ýogalandan soňra, halkyň agzybirliginiň bozulyp, döwletiň dargap, halkyň kyn günlere sezewar bolandygy dogrusynda aýdylýar. Ýazgylaryň dowamynda türki halklaryň ýok bolup gitmezligi üçin beýik Taňrynyň nazar salmagy bilen oguz türkmenleriniň döwlete wepaly batyr ýigitleriniň gaýtadan birigendikleri we oguz türkmenleriniň döwletiniň gaýtadan gurulandygy barada maglumatlar berilýär. «Ongin ýazgysy» Kapagan kagan tarapyndan bina etdirilipdir. Ol ýazgy sekiz bölümden ybarat bolup, Kapagan han özüniň altmyş bäş arkasyny bilýändigini, Ilteriş kagana wepaly terbiýelenip, ýurdy dolandyrýandygyny beýan edipdir. Oguz-Orhon ýazgylarynda oguz türkmenleriniň kowumlarynyň paýhasa ten bermekleri, her bir işi oýlanyşykly we geňeşip çözmekleri, yhlaslaryny, zähmetini, güýçlerini, gujur-gaýratlaryny, halka, Watana, mukaddes topraga bagyş etmekleri baradaky garaşsyz döwletiň, bagtyýar durmuşyň esasynda durýan zatlar barada düýpli pikirler öňe sürülýär. Gahar-gazabyň, agzalylygyň halkyň kyn güne düşmegine, döwletiň dargamagyna getirýändigi gysga, emma çuň mazmunly sözler bilen düşündirilýär. Haýyr işleri amala aşyrmagyň halkyň, döwletiň hem-de şahsy abadançylygyň gözbaşydygy nygtalýar. Parasatly, mert, dogruçyl, haýyr-sahawatly bolmak ündelýär, tekepbirlik, ikiýüzlilik ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler ýazgarylýar. Halkyň, döwletiň her bir raýatynyň Bumyn kagan, Ilteriş kagan, Bilge kagan ýaly halkyň abadançylygy, döwletiň berkararlygy dogrusynda alada edýän hökümdarlara wepaly bolup, ähli işlerini, güýçlerini sarp etmekleri, duşmana garşy ýowuz söweşlerde gahrymançylykly göreşmekleri ündelýär. «Ongin ýazgysynda»: «Gelip inime, ogluma şeýle öwüt berdim: «Biz öýkeläp Ilteriş kagandan aýrylmadyk, ýaňylmadyk, Taňry dek akylly kagandan aýrylmalyň, azmalyň, diýip ençe öwüt berdim. Akylly kaganyň halky yzyna gaýdyp, gelende, ol özüniň baryny, işini, güýjüni hana bagyşlady» diýip, oguz türkmenleriniň gaýtadan birleşdirilişine, halkyň agzybirligine, şonuň ýaly-da döwlet berkararlygyny saklamagynyň derwaýys meselelerine üns çekilýär.
«Kültegin hormatyna» ýazgyda tabgaçlaryň oguz-türkmenlerini dürli ýollar bilen agzalalyga salmagy netijesinde, Göktürkmenleriň döwletiniň ýykylandygy hakynda maglumat berlipdir. «Tabgaç halky altyn, kümüş, spirt, ýüpek näçe diýseň, çäksiz berýär... süýji sözüne, gymmat baha zatlaryna, irinip, ençe uzakdaky halklar onuň golaýynda ýer, ýurt edindi, golaýynda gonup, soňra pis zatlary öwrendiler». Bu ýazgyda oguzlaryň ilkibaşda Ötükenden darganlygy, şonuň netijesinde Göktürkmenleriň döwletiniň gowşanlygy we ýykylandygy beýan edilýär. «Külteginiň hormatyna» ýazgyny Bilge kagan bina etdiripdir. Ol özüniň heläkçilige uçran halka han bolandygy, garyplyga sezewar bolan halky baýlyga eýe edendigi, az halkyň sanynyň köpelmegi, agzybir ýaşamaklary dogrusynda aladalanandygy, oguz türkmen halkyny ýygnap, döwletiň kuwwatyny berkitmegiň ýollaryny salgy berendigini, eger-de olaryň agzala bolsa döwletiň dargajakdygyny düşündirendigi beýan edýär. Bu ýazgylarda oňat, akylly, halka, ýurda wepaly adamlary tabgaçlaryň gymmatbaha şaý-seplerdir süýji sözler bilen öz ýolundan azdyryp bilmändigi hem buýsanç bilen nygtalýar, gymmatbaha zatlara, halkyňy, ýurduňy satyp, ýat ýurtlarda ýaşandan, Ötükende oturyp, argyş ýöredip, ýagny ata watanyňda zähmet çekip, söwdada alyş-çalyş edip, ähli tire-taýpalaryň birleşigini gurap, bagtyýar ýaşamaklyk pikiri öňe sürülýär. Oguz-Orhon ýazgylarynyň şunuň ýaly öwüt-nesihat häsiýetli çuňňur pelsepewi pikirleri döwlet berkararlygyny, halkyň abadançylygyny saklamakda hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyza, beýleki halk dessanlarymyza, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerine berk siňipdir.
«Külteginiň hormatyna» ýazgylarda Bilge kagan tanymal ata-babalary, Bumyn kagan bilen Isyemi kaganyň edermenlikleri barada buýsanç bilen ýatlaýar. Ata-babalary Bumyn kaganyň hem-de Istemi kaganyň hökümdar (han bolup) oturandyklary, oguz türkmen halkyna ýurduň, onuň kada-kanunlarynyň binýadyny gurup berendiklerini, çar tarapdaky ýagylara, duşmanlara garşy söweşip, özlerine boýun egdirendikleri, Günbatardan Demirgazyga çenli aralykda ýaşaýan göktürkmenleri düzgün-tertibe salyp höküm sürendiklerini buýsanç bilen ýazyp galdyrypdyr. Olaryň parasatly, akyldar, adalatly, edermen hökümdar bolandyklaryny belleýär: «Bilimli kaganlar eken, alp (batyr) kaganlar eken. Buýrugyndaky (begler hem bilimli eken, elbetde alp (batyr eken, elbetde. Begleri hem, halky hem düzgünli eken. Şonuň üçin ili (ýurdy) şeýle (düzgünli) tutypdyrlar, elbetde. Il (ýurt) tutup, töre edipdirler (kanun döredipdirler)». Bu ýazgylardan görnüşi ýaly, Göktürkmenleriň döwletinde hökümdarlar, olaryň golastyndaky begler, geňeşdarlar hem sowatly-düşünjeli adamlar bolup, berk kanunyň esasynda hereket edipdirler. Bumyn kaganyň we Istemi kaganyň adalatly içerki hem daşarky syýasaty yöredendikleri üçin olar dünýeden ötende, olaryň patasyna «agyçy» bolup, uly gynanç bildirip, tabgaç (hytaý), tibet, awar, wizantiýa, gyrgyz, tatar, kytaň (mongol) ýaly halklaryň gelendigi dogrusynda maglumatlar berilýär. Türkmenlerde «Ýagşydan at galar, ýamandan set» diýilşi ýaly, Beýik Göktürkmenleriň hökümdarlarynyň adalatly döwlet syýasaty özünden soňky nesillere nusga bolup galandygyna bu maglumatlar şaýatlyk edýär.
Halkymyzyň arasynda hiç wagt ýatdan çykmajak, baky ýaşajak berk binýatly sözler babatda «daşa ýazylan ýaly» diýlen aýtgy bar. Hakykatdanam, ata-babalarymyz watançylyk pelsepelerini sözüň göni manysynda daşlara ýazdyryp, bize miras goýupdyrlar. Bular şöhratly halkymyzyň geçmiş taryhyny, pelsepesini, döwlet dolandyryşdaky kada-kanunlaryny, ýaşaýyş durmuşyny içgin öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmelerdir. Bu ýazuw ýadygärliklerimizde Watan mukaddesligine, halkyň agzybirligine, döwlet berkararlygyna, abadan hem asuda ýaşaýşyň esaslaryna we ynsan durmuşy üçin zerur bolan ençeme meselelere degişli maglumatlar bolup, olar ata-babalarymyzyň döreden kämil edebi-pelsepewi mirasydyr. Hut şuňa görä, Oguz-Orhon ýazuw ýadygärligini çuňňur öwrenip, onuň mazmunyndaky Watançylyk, gahrymançylyk, edermenlik, agzybirlik baradaky pelsepe gymmatlyklary watansöýüji ýaşlarymyza ýetirmrek derwaýysdyr.

Gülruh NURYÝEWA.

«Esger» gazeti, 2017-nji ýyl, 23-nji mart.

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 163 | Добавил: Edebiyatcy5066 | Теги: Gülruh Nuryýewa | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Всего комментариев: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: